1.
Uzynly gün o köçeden o köçä selpäp, Bäherdeniñ bir ýerinde dükan bolsa aýlanyp çykypdym. Näme gözlänim-ä ýadyma düşenok welin, tapmandygym-a gowy bilýän. Üstesine tas maşyndanam galypdym...
Ýolagçy awtobusyna-da iliň soňundan münen özüň bolma! Yzky gapydan girseň, ýene ýagşy. Birinjiden-ä, bu öňden gelýän kada, ikinjiden bolsa, hiç kimiň seň bilen işi ýok, üçünjidenem, islän ornuňda arkaýyn baryp, oturyp bilýäň. Eger boş bolsa...
Haýdap gelşime öňdäki gapydan atylyp girdim welin, meň bolşumy geňlediler öýdýän, hemme kişiň gözi mende. Ýalt-ýult etdim-de, gabadymda aýnaň öňünde oturan bir gyzyň gapdalynda çökäýdim.
Oturan ornumda oňatja ornaşyp, çep gapdalyma gözümiň gytagyny çalarak aýladym. Onuň aýna seredip, şol oturyşy.
Göwrämi çalaja göterip, ýamaşgan oturdym. Parhyna-da däl. Ardynjyran bolup gördüm. Barmysyňam diýenok.
Zyýany ýok.
Boýny gaýyş sumkaly gelin deňimize gelenden, gyz ysgynsyzja dillendi:
-- Börmä çenli näçe tälemeli?
Koňduktora agzyny açmaga-da maý bermedim:
-- Togsan köpük!
Soňundanam içimden "Tüýs geçiň öň aýagy diýleni-dä" diýip, öz-özüme käýindim.
Meniňem şol oba bilet alýanymy eşidip, ol ýüzüme bir seretdi. Tas salam beripdim.
Ýol boýy dymyp barýar. Menem bewrümi diňläp otyryn. Näler habar gatasym gelýär welin, ýedi ýoluň ortasynda düşüp galmaly edäýermikä öýdübem gorkýan. Birden özi dillendýdi:
-- Bagyşlaň, siz börmelimi?
-- Hawa, börmeli — diýip, jogap gaýtardym-da, pikire çümdüm: "Be, bagyşlap-bagyşlamaz ýaly näme bar-aýt bu ýerde? Aý, hawa-da, näme biz bir oba oglany-da..."
Içimi bolsa it ýyrtyp barýar. "Kimiň garyndaşyka? Obamyzda kimlere barýarka? Soraýsammykam? Birden "Size barýan" diýäýse... Diýäýmez, arkaýyn bol. Öýüňiziň öňküje gelim-gidimine ýüz-müň şükur et-de, sümügiňi dagyňy bir süpür, han ogul..."
Aý, gel, soraýyn-la! Iýäýesi ýog-a. Ýaman etse "Ne işiň" diýer-dä...
-- Onsoň, nememi, bi barýan obaňyzda garyndaşyňyz dagyňyz bamy, ýa bir işjagaz bilenmi?
Aýnadan gözüni aýryp, bärligine öwrülen mahaly birhili ýaýylyp giden gaşlaryna gözüm düşdi. "Häzir başlar-ow"... Ýöne ol bolsa-da geçirimli adam eken, oba oglany bilen deň bolup durmady.
-- Garyndaşymyz-a ýok, ýöne praktika geçmäge barýan.
-- Haýsy sapakdan okatmaly? -- diýip , ätiýaç bilen gyzyklandym.
-- Ýok-la, men medinstituty gutardym. Indem siziň obasyzda bir-iki ýyl işlemeli.
-- Dogtor-da! -- diýip, gelen netijämi oklap goýberdim.
-- Şeýleräk ýaly... Ýogsa-da siz kolhozda näme iş edýäňiz?
"Agronom diýäýsemmikäm? Ynanasy ýok-la! Mugallym diýäýsem näderkä? Bolsa-da, ýigit, işdäň-ä bar-ow! Direktor bolasyň gelenokmy? Onda, näme, at gazanan mehanizator diýäýjek?.. Näme, oň yzynda durma gerek dälmi? Ahyry bir gün üst-ä açylar. Ondan ýöne göniňden geläý-dä..."
-- Gülmeseň aýdaýyn.
-- Wiý, siz-ä oňaraýdyňyz! Hiý, işiňem bir gülkünni bolýanmydyr?
"Bolýandyr, gaty bolýandyr, sypaýyçylyk eden bolýa" Okuwy ýetenmikä diýýän. Näme şunça ýyl şäherde okap, diňe doktorçylygy öwrenendir öýdýäňmi? Şäher durmuşy adamy hertaraplaýyn bişirip, tälim berip, ýaşaýyş älemine uçurym edip goýberýär... Aý, näme-de bolsa, adyny bir bilip galaýyn, aýtsa-ha, bizem gönimizden geleris, ýogsa-da ýaňy ýigrimi ýaşapdyrys, özümize lak atanam gyt bolasy ýok"...
-- Sen adyňy bir aýt maňa!
-- Adym Güljahan.
-- Güljahan diýsene... Ol-a gowy zat welin... Men-ä kolhozda belli bir işem edemok.
-- Wiý, siziň, näme, hünäriňiz ýokmudy?
-- Wah, gepem şonda-da! Hünär näme işlesin, zat näme işlesin. Ýöne... -- Uniwersalyň nämedigine-hä beletsiň-le?
-- Hawa, bilýän.
-- Bilseň, men şo-da! Gara işiň uniwersaly. Oragam oruberýän, jaýam salyberýän. Pagtany dagyny ekýänem, ýygýanam...
-- Orta bilimiňiz ýokmudy?
-- Bar. Bolanda näme? Üç ýyl dagy boldy alanyma. Ýöne, menem häzir kolhozda praktika geçýän. Okuwa-da indiki ýyl dagy synanjak öz-ä...
-- Ýogsa-da, siz näme öz adyňyzy aýdaňzok?
-- Şalar. Şalar meniň adym.
-- O-o! Nähili oňat adyňyz bar eken...
Şeýdip, kä dymyşyp, kä gürleşen bolup, ümzügimizi günbatara atyp, gidip otyrys...

2

Ine-de gezüňe söweýin, seleňläp oturan obam! Daş-töweregi çaga-çugadan doly duralga. Kölegesine ýaşuly baryny ýygnap, penjiredenem usullyk bilen syn edip duran dükan. Göz, çar tarapyň göz!..
"Salam, dogduk mekan! Salam, meniň bilesigelijilikden ýaňa eräp barýan obam! Hawa, men edil şu mahal kosmosdan geldim. Seredeweri, synlaweri! Ine, men raketadan düşýän. Gapdalymdakam Zöhre ýyldyzy. Ýere boş barmaýyn diýip, gaýdyşyn alyp gaýdyberdim. Neneň görýäňiz, bolupmy?"
Bir elimde Güljahanyň çemedany, beýleki elimde-de... ýeňsäm. Adam pahyr ýaýdansa, aljyrasa ýeňsesini gaşar eken. Indi gyzy nirä äkitjegimi bilmän masgara bolup durun. Ýene özi dadyma ýetäýdi:
-- Prawleniýäň jaýy haýsy, Şalar?
-- Ana, ho depesi baýdakly jaý. Keselhana-da şoň aňry ýüzündedir. Edara garşy ugranymyzdan häliden bäri gijäp duran bir dil dükanyň kölegesinden bärligine süýndi!
-- Öýüniz o tarapda, how, ýigit!
"Çemedany goýup, iliň öýä beýlede dursun, seni öz öýüňem tapmaz ýaly edäýse bor welin, wagtynda sakal gonberäýipsiň, ýaşuly!" diýip, içimi gepletdim-de, daşymdanam:
-- Taňry ýalkasyn, Baýmyrat aga! -- diýen bolaýdym.
Assyrynlyk bilen Güljahanyň ýüzüne bakamda, ýaşulyň gepinemi, meniň jogabymamy, garaz, onuň çalaja ýylgyrýanyna gözüm kaklyşdy...
Hamana başlygyň kyrk birinji ýylda ýitiren garyndaşyny tapyp gelen ýaly, gapyny çemedan bilen açyp, işikden ätledim. Kabinetde başlykdan başga-da, kolhozyň bir-iki sany suwçusy oturan eken. Özara maslahat bolara çemeli.
-- Baýram aga, salawmaleýkim! Ynha, men-ä obamyza bir doktor alyp geläýendirin... Giriber, Güljahan, giriber!.. -- diýip, suwçulaň ýüzüne bir göz aýladym. "Bä! Böwedini agdaran bolsamam beýle gözüni alartmazdylar".
-- Çekinme, gyzym, geçiber bärik! -- diýip, başlyk Güljahana tarap ugrady. Elleşip görüşdi.
-- Hany, stoluň başyna geç-de, otur birmeýdan, ýol ýadadandyr... Onda, şeýle, ýigitler! -- Başlyk suwçulara ýüzlendi. -- Siz häzir baryň-da, turbajyklary keşlere ýaýradyberiň, menem aňyrsy ýarym sagatdan meýdana aýlanyp gaýtjak. Galan meseläni şo ýerde çözäýeris...
Gezek maňa ýetdi.
-- Hawa, ýigit, sen, näme, ýol öwrenýäňmi? Soňky wagtlar iş bilen kän seriň ýok ýaly-la! Salyp başlan hammamyňyzy gutarma niýetiňiz barmy ýa-da her sapar suwa düşmek üçin Bama ýa Bäherdene gatnajak ýörjekmi?
-- Ýak, walla, Baýram aga, bizem bir zerur işimiz bolmasa, söw-söw syryp ýöremzog-a... Saglyk bolsa, aňry gitse bir hepdeden hammamyňam turbasyndan tüsse çykar.
-- Näderis, gyzym, ynanarysmy bu ýigide ýa ýene bir azajyk gyssarysmy? -- diýip, başlyk degişme äheňde Güljahandan sorady.
-- Ynanaýalyň, Baýram aga -- diýip, bir ýylgyrdy welin, tas ylgap baryp gujaklapdym. Elbetde, başlygy...
Ara düşen azajyk dymyşlykdan soň, başlyk gelen netijesi bilen bizi tanyş etdi:
-- Onda şeýle, gyzym, meniň-ä bir azajyk gyssagly işim bar, brigadalara aýlanyp gaýtmaly. Senem häzirlikçe, keselhanaň jaýyna bir bar, çemedanyňy Şalar göterişer, näme-de bolsa öwrenişen ýüküdir... -- Başlyk gözlerini güldürip, maňa tarap seredenden, menem hamana: "Tapdyň bu taýda utandyrjak adamyňy!" diýýän ýaly, göni gözüne seredip, "ýyrş" etdim. Baýram aga derrew ardynjyramak bilen boluberdi: "Hawa, şo ýerde-de obamyzyň baş wraçy bardyr -- Nazar Lukman diýýändirler, şu kagyzjygy şoňa eltip berseň häzirlikçe özi ýerleşdir...
Güljahanyň keşdelije sumkasynda gaýyp bolan kagyzda näme ýazylanyny biljek bolup, ýolda uly gaýga batdymam welin, näme, özüme degişli ýeri bolmansoň, sesimi çykarmadym...

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 14-05-2022, 17:07

  • Telwas Telwas off № 31 14 мая 2022 20:34
    Ahmedik_97,
    Gowy Hudaýa şükür, özüň niçik?!
    Bar men. Menem senden tapawudym ýok. Meňem kän elim degenok. Täze işe başladyňmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 14 мая 2022 20:35
    Senagul,
    Salam. Bolýar. Elbetde.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 33 14 мая 2022 20:36
    Pegas,
    Bolýar. Sende-de barmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 34 14 мая 2022 20:36
    6

    Nazar aga bizi keselhanaň işiginde garşylady. Saglyk-amanlykdan soň, hamana meni ilkinji sapar görýän ýaly, boýdan-başa synlady. Menem utanan kişi bolup, aýagymyň burny bilen ýer dyrman bolup durun. Ahyry alkymyma gelip, elimden çemedany aldy-da:
    - Şalarjan, bar, indi sen gaýdyber, oglum -- diýdi. Bir mahallar köne pul döwründe, kakam elime bir manat bererdi-de: "Bar, oglum, süýjüjik alyn" diýerdi. Onsañam, kimmiş ol beýle töwella bilen yzyna gaýdyberjek?!
    Göýä Güljahan gelnalyjyñ maşynyna münüp barýan ýaly, gözümi şondan aýryp bilmän dursam näme! Asyl ýüzüm-gözümem üýgän bora, gapa ýetiberen Lukman:
    -- Näme, Şalar, bir ýeriñ agyrýarmy? -- diýip, siñe-siňe seretdi. "Şu bolup durşuma nebsim agyrýa..."
    -- Aý, ýok-la, ýöne Güljahanyň nirede ýaşajagyny soraýjakdym-da -- diýemde, bogazym dolup, tas masgara bolupdym.
    -- Özümiz bir alajyny ederis, inerçäm, sen arkaýyn gaýdyber -- diýip, Nazar aga işikden ätledi...
    Durup-durup, bir uludan dem aldym welin, keselhanañ gapysynda ekilen güller ygşyldaşyp gitdi. Iki elimi jübime sokup, has takygy, "iki barmagymy burnuma sokup", yzyma dolandym.
    "Bir ýeriň agyrýamy" diýýär-ä! Ýeri, niräm agyrsyn meň? Entek bu uly ile çykýan gyzamygam-a çykmandyr. "Bir ýeriň agyrýamy" bolaýşyny! Hawa, edil ýekeje ýerim agyrýa, olam -- ýüregim. Beren dermanyň üçinem Tañry ýalkasyn, Nazar aga!"
    Ýüzümi galdyrman içimi gepledip gelşime ýoluň gyrasynda ýatan ýumruk ýaly daşy janyýangynlyk bilen depip goýberdim. Olam göni baryp, suwdan gelýän goñşymyz Sadap ejäniň elindäki bedräň böwrüni ýemşerdäýmezmi? Görgüli, sakga durdy-da, iki bedresinem ýerde goýup, ýakasyna üç sapar tüýkürdi. Soňam hasyr-husur bedrelerini alagadan, beýlerägimdenem aýlanyp, gyňajyny göneldäýdi...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 14 мая 2022 20:36
    7

    Bir sapar magşugynyň didaryny görmek üçin kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, deňizlerden, derýalardan aşyp, ýolunda keseren gara daglaryň göwsüni ýaryp, ýeke gözli döwleriň, ýedi kelleli aždarhalaryň ganyna galyp, guş geçse ganatyndan, gulan geçse toýnagyndan mahrum bolýan syrly diwarlardan ötüp, depesi gupbaly haýbatly köşkleriň jümmüşindäki müň bir otaglara aralaşmagy başaran Mejnunlar hem Garyplar, Tahyrlar hem-de Perhatlar!
    Men bu gün size salama geldim.
    Men bu gün sizden ötünç soramaga geldim. Nalajedeýinligim üçin. Ýaýdanjaňlygym üçin. Ýygralygym üçin...
    Kyrk gije-gündizlik ýoluň deregine -- kyrk ädimlik ýol, deňiz-derýalaryň deregine ýekeje suwly ýap, keserip duran gara daglaryň deregine bäş-on sany jaý, döwleriň, aždarhalaryň deregine baryp böwrüne depäýeňde-de turup gidip, hol beýleräkde ýatyberýän Aždarymyz, syrly galalara derek -- mellegimiziñ haýaty, depesi gupbaly köşgüň jümmüşindäki müñ birinji otagyň deregine-de -- depesi baýdakly keselhanaň ýekeje kabineti...
    Men-ä, dogrusy, baryp bilýän däldirin. Ýelkenini ýitiren ýetim ýaly, keselhanaň töwereginde şol aýlanyp ýörün. Güljahanyň äpişgesiniň deňinden geçemde, käte zaryn-zaryn owazlary sykylykda çalýan, käte-de göýä ketew degen ýaly üsgürip, gyzylödegimi ýolaýjak bolýan. Penjireden seredip, ýylgyraýsa-ha bar onsoň, bir tokga gant gören soldat ýabysy ýal hokranyp durun.
    Aý, şü köneler maladis-le! "Bermezek Taňrydan -- irmezek awçy" diýip, gaty dogry aýdypdyrlar...
    "Bu bolup ýörşüň bilen-ä, ýigit, näbileýin, bitiren işiň bolaýsa. Ýa-ha göni bar-da, okla ýüregiñi stoluň üstüne, ýogsa-da döwek ýabysy ýaly, keselhanaň daşynda bir aýlanyp ýörme. Halys iliň gözünden düşdüň-ä, hanym! Gapdalyňdan geçenleň bir ýylgyryp geçýä, ýene biri pyňkyryp geçýä. Güljahandan umydyňy üzseň, gaýdyp, şü obadan-a saňa gyz ýok. Bolup ýörşüň şü bolsa, basym goňşy obalarada dabaraň ýaýrasa gerek..."
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 36 14 мая 2022 20:40
    8

    Bir gün işden soň nobatdaky gözegçiligimi çekip ýörşüme, birden daş işikde maňa syn edip, ýylgyryp duran Güljahana gözüm düşdi. Gara çynym, tas ýazzyny beripdim!
    Ýüregime daş baglap, gözlerime gezelip duran şa gözüň atymyna bardym.
    -- Salam, Şalar!
    Zordan "Salam" diýdim-de, şagga gelen derimi neýlon keýnegiň ýeňi bilen syryp goýberdim. Wah, jübüde elýaglygam bolmaly welin, talabanyň dolagyndan kän bir tapawudy bolmansoň, çykarybam durmadym-da. Soň oýlanyşyp görsem, gaty dogry edipdirin... Geleňsizligem bir kesel bolup degipdir-dä maňa. Ýogsam öýde günde diýen ýaly kir ýuwlup dur. Tüweleme, dört sany gyz jigimem bar, haýsy birine diýeňde, ýuwup bermejek?
    -- Bir görsem Güljahan ýylgyrmasyny goýupdyr.
    -- Şalar, bäş minut wagtyňyz bolsa, içeri girip-çykyň-da... Iki agyz gürrüňim bar...
    Ömürlik göçüp gelmäge taýyn bolup durkaň, bäş minudyň gürrüňi edilse, birhilem bolýan eken, aý, oň ýaly zat üçinem wagtym bolmazmy, hiý, beýle-beýle ýerlere çagyrylaryn-da, girmenmi?!
    Ýöne "iki agyz gürrüň" diýýäni nämekä? Eýgilik bolawersin.
    Sülçiň kabinetine getirilýän jenaýatkär ýaly, mysapyrsyrap barýan. Kyrk dördünji razmer aýakgap bilen ýalpyldap duran poluň bir çetinden girdim welin, poluň tagtalary tas dil açypdy. Güljahan bir oturgyjy maňa tarap süýşürdi-de:
    -- Birje minut oturyň, derrewjik çaý gaýnadaýyn -- diýip, elime-de bir kitap-tutduryp, goňşy kabinetleriň birine girip gitdi.
    Kitab-a şo bada bir gapdala okladym: içinde ýekeje suratam ýok eken. Otaga syn edip ugradym: aşagyndan şol tanyş çemedan jyklap ýatan ýekeje krowat, üsti bäş-on sany ululy-kiçili kitaply stol, üstünde oturanymdan başga-da bir oturgyç, penjiräň tekjesinde duran çaklaňja ýol magnitofony. Başga-ha şol içerde meňki bolsun diýer ýa zat görmedim.
    -- Bilýäňmi, Şalar, saňa nähili haýyş bar? -- diýip, eli demir çäýnekli otaga giren Güljahan ýylgyryp, maňa ýüzlendi.
    Başardygymdan degşen boldum:
    -- "Gaýdyp şu keselhanaň gapdalynda görmäýin" diýjeksiň-dä...
    Gyz bir jak-jaklap gülüp goýberdi welin, içimden: "Aý, Ependi bol-a, zaňňar!" diýip, öz-özüme baha berdim.
    -- Ýok-la, men size nämüçin beýle diýeýin? Gözel göwnüňiz. Maňa-ha siz çigit ýaljagam päsgel bereňizok.
    -- Şondan başga näme ýumşuň bolsa, aýdyber. Saňa gerek bolsa Kerbela çölünde sümsünip ýören derwüşiň elinden hasasynam alyp gerin!..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 14 мая 2022 20:40
    Çaýly käseleriň biri maňa tarap süýşdi.
    -- Dogrusyny aýtsam, Şalar, kämahal içim gysýa. Biziň işimize-hä, näme, özüň belet, alty-ýedi sagatlap, arkaýyn oturma ýok. Wagtymyzyň köpüsi iş-alada bilen geçýär. Ýöne, seýregräk gabat gelse-de, dynç wagtymyzam bolýar. Şonda ýüregim biraz şäher küýseýär. Haýsydyr bir gussaly pikirler kalbyma aralaşyp, halys ynjalyk berenok... Nazar agadanam enteg-ä, näme, diňe medisina bolaýmasa, başga zat hakda kän bir söz eşitjek gümanyň ýok. Ýöne, ýuwaş-ýuwaş öwrenişib-ä barýas, gyzyl ýaly adam bolarly... -- Gyz uludan bir dem alyp, ýüzüni aşak saldy. -- Şoň üçinem, kyn görmeseňiz, wagtal-wagtal işden boş wagtyňyz gelip-gitseňiz, men size örãn minnetdar bolardym...
    Ýuwaşlyk bilen barmaklarymy gymyldadyp görýän -- düýşüm-ä däl. Assyrynlyk bilen dyzymdan yzly-yzyna çümmükläp görýän -- hakyt huşuňam baryp ýatany...
    "Eý, Taňrym, meniň gulaklarym nämeler eşidýä?.. Ýa bu-da bir gyz degişmesimikä? Ýa synap görýämikä?" diýip, öz ýanymdan uly gaýga batanym gyzyň nazaryndan sypmadyk bora çemeli. Ol birhili, müýnli ýaly, ýüzüni aşak salyp, ýerinden turdy-da, penjiräniň öñüne bardy. Biraz dymyşlykdan soň:
    -- Näme, kyn gördüňizmi, Şalar? -- diýdi welin, teklibini yzyna alaýar öýdüp gorkdummy ýa-da öz bolup oturyşyma gaharym geldimi, laňňa ýerimden galypdyryn. Dogrusy, sesimiň nähili gatalanynam duýman galdym:
    -- Kim aýdýa men şony kyn gerýä diýip, kim aýdýa?...
    -- Men aýdýan! -- Meňkidenem dogumlyrak çykan sese ikimizem tisginip gitdik. Bir görsek Nazar aga işige ýaplanyp ýylgyryp dur. Gaşy dagsy çytyk bolsa-ha, göni äpişgeden özümi oklaýadym... Şol ýylgyryp durşuna elindäki ýüzi gyzyl haçly çemedanjygyny iç işikde goýup, maňa garşy ýöräp ugrady.
    -- Ýeri-ow, jalaý, bu gopgunyň ýaman gaty çykýa-la, näme, degirmene gelendirin öýdýäňmi? Beýdip, Jahanjanyň üstüne dazarylyberseň-ä bilip goýaýgyn, hezil bermen... Gyzym, sen, näme beýdip, ýygrylyp dursuň; azar berýän bolsa-ha, aýt şü mahal. Sähet mirap bilen gürleşäge-de, eline egri taýak berip, Ajyguýyň oýundan çykaryp goýbereli...
    Güljahandan ses çykmady. Men welin şol ikarada-da näçe pikiriň başyny agyrdyp ýetişdim.
    "Hawa-da, biziňem indi bir çopançylygymyz kemdi-dä, başgasyn-a bolup gördük. Onsoň-a​tüýs baryp ýatan "unnwersalam" bolýas. Aý, dogram-da, näme, kakama gepiniñ ýörejegine gözi ýetip durda. Bu baryp diýse kakam meni ol-a Ajyguýyň oýy eken, ondan añra-da iberewersin!.. Be, Güljahanam sesini çykarman duraý, göni şu wagt gözüniñ öñünde men görgülini bagyrdyp, duýä kese basyp, guma äkidiberselerem, durjakmyka şeýdip?.."
    Ara düşen biraz dymyşlygy ýene Lukmanyň özi bozdy:
    -- Hany, besdir, beýdip, ýüzüňizi sallaşyp durmaň. Tüweleme, ýaşyňyzam-a oýna-çyna düşerçe bar. -- Ol ýene Güljahana ýüzlendi. -- Gyzym, häzir bardajyk, şprisleri-zady täzeden gaýnadyp, çemedanjygy taýynlap goý, "myhmanyňam" kän bir gyssag işi ýokdur-la, dawaňyzy soň etseňizem bor...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 38 14 мая 2022 20:41
    Nazar aga kabinetine girip, gapysyny ýapansoñ azajyk ekezlendim. Gurallary gaýnatmak üçin demir gutujyga salyşdyryp duran Güljahanyň gapdalyna bardym.
    -- Ýaňkyny gaty görmäweri, Güljahan, birden sesimiň gatyrak çykanyny özümem duýman galypdyryn...
    Krowatyň aşagyndan boýnuny uzadyp, otagyň wakalaryna syn edip ýatan çemedana birhili gussaly hem-de aladaly bakyp duran gyz ahyry ýuwaşjadan hamana öz-özi bilen gürleşýän ýaly dillenýär:
    -- Ýogsa-da, Şalar, nämüçin sizi Goşun gullugyna almadylar?
    Ine, şol sowal! Irde-giçde soraljagyny bilsemem, şu güne çenli bildirmän, başardygymdan gizläp gelýän syrymyň üstüni açmaly bolaýdym gerek...


    Oturgyjyň üstünde ornaşyp, çep aýagymdan köwşi, soňam joraby çykaramda, ellerimiň sandyrdysyna zordan erk etdim.
    Başam barmak bilen gapdalyndakydan nam-nyşan ýokdy.
    Aýak juda betgelşik görünýärdi. Şu çaka çenli muny ilkinji sapar gören adam içini çekip derrew yza çekilmek bilen bolubererdi. Ýöne Güljahanyň tisginip, gaşlaryny çytmagyna men biderek garaşypdyryn. Onuň alty ýyllap okap, öwrenip, adam bedeniniñ mundanam beterräk ýetmezçilikleri bilen iş salşyp göreni edil şo halat meniň ýadymdanam çykan eken. Bu betnyşanlyga arkaýyn syn edip, uzak wagtlap pikire çümen gyzyň parahat ýüzünde ýekeje muskulam gymyldamady. Gaýtam, ýene özüm birhili oňaýsyz ýagdaýa düşdüm.
    "Ýeri, dilden aýdaýaňda ynanmaz öýtdüňmi diýsene! Hil bir zat ýaly, görkezen bolmaň näme? Indi şoň saña nebsi agyryp, boýnuňa bökäýer-dä..."
    Şeýdip, aýakgabymyň bagjygyny daňyp, öz-özüme gargynyp oturşyma, Güljahanyň ýuwaşdan mylaýym sesi gulagyma ýakymly bir aýdym bolup eşidildi:
    -- Eýsem-de bolsa, biz öz çagalyk döwrümizi ulularyñ dana maslahatlaryndan çykman, olaryň dogry terbiýesine eýerip, ejemiziň köýnegine çolaşyp geçiberen bolsak, onda ulalamyzda ýatlar ýaly zadam galmazdy... Bolsa-da on-on iki ýyl geçipdir öýdýän? -- diýip, gyz ýene köwşüň içinde utanjyndan ýaňa derläp ugran aýagyma ümledi.
    -- Näçe ýyl geçenin-ä bilemok welin, nähili şeýle bolan-a çala ýadyma düşýä -- diýip, haýallyk bilen ýerimden turdum-da, ellerimi döşümiň üstünde gowşuryp, penjiräniñ öňüne bardym...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 39 14 мая 2022 20:46
    9

    Garañky mazaly gatlyşypdy. Iki-ýeke prawleniýäň jaýyndan gelýän ýa-da kluba barýan bolaýmasa, kän bir köçede gezip ýören ýokdy. Oba ümsümlik aralaşypdy.
    Mahal-mahal biri-birine "agzyndan gelenini diýişýän" garry köpekleriň pöwhe sesi bolaýmasa ýa-da hersi obañ bir çetinden "saglyk-amanlyk soraşyp", gijäni lerzana getirýän eşekler bolaýmasa, başga ünsüňi böler ýaly üýtgeşik ses ýokdy...
    -- Hany, gürrüň berseňe, Şalar, nähili beýle boldy? -- diýip, Güljahan stoluň üstünden çäýnek-käseleri ýygnap durşuna maňa ýüzlendi.
    -- Nämesini gürrüň bereýin? Nähili-nähili bolanyny özümem bilmän galypdyryn... Sapy öz boýumdanam uzyn bir palta bilen agaç aýran bolup duranym ýadyma düşýä. Şo barmana-da aýlap-aýlap, salypdyryn aýagymdan. Bir çirkin gygyranymy bilýän. Tas öz sesime gulagym gapylypdy... Bar bolany şol. Galanynam soň bir wagt ýeri gelende sorasaň, Nazar aga gürrüň berer. Ol wagtynda ýetişäýmedik bolsa ýumruk ýaly garagol göwrede bir damja ganam galman ahmyrlyja gitjek ekenim...
    "Gurt agzasaň, gurt geler" diýipdirler -- gapyda Nazar aga peýda boldy. "Gel, ýaşuly, gel! Geleweri-de, geçeweri... Gyşaraý birsalym ho krowatyň üstünde. Bu gün gaýdaýmagyn, birden Güljahany öýümize äkidäýmäýin..."
    Ýöne men beýdip, Nazar aga biderek ýere içimden nagaramy pürküpdirin. Ol öýüne gaýtmakçy bolup, Güljahanyñ otagyna sowlan eken.
    - Men-ä, gyzym, gaýtmakçy. Eger bir üýtgeşiklik bolsa ýa biri gyssagly gelse, göni öýe jaň edäýgin -- diýip, çemedanjygyny aldy-da, işige ýöneldi. Maňa dagy barmysyňam diýen däldir...
    - Gijäñiz rahat bolsun, Nazar aga.
    - Ýaşyň uzak bolsun, gyzym!..
    "Menem bir tüýs ataýmaly adam-ow! Ýeri, Güljahany Lukmandanam gabanýaňmy diýsene! Ýa meňkem "Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer" diýlenine baraýýamyka indi? Ýerem-ä, göräýmege şeýle bir gaty däl. Gapdalyňda öküzem ýok. Eliňden, diliňden näme gelýän bolsa, ine, şuňa-ha "Alyň ala meýdany" diýilýär..."
    Şeýle pikirler bilen ýene penjiräň agzyna baryp, gol gowşuryp, garaňky gijä salam berdim...
    Töweregine bir süri işsiz mör-möjekleri üýşüren öçügsije çyra telegraf sütüniniñ süýr depesinden göwünli-göwünsiz sallanyp, irkiljiräp dur. Onuñ biraz ýokary gabadyndan meniň bir wagtky "komosdan gelşime" alyp gaýdan Zöhre ýyldyzymyň Ýüz elli million kilometr aralygy böwsüp geçýän şöhlesi gözüme şu on-on bäş ädimlikde duran çyraň ýylpyldysyndan has ýitiräk görünýär.
    Eýsem, bu iki şöhläň haýsysy meniň umyt uçgunymka?
    Kalbymda garym-gatym bolup, iki ýana at salýan pikirler edil hol çyraň daşyndaky öýsüz-öwzarsyz mör-möjeklerdenem beter gaýmalaşýar...
    -- Güljahan, erte agşam kino gidäýsek... Nähili görýäñ?..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 40 14 мая 2022 20:48
    Ekabyrlanyp ugranyma özüm haýran galdym. Ýöne haýran galyp oturasy zat ýok eken. Muňa men juda tiz göz ýetirdim. Gözleri syrly oýnaklap duran gyz mylaýymja ses bilen:
    -- Kabul edişlik mähirli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi -- diýende sözleri aýyl-saýyl eşitsemem, manysyna düşünip bilmedim.
    Hamana menden Hajymeligiň günde näçe tamdyr çörek iýeni soralýan ýaly, gözlerimi mölerdip, Güljahanyñ ýüzüne aňkarylyp durun. Şu bolup durşuma gyz jak-jaklap gülüp goýberen bolsa-ha, bar onsañ! Ýa-ha obamyzdaky Gandym tentek ýaly deň gülüşip durmalydym, ýogsa-da ýüzümi itiň ýüzi ýaly edip çykyp gitmelidim. Süňküni aldyran itiň ýüzi ýaly...
    Güljahan dyňzap duran gülküsini zordan saklady:
    -- Düşünmediňmi, Şalar? Bolmasa, gaýtalaýaýyn...
    -- Başgaçarak aýdyp bolanokmy? -- diýemde, ýene ýeñsedamarymyň gatap ugranyny gyz aňdy.
    -- Sagat ondan işleýä, Şalar, irdenem işe gitmelisiñ. Ýogsam birden ertir oba arasyna "Gurluşyk brigadasynyň öňde baryjy kerpiç örüjisi Şalar Sähedow näbelli sebäplere görä işinden ýatyp galypdyr" diýen gep ýaýraýmasyn!..
    Men bolsa bu enaýyja ýylgyryp, "leksiýa" okap duran enaýyja gyza maňa diýýärmiňem diýemok. Gaýtam:
    -- Ertir kino giderismi? - diýip, ýer depýän.
    -- Men saňa beýle gyzmasyň-a öýdemokdym, ýigit! Hany, ertire dagy bir çykaly ahbetin... Onsoňam kim bilýä, nähili kino boljak?
    "Böwet ýaryldy, jemagat! Jeýhunyň mele suwy teşne çölüň bokurdagyna pagta bilen damyp başlady! Indi bu bagt kanalyny sag-aman bärligine alyp gaýdyp bolaýsa... Eý, eziz ejem, seni näçe sapar mekdebe gitjek diýip, aldap, top oýnamaga gidipdim -- bagyşlaweri! Mähriban kakam! Bir sapar ikilik alamda gündeligime seň deregiňe özüm gol çekipdim -- senem günämi öteweri! Ah, Nazar aga! Ýap-ýaňy içimden biderek ýere saňa gatyrganypdyryn gaýdyp alýan, ýaşuly! Toba edýän, ýaşuly! Toý edýän ýaşuly!.. Haý-haý, zaluwat, duraweri, gyzmaweri... Hany entek ýene bir gezek taryna kakyp gör, näme diýýä?.."
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 41 14 мая 2022 20:48
    -- Özüň nähili kino bolsa oňat görýäň?
    -- Nähili bolsa-da, uruş hakda bolmasa bolýa. halys men-ä ýadandyryn gan bilen gümmürdiden. Şu çaka çenli şäherde görenlerim besdir...
    -- Uruşly kino üçin ertirden başga-da gün gyt däl-le. Ertir başga, gaty gowy kino bor -- diýip başardygymdan welilik satdym.
    -- Onda... ertire çenli-dä?
    -- Näme ertire çenli?
    -- Şalar, seň bar bolubilşiňmi şu ýa-da bolşuñdanam beter türkana görünjek bolýaňmy? Eger wagtynda ugruna çykyp, teatral uçilişä ýa-da instituta giren bolsaň, juda ukyply artist bolup ýetişerdiň...
    Şindem meniň ýaýdanyp duranymy gören gyz ýylgyrmasyny goýdy-da çynlakaý äheňe geçdi:
    -- Wagt indi giç, Şalar, bar-da, ýatyp, ukyñy al... Menem birsalym krossworda güýmenip, soňam ýatmakçy. Taňryň güni kän-ä, şeýle dälmi?..
    Kalbymda dyňzap duran şatlykly pikirleriň girdabyna gark bolup, işikden çykyp barşyma, gyzyñ adyny tutup, nämedir bir zat diýeni gulagyma ildi. "Oýun etdim, oglan, kinoda nä körümiz bar" diýäýendir öýdüp, gara janym galmady. Yzyma howsalaly gaňrylyp, soragly nazarymy dikdim. Bols-da, kükregimde kök urup, ýuwaş-ýuwaş boý alyp barýan yşk daragtymyň ýapraklarynyň enteg-ä süllerýäni ýok eken.
    -- Gijäň rahat bolsun, Şalar!
    -- Ine, ol nähili arassa hem-de belent niýeti meniň depäme täç edip goýberen eken!..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 42 14 мая 2022 20:52
    10

    -- Ýeri-ow, jalaý, bi sagat on bolmanka neneň öýüñe geläýdiň? Tüweleme, tüweleme, göz degmesin... Geleniñ gowy bolaýdy asyl, hany, geç, bir küşt oýnaly -- diýip, gapydan girerime mähetdel, kakam tirsegine galdy.
    -- Kino barmadyňmy, oglum? Çaý-naharyňy edin -- diýip, ejemem äýnegini aýryp, örüp oturan jorabyny gapdalynda goýdy.
    Goşa-goşa "näme boldudan", "nämüçinden" sypmak üçin bir käse çaýyň gapdaly bilen, derrew bir döw oýnam utdyryp, öz otagyma geçdim. Çyranam ýakman stoluň başyna geçip, elimi maňlaýyma diredim.
    "Bir öýüň ýeke ogly bolaýmagam aňsat däl-ow. Edil eneñ-atañ senden başga iş-aladasy ýok ýaly... Hudaýa şükür, ýaşam ýigrimiden geçipdir, indi bir beýdip üstümde kökenek bolşup durmaly däl ahbetin! Has beterem ejem ýapyşyp ýatyr. "Sen entek çagajyg-a, oglum, Aşgabatda nädip başyňy çarajak" diýip, aglamjyrap, üç okuw ýylyndan alyp galdy. Indiki ýyla zordan razy etdim... Beýle meň çaga bolaýşymy! Öten ýyldan bäri sakgalymy syryp ýörün, boýum diýseň -- kakamdanam uzyn... Iliň men ýalysy eýýäm ikinji-üçünji kursda okap, indiki stipendiýa çenli nähili oňmagyň aladasyny edişip ýör. Men bolsa bärde: "Aý, biriniň ýeke ogludyr-da, top oýnama bilen kitap okamakdan başga bitiren işi bormy?" diýdirmejek bolup, nirede bir gara iş bolsa şoňa başymy sokup ýörün. Ömrümiň iň bir juwan bölegini beýdip gara dere batyp, gum sowrup geçir ýaly men gatyr däl ahyry!.. Dogduk mekan, ene-ata mähri, obadaşlaryň sarpasy... Ýeri, dört-bäş ýyl şähere gidäýenim bilen meniň bu mukaddes zatlary äsgermezlik edip, depeledigim bolaýýamy? Ýa şäherden wagtynda dolanaýmak beýle kynmyka? Haýsydyr bir gyz ýakamdan ilip, meni alyp galaýar öýdýäňmi, eje, näme meni bökdeýäň? Seň o pikir edýän ýeňilkelle şerraý gyzlaň Aşgabatda bolaýanda-da, müň gyzdan biridir.. Görýäňmi, Güljahan nähili gyz? Arada, çagasy syrkawlan goňşymyza gelende, ýörite görüp-gelip, soňam "Tüweleme, täze bir dogtor gyz gelipdir, görmäge göz gerek, özem gaty asylly, saýhally maşgala" diýip oturmanmydyň?.. Ah, Güljahan, Güljahan!.. Meniň ülkäm on dört sany şäherden, ýigrimi sekiz raýon merkezinden, altmyş dört sany şäher tipli posýolokdan, iki ýüz on bir obadan ybarat... Sen nireden çykdyň?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 43 14 мая 2022 20:52
    Nirelerden geldiň sen? Sen haýsy ülkelerde ganat bekläp, haýsy şäheriň baglaryny terk edip, gelip meniň asuda dünýäme kürsäp girdiň? Sen nädip bu ýerlerde peýda bolduň, Güljahan? Eýsem sen hakda men näme bilýän? Seniň geçmişiňde neneňsi wakalar, niçik hadysalar gizlenip ýatyr? Bu syrly kalbyňda neneňsi pikirler, niçik duýgular höküm sürýä? Meniň şu mahal nähili ýagdaýda oturanymy sen gümanam edýän dälsiň... Häzir sen näme işleýäñ, Güljahan? Men hakda azda-kände oýlanýaňmy bir?.. Gara saçlaryňy ak ýassygyň üstüne pytradyp, bireýýäm süýji uka gitdiňmi ýa-da entegem "Smena" žurnalyny dyzyň üstünde goýup, krossword çözýäňmi?.. Ah, seniň özüň meniň üçin iň bir çylşyrymly, çözmesi kyn bir krossword bolduň ahyry, Güljahan! Çözüp bilermikäm ýa başarmazmykam?.. Men ilkinjimikäm ýa menden öňem sypanan barmyka? Belki, sen diňe meniň üçin -- krosswordsyň?.. Bilýän, Güljahan, bilýän, öteräk geçdim... Bagyşla..."
    Duýdansyz ýanan çyra birhili tisginip, tas çekip oturan çilimimi ýuwdupdym. Bir görsem, iç işikde ejem dur.
    -- Näme boldy, balam, çyrany-zady ýakman, näme işläp otyrsyň?
    Sesimi çykarman geçip, şifonerden penjegimi aldym. Çykyp barşyma, ahyry saklanyp bilmedim:
    -- Maňa hiç zadam bolanok, eje, öz işiňiz bilen boluberseňizläň!.. Näme bor öýdýäňiz maňa?..
    Ýüzümi garaňka tutup, nirädir bir ýaňa ýöräp barşyma ömrümde birinji sapar ejeme azgyrylanym, onam hiç zat ýok ýerden şeýdenim üçin öz-özüme käýindim...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 14 мая 2022 20:52
    11

    Irden turup, entek ýuwunmaga-da ýetişmändim. Sabynymy düýnki goýan ýerimden tapman, hüňürdäp ýörşüme, howlymyza girip gelýän Hydyra gözüm düşdi.
    "Eýgilik bol-a, bile önüp-ösen deň-duş hökmünde bir haýyş bilen geldimikä ýa-da gurluşyk brigadamyzyñ brigadiri hökmünde buýruk bilen geldimikä?.. Özüñ-ä ýasama ýylgyrýaň welin, ýönelige gelmedik bolsañ gerek"... Diýşim ýaly-da:
    -- Salam, Şalar!
    -- Salam.
    -- Sag-aman örüşdiňizmi?
    -- Aý, şükür...
    -- Häli ýuwnaňogammy?
    -- Şony soramaga geldiňmi?
    -- Ýüzüň-dagyň nähil-äý... Hany, basymrak çaý-çöregiňi bir iý... Başlyk çagyrýa.
    -- Näme etjek diýýä?
    -- Orden berjek diýýä, näme eder öýdýäň... Çaltrak bol, oglanlar saňa garaşýa.
    -- Näme iş bar, aýt-da indi diliňden kireý islemeýen bolsaň?
    -- Şulha çekmeli öýdýän.
    -- Hmm! Garaz, oňly habar getiräýmegin... Dogrudanam, sen bir at ýitiren-äý, Hydyr!
    -- Hä, näme boldy?
    -- Hydyr ata diýlen kyn pursatda adamyň gözüne görnüp, dadyna ýeter eken welin, sen mydam özüñ bir şum habar getiräýýäň...
    -- Näme, bir maşyn şulha çekmeli bolsa, şum habar bolaýýamy, ata-babaň egni bilen daş çekibem geçipdir-le!..
    -- Aý, gep onda däl-le, ýöne bir işjagaz bardy-da... -- diýip, ellerimiň sabynyny ýuwup durşuma, Hydyryň ýüzüne soragly bakdym. Ýöne... oň nirden habary bolsun meň kalbymdaky galagoplukdan?! Habary bolaýanda-da, şoň saňa nebsiniň agyrjagyny, agyrmajagyny bilýäňmi?
    -- Men-ä gitdim onda, bararsyň-da... Şu bolşuňa-da "at ýitiren"diýip, ile göwniýetmezçilik eden bolýaň-aý... -- diýip, Hydyr ergenekden çykyp barşyna hüňür-hüňür etdi.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 45 14 мая 2022 20:54
    12

    Demir ýol platformasynda alty wagon şulhamyz dur. Ygtyýarymyzda-da dört sany maşyn. Bir bölegimiz gidip, aňyrdan ýüklemeli, galanlarymyzam bärde düşürmeli...
    Hars uramyzda-da agşama çenli gutaryp bilmejegimize gözüm ýetip dur. Her edip, hesip edip, bärde galmaly...
    Baýram aga garşysyndaky pyýadalary ýene bir sapar gözden geçirdi-de brigadirimize ýüzlendi:
    -- Onda, men-ä, arkaýyn bolaýjak, Hydyr! Gaýrat edeweriñ, ýaňy stansiýa naçalnigi jaň etdi. Ertir irden platforma eýýäm boş durmaly diýýä. Eger juda ýetişmeris öýtseňiz, habar ýetiräýiň, kömekçi gözläýmeli bor-da.
    -- Özümizem bir zat ederis-le, Baýram aga! -- diýip, Hydyr gepini tassyklatmakçy bolýan ýaly, bize seredip ýylgyrdy. Oglanlar ýerli-ýerden dillendiler:
    -- Hawa-la, oň ýalyjak işi şu gün gärmeli däl ahyry!..
    -- Men-ä, dogrusy, ýuwdunyp beýläme bakaýdym. "Ýetimiñ agzy aşa ýetende burny ganar". Ýetmenkä-de ganajak bolup dur-a!..
    Päsgelçiligiň nämahal döräp, haýsy öwrümde çykjagyny biler ýaly däl. Durmuşyň ownukly-irili hyllallalary sähel ahmal bolsaň, silterlejek bolup dur. Biliň mydam guşalgy, ýeňleriñ mydam çyzgalgy bolmaly. Her bir hereketiň, her bir ädimiň üçin öz-özüňe hasabat bermeli. Adaty hem-de seýrek duş gelýän her hili hadysalaryň täsirinden çykarýan netijeleriň ýerliklidigini hem-de haýsydyr bir asylly maksada eýerýändigini subut etmeli. Diýmek, ýene göreşmeli-dä? Hawa. Hökman. Başga ýol ýok. Göreşmeli. Penjeleriň mydam täleýiñ bokurdagynda bolmaly. Başarmasaňam -- tersine bolýar, ýagny takdyr seniň bokurdagyňa ýapyşýar. Ony islemeseňem baş üstüne, ine, saňa görnüp duran hem-de göze ilmeýän garşydaşlar -- dikleşiber!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 46 14 мая 2022 20:54
    Bu zatlar -- ýaşaýşyň mazmuny, ömrüň manysy. Öz ykbalyňa sähelçe-de, ujypsyzja mukdarda-da sowuk-sala garasaň, öz-özüňe igenen, käýinen, nälet okan ýeriň, hatda öz-özüňi ýigrenen ýeriňem köp bor. Durmuşda haýsydyr bir kiçijik, göräýmäge ähmiýetsiz bir detalyň ullakan ömre täsir edýän ýeri hem az däl. Hiç haçan öz münüp barýan atyň uýany özgäň elinde bolmasyn... Onsoňam, "Aglamadyk oglana emme ýok". Ine, häzir Hydyr bizi ikä bölüp dur: alty oglan gitmeli, dördümiz bärde galmaly. Senem şol altyň içinde. Sesiňi çykarmasaň, gidersiňem! Seň içiňi ýyrtyp barýan aladaň bilen kimiň ne işi? Kolhoz üçin seň Güljahandan aljak bir posaňdan (o-da alaýsaň!) bir gysym şulha on esse gymmat. Onda nämä ýaýdanýaň, gijä galaýma, Şalar! Ýoldan-a yza öwrülip bolmaz...
    Ikirjiňläp duranyma gözi düşen brigadir maňa tarap gaýtdy. Häzir durmuş frontunyň nobatdaky kiçijik bir çaknyşygy bolup geçer. Ýa-ha ýumrugyňy düwüp dur, ýogsa-da çekgäňi taýynla...
    -- Sen, näme, pyýada gitjekmi ýa göterip mündürmelimi?
    -- Men bärde galaýyn-la, Hydyr!
    -- Näme boldy?
    -- Aý, hiç-le, ýöne bir işim bardy-da...
    -- Beýle zerurmy?
    -- Öwlüýä kessin...
    -- Mydam bir zat tapýaň-aý, senem!.. Häliden, näme, diliň ýokmudy?
    Başga bir wagt bolan bolsa, beýdip, üstüme heňkirtmejegim-ä bilýädim welin, häzir dişimi gysdym. Hydyram elini silkdi-de, ýerime bärki oglanlaň birini alyp, maşyna garşy ýöneldi...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 47 14 мая 2022 20:55
    13

    Stansiýa bilen obamyzyň arasy bary-ýogy on-on iki kilometr. Dört sany suw ýaly maşynam edil Ýumak gatnadýan ýaly. Çilimiňi söndüreriňe mähetdel, elesläp gelýändir...
    "Hawa! Şu ýyl gatnanyňyz-gatnanyňyzdyr, indiki ýyl-a üstüňizde eli çarşakly Şalar görünmez. Indiki ýyl, nesip bolsa, iň agyr işim institutyň basgançagyndan münüp-düşme bor... ýöne, haýsyna maňlaýymy diresemkäm? Belli bir ugurdan alyp-ýolup barýan zadymyzam-a ýok. Goşgujyk-dagy ýazanam bolýan welin, o-da ne ýazyş! Her bendiniň yzyndan "Haý, läle jan" goşsaňam bolup dur, "Huwwa-huw" goşsaňam. Ýogsam dil-edebiýat ugurdan gitsem maňa beýlekilerden aňsadrak düşjeginem bilýän, sebäbi onda fizika, himiýa, has beterem matematika ýaly iň kyn görýän ekzamenlerimiň birem ýok... Aý, görerin-dä, hany, ilki bärki ekzamenden bir geçeli. Bir ejemi razy etjek bolsaňam, bäş-alty professorlara ekzamen berençe bar. Onsoňam... meniň bu galagoply dünýäme ýene bir adam assyrynlyk bilen aralaşyp gelýär... Güljahan. Eýsem-de bolsa bu gyz meniň kalbym öýüne gelen bäş günlük myhmanmyka ýa-da ýüregime ymykly girip, gapyny içinden gulpladymyka? Kalbymda duýdansyz peýda bolup, baş çykarardan çylşyrymlyrak görünýän bu duýgy eýsem, nämekä? Hoşlaşykmyka? Duşuşykmyka? Eýsem bu gaýgysyz, aladasyz geçip barýan ýetginjeklik döwrüm bilen ömürlik hoşlaşykmyka ýa-da kitaplardan kalbyma siňip, kinolardan aňyma ornan beýik söýgi bilen duşuşykmyka? Eýsem, bu nämekä?.."
    Bir hakydama gelsem, boşan kuzowyň düýbüni çarçagym bilen gazap durun. Sakga durup, kellämi göterdim. Hol beýleräkde ýylgyryşyp oturan oglanlar eýýäm çilim otlanypdyr. Kabinaň gapdalynda bolsa şofýor maňa seredip birhili gamgynlyk bilen başyny ýaýkaýar...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 48 14 мая 2022 20:55
    Gün ýaşyp, iňrik garalyp ugrady. Dogrusyny aýtsam, meniňem dünýäm daralyp ugrady. Aňyrda ýene iki wagon garnyny gäberdip dur. Aňyrsy ýarym sagatdanam kolhozymyzyň çaklaňja klubunyň tutuş bir diwaryny tutup duran ekranda Aşyr aga özüniñ mekirligini hem-de hötjetligini görkezip başlar... Belki, maňa Aşyr agadan öňürti Güljahanyň hötjetligini ýa-da mekirligini görmek miýesser eder.
    Eger şeýle bolaýsa, janymyň ýangynyna galan maşynlaň ählisini ýeke özüm​düşirin.
    Ýöne... Wagt geçip dur, indi​her niçigem​bolsa, bir esaslyja bahana tapyp, oglanlardan rugsat almaly. Çarşagyň sapyny döweniň bilen "Bar, gaýdyber" diýilýän bolsa, hezil-le, kuzowyň düýbüne ilteşdirip, bir silkip goýbersem, nädersiñ gapdalymda gara dere batyp, itinip duran Hally keriň gulagy açylaýsa!..
    Ýagdaý o diýen öwerlik däldi. Eger oglanlar biline hötjetlik guşagyny guşansalar, menem mekirlik donunyň ýeňini çyzgamalydym.
    Nobatdaky maşynyň üstüni ýylan ýalan ýaly edip, skladyň diwaryna arkamyzy ýaplanymyzdan, mysapyrsyran bolup, hüjüme geçdim:
    -- Oglanlar, sizden ýekeje bir haýyş bar...
    Azajyk ýadawlyk çyg görnüşinde ýüzlerine çaýylyp ugran ýigitler birbada üşerilişdiler. "Siz indi gaýdyberiň, galanyny özüm bir zat ederin" diýmejegim-ä belli. Şonuň üçinem bu pyýadalaň böwrüni diňleşip oturmagyny gaty kanuny zat hasap edýän...
    Assyrynlyk bilen syn edip, biriniň dillenerine, "Hawa, bitir ýaly haýyş bolsa, aýdyber" diýerine demimi saklap diýen ýaly garaşýan... Edil şeýle aýgytly pursatda-da zehin paltam janyýangynlyk daşyna degip, özümi lampa ýere goýberýän:
    -- Haýdar, Kakowyň motoryny näçä satjak diýeni ýadyña düşenokm-aý?
    Bu -- Hally ker. Onuň beýle etmäge doly haky bar. Ol seniň haýyşyňam eşidenok, paýyşyňam. Özüne gerek zady islän wagty sorap bilýä. Nähili pynhan gürrüňiňem bolsa, gizlin haýyşyňam bolsa gulagyna gygyr. Ýogsa-da ondan zady gaty görme...
    Haýdar gürlände çiliminiň tüssesi bölünip-bölünip çykýar:
    -- Hawa, näme haýyş?
    -- Men bir-iki sagatlyk bir ýere gidip-gelmeli... Okum nyşana degmän, beýle gapdalyny tozadaýdy öýdýän, ara ýene ümsümlik aralaşdy. Hol beýleräkde çaý gaýnadynyp ýören skladyň garawuly Atalyk agaň çalaja hiňlenýän aýdymy gulagyma aýyl-saýyl eşidildi.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 49 14 мая 2022 20:56
    Dogrusy, o mahal rugsat berilse, berilmese, gitmegi pugta ýüregime düwüpdim, ýöne aňrujy ylalaşyp bolsa, boýnyýogynlygyň geregi ýokdy...
    -- Tarladyp ýörenine-de dört-bäş ýyl bolaýdy öýdýän?..
    Bu -- ýene ker. Gaýrarak çekilip, bar güýjüň bilen ker gulagynyň düýbüne doňduraýasyň gelýä. Bolanok. Isläniñi edilýän zamanadan bireýýäm oba göçüpdir... Aý, men-ä şeýle zamana bolandyram öýdemok. Hiç haçanam adamlar göwnüne gelen zadyň ählisini amala aşyryp bilen däldirler. Hemme zadyň çägi bar. Güýjüñem. Şöhratyňam. Beýikligiñem. Dabarasy dag aşyp, güýji ýer ýaryp geçen şahsyýetleriň hem bu ýalançy bilen ahmyrsyz hoşlaşany ýokdur. Karun. Isgender Zülkarneýin. Rüstem Zal. Çingiz han... Hany, şu pyýadalaň haýsysy armansyz geçendir öýdýäñiz? Eýsem, Görogly deý gerçek goç ýigit perzentsizlikden nalamanmy? Baýram hany nätjek? Hindistan ýaly ajaýyp ülkede şa gyzyna öýlenip, harby çaknyşyklarda görlüp-eşidilmek edermenlikler görkezip. Mübärek han diýen bir wenezzyna ýeňsesinden gelip, pyçaklanda, ýagty jahandan iki gözüni açyp gitmedimi?.. Onsoňam bu ýerde kän bir ahmyr edip, arman çekip durar ýaly Hally keriň aýdan uýtgeşik zadam ýok-la , ker diňe kerligini edýär-dä. Ondan nämäni gaty görjek. Ine, häzirem, görgüli, iki sowalynyňam jogapsyz galanyny geň görüp, herimiziň ýüzümize taýly gezek bakýar-da, çarşagyny süýräp, ýaňy gelen maşynyň bortuny açmaga ugraýar. "Häliden şeýt-de, gümüňi çek-dä!.."
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 50 14 мая 2022 20:57
    Nirvana
    Pegas,
    Bolýar. Sende-de barmy?

    Mende originaly bar kitabyň.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 51 14 мая 2022 21:15
    Gowy.Gowumy senem? Indikide "menden has duýguçyl gyz" diýäýerin.:)
    Jogap
  • Babahanowa_g Babahanowa_g off № 52 14 мая 2022 22:00
    Salam.Gyzykly powest eken.Dowamyna garasyas???
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 53 14 мая 2022 23:32
    Ýetireniňize sagbol. Indi sabyrsyzlyk bilen dowamyna garaşaýmak galdy:).
    Jogap
  • Buratino Buratino off № 54 15 мая 2022 04:38
    Men basym islenen fful sesli edip çykarjak ýazmak kyn gepleýäň hat bolýar ýalňyş ýazylsa düzetýäň ugratýaň şuwagyt iňlislar şoňa geçipdir 99% diýenýaly
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 55 15 мая 2022 05:53
    Başga bir mowzukda "Howwo"sözüni Mahymam şeýle ýazýar"diýipsiñ welin Mahym diýip meni göz öñünde tutan bolsañ,men "howwa"diýip ýazýan.Ýa iki gezek "w"harpyny ýazýanyma diýýäñmi?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 56 15 мая 2022 09:36
    Mümkin,
    Alhamdulillah gowy menem. Hawa, 2 sany “w” harp ulanýaň. Sebäp?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 57 15 мая 2022 09:36
    Buratino,

    Gaýrat ediň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 58 15 мая 2022 09:37
    Öýe baryp, eşik çalşyryp ýörmäge wagt ýok. Şonuñ üçinem... Niredesiň uly iliň derdine derman, meni welin dermansyz derdim - keselhana!
    -- Salam, Güljahan!..
    Nämüçin iş eşigimde gelenimi düşündirip durmaga-da wagt ýok... Jübimden hersi bir apbasylyk iki sany gökje kagyzy göýä uly bir ähmiýetli taryhy dokument ýaly, dabara bilen çykardym:
    -- Ine, Güljahan!..
    Gyz maşgala mahsus az-kem çekinjeňlikden, ikirjiňlenmeden soň, biz görgülä mahsus birnäçe haýyşlardan, "Öwlüýä kessinlerden" soň, gurjak ýaly bezenen gyz bilen ýagyrnysy bugaryp duran köýneginiñ ýeňinden, ýakasyndan şulha sallanyşyp duran pyýada klubuň işiginde peýda bolýar...
    Eýýäm çyralary öçen zalda žurnal gidip dur. Bu biziñ üçin kemem däldi. Çünki men öz gadyrdan ildeşlerime diýseň beletdim.
    Ýuwaşlyk bilen yzraga geçip, boşlaw hatarlaryñ birinde ornaşdyk. Şükür, ümsümlik. Göze ilmän geçipdiris. Güljahan bilen bilelikde ýaňy bir aýak basyp ugran ýodamyzda garaşylmadyk bir päsrelçilik ör-boýuna galdy...
    Keýplerini çakdanaşa köklän iki ülpet niredendir gelip, edil öňümizdäki hatarda çökdi. (Ertesi bu ikisine bilet beren kassire, bulary zala goýberen kontrolýora berk käýinç beriljeginden, ikisiniňem prawleniýäň jaýynda ýüzlerini sallaşyp durjagyndan Baýram agaň igenjiniň köp başlary agyrtjagyndan, garaz, içenine ökünmeselerem, kluba gelenine ökünjeginden şo mahal olaryň özem habarsyzdy.
    Bularyň kino tomaşa edip, lezzet almajagam, özgelere aldyrmajagam bellidi... Ekranda haýsydyr bir daşary ýurt respublikasynyň prezidenti görünse, bärki ikisiniň arasynda özara pikir alyşma başlanýar:
    -- Çaryş, bu kim-äý, tanamadym-la?..
    -- Seň şony tanamaýanyňam bir gowy zat. Sähetgulyşga... Şo bende-de, seň tanşyň bolsa, o derejä ýetmezdi... Men ýaly...
    -- Ýak, alýaň-aý, Çaryşka, kak onda bäşi! Kemineden soñ biri dörejek diýýärdiler welin, sen bolaýma şol?!
    -- Kemine kim-äý, gel-gel, meň bilen deňär ýaly? Ömründe bir gep halta bilen ýyrtyk içmekden başga zada gözi düşüpmi oň. Maňa-ha, dogrusy, müň sany içi gepli ullakan haltadan ýekeje içi pully kiçijik halta müñ esse gowy... Näden bolýan?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 59 15 мая 2022 09:37
    Ýok, bular bogazyna sygdygyndan gygyryşanoklar, gaýtam şu arkaýyn, özara, mesaýy gürrüň edişip oturyşlaryna, kämahal biri beýlekisine "Hüşş!" edenem bolýar.
    Sabyr takat pyýalasynyňam gyrasy bar, çägi bar. Bularyñ jedeli bolsa gyzsa gyzjak, emma sowajak däl.
    "Il aglak bolsa, doňuz depä çykar" diýen nakyl ýadyma düşdi. Daş-töweregime ser saldym. Iki-ýeke gözüni alardýan bolaýmasa ýa-da ondan-mundan çawup gidýän gazaply hem-de ýazgaryjy "hyşy-wyşylar" bolaýmasa, kän bir pitiwa edýänem ýok. Meňki dogrumy, nädogrumy, biljek däl, ýöne ilki başda: "Aý, kör boluñ, özüniz terbiýelänsiňiz, kemala getirensiňiz, özüňize-de nesip etsin. Bu wagt pyşyrdaşyp oturandan, wagtynda şahyna kakmaly ekeniňiz" diýip, içimi gepledip oňaýdym... Soňra yzky apparatdan ekrana uzaýan mawy şöhläň, yşygyndan peýdalanyp, Güljahana göz aýladym. Şol bir wagtky Bäherdenden gelýän awtobusyň üstündäki doňup oturan gyz güpbe ýadyma düşdi. Edil gapdalymda, ýanaşyp oturan Güljahan göwnüme bolmasa häzir şeýle bir uzak, şeýle bir sowuk, şeýle bir keseki bolup göründi. Meňki dogrumy, nädogrumy, biljek däl, ýöne men uludan dem alyp, ýene dişimi gysdym...
    Ine, indi bolsa kyrk köpüklik sigaretiñ bir köpüklik tüssesi haýbat bilen çar tarapa owsun atyp, girere deşik gözläp başlady. Gök tüssä boglup oturan Güljahan üsgürmän zordan saklandy. Men welin saklanyp bilmedim:
    -- Çary, söndür çilimiňi! -- diýemde, sesim diýseň dözümlije ýañlandy.
    -- Sähetguly, bu niräň milises-äý, tanamadym-la?..
    -- Ses-ä Şalaryň sesine meňzeýä... O haçan beýle medeniýetleşip ýörkä?
    -- Töwerekden ýuwaş-ýuwaş kinaýaly sözler ýagyp ugrady.
    -- Utançsyzlar!
    -- Bihaýalar!
    -- Bulara bilet beren adamda kelle ýok!
    -- Kim zala goýberen bolsa, çykarsynam ýok edip!..
    Lentaň arasy kesilip, zalda çyra ýandy. Biri galman aýak üstüne galan milletiň barynyñ gözi biz tarapdady... Aşyr aganyň mekirligini synlamaga gelen sakgaldaşlarynyňam, Gurbanyň tutanýerliliginden sapak almaga gelen deň-duşlarynyňam, Oguljanyň bagtly eýýamdaky päk söýgüsini teswirleýän "Şatlyk" walsyny diňlemäge gelen boýdaşlarynyňam, gelnalyjyň gelerine şowhunly sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan çagalaryňam... näletden doly gözleri bu iki ulalyp-oňalmadyga dikildi.
    Menem ýetjek derejäme ýetäýdim öýdýän. Aýasy derläp ugran penjämi yraň-daraň edip, ýerinden galan pyýadañ, egnine ykjam goýup:
    -- Gowulyk bilen aýdýan, çykyň ikiňizem klubdan! -- diýemde, sesimiň üýtgäp gidenini aňdym.
    Bir kinoň arasy kesilip başlanan başga bir kinoñ soñunyň näme bilen gutarjagy belli däldi, ýönee Çaryň agasy Garýagdy bilen kolhozymyzdaky komsomol guramamyzyň sekretary Atabaý ikisi wagtynda ara düşäýdi. Olaryň hersi bir başbozaryň çigninden tutup, däli çebiş äkiden ýaly südenekledip, gapydan çykardylar...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 60 15 мая 2022 09:38
    15

    Iki "artist" klubdan çykyp gidenden soň, Güljahanyň ýüzi açylyşyp, meniňem biraz demim düşüşipdi. Öňküje ornumyzda jaýlaşdyk. Indi biz zalyñ garalyp, ekranyň ýagtylaryna garaşýas. Seredip dursak, biderejik garaşypdyrys. Öňdäki hatarlaň birinden Baýram agaň medeniýet baradaky orunbasary Bagtygül turup, göni bize tarap gaýtdy. Şu oturgyjyň üstünde bir gara öküz ýalmanyp oturanam bolsa, beýle geň görmezdi:
    Bagtygül: Şalar?!
    Men: (içimden) Ýigrimi ýyl bäri Şalar, şu gün görýänsiň... (daşymdan) Hawa?
    Bagtygül: Sen bu ýerde näme işleýäň?
    Men: (içimden) Şulha düşürýän, ýene näme? (daşymdan) Aý, kinojyk gören bolýas...
    Bagtygül: Hany sen işde bolmaly dälmi näme?
    Men: (içimden) Senden başga şu kolhozda ýolbaşçy ýokdur, gaýrat et! (daşymdan) Bolmaly öz-ä...
    Bagtygül: Ýa gutardyňyzmy işi?
    Men: (içimden) Men kakamyň öňünde beýle hasabat beremok, seňki näme diýsene! (daşymdan) Aý, ýok, ýene bir azajyg-a galypdy. Ýöne men... Oglanlardan soraşyp gaýtdym, rugsat aldym şolardan...
    -- Ertir onuň anygyna ýetäýeris, irden edara bararsyň -- diýdi-de, ol öz hataryna tarap ugrady. Menem sesimi çykarman, aşak oturyp, çygjaryp ugran maňlaýyma elimi ýetirdim. "Wah, seň edaraňa şu gije bar diýseňem, barjak-la, ýöne häzir bir azar berme, keýgim, bulama bujagaz günümi..."
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler