Essalowmaleýkum hormatly islenen ru agzalary sag aman otyrmysyñyz. Şu gün derdindeşesim geldide bir blog ýazaýyn diýdim. Gysgaça aýtsam şu gün meñ doglan günüm welin geçen ýyl ýarawsyzdym bu ýyl hudaýa şükür oñat. Inni men şu gün doglan gün gutlaglaryny diñledim, synladym garaz göwnüme jaý däl. Näme üçin? Sebäp iki ýyl mundan öñ men ýa başga adamdym ýa-da töweregimdäkiler.... Garaz saýtdaşlar nesip bolsa @Baýker indi onlayn siz bilen dogan jigi aga ini hemmäñize jan saglyk işde üstünlik agzybirlik arzuw edýän. Ýöne şu ýyla birhili...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Bayker tarapyndan 29-01-2023, 20:34

  • Aksary. Aksary. off № 31 29 января 2023 23:04
    Baýker kaka saglygyñyza gowuşandygyñyza begendim.ömrüñ bolsun!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 32 29 января 2023 23:16
    @Aksary şahyr jigim sañada sagbol hudaýa şūkir indi...
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 33 29 января 2023 23:21
    Salowmalekim @kwadrat agam ga:ry sen sorama agam galyñja ýagdy häzirem ýatyr gözüni jükjerdip. Sowuk boldy 34 gradus diýdiler interneda 28.8 diýdi welin. Obşy gowy agam...
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 34 29 января 2023 23:30
    Wealeýkumessalam @Hemedany inim Allatagalañ saljak synagyna belki gowşandyrys ýöne çagalam, maşgalam bilen synamasyn.....
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 35 29 января 2023 23:49
    @Hemedany ulgamdamy sen dekabrda Aşgabada baryp gaýtdym... Siziñ oba baryp bilmedim sebäp (ýa-da bahana) ýöräp bilemokmyşym men bilen çagalykdan gülüp oýnap, jahyllykda deñ deprenşen oglanyñ mazarynyñ başynda aýat okap bilmän yzyma Guşga gaýtdym....
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 36 30 января 2023 01:40
    Mowzugy oýlanma diýip açsamam oýlanan zadym bolmady öýdýän. Ýene bir gün derdinşeris nesip bolsa.
    Jogap
  • Belki Belki off № 37 30 января 2023 03:08
    Bayker, näm üçin ýüzüne öweñizok gelnejemi? Aýal maşgalañam (hatda, iñ esasan şolaryñ) gowy sözleri eşitmäge mätäçligi bar ahyry.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 38 30 января 2023 05:46
    Baýker agam (atdaş ekenik) sag aman aýaga galanyňyza begendim, doglan günüňizem gutly bolsun!
    Jogap
  • Abdylla33 Abdylla33 off № 39 30 января 2023 09:11
    Bayker doglan guniñ gutly bolsun.Gijâ galyp gutlayan , Bagyşlarsyñ, gardash.Omruñ uzak bolsun
    Jogap
  • Abdylla33 Abdylla33 off № 40 30 января 2023 09:13
    Ishingde ustunlik arzuw edyan
    Jogap
  • Abdylla33 Abdylla33 off № 41 30 января 2023 09:13
    Mashgalangda agzybirlik arzuw edyan
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 42 30 января 2023 09:48
    @Massimus sagbol inim, howwa indi ýagdaýym gowy hudaýa şükür.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 43 30 января 2023 09:50
    Sagbol Abdylla33 janyñ sag bolsun.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 44 30 января 2023 12:19
    @Belki jigim öwemok ýüzüne içimden öwýän. Oniki ýyl bolupdyr ýaşap ýörenimize meñ nähili öwýänimi bilerçe bolandyrla)) Garaz agras adamda men.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 45 30 января 2023 13:15
    Salawmaleýkim. Täze ýaş ähli dertleriňi dep etjek ýaş bolsun, akga!?
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 46 30 января 2023 14:06
    Sagbol @Pegas inim, arzuwyñ hasyl bolsun.
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 47 30 января 2023 14:54
    Salam agam. Uzak ýaşañ! Janyñyzam tut ýaly sag bolsun! Iñ soñky hassaçylygyñyz bolsun!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 48 30 января 2023 17:32
    kesirkelle,
    Salam gowumy ŷagdaÿ jigim. Gowy arzuwlar üçin minnetdar.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 49 30 января 2023 18:46
    Salam,Maksat aga. Soň eşitdim,bagyşlaň. Saglygyňyz ýerine gelenine begendim. Hemişe janyňyz sag bolup,çagalaryňyzyň arkasynda galasy bolup ýöräň. Ömrüňiz uzak bolsun. Doglan günüňizem gutly bolsun,aga!
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 50 30 января 2023 19:02
    Ilki bilen salam Maksat aga.Gowlaşanñyza begendim has dogrusy.
    Hiçden giç ýagşy diýlişi ýaly giç bolsada doglan günüñiz gutly bolsun.Janyñyz sag,ömrüñiz uzak bolsun.Çagalaryñyzyñ bagtyna guwanyp ýaşamak nesip etsin.

    Arzuwlarym kändir ýagşydan-ýagşy
    Ömrüňiz uzak bolsun ,ýollarñyz ýagty
    Alladan dileýän size ak bagty
    Doglan günüňiz gutly bolsun agamjan

    Men hem goşulýaryn gutlag sözüne
    Bagt gülüp baksyn güler ýüzňize
    Ýowuz günler görkezmesin gözñüze
    Ömrüňiz süýji datly bolsun agamjan
    Doglan günüñiz gutly bolsun agamjan:)
    Jogap
  • Hypatia Hypatia off № 51 30 января 2023 20:02
    Maňa-da agzalaryň aýdanlaryna goşulaýmak galýar.Uzak ýaşaň! Geljekki niçeme ýyllara jan saglyk bilen ýetirsin Allahym.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler