Salam OKYJYLARYM!
Agşamyňyz haýyrly bolsun!
“Ýene senmi?”, “Bula ýene başlady” diýeniňizi duýýan. Gynansaňyzam ýene men.
Özüm-ä gijeleri halamok. Haçandan bäri diýseňiz, şu ýat ýurtda ýaşap başlan günümden bäri. Edil şu wagt maşgalaň bilen çaýlapjyk, telewizorda görkezilýän kinolara tomaşa edäýseň…
Arman, ol bagtam mende ýok bu wagt.

Garaz, men bir zada haýran galýan. Men sizden üýtgeşikdigime göz ýetirdim. Siziň aglaýan zadyňyza men aglap bilemok. Şol sanda siziň gülýän zadyňyza-da men gülüp bilemok. Içimden “Şu ýazgyň niresinde güler ýaly zat barka? Ýa gülmek şeýle aňsatda men gülüp bilemokmykam? Ony diýsem aglamaly meselede-de şeýle” diýýän.

Emma ulaldygyňça höwes edýän zatlaryň, gyzyklanýan zatlaryň azalýandygyna düşündim. Öňkiler ýaly sähel zatlar meni tolgundyranok. Okaýan goşgularymdan öňkiler ýaly lezzet alyp bilemok. Iýýän naharlarym barada aýtmaýyn. Soňky wagtlar naharam iýemok. Aç gezýänmi? Ýok, meňki şol köke-süýji.

Çagalygymy küýseýänmi?
Ýok.
Ulalanyma begenýänmi?
Ýok.

Şu wagta özüme näme sorasam jogaby “ÝOK” bolup dur.

Bu gün mende görülýän zatlar, kiçiligimdäki ruhuma ekilen zatlarmyka?
Käte özümi ýapraklary dökülen, şahalary döwülen agaç ýaly duýýan.
Käte bolsa, şu durmuşda menden bagtly adam ýokdur. Baram bolsa “Menden bagtlyň öýi ýykylsyn!” diýip gezýän) (çyna berimsiz söz)

Şu ýerde bir günüň dowamynda 4 pasyly başdan geçirýäs. Howasy üýtgäp dur. Şol howa görä menem üýtgäp durn. Howa sowuk wagty men ýyly, mähirli bolýan. Yssy wagty sowuk bolýan. Şondandyr şu günler duýgusyz sowuklygym. Şemally howada men asuda. Maýyl ýaz howasynyň ýagyşynda kalbymda harasat tupan turýar.
Maňa düşünmegiňiz üçin meň bilen köööööppp söhbetdeş bolmaly. Men özümi tanamagym üçin 25 ýyl gerek boldy. Entegem tanyşlygym doly gutaranok. Siz barada aýdyp oturmaýyn. Şeýle-de howa ýaly üýtgäp, şemal ýaly ondan oňa öwsüp duran adama kim düşüner? Sen kim düşünmek islär diýsene…
Düşünmeseler janlary sag bolsun. Düşündirjegem bolmaryn…

Gowsy boş gürlemäýin. Bir başlasam meni goýdurmak size başartmaz. Şoň üçin başlamankam jemläýin. (:

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 29-06-2022, 23:46

  • Telwas Telwas off № 31 30 июня 2022 00:41
    Granger
    Nirvana,
    Uly söz aýt diýse, öňem biri "düýe" diýipdir. Şyrdajygam "düýeden uly pilem bar" diýipdir.

    Hi-hi. (Göwnüňiz üçin)
    Bor-la kösemänjik adyňyzy ýazaýyn. Hoş geldiňiz boş gürleýänleriň klubyna :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 30 июня 2022 00:43
    Bendtner
    Sen mydam şrifti uytgedip yazyaňda, obycnyda goyup yazayda, okap blmk her mowzugyňy


    Meň mowzuklarymy okamaga göz gerek)
    Öwrenşipdirin. Şeýle halaýan. Özüňem öwrenşäý.
    Jogap
  • Granger Granger off № 33 30 июня 2022 00:43
    Bir görseň-ä bar ýaly, bir görseňem ýok strelka
    Jogap
  • Гость Гость off № 34 30 июня 2022 00:43
    garaburc
    Гость,
    Tygşytly gornushde bar sho. Shoña gec. Sitata diyip yazygly durya

    Şonda ýazyp otyryn şu wagt. Muňam köp mümkinçikleri ýok eken. Onsoň ýene beýlekä geçmeli bolýan. Garaz günüm kyn
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 30 июня 2022 00:44
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony
    Jogap
  • Granger Granger off № 36 30 июня 2022 00:44
    Umuman, muňa doly dällik kompleksi diýilýär, halypa.
    Jogap
  • Гость Гость off № 37 30 июня 2022 00:45
    Nirvana
    Granger
    Nirvana,
    Uly söz aýt diýse, öňem biri "düýe" diýipdir. Şyrdajygam "düýeden uly pilem bar" diýipdir.

    Hi-hi. (Göwnüňiz üçin)
    Bor-la kösemänjik adyňyzy ýazaýyn. Hoş geldiňiz boş gürleýänleriň klubyna :)

    "Göwnüňiz üçin" diýenňe çynym bilen güldüm ))
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 38 30 июня 2022 00:46
    Гость,
    Men-ä şunda şahsyda ýazýan. Hem hoz hem mürrügini soramada. Oñushyber shu tygshytlyda
    Jogap
  • Гость Гость off № 39 30 июня 2022 00:48
    Nirvana
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony

    Kakamyza aýt narmally bolsunda goýsun şo strelkany. Okamanka-da pozuk göwer )
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 40 30 июня 2022 00:48
    Ana señ teswirine plyus hem.basdym. mowzuga baha berip bolanok..Гость,
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 41 30 июня 2022 00:48
    Granger
    Umuman, muňa doly dällik kompleksi diýilýär, halypa.

    Ana ýene boş gürläp başladyň. Gawun gawundan reňk alar diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Maňa çekipsiň :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 42 30 июня 2022 00:49
    Ol meň samramam däldi)
    Tolerantlylyk gurasyn, artyp galan.
    Jogap
  • Granger Granger off № 43 30 июня 2022 00:50
    Hihi-ni men bir gödek jorama öwredipdim mylaýym gepleşjek bolsaň her sözüň yzyndan şony ýaz diýip)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 30 июня 2022 00:50
    garaburc
    Ana señ teswirine plyus hem.basdym. mowzuga baha berip bolanok..Гость,

    Çalt beýleki görnüşe geçip gelip meň mowzugyma plýus bas:)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 45 30 июня 2022 00:51
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony

    Kakamyza aýt narmally bolsunda goýsun şo strelkany. Okamanka-da pozuk göwer )


    Ýok wagty diýjegiňi diýip gal :)
    Jogap
  • Гость Гость off № 46 30 июня 2022 00:51
    garaburc
    Гость,
    Men-ä şunda şahsyda ýazýan. Hem hoz hem mürrügini soramada. Oñushyber shu tygshytlyda

    Şahsy ýoga munda. Seňkide bamy?!
    Jogap
  • Гость Гость off № 47 30 июня 2022 00:53
    garaburc
    Ana señ teswirine plyus hem.basdym. mowzuga baha berip bolanok..Гость,

    Sähel birzat etseň diliňe dolap ýürege düşýäň senem. urya
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 48 30 июня 2022 00:53
    Granger
    Ol meň samramam däldi)
    Tolerantlylyk gurasyn, artyp galan.

    Mowzuk samramady :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 49 30 июня 2022 00:54
    Boş gürlämoga)
    Alfred Adleriň öňe süren nemesi ol. Türkmençä geçireňde birtüýsli söz bolýa-da. "Комплекс неполноценности" islendik adamda bar bu.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 50 30 июня 2022 00:54
    Granger
    Hihi-ni men bir gödek jorama öwredipdim mylaýym gepleşjek bolsaň her sözüň yzyndan şony ýaz diýip)

    hihi buda şekilli görnüşi
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 51 30 июня 2022 00:56
    Granger
    Boş gürlämoga)
    Alfred Adleriň öňe süren nemesi ol. Türkmençä geçireňde birtüýsli söz bolýa-da. "Комплекс неполноценности" islendik adamda bar bu.

    Ony bilýän-le)
    Jogap
  • Гость Гость off № 52 30 июня 2022 00:56
    Nirvana
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony

    Kakamyza aýt narmally bolsunda goýsun şo strelkany. Okamanka-da pozuk göwer )


    Ýok wagty diýjegiňi diýip gal :)

    Ýok diýip arkaýyn ýazar ýalam däl. Çykaýýa bir ýerlerden. Wapşe to başga admin tapalyň özümize. Mende gowy warýant bar
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 53 30 июня 2022 00:58
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony

    Kakamyza aýt narmally bolsunda goýsun şo strelkany. Okamanka-da pozuk göwer )


    Ýok wagty diýjegiňi diýip gal :)

    Ýok diýip arkaýyn ýazar ýalam däl. Çykaýýa bir ýerlerden. Wapşe to başga admin tapalyň özümize. Mende gowy warýant bar

    Men barkam warýant bar diýip aýyp edýäň jora
    Jogap
  • Granger Granger off № 54 30 июня 2022 00:58
    Men samrasam töweregimde adam galanoga :)
    Garasöýmez äpet men.
    Jogap
  • Hanjar Hanjar off № 55 30 июня 2022 00:58
    Belkide yandex.ru dan sorap goreris hihi

    Aý dogry menem düşünmedim, diýek bolýanym hemme soraga jogap ýok bilen tamamlansa diýmek... jogaby belli ýöne eşdilişi başga zat!))
    Jogap
  • Ra 4444 Ra 4444 off № 56 30 июня 2022 00:59
    bagtlylyk hakda gowja temam bar wn dili kynrakda terjima owursem :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 57 30 июня 2022 01:00
    Granger
    Men samrasam töweregimde adam galanoga :)
    Garasöýmez äpet men.

    Adyňyz näme siziň?
    Gyzyklanýanlar bar.

    Samraberiň biz gitmeris)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 58 30 июня 2022 01:01
    Nirvana,
    ýalt....
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 59 30 июня 2022 01:01
    Hanjar
    Belkide yandex.ru dan sorap goreris hihi

    Aý dogry menem düşünmedim, diýek bolýanym hemme soraga jogap ýok bilen tamamlansa diýmek... jogaby belli ýöne eşdilişi başga zat!))

    Hi-hi
    Jogap
  • Гость Гость off № 60 30 июня 2022 01:01
    Nirvana
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana
    Гость
    Nirvana,
    Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla

    Admin kakaňyz etmeli ony

    Kakamyza aýt narmally bolsunda goýsun şo strelkany. Okamanka-da pozuk göwer )


    Ýok wagty diýjegiňi diýip gal :)

    Ýok diýip arkaýyn ýazar ýalam däl. Çykaýýa bir ýerlerden. Wapşe to başga admin tapalyň özümize. Mende gowy warýant bar

    Men barkam warýant bar diýip aýyp edýäň jora

    Men öz kandidaturamy hödürlejekdimä )
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler