Salam. Gowmy ýagdaýlaryñyz?
Meñ ýagdaýymy sorasañyz-a Hudaýa şükür! Şol ýere agram berip, ýaşap ýörün öz dünýäm bilen. Şahyr aýtmyşlaý, daşarda dekabr bolsa-da gursagymda ma:ýy göterip...
Ine, sanaýmaly gündenem Täze ýyly garşylamaly. Täze ýyl gelenligi üçin hiç hili tolgunma duýamok. Tersine, ömrümizden ýene bir ýyl gidýäniniñ gynanjy bar. Öñler her ýylyñ ahyrynda şol ýylyñ mende galdyran täsiri hakda oýlanardym. Indi olam ýok. Ýyllar barha biri-birine meñzäp, gelip geçip dur. Ýaşymyz ulaldygyça kä zatlar ähmiýetini ýitirýär, kä zatlar ähmiýet gazanýar...
Mende-hä şeýleräk. Siziñ Täze ýyla garaýşyñyz nähili? Täze ýyly nähili belleýärsiñiz? Täze ýyla degişli gyzykly başdan geçirmäñiz barmy?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Belki tarapyndan 23-12-2023, 11:42

  • Seneca_13 Seneca_13 off № 31 24 декабря 2023 00:00
    Belki,
    Hernäçe adamlarymyz (esasanam ýaşlarymyz) özüne ynamly ýaly, atylyp duran ýaly görünseler hem aslynda ýagdaý beýle däl, köp kişide psihologik ýetmezçilikleri, boşap galan gaplary bar, we şol boşap galan gaplarynam dürli-dürli sosial ulgamlarda özdiýenli sitata sözleri paýlaşan bolup doldurmaga synanyşýarlar, ego-laryny kanagatlandyrmaga synanyşýarlar, sebäbi hakyky durmuşda özüňi görkezip bilmek kyn (görkezmek isleseňem çekinjeňlikleri bar), şol sebäpli (iň aňsady bolan) sosial ulgamlara girip, bolar-bolgusyz sözler bilen adamlary masgaralan bolup, özüni arşa çykarmaga synanyşýarlar.
    Bäh, görýän welin uzadyp gidip otyryn öýdýän ýazgyny.

    Emma men gaty sowatly, düşünjeli, köp kitaplary okap bellibir intellekte ýeten adamlaryň kän içgysma diýdi, çekinjeňlik, höwessizlik, sussupeslik diýdi, bular ýaly meseleler bilen alada edýändigini pikir edemok. Sebäbi zehinli we kämil derejeli aňly – düşünjeli kişileriň öz alan lezzetleri, öz meşgul bolýan zatlary, ýerine ýetirýän zatlary özlerine ýetýändir.

    Galyberse-de kän ulaltmazlyk gerek bu meseleleri. Meselem men (hol gün öwrendim, barlap görsem peýdasy bar eken) köp zatlary kabul etmegiňem hal-ýagdaýyňa peýdasy bardygyny öwrendim. Mysal üçin gaty çekinjeň bir adam bolsaň, goý çekinjeň bir adam bol, kabul et, ýa-da höwesiň ýokmy, goý kabul et, hökman höwesiň bolmaly (köp adam gamgyn, höwessiz, aladaly bolsa derrew çözgüt tapmaga synanyşýar) diýen zat ýok. Ýa-da hökman şadyýan bolmaly diýlen zat ýok, başyňa oňaýly-oňaýsyz näme gelse olary ak ýüreklilik bilen kabul edip bilmek gerek. Kän dyrjaşmaly däl, bolanokmy zyýany ýok, göwnüň isleýän başga zatlaryny ediber, durmuş giň, dünýä giň.
    Jogap
  • Belki Belki off № 32 24 декабря 2023 05:59
    Seneca, Magtymgulynyñ "Bu dünýä mülkünde soltandyr şadyr Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat" setirlerini gaýtalamak köplenç ýagdaýy kabul etmekde esasy goldawçym bolýar. Häzirem şeýle.
    Gezmek hakykatdanam iñ uly lezzetlerden biri. Ýöne gyşda kän gezip bilýänlerden däl men. Öññin medeniýet köşgüne wäşileriñ çykyşyna tomaşa etmäge gitdim işdeşim we onuñ çagajyklary bilen. Gyzykly çykyşlar , çagajyklaryñ energiýasy gaty gowy täsir etdi. Azda-kände duýdum Täze ýyl joşgunyny. Emma ertiriñ özünde sesim gyrylmak bilen boldy. Ine gyşda gezmek maña şeýle täsir edýär )
    Jogap
  • Belki Belki off № 33 24 декабря 2023 06:12
    Ýaşlaryñ global torlardaky paýlaşýan närseleri hakynda durup geçdiñiz. Menem pikrimi aýdaýyn. Imo , Instagram we ş.m surat paýlaşylýan ýerler çykanyndan soñ adamlar hemme zady "Görkez, görkez" boldular. Iýýän iýmiti, gidýän ýeri, dosty-jorasy, geýýän eşigi... Bu sanawy näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly. Şeýlelikde, şol ýerlerde gizlin bäsdeşlik emele geldi. Ol iýýämi, menem iýmeli, ol geýýär menem geýmeli...Juda bolmasa özüm iýen, geýen, giden ýaly edip tapyp goýmaly. Öñler iýen-içeniñ señki bolsun, gören-eşdeniñi aýt diýerlerdi. Indi hiç kimiñ iýeni-içeni özüne galanok. Hatda, dini musulman bolan ýurduñ Remezan aýynda-da gündüziñ günortasy diýmän iýýän naharlaryny paýlaşyp bilýänler bar.
    Hemme zatdan beter bu torlar gözellik düşünjämize-de täsirini ýetirdi. "Snapçat" , ýene görde düşürilen birkemsiz suratlary görüp, hemme kişi şeýle bolmalydyr öýtdük, bolmaýan ýazgaryldy. Ýogsa "Kemsiz gözel bolmaz" diýip köneden gelýän aýtgymyz ýokmudy?!
    Şeýdibem, estetikalar başlandy. Dodaklar güp ýaly çişdi. Gelişýärmidi? Mende-hä diñe "Ýasama gyz (zenan)" düşünjesini oýardylar.
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 34 24 декабря 2023 10:20
    Belki
    Seneca, Magtymgulynyñ "Bu dünýä mülkünde soltandyr şadyr Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat" setirlerini gaýtalamak köplenç ýagdaýy kabul etmekde esasy goldawçym bolýar. Häzirem şeýle.
    Gezmek hakykatdanam iñ uly lezzetlerden biri. Ýöne gyşda kän gezip bilýänlerden däl men. Öññin medeniýet köşgüne wäşileriñ çykyşyna tomaşa etmäge gitdim işdeşim we onuñ çagajyklary bilen. Gyzykly çykyşlar , çagajyklaryñ energiýasy gaty gowy täsir etdi. Azda-kände duýdum Täze ýyl joşgunyny. Emma ertiriñ özünde sesim gyrylmak bilen boldy. Ine gyşda gezmek maña şeýle täsir edýär )

    Immunitetiňe üns ber! :)))
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 35 24 декабря 2023 10:22
    Belki
    Ýaşlaryñ global torlardaky paýlaşýan närseleri hakynda durup geçdiñiz. Menem pikrimi aýdaýyn. Imo , Instagram we ş.m surat paýlaşylýan ýerler çykanyndan soñ adamlar hemme zady "Görkez, görkez" boldular. Iýýän iýmiti, gidýän ýeri, dosty-jorasy, geýýän eşigi... Bu sanawy näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly. Şeýlelikde, şol ýerlerde gizlin bäsdeşlik emele geldi. Ol iýýämi, menem iýmeli, ol geýýär menem geýmeli...Juda bolmasa özüm iýen, geýen, giden ýaly edip tapyp goýmaly. Öñler iýen-içeniñ señki bolsun, gören-eşdeniñi aýt diýerlerdi. Indi hiç kimiñ iýeni-içeni özüne galanok. Hatda, dini musulman bolan ýurduñ Remezan aýynda-da gündüziñ günortasy diýmän iýýän naharlaryny paýlaşyp bilýänler bar.
    Hemme zatdan beter bu torlar gözellik düşünjämize-de täsirini ýetirdi. "Snapçat" , ýene görde düşürilen birkemsiz suratlary görüp, hemme kişi şeýle bolmalydyr öýtdük, bolmaýan ýazgaryldy. Ýogsa "Kemsiz gözel bolmaz" diýip köneden gelýän aýtgymyz ýokmudy?!
    Şeýdibem, estetikalar başlandy. Dodaklar güp ýaly çişdi. Gelişýärmidi? Mende-hä diñe "Ýasama gyz (zenan)" düşünjesini oýardylar.

    Seniňem höwesiň artdy...dogry düşünipdirinmi??
    Jogap
  • Belki Belki off № 36 24 декабря 2023 10:58
    Uly hojaýyn, nämä höwesim?
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 37 24 декабря 2023 18:00
    Belki,
    Sosial torlardaky närseleri görüp.
    Jogap
  • Belki Belki off № 38 24 декабря 2023 19:20
    Uly hojaýyn, estetika höwesmi ýa paýlaşmaga höwesmi?
    Ol ýerlere häzir giremok. Ol höweslerden azat.
    Jogap
  • Bibi gyz Bibi gyz off № 39 30 декабря 2023 20:38
    Salam.Hemmaniziñ ýetip gelen Taze ýyl bayramynyz gutly bolsun.Shu geljek Taze yyl Hemmamize ýagny höwessizlere ýaşaýşa bolan höwes babejik isleýanlere Çaga Durmushdaky bagtyna garashyanlara bolsa Bagt alyp gelsin.Shu durmusha gelen adamlaryn Hemmesi ýüreginin çuñundaky Arzuwuna ýetmegini Beyik Alladan dileýän Durmush gözelleshsin bolup manyly
    Ýüreklerde hergiz arman galmasyn
    Ýakynlar ýat bolman,duşman şatbolman
    Ýashalyñ durmuşda bolup şadyýan!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler