Salam, asuda Watanda erkana dem alýan, geçmişi taryhyň köklerine çuňňur ornan, geljegi bu gününden aýdyň, ýigitleri bürgüt, gözelleri humaý, ýaşululary dili senaly, nurana, jenneti ülkämiziň agzybir adamlary. Bu gün söýgili saýtymyzyň iň syrly agzasy Jeksparro (Afrasiýab aga) bilen "Massimus production" taryha we medeniýete aýratyn sarpa goýýanlary garamak we olaryň ýitip gitmeginiň öňüni alyş jemgyýeti söhbetdeşlik gurnar, özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän (syr bolup galmagyny isleýän) soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Islenen.saýtda esasan haýsy görnüşli mowzuklary köpüräk okaýaňyz?
3. Eger islenen.saýty bir döwlet diýip göz öňüne getirsek, Siz bu döwletde kim bolardyňyz?
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Afrasiýab adyňyz maňa köpüräk ýaraýar, näme üçin bu saýta şol at bilen gelmediňiz?
6. Durmuşda gazananlaryňyz we ýitirenleriňiz barada näme aýdyp bilersiňiz?
7. Halamaýan agzaňyza hiç kime bildirmän minus goýup gördüňizmi?.
8. Siziň üçin iň uly duşman näme?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Adam arzuwsyz ýaşap bilmeýär. Çagalykda eden uly arzuwlaryňyzyň haýsylary amala aşdy?
11. Indiki sanymyzda söhbetdeşlik geçirilmeli agzany Siz saýlamaly. Indiki sanymyzyň myhmanynyň kim bolmagyny isleýäňiz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, bize ýetirýän manyly, gyzykly mowzuklaryňyzyň yzy üzülmesin.!..
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 20-05-2022, 06:34

  • Jeksparro Jeksparro off № 31 21 мая 2022 00:10
    Ahally_24,

    Taryhda esasy ünsüňi çeken we şoňa ýykgyn eden şahsyýetiň barmy, ol kim?!

    Aý ýok taryhda ýaşap geçenleriň haýsysyna meňzejek. Biz olaryň basyp giden yzyça-da ýog-a!
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 32 21 мая 2022 00:14
    Melike...,
    Taryhyn durli dowirlerinde Afrasiyap diyen shahsyyet agzalya. Shu shahsyyet barada oz shahsy garayshynyzy aydayyn Jeksparro. Kim bu adam name eden name wezipani alyp baran?

    Afrasyýap, A. Firdewsiniň we onuň döwürdeşleriniň düzen Şanama we ş.m. dessanlarda ady agzalýan serkerde bolan. Şol wagtlar Afrasyýabyň kitabyny okaýardym... Şondan täsirlenip lakamyma şoň adyny dakdym.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler