Salam gowumy ýagdaýyňyz?! Şu soragy öň Talyplarda-da sorapdym welin, şu ýerdäki agzalaryňam pikirini bilesim gelýändigi üçin soraýyn diýdim. Sorag şeýle:
Bir gün irden öýüňizden işe diýip ylgap barşyňyzy göz öňüne getiriň. Iş ýeriňize takmynan 300 metr töweregi galanda sagadyňyzy barladyňyz we her gün 8: 40-da başlaýan işiňize öýden 8 minut giç çykanyňyzy pikir ediň. Eger işe gijä galsaňyz, aýlygyňyzdan kesiler, hemde geçen aý bolşy ýaly bu aý hem kwartiraňyzyň tölegini töläp bilmersiňiz we gödek öý eýesi tarapyndan öýden kowulmagyňyz ähtimal. Çalt ýöräp barýarkaňyz, birden çaganyň aglaýan sesini eşitdiňiz. Ilkibaşda illýuziýa diýip pikir etseňizem, sesiň birneme uzakda zibil gabyndan çykýandygyna düşündiňiz. Soň bolsa, şol tarapa baryp, gapagyň gapagyny açanyňyzda, agyr ýaralanan, gan ýitiren we gyssagly hassahana äkidilmeli çagany gördüňiz. Daş-töwereginde hiç kim ýok we ylgasaňyz 10 minutda ýetip boljak hassahana bar. Iki wariant bar. Ýa çagany ölmegi üçin taşlap işe gitmek üçin goýýarsyňyz, ýa-da çagany hassahana äkidip, öýüň tölegini gijikdirýärsiňiz, belki-de öý eýesi tarapyndan öýden kowularsyňyz.

Şeýle ssenariýada köp adam ikinji warianty saýlardy. Sebäbi köp adam üçin çagany ölmek üçin taşlap gitmek ahlak taýdan oňaýsyzlyk, öýsüz bolmakdan has erbetdir. Indi soragymyza geleliň. Üns beren zadyňyz ýaralanan çaga däl-de, ýaralanan garga bolsa, öýsüz bolsaňyzam, gargany şol aralykda mal lukmanyna äkiderdiňizmi?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 24-04-2022, 12:33

  • Chelsea Chelsea off № 31 24 апреля 2022 14:08
    Ýöne haýwan bolsun adam bolsun. Jan jan bolar. Jan halas etmek adam bolsun haýwan bolsun tapawudy ýokmuka diýýän. Işlerem, jaý kireýem alajyny tapyp boljak zat. Üstesine diniň aýtýan zatlaryndan ugur alsak jan halas etjek bolanyň üçin belki gudraty güýçli saňada iş meselede we jaý meselede kömek eder.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 32 24 апреля 2022 14:08
    Nirvana,
    Mowzuklara girip teswir ýazan gyz :)
    Sen soñky döwür gaty işjeñleşdiñ.Alaja bir zat dak.Göz bar dil bar :)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 33 24 апреля 2022 14:08
    Hiayress
    Pegas,
    Doktor Aýbolit bara broo))

    Kart durakdakymy?)))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 34 24 апреля 2022 14:10
    Nirvana
    Bu ahlak taýdan pikirlenmek üçin getirilen meselem.


    Özüň aýtmadyňmy 10 minutlyk ýanyňda mal lukmany bar. Diňe şol haýwany halas etmek üçin 10 minudyňy sarp etmeli diýip. Menem lukman zat tapyp gargany halas etmek üçin bar işimi goýmazdym diňe 10 minudymy sarp edenim üçin olam sagaljagyny bilsem diýipdim. Ölýän ýada öldürýän janly-jandarlar azmy, haýsy birini halas etjek bolup hars urjak.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 24 апреля 2022 14:11
    Pegas,
    Diýdimä eýýäm. Bolýar.

    “Değer” sözüniň türkmençe garşylygyny bilýäňmi? Bilýän bolsaň aýdaý-da. Şoň bilen baglanyşykly bir zat aýtmakçy.
    Meselem dotluk, agzybirlik, parahatçylyk, adalat, jogapkärçilik we ş.m sözlere näme at berilýär bizde?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 36 24 апреля 2022 14:12
    Nirvana
    Saçma-sapan, toplum ýaly sözleri okamakdan ýadadym.
    Saçma-sapan- bolgusyz zatlar.
    Toplum- jemgyýet.


    Nätjek bizem köp zatlardan ýadadyk. Ýöne "boljak işe çäre ýok" diýýälermi?!))
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 37 24 апреля 2022 14:12
    Nirvana
    Pegas,
    Diýdimä eýýäm. Bolýar.

    “Değer” sözüniň türkmençe garşylygyny bilýäňmi? Bilýän bolsaň aýdaý-da. Şoň bilen baglanyşykly bir zat aýtmakçy.
    Meselem dotluk, agzybirlik, parahatçylyk, adalat, jogapkärçilik we ş.m sözlere näme at berilýär bizde?

    Gymmatlykmyka?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 38 24 апреля 2022 14:13
    Chelsea
    Ýöne haýwan bolsun adam bolsun. Jan jan bolar. Jan halas etmek adam bolsun haýwan bolsun tapawudy ýokmuka diýýän. Işlerem, jaý kireýem alajyny tapyp boljak zat. Üstesine diniň aýtýan zatlaryndan ugur alsak jan halas etjek bolanyň üçin belki gudraty güýçli saňada iş meselede we jaý meselede kömek eder.


    Janly-jandaryň ählisiniň jany seň üçin birmeňzeş bolsa iýip-içmäňi goýda. Hemme iýip-içýän zatlaryň janly.
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 39 24 апреля 2022 14:13
    Pegas
    Hiayress
    Pegas,
    Doktor Aýbolit bara broo))

    Kart durakdakymy?)))

    Tekken 3 -däki
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 40 24 апреля 2022 14:14
    Playstation -daky Tekken 3
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 41 24 апреля 2022 14:14
    Mümkin
    Nirvana,
    Mowzuklara girip teswir ýazan gyz :)
    Sen soñky döwür gaty işjeñleşdiñ.Alaja bir zat dak.Göz bar dil bar :)

    :)) göz degmesin diýýäňmi? Boş wagtlarym giräýin diýdim. Isleseň wagt tapyp bolýar-la welin, aralarda isleg ýokdy girmäge.
    Men aktiw bolaýmasam aktiwlik görkezýänem ýok saýtda. Içiňizi gysdyrmaýyn diýýän. Göz degiräýmäň maňa. :)
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 42 24 апреля 2022 14:14
    Salam Nirvana! Men bilemokdum :)

    Eger şol ýerde güjüjek, pişijek şeýle bolan bolsa-da parhsyz geçip bilmen ýanyndan . Ýöne gargany bilemok. Dogry gynanaryn welin...
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 43 24 апреля 2022 14:15
    Nirvana, poçtada bir sorag belgi ugradypdym.
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 44 24 апреля 2022 14:17
    Hiayress
    Chelsea
    Ýöne haýwan bolsun adam bolsun. Jan jan bolar. Jan halas etmek adam bolsun haýwan bolsun tapawudy ýokmuka diýýän. Işlerem, jaý kireýem alajyny tapyp boljak zat. Üstesine diniň aýtýan zatlaryndan ugur alsak jan halas etjek bolanyň üçin belki gudraty güýçli saňada iş meselede we jaý meselede kömek eder.


    Janly-jandaryň ählisiniň jany seň üçin birmeňzeş bolsa iýip-içmäňi goýda. Hemme iýip-içýän zatlaryň janly.

    Iýip içmek. Bu eýýäm tebigatyň üýtgedip bolmajak kanuny. Ýöne her zadyň öz oruny bar
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 45 24 апреля 2022 14:18
    Hiayress,
    Men 10 minutlyk ýanymda mal lukmany bar diýip haçan aýtdym?
    Seň jogabyň bilen kanagatlanýan jora. Gaharlanaýma ýaňky sözüm üçin :)
    Dogry aýdýaň, näçe ölümler bolup geçýär.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 46 24 апреля 2022 14:20
    Pegas,
    Bolup biler. Menem şeýle terjime edipdim.

    Sagja bol.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 47 24 апреля 2022 14:21
    Chelsea,
    Onda günde günaşa et, ot iýip janyň-jandan tapawudy ýok diýip saçma-sapan zatlary ýazma. Janyň jandan tapawudy ýoklugy düşünýän bolsaň beýleki janlardan geçmeziň ýaly ilki öz janyňdan geçerdiň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 48 24 апреля 2022 14:21
    Hiayress
    Chelsea
    Ýöne haýwan bolsun adam bolsun. Jan jan bolar. Jan halas etmek adam bolsun haýwan bolsun tapawudy ýokmuka diýýän. Işlerem, jaý kireýem alajyny tapyp boljak zat. Üstesine diniň aýtýan zatlaryndan ugur alsak jan halas etjek bolanyň üçin belki gudraty güýçli saňada iş meselede we jaý meselede kömek eder.


    Janly-jandaryň ählisiniň jany seň üçin birmeňzeş bolsa iýip-içmäňi goýda. Hemme iýip-içýän zatlaryň janly.


    :))) sen düzelmersiň.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 49 24 апреля 2022 14:22
    Nirvana,
    "Daş-töwereginde hiç kim ýok we ylgasaňyz 10 minutda ýetip boljak hassahana bar. "
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 50 24 апреля 2022 14:22
    Hiayress
    Chelsea,
    Onda günde günaşa et, ot iýip janyň-jandan tapawudy ýok diýip saçma-sapan zatlary ýazma. Janyň jandan tapawudy ýoklugy düşünýän bolsaň beýleki janlardan geçmeziň ýaly ilki öz janyňdan geçerdiň.

    Ehh. Diýýänä illýuziýa diýip. Ýokarda 1nji jogaba seret
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 51 24 апреля 2022 14:24
    Munyň umumy pikiri ýöredilen we filosofiýada uly ýeri bar. Pelsepe taýdan köp jedelleşilen bir mesele bu. Munyň filosofiýadaky ady Utilitarizm. Bu düşünje näçe köp peýdasy degjek zada, köp kişiniň peýdaly çykjak zadyna goldaw berýär.
    Eger çaga kömek edip, işe gijä galsak, tema göräde öýden kowulmagymyz ahmal. Ol adamyň çagalary, tutuş maşgalasy öý tapmanam kösenip biler. Has jikme-jiklere girsek iş tapman biler işden kowulyp, psihologiýalaram bozulyp gije daşarda ýatmana mätäjem bolup bilerler.
    Käbir filosoflar we hünärmenler bolsa bu soragda hökman birinjini, ýagny çagany taşlap gitmegi saýlardylar. Käbiri bolsa munyň tersine. Logika taýdan seredilende-de birinji dogry. Sebäbi belki çagaň ýarawsyzdyr we sowuga bolýan däldir, onsaň çagaňam daşarda ýatyp ölüp biler. Diýişim ýaly sebäpleri gaty köp munyň we köp ýerlerde şeýle prinsipler goýulyp barlap görüldi. Utilitarizm düşünjesine görä, köp kişi peýda görse az kişiniň peýda görmezligi hiç.
    Utilitarizm meselesiniň öz mysallary bolsa şeýle: Bir terrorçynyň goýan bombasyny aýtdyrmak üçin onuň kiçi çagasyny kösemek, eger kösemeseň müňläp adam ölýär. Maşynda barýarkaň 2 saýlaw bolsa, biri çaga birem köpçülik, köpçülige dälde çaga kakmaly. Ençeme çagany ýetim goýmaly dälde.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 52 24 апреля 2022 14:26
    Ýöne adam duýgulary bilen pikir ýöredýäni üçin, şonda-da duýgularyna eýererdi. Elbetde menem şeýderdim, nähili özüm üçin kyn bolsada çaga kömek ederdim. Sebäbi köp adam aşa gelen bu duýgusyna ýeňilerdi. Duýgusyna ýeňilsede aklyna ne pikir ne düşünje gelerdi şondan başga.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 53 24 апреля 2022 14:28
    Saýrak_guş
    Salam Nirvana! Men bilemokdum :)

    Eger şol ýerde güjüjek, pişijek şeýle bolan bolsa-da parhsyz geçip bilmen ýanyndan . Ýöne gargany bilemok. Dogry gynanaryn welin...


    Pişik ýa it meselem getirilse, olary saýlanjagy anyk. Bu ýerde has çuňňur pikirlenmek üçin gargany meselem getiren bolmaklary ahmal.
    Şular ýaly mysally hekaýalar kän.

    Gymmatlyk (değer) öwredilende şeýle wakalary meselem getirip öwredilýär. Çaga dogry we ýalňyşy tapawutlandyrmagy bilmegi üçin. Ahlak taýdan dogry ösüp kemala gelmegi üçin. Garaz, gymmatlyklarymyzy öwretmegiň jemi 6 sany çemeleşigi bar. Bulam şolardan biri. Bu çemeleşigiň ady Ahlak pikirlenmesi (Ahlaki muhakeme). Bu ýerde gymmatlygy, gowyny, erbedi adamyň özi saýlaýar.
    Düşündirip bildimmikäm?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 54 24 апреля 2022 14:30
    Hiayress,
    Ol çaga üçin hassahana.
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 55 24 апреля 2022 14:33
    Nirvana,
    Düşündim uýam! :)
    Şeýle mowzuklary paýlaşyp duruň. Örän haladym-da.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 56 24 апреля 2022 14:35
    Saýrak_guş
    Nirvana,
    Düşündim uýam! :)
    Şeýle mowzuklary paýlaşyp duruň. Örän haladym-da.

    Wah men paýlaşaryn köplere ýaraýan bolsa. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 57 24 апреля 2022 14:39
    Keaip_begcon,
    Hawa bildiňiz, molodes.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 58 24 апреля 2022 14:46
    Nirvana
    a üçin hassahana.


    Aý onda gidip barýarkam ruhuna El-fatiha okardym.))
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 59 24 апреля 2022 14:57
    Hiayress
    Nirvana
    a üçin hassahana.


    Aý onda gidip barýarkam ruhuna El-fatiha okardym.))

    ?
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 60 24 апреля 2022 14:57
    Nirvana,
    Spam poçtaňa göz aýlaý)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler