GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?
Käbir oglanlar bar ''Men (gulak) gyz bilen söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özüňi ýitirýärin'' diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýän we şular dogrusynda maslahat soraýar oglanlara!!!
Şeýle oglanlaryň 100%-den 60-70%-i dünýäniň gaýgy-gamy we tukatlyk, ýekelik, gam-gussa ýaly ruhdan gaçyrýan häsiýetler bilen gurşalandyr.
Şeýle oglan ilki bilen gaýgy-gamly sazlary ýa-da aýdymlary, halk aýdymlary diňlemezliklerini maslahat berýärin.
Eger hindi kino ýa-da söýgi (serial) kinofilmler, söýgi baradaky kitap wakalary bilen söýüşmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz!
1. Kim bilen söýüşmeli (ýa-da söýýän gyzyňy nähili tapmaly?) Bir gyz bilen söýüşjek wagtyňyz öz häsiýetiňi hiç üýtgetme, köp ýaşlar gyzlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Gorkýarlar, gyz bilen bolup biljek duşuşyklary soňky güne galdyrýarlar. Siz üçin iň esasy zat tejribe, teoriýa gabat gelenokdyr. Pikirlenip yrylýan gyz ýok. Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.
2. Telefon arkaly söýgä başlamak: Näçe geň bolsa-da esasy usullaryň biri, iň möhüm zat gyzdan hökman telefony soraň! Gyz bilen tanyşanyňyzda, bahana gözlemän: ''Berermikä- ýa bermezmikä?'' diýip pikirlenmäň, entek giç bolmaka hökmän telefonyny soraň. Soramak üçin üýtgeşik jadyly hereket gerek, däl, ýöne ''Telefonuňyzy beräýiň'' diýip rahat ses bilen soramak. Soranyňyzda elbetde bolup biljek kiçiräk barlaglar soraglar bolup biler.
Gyz ''Näme etjek'', ''Nämä gerek!?'' we ş.m. Jogabyň ýene-de rahat ses bilen ''Içim gysanda habarlaşmak üçin'' ýa-da '''Sesiňi ýene bir sapar eşitmek üçin'', esasy özüňizdäki ynamly rahat tonda soramak gerek...
Käbir gyzlar garşysyndakyň beýle ''Irizen'' soraglar bilen bizar etmegi halamaýarlar, sebäbi näme üçin telefon soraýaň belli (söýüşmek üçin), şonuň üçin berjek bolsa telefonyny berýärler, bolmasa-da berenoklar. Telefon nomeriňi aýdanlarynda göni öz telefonyňyzdan jaň ediň we oňa jaň geleninden soň nomeriňi belläp goýuň...
Eger-de ýalňyş nomer beren bolsa, edil gabady öň üstünden gülersiňiz, a eger öçürlen nomer beren bolsa seň bilen gürleşesi gelenok şo gyzyň!?
''Telefonum ýok'', ''Sen ber, men jaň edeýin'' diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!!!
3. Telefony alan bolsaňyz: telefonyny alanyňyzdan soň, möhüm bir zat çykmadygyça 2 gün dagy garaşyň, jaň etmän, hat alman (sms). Bir gezek jaň edeniňde almasa, azyndan 2-3 sagatlap garaşyp soň jaň ediň, yzly-yzyna jaň etmäň (sms) ýazmaň, jaň edeniňde üýtgeşik hokga çykaryp haýran galdyrjak bolmaň ýönekeý hal-ýagdaýyny soraň, ol bular barada gülkünç zatlar barada gürrüň beriň (прикол), Näme barada gürlejegiňizi bilmeýän bolsaň; gyzyň maşgalasy, edýän işi, okuwy, ýakynda bolup geçen waka, toý, täze çykan kino... we ş.m... esasy zat soraglar bilen mowzuklary üýtgedip gyzy gürletmek, azyrak gürläp, köpräk diňlejek boluň (Свидания). Duşuşyklar barada hat arkaly sms-laşyp (hat) gürleşmäň, hökmany suratda telefonda gürleşiň.
4. Duşuşyga çagyrmak. Gyz bilen duşuşmak, duşuşyga çagyranyňyzda bahana tapmak kyn bolup biler, aslynda bahana geregem däl, bahana gyz bilen duşuşmak, ýöne dogryny dogry aýtmak hemişe aňsat bolanok. Şoň üçin ''teatra ýeke özüm gitmejek bolýan'', ''Egin-eşik saýlamak üçin'', ''täze açylan parka baryp görmek üçin'' diýip çagyryp bilersiňiz...
Möhüm: duşuşyga çagyranyňyzda üýtgeşik hiç zat aýtmak gerek däl, islendik tanyşyňyzy çagyrşyňyz ýaly çagyryň, hemme zat (predelno) sada we ýönekeý bolsun. Ikinjidenem jogap ýok bolsa, başga bir güni aýdyp görüň, onda-da ýok bolsa... ''Sag bol!'' ýa ''Bagtly bol'' diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň!
5. Duşuşyk. Duşuşyga sowgat bilen barman, sebäbi (sowgat sebäpsiz) duşuşyga üýtgeşik zat gerek däl ýöne, edip bilşiňizden odur, budur gürleşiň, esasy zat gyza bildirmän kopmliment aýtmak.
Daşyndan aýlanyp geçmeli mowzuklar: (Ýagny şu temalar hakda gürlemäň, başarsaňyz!)
Din, ölüm, o dünýä, politika (syýasy temalar), filosofiýa. Birinji duşuşyk takmynan 1, 2 sagat bolany gowy we sizden garaşylýan ýekeje zat hiç zady bulaşdyrmazlyk. Eger gyz entägem siz bilen gürleşip bilýän bolsa BRAWO, ösüş bar.
Soň ýene 1-2 gün garaşyň, täzeden jaň ediň we prosesi täzeden gaýtalaň.
6. Egin-eşik. Üstüňizdäki eşikleriň arassa bolsun!!! Şondan möhüm zat ýok. Ondan başga, eşigiň daş töweregiňe, ýagdaýa görä bolsun. Asylly türkmen gyz bilen (свидания) duşuşukda üýtgeşik görkezýän moda egin-eşik gerek däl, gara balak, ak köýnek, ýa-da gök köýnek.
7. Gyz bilen nähili özüňi alyp barmaly: munuň hem özboluşly usuly bar. Duşuşykda edip bildigiňizden gyza köpräk degjek boluň, üstünden (ýaprak) pýatnojyk aýyryň (ýaşasyn hapajyk), öwrüleniňizde hökman elinden ýa-da arkasyndan tutup öwrülýän tarapyňda ýumşak öwrüm ediň... asly degmäge maý kän, onuň daşynda, hapa sögünmäň, kän öwünmäň, gyzyň göwnüne degip biljek zat aýtmaň, özüňiz barada erbet zat aýtmaň, hiç zat barada zeýrenmäň...
Ýadyňdan çykarma! Seniň durmuşynda hemme zat gül ýaly boljakdyr. Gyzlar bagtsyzlary, zeýrenýänleri halanoklar.
Ýene bir zady belläp goýuň!
Gyzyň ýanynda oglan jigsi gyz jigsi we jorasy bar wagty lak atmaň, duşuşjak bolmaň.
8. Gyzyň başyny aýlamak: Ilki bilen ýaş ýigitlerimiz düşünjesini üýtgetmeli. Meselem; ''A gyz salam! E-e bujagaz zady!'', ''Agyz tanyş bolaýalla, telefonuňy beräýdä ýa-da 86* ** ** ** nomera aýlaýda'' diýip şu sözler bilen barsaňyz 100-de 90-y siz daş ýerlere ýollap bilerler, ýa-da gowy söze garaşmaň!
(Соблазные) Hiç haçan gyzy yrmaga çynlakaý (serýozna) çemeleşme! Sebäbi bu seniň utulyşyňy aňladýar.
Ertir.com arhiwinden göçüren @Jeksparro
GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?! _tema:#1
Sorag-jogap,
Ahally_24
tarapyndan
6-06-2022, 22:47