Salam OKYJYLARYM!
Aradaky yglan eden bäsleşigimiziň netijesi belli boldy. Bäsleşik çekeleşikli, gyzykly geçdi. Siziň üçinem şeýledir diýip umut edýän. Bäsleşigimiziň ýeňijileri:

1-nji orun: @Esma we @Mümkin agzalar.
2-nji orun: @Remezan agza.


Berekella!
Pul baýraklary:
@Esma 90 manat.
@Mümkin 90 manat.
@Remezan 60 manat.

Gutly bolsun!

Ýadyňyzda bolsa, 1-2-3 ýerler bolar diýipdik. Emma, ballaryň gabat geljegini bilemzokdyk. Şu wagt 3-nji ýerde 2 sany @Massimus we @Ötegçi agzalar bar. Gynansakda olara bu gezek baýrak berip bilemzok. Emma saýdyň admini geleninden soň ol 2 agza aýratyn bir mümkinçilik berilmegini islärin.

Bäsleşige gatnaşan ähli agzalara we hemaýatkärlik eden @Bayker, @Hiayress we @Massimus agzalara-da öz minnetdarlygymy bildirýän. Bize we şol sanda maňa ynananyňyz üçin Taňryýalkasyn.
Elleriňiz dert görmesin. Döredijiligiňiziň dowamaty dowam bolsun!
Gaýgy-gam, alada size ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäňiz ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöräň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 1-06-2022, 09:50

  • Massimus Massimus off № 31 1 июня 2022 10:21
    Ilki bilenä ýeňijileri tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaryşy gurnan we ony adalatly alyp baran hanym Nirwana aýratyn sag bolsun aýdýaryn. Baýraklaryň şeýle paýlany adalatdan bolupdyr, bolmasa 1-nji ýeri alan 2 agza 3-nji ýeri alan agzadan az pul alsa dogry bolmazdy. Bu hemmämiz üçin synagly bäsleşik boldy we umyt edýän bu geljekki uly-uly bäsleşikleriň diňe başlangyjydyr. Nirwana bu gezek hemmämize gowy mümkinçilik berdi, 1 tema saýlap, şol barada her kim başarýan ugrundan bir zatlar ýazsyn diýip (eger bir ugur, meselem: goşgy ýazmaly diýlende: men hekaýa ökde, ýa-da men oýlanma ýazmakda hünärmen diýmekleri mümkindi). Ýöne indiki ýaryşlarda belli bir tema saýlap şo hakynda gatnaşyjylaryň diňe bir ugurdan (ýa goşgy, ýa hekaýa ýa oýlanma) bäsleşdirmegi maslahat berýärin. Sebäbi goşgy bilen hekaýany deňeşdirip haýsynyň gowulygyna obýektiw pikir bildirmek kyn. Geljekden bir gün barybir fantastiki žanrda ýazmagy talap edýär. Men komediýany halaýanlygym üçin islemesemem, barybir mowzugym ýabany dünýä tarap gidip galdy. Umuman geljek barada mowzuk men ýaly, köplenç geçmişi ýatlaýan üçin kyn boldy. Şonda-da agzalardan minnetdar, barybir menem belli bir wagt intrigaň bir bölegi boldum...
    Jogap
  • Esma Esma off № 32 1 июня 2022 10:24
    Hiayress
    Esma,
    Men Pegasyň goşgusydyr öýdüpdim, ýöne jemlemesini gowşak görüpdim. Aý, nädip jemlejegini bilen däldir-da diýip goýupdym. :))

    Bilipsiňiz. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 33 1 июня 2022 10:25
    Mümkin,
    Öňki nomeri ulanýaňmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 34 1 июня 2022 10:27
    Massimus,
    Nesip bolsa…
    Minnetdar doganym. Häzir size ýazjak. Şolaram gaýrat edäýiň. Taňryýalkasyn!
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 35 1 июня 2022 10:27
    Tüweleme tüweleme, konkursyň ýeňijilerini gutlaýan, konkursyň organizator-larynyňam janlary sag bolsun
    brawo
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 36 1 июня 2022 10:40
    Ýalñyşypdyryn, Mammet Meretgeldi))
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 37 1 июня 2022 10:43
    Şu gezekki ýaly awtorlar gizlense gowy-da ýone. Gyzykly bolýar. Ýüzgörmesiz bolýar.
    Jogap
  • Esma Esma off № 38 1 июня 2022 10:44
    Ötegçi
    Menem geñ gördüm @Esmadan. Kim bolup çykarka dp durdym))))

    6-njy siz ekeniňiz.Men Massimusdyr öýtdim. Gowy ýazypsyňyz. Şeýle ýazgylar bir hili gyzykly görýän. Ýazyp duruň. Galamyňyz ýiti bolsun.
    Jogap
  • Esma Esma off № 39 1 июня 2022 10:47
    Ötegçi,
    Hawa. Menem haladym gurnaýyşlaryny.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 40 1 июня 2022 10:57
    Esma, sagbol!) Mena Massimusy goni tanadym))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 41 1 июня 2022 10:59
    Maňada üstünlik diläň. Bu gün açyk sapagym bar.
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 42 1 июня 2022 11:03
    Ýeňijileri tüýs ýürekden gutlaýan!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 43 1 июня 2022 11:05
    Ötegçi,
    Sag boluň, Siz bilen Senýorita meni mowzugymdan tanadyňyz.
    Agzalaň gizlinligi gowy boldy, adalatly baha goýar ýaly, bolmasa gatnaşyjylaryň arasynda sylaýanlarym köp, olaryň adyny görüp göwnüne degmezlik üçin dogry baha berip bilmezdim.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 44 1 июня 2022 11:16
    "5" belgili tema 5-lik baha, gyzykly başdan geçirme, wakalar yzygiderliligi boýunça biraz işlemeli ýerleri bar, umuman haladym.
    "9" belgili tema 4-lik baha, goşgy gowy ýazylan, ýene biraz işleseň has kämil çykmagy mümkin.
    "10" belgili tema 5-lik baha, çeper ýazylan, geljek bilen bagly gülkili ýerleri köp, goýup bolsa 10-luk bahada goýardym, meň özüme galsa şu temany ýeňiji saýlardym.

    Ine bu-da meň ýeňijilere goýan ballarym. @Mümkin şu ýerde-de meň ýeňijim eken, muşdak diýip maňa diýäýseň
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 45 1 июня 2022 11:19
    "Geljekden bir gün" temasyna ýazylan iň ýerlikli mowzuk şu boljak eken:

    "Zeminde ýeke-täk diri galan adam bir otagda otyrdy. Şol pursat duýdansyz gapy kakyldy..."

    Ýöne @Ötegçi agzanyňam käbir mini-hekaýalaryny çala kakuş-küküş etseň edil ýokarky ýaly bolmasa-da bäri ýanlaryna golaýlajak ekeni.

    "Birwagtky Ötegçi nikini alyp bilmän örtenip ýören Geçergeldi! Başga planetalylar hakynda näme aýdyp bilersiñiz?! Planet666 wirusuna çäklendirmeler aýrylandan soñ haýsy planetalara syýahat etmek isleýäñiz?!
    - Başga planetalar bilen işim ýok. Öz planetamdaky öz dert-aladadyr, şatlyk-gaýgym maña ýeterlik."


    - Geçergeldi! Planet666-da wirus çäklendirmeler ýatyrlansoň haýsy planetalara syýahat etmek isleýärsiňiz?!
    - Başga planetalar bilem işim ýok. Maňa, öz planetamyň dert-aladasy, şatlyk-gaýgysam ýeter.


    diýen ýalyrak. Ýagny "Planet666" - bu dowzahy planeta ýada şeýtanyň mekan tutan, eýelän planetasy diýen ýalyrak göçme manyda ulanylsa, "wirus çäklendirmeleri" diýende, bu şol şeýtandan kesellän adamlaryň beýleki planetalaram keselledip biler gorkusy bilen girizilen çäklendirme (wirus-şeýtany keseli bolan ynsanlar), "ýatyrlansoň" bu ýa sagalansoňlar ýada çäklendirme aýyrlansoň nirä gitmek isleýärsiň diýip soralan jogaba. Bu ýer dowzah ýada dowzahy bolsa-da meň dowzahym, maňa başga ýere gitmek gerekdäl. Şu ýerde-de bagtly diýen ýalyrak jogap beren görnüşinde. :))
    Jogap
  • Esma Esma off № 46 1 июня 2022 11:20
    Nirvana
    Maňada üstünlik diläň. Bu gün açyk sapagym bar.

    Üstünlik joram sag-amanja geçir!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 47 1 июня 2022 11:21
    Nirvana,
    Üstünlik hemraň bolsun dostoglan. :))
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 48 1 июня 2022 11:21
    1. Tüweleme hekaýa gowy ýazylypdyr. Ýöne biraz ýasama gelýär. Ýene 100 ýyldan Türkmenleñ roboto öýlenjegine ynanamok. Onsañam elhençlikler diñe indeýlerde barmy näme?!. 《ýaltanman okadyňmaý, ýa indeýçäni bilýaňmi:))》 şu ýerde "indeýçe" ýazylan ýazgyñ üssinden bökdüm. Okamadym:D Bu ýerini bolsa öñünden çakladym men-ä:"Görsem gaýykda Mämmet otyr." Ýöne hekaýa diýseñ bolar. Belli bir yzgiderlilik saklanypdyr. Menden 5 ball

    5. Doly okap bilmän taşladym. Belkem ukym tutanyndandyr dp, ukymy alybam okadym. Özüme zor  salyp okadym. Uzak hem gyzyksyz. Belli bir derejede gyzyklam bolsa, düşindirişlermi ýa ýene bir zatlar bn söz uzaldylma bar ýaly. Ýöne sanlar meni gyzykdyrýandygy üçinmi bilemok 2222nji ýyla barasym geldirdi:) barmak büküp sanadym. Ýene 200 ýyl bar tegelek. Içim tütedi ýene 200 ýyljyk ömrümiñ ýokdugyny bilmek... tutuş hekaýada halan sözim:
    " Ölmän galsaň we gowy terbiýe berseň, elbetde bu gahar-gazap bolmaz,..." zähmetine menden 4 ball

    9. Goşga tüwleme diýýän. Şeýdip kämilleşibermeli. Ýöne adyndanam belli bolşy "Hyýal menzili" awtor göwün ýüwürdýär hyýal edýär. Nämeüçindir temadan sowulýan ýaly göründi. Onda da zähmetine hormat goýup 4 ball berýän

    10. Muña-da pikirlene-pikirlene 5 ball. Hekaýañ kada kanunlaryna eýeripdir. Başy soñy bar. Gyzykdyryp, ýylgyrdyp bildi. Başynda dodak çöwrenem bolsam garaz gowy boldy. Başlanşy ýürekgysgynç ýöne. Mümkin, ýene biraz işlese has gowy bir zat edip bolar.

    12-nji. Berekella! Men-ä geljege degişli gaty pessimist ekenim-oww diýdirtdi. 5ball menden. Ilkinji okanymam şu.. aslynda şu gün kyn gün geçirdim. Gowy ýarady. Hem arassa türkmençe. Hem akgynly okalýar. Sapa agañ ýazany bildiripjik dur.(galmaýar-gaýmalar-kapiýany hasam gowy gördüm) ruhuñy göterýär. Geljege gowy göz bn garamaga ýardam edýãn, arassa-ary goşgulañ höwri köp bolsun!

    ine-de meñkiler:-)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 49 1 июня 2022 11:25
    Hiayress, ünsiñe sagbol:) aslynda başlamda, meniñ planetam temadan:
    "Başga planetalar bilem işim ýok. Maňa, öz planetamyň dert-aladasy, şatlyk-gaýgysam ýeter." Şu sözlemi ýazyp başladym. Soñam beýlekiden ýazmaly boldy:) Onnañ hasyr-husur edišim boldy. Işlärin-dä÷)
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 50 1 июня 2022 11:26
    Ötegçi,
    Size goýan bahamy goýmandyryn, bagyşlaň.
    "6" belgili tema 5-lik baha, geljek barada agzalaram goşup, degişme görnüşli mowzuk ýazypdyr, ýylgyrtdy.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 51 1 июня 2022 11:32
    Ötegçi,
    Ine şu-da ajaýyp (ýöne biraz üýtgetjek):

    "Pany dünýäli Döwsypat:
    - Nädip bu dereje bahym kämilleşip bildiñiz!
    Başga galaktikaly:
    - Ne öz-özümiz bilen uruşdyk. Ne-de başgalar bilen.
    - Bilýän! Ýöne şu jogaby men aýtsam kör-köpük täsiri bolmazdy.."
    (Soňky setiri geçmişdäki danalaryň adaty sözlerine gyzyl çaýyp paýlaşýan agzalara gowy diss bolardy. :D)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 52 1 июня 2022 11:33
    Hiayress,
    Sen näme üçin meñ Myratlyma ýüzüñi kürşertdiñ? :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 53 1 июня 2022 11:34
    Remezan agaň ýazgysyndaky “klon” sözleri okap, soňabaka gözüm diňe şol sözi görüp başlady. :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 54 1 июня 2022 11:34
    Nirvana,
    Howwa.Öñki nomurym.2 manadyñy kemmeseñ razy däldirin!!!
    Açyk sapagyñda üstünlik!
    Jogap
  • Esma Esma off № 55 1 июня 2022 11:35
    1)5-bal
    Fantaziýasy, hekaýany çeper dil bilen beýan edişi, yzgiderliligi... Jemleýjini sözleriňi hasam haladym. Diýmek, näçe wagt geçse-de adamlaryň şu wagtky boluşlary ýaly (biri-birini iýmäne synanyşýan, görüplik, gybat, ýamanlyk) üýtgejek däl ekeni.:) Gowy hekaýa. Haladym.

    2)4-bal.
    Uruşdan soňky durmuş sahnasyndan bir pursat. Tüweleme! Ejäniň diýen sözleri oýlandyrdy. Şu günümize kän şükür etdim.
    Yzynam ýazgyn hökman. Gowy ýazýan ekeniňiz.

    3)4-bal.
    Many taýdan oňat düzülen diýesim gelýär.
    Ýöne welin şu ýerini halamadym "hassa bolsada bolýar"

    Goý, ejelerimize diňe gowlugy diläliň. Saçlary agarsa-da hassa bolmasyn.
    Iň halan setirim:

    Barlygy dùnýãniñ baýlygna degýãr.
    Dokuzum Käbãmiñ dogasy dolýar.

    Ýazyň köpüräk. Gowy goşgulara garaşýan sizden. :)

    4) 3-bal.
    Gowy ýazylan. Ýöne beýlekilere seredemde örän gysga hem gaty ýönekeý.
    Ýazyp biljege meňzeýäň.

    5) 3-bal.
    Özüme zor salyp doly okap bilmedim. Gaty uzak. Harp ýalňyşlaram bar ekeni. Ýöne azap edipsiňiz.

    6) 5-bal.
    Diýseň gowy. Gyzyklanyp okadym. Diliniň çeperligini. Gowy temany saýlap alyşyňy haladym.

    @Pegas! sanly edebiýat hakynda nämedir bir zat aýtsañyz ýa-da bir maslahat?!
    - Geçen ägirtlermizi öwrenmeli,iñ bolmanda...
    - Duruñ! Duruñ! Siziñ ägirtler diýýän duýguçul mahluklarñyzy biz taryhda birmahal okap geçdik. Hemem olar ýaly bolmajak bolup her gör edýäs.

    Hakyky şu. :)
    Ýenede şular ýaly ýazgylara garaşýan.
    Tüweleme! Üstünlikler!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 56 1 июня 2022 11:35
    Mümkin,
    Seň Myratlyňyň sužetine öňen bir ýerdä sataşan ýaly bolup durun, birýerlerde şuňa meňzeş birzatlar ýazyp paýlaşana dälsiňdä?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 57 1 июня 2022 11:36
    Esma,
    Minnetdar! (Joram diýdiň welin, saňa bolan gyzyklanmalarym artyp başlady, şol goşgyňy okanymdan soň)

    Hiayress,
    “Dostoglan”- buda erbet däl. :) Minnetdar!
    Jogap
  • Esma Esma off № 58 1 июня 2022 11:37
    7)3-bal.
    "bulam meň bolşum ýalak uçýan maşynlary görüp aňk-taňk bolup dur diýip hykyrhykyr edip güldi."

    Gyzlar "hikir-hikir" gülýär dälmi gyz? :)
    Öýkeläýme joram. Şeýle özüneçekiji görmedim. "Meniň ýazgym gyzyksyz bolsa-da" diýme, ýene ýazyp dur. Ýazmak üçin fantaziýaň bar ekeni.
    Ýene-de ýaryşa gatnaşyp durgun.

    8)3-bal.
    Azap edipdir. Tüweleme! Ýöne "Maňa" diýen sözi hasap etmäňde "men" sözi jemi 24 gezek gaýtalanýar ekeni. Esasy zat: eseriň çeperçiligi gazanmak.Nähili eser bolaýsyn (hekaýa, oýlanma, goşgy ýa-da telefon-da hem artyk sözler ) Okyjyň wagtyny alyp artyk sözler ulanmazlyk.

    9)Özüm ekenim.

    10)4-bal.
    Haladym. Diýseň gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

    "Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
    Ýazyp duruň! Üstünlikler!

    11)4-bal.
    Ýok, gowy ýazypsyň-a. Gepleşik dilinde çeper beýan etmäni başarypsyň. Tüweleme! Ýene-de ýazyp duruň!

    12) 5-bal.
    Tüweleme! Agras ýaşuly mugallymyň keşbini gözöňümde aýdyň janlandy. Romantik ýagdaýda beýan edişiňi, goşgynyň tehnikasyny gowy saklap bilşiňi haladym.Jemlemesem ajaýyp.
    Awtora üstünlik.

    Ynha-da meniň beren bahalarym
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 59 1 июня 2022 11:38
    Hiayress,
    Bir sorag: eser okañyzda hokman gyzykly bolmalymy?! Mumkin, gyzyksyz diýýa. Jeýn Eyr we.şm.(name ucindir romantika diýlende şu ýadyma düşdi) eserleri ikilenç okaýanlar barmyka. Geçen ýylmy öññi ýylmy bilemok, şeker portakaly ýaly haysydyr bir romantik bolmagy gaty ahmal kitap paýlady himiýa fakultetdakileñ biri. Ondana maña bir opşy kletka depder berenem bolsa gowy bordy diýdirdi. Romantikaçylañ Karamazowlary, Ataýy doly okamadygyna jedelem etjek. Şolañ biri Orwelliñ düşniksizliginden nalapdy÷)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 60 1 июня 2022 11:38
    Gowy bal gazanasyňyz gelse, ynsanlaryň iň ejiz, näzik tarapyndan tutup ýazmaly.

    Buda maslahat menden size. :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler