Adamzat taryhynda älem-jahan we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalar we modeller.
Men bu makalada adamzat taryhynda Älemimiz we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalary we modelleriň birnäçesini jemledim.
1. Häzirkizaman tekiz ýer teoriýasy (modeli)
Bu modele görä Ýer ýüzi tekiz disk şekilindedir. Merkezi demirgazyk polýusydyr we daş töweregini Antarktida buzluklary orap durandyr. Asman gümmez şeklindedir... Bu model baradaky ähli dogry maglumatlary tekiz ýerçileriň resmi we saýty https://ru.tfes.org/ saýtyndan tapyp okaşdyryp bilersiñiz.
2. @adalat19-yň ýumurtga älem modeli
Bu model Tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu model ilkinji gezek talyplar.com web saýtynda @adalat19 agza tarapyndan tanadyldy. Bu modele görä Älemimiz ýumurtga şekilinde bolup, birnäçe tekiz ýer disklerini saklap duran Meru atly dagy şol ýumurtgaň içinde. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://biz.islenen.ru/4296-biz-hakykatdan-nirede-yaayarys-adalat19-blogy.html
3. Hinduizmiň Kosmiki Ýumurtga modeli
Dünýäniň iň gadymy medeniýetlerinden biri bolan Hindistanda älem ýumurtga şeklinde düşünilýär. Kosmiki ýumurtga. Rigwedada ýagny sanskritçe ýazylan Wedalaryň birinji bölümi, aýlawly yrgyldyly älemi beýan edilýär. Şoňa görä-de, ýumurtganyň ak we sarysy bolşy ýaly, älemde gün, aý, ýer, we ýadro bar. Älem Bindu diýilýän ýeke nokatdan emele gelýär we wagtyň geçmegi bilen ýykylýar we ýene şol nokada öwrülýär. Bu aýlaw yzygiderli dowam edýär. Aslynda, köp mifologiki jikme-jikliklerden arassalasaň, bu häzirki zaman älem teoriýalaryna gaty ýakyn görnüş hasap edilýär.
3. Krater ýer teoriyasy
Bu teoriýa tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu teoriýa biziň bilýän Ýerimiz ullakan bir planetanyň bir kraterinde ýerleşýär. Bu teoriýa"godgevlamste" You Tube kanalynda orta atdy.
4. Oýuk ýer teoriýasy
Bu teoriýa görä ýer togalak şekildedir emma onuň içi boşdyr. Bu barada giňişleýin aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Hollow_Earth
5. Gosentrizm (Ýermerkezçilik)
Bu modele görä Älemiň merkezi ýer togalagydyr. Ýer togalak şekildedir. Ähli asman jisimleri ýeriñ daşyndan aýlanýar. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Geocentric_model#:~:text=In%20astronomy%2C%20the%20geocentric%20model,and%20planets%20all%20orbit%20Earth.
6. Pifagoryň älem modeli
Bu älem modelini orta atan kişi meşhur Pifagordyr. Bu modele görä Älemiň merkezinde bir o:t (alaw) bar ähli asman jisimleri şol oduň daşyndan aýlanyar.
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Pythagorean_astronomical_system
7. Nikolaý Kopernigiň Geliosentrizmi (Günmerkezçilik)
Bu model Ýermerkezçiligiň garşysyna oýalanyp tapylandyr. Bu modele görä älemiň merkezi Gün we ähli asman jisimleri onuň daşyndan aýlanýar. Bu barada: https://en.m.wikipedia.org/wiki/Copernican_heliocentrism
8. Geliosentrizm
Bu edil Nikolaý Kopernigiň modeli bilen birdir. Bu pikiri ilkinji orta atan Samosly Aristarh hasap edilýär. Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Heliocentrism
9. Kepleriň Geliosentrizmi
Bu model Kopernigiň modeliniň has giňeldilen görnüşidir. Bu modeliň Kopernikden tapawudy planetalaryň orbitalarnyň elliptik şekilde bolmagy.
10. Tomas Wraýtyň älem modeli
Tomas Wraýtyň “Akmaýanyň ýoly” modeli, ýyldyzlar disk görnüşindäki giňişlikde birmeňzeş paýlanýar. Raýt Akmaýanyň ýolunda 3,888,000-den gowrak ýyldyzyň we Ýere meňzeş 60,000,000 planetanyň bardygyny çaklady.
Bu barada:
https://publicdomainreview.org/collection/an-original-theory-or-new-hypothesis-of-the-universe
11. Kantyň älem modeli
Nemes filosofy Immanuel Kantyň pikiriçe, Wraýtyň modelinde ýyldyz halkalarynyň töwereginde aýlanýan ýyldyz disk bardy, bu diskiň merkezinde aýlanmagy netijesinde emele gelen merkezden gaçyryş güýji bilen içerki agyrlyk güýjüni deňleşdirýärdi. Agyrlyk güýji bolmasa ýyldyz diski dargap, aýlanmazdan ähli ýyldyzlar içerde çökerdi. Kant, astronomlaryň teleskoplary bilen gören ähli dumanlyklaryň ýyldyzlaryň aýlanýan diskleridigini öňe sürdi.
Kantyň älem modeliniň iň üýtgeşik tarapy, onuň ewolýusiýon bolmagydy. Ýagny ýyldyzlar gelip gidip barýarka wagtyň geçmegi bilen üýtgän kosmos. Kantyň pikiriçe, älemiň çäksiz giň bolany üçin onuň merkezi ýokdy.
12. Laplasyň älem modeli
Pier Simon Laplas, Kantyň 1755-nji ýylda çykaran "Asmanlaryň nazaryýeti" kitabyndaky Gün ulgamynyň gazyň we tozanyň bulutdan ybaratdygyny beýan eden Kantyň ssenarisini dowam etdirdi. Laplasyň pikiriçe, Gün ulgamynyň döremegini, merkezi günüň daşyndan aýlanýan materiýanyň birleşýän we aýlanýan bulutlaryndan planetalaryň ýygnanmagy bilen düşündirip bolar.
13. Bigbang teoriýasy
Bu teoriýa häzirki wagtda resmi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar. Bu älem modeline görä mundan milliardlarça ýyl ozal kiçijik bir nokatdan äpet partlamanyň netijesinde biziň älem emele gelipdir.
Bu barada: https://tr.m.wikipedia.org/wiki/The_Big_Bang_Theory
14. Plazma älem modeli
Bu älem modeli Bigbang teoriýasyna garşy çykýar. Bu teoriýany Hannes Alfwen orta atypdyr
Bu barada:
https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Plazma_evren
15. Golografik älem modeli
Bu älem modeline görä aslynda älemimiz gologrammadyr.
Bu barada:
https://evrimagaci.org/holografik-evren-nedir-hologram-evren-modelinde-bilgi-korunabilir-mi-870
16. Simulýasiýon älem teoriyasy
Bu älem modeline görä älemimiz bir kompýuter simulýasiyasydyr.
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Simulation_hypothesis
Älem modeeri
Bilim,
Khanture
tarapyndan
4-05-2023, 07:51