Kyn durmuşda ýaşaýaryn öýdüp pikir etdiňizmi? Her niçigem bolsa, ýygnan maglumatlarymy okanyňyzdan soň, bagtlydygyňyza ynanarsyňyz!
1. Alkogol içgileri
2013-nji ýylda Demirgazyk Koreýanyň bir sany harby işgäri merhum Kim Çen Iri hormatsyzlyk edeni üçin öldürildi, sebäbi şol harby işgär 100 günlük ýas tutmagyň ýerine alkogolly içgileri içdi.
2. Telewizora tomaşa etmek
Birnäçe ýyl ozal Demirgazyk Koreýada Günorta Koreýanyň telewideniýa teleýaýlymyna tomaşa edenligi üçin 80 adam atylypdy. Hökümet çagalar bilen birlikde 10,000 adamy atyp öldürdi.
3. Maşyn sürmek
Diňe döwlet işgärlerinde hususy awtoulaglar bar. Hasaplamalara görä, Demirgazyk Koreýada 100-den diňe bir adamyň awtoulagy bar. Galan raýatlara awtoulag sürmek gadagan.
4. Aýdym-sazy diňlemek
Ajaýyp sesli erkek we aýal aýdymçy ýok! Dolandyryş (döwlet) barada diňe Kim Çen Un aýdym aýdyp biler.
5. Daşary ýurtda ýaşaýan (syýahat edýän) adamlar bilen aragatnaşyk.
Demirgazyk Koreýada halkara hususy jaň etmäge synanyşyň şol wagty öldürilersiňiz. 2007-nji ýylda halkara hususy jaň eden bir adam stadionda atyldy. Jezalandyrylandan soň, repressiýalar netijesinde ýene 6 adam öldi.
6. Şahsy pikiriň bolmagy
Hökümet režimini tankytlaýanlar derrew "ýörite akylyna getirip goýýan ýer"-e iberilýär.
7. Daşary ýurda gitmek
Ýurduň daşyna çyk, seni derrew yzarlarlar we jezalandyryp, gerek bolsa öldürüp hem bilerler!
8. Din
Demirgazyk Koreýa din azatlygyny hödürleýändigini aýdýar, ýöne Injili ýaýratmakda günäkärlenýän hristian aýal muny edenligi üçin aç-açan köpjülikde agyr gynag esasynda öldürildi.
9. "Ýertudana" tomaşa etmek.
Pornografiýa (aşa gödeklik, biabraýçylyk, jynsy gatnaşyklar bilen baglanyşykly hereketleri) tomaşa etmek we ýaýratmak ölüm jezasy bilen jogaplanýar!
10. Internete girmek
Demirgazyk Koreýada Bütindünýä Kerebi ýok. Diňe döwlet tarapyndan öňe sürlen portal (saýtlar) bar.
Terjime eden: @Mona Songz
Biziň üçin 10 sany adaty ýagdaýlar Demirgazyk Koreýada gadagan edilen.
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
15-08-2022, 13:39