Ogulşirin agyz sen meň ILKINJI TELEFONLAR ATLY ÝAZAN MOWZUGYMDA : ONDA NÄME ÜÇIN ADAMLAR MAÝMYNLARA ÖWRILENOKLAR DIÝIP RAK SORAG BERDIŇ, AKLM ŞUNY GOWJA ETDE OKASANA))


Ilkidurmuş adam toparlary
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigationJump to search
Ilkidurmuş adam toparlary.

1. Adamyň gelip çykyşy.

2. Gadymy adamlaryň zähmet gurallary.

3. Paleolit döwründe tebigy şertleriň özgermegi.

4. Irki adam sürülerinde jemgyýetçilik gatnaşyklary.

1.XIX asyryñ ortasyna çenli adamyñ gelip çykyşy barada dini garaýyş agdyklyk edipdir. Bu döwre çenli ýewropa ylmynyñ taryhynda iki sany waka bolup geçýär. Birinjisi, ajaýyp tebigaty synlaýjy A.Gumbolt tarapyndan “Kosmos” atly eseriniñ döredilmegi, ikinjisi bolsa Ç. Darwiniñ “Tebigy seçgi esasynda görnüşleriñ gelip çykyşy” eseriniñ peýda bolmagydyr.

Birinji eserde adamyñ tebigatdaky orny hakyndaky pikir okalan wagtynda ýüze çykýar.

Ikinji eserde bolsa , Darwin adam hakynda ýekeje sözlem diýýär: “Adamyñ gelip çykyşyna hem serediler”.

1871-nji ýylda Ç.Darwiniñ “Adamyñ gelip çykyşy we jynsy seçgi” diýen kitaby çapdan çykýar. Onda adamyñ gelip çykyşy barada toplanan ähli bilimler jemlenip, ewolýusion taglymatyñ esaslaryny adama hem degişli etmäge synanyşylýar, adamyñ haýwandan gelip çykmagyny kesgitli subut edilýär.

Nemes alymy E. Gekkel adamyñ sejeresini berýär. XIX asyryñ ahyrlarynda XX asyryñ başlarynda bolan arheologiki açyşlar olaryñ çaklamalaryny tassyklaýar.

Ylmy taýdan subut edilişine görä, häzirki gorillalar, aýratyn-da şimpanzeler adam bilen has ýakyndyrlar. Adamyñ sejeresi Müsürden tapylan parapitekden (“maýmyna golaý” diýmek) , onuñ ýakyn nesli propliopitekden (“öñki maýmyn”) , onuñ iki şahasynyñ biri bolan driopirtekden (“tokaý maýmyny”) gaýdýar. Driopitekler adamyñ we häzirki gorillalar bilen şimpanzeleriñ umumy ata-babasy hasaplanýar. Olar Ýewropada , Aziýada we Afrikada giçki tretik döwründe ýaşapdyrlar. Driopitekleriñ hemmesi birmeñzeş bolman, olaryñ bir toparynyñ ösmegi gorillalara we şimpanzelere getiripdir. Beýleki topary bolsa adamlaşypdyr diýlip çak edilýär. Olara meñzeş maýmynlara Ýawadan tapylan meçantrop, günorta Hytaýdan tapylan gigantrop, demirgazyk Hindistandan tapylan ramapitek degişlidir. Bulardanam biraz ösen görnüşdäki maýmynlar awtralopitekler (günortaly maýmyn) bolup G.O.Afrikadan tapyldylar. Awstralopitekleriñ birnäçe görnüşi bolup, olaryñ soñkusy zinjantroplaryñ (“Zinj” sözi Gündogar Afrikanyñ arapça ady) beýnisi 520 sm , dişleriniñ gurluş aýratynlyklary bolsa adamyñka çalym edipdir. Awstralopitekleriñ yz aýaklarynda ýöräp, haýwanlary awlapdyrlar, et bilen iýmitlenipdirler.

1960-njy ýylda iñlis alymy Z.Ziki tarapyndan tapylan adam süñkleri has ösen jandara degişli bolup, ony “homo habilis” (“başarjañ adam”) diýip atlandyrýarlar. Onuñ beýnisi 670–680 m bolup, häzirki adamlara ýakyn bolupdyr. Onuñ ýaşy kaliý – argon usuly boýunça 1750000 ýyl diýlip kesgitlenilýär. Bular adamyñ ösüşindäki I döwrüñ wekilleridir.

Adamyñ gelip çykmagyndaky II döwrüñ wekillerine pitekantrop (“maýmyn adam”) , sinantrop (“hytaýly adam”) atlantrop, rabat, geýdelberg adamy we neandertally adamlar degişlidirler. Bulara “arhantroplar” diýilýär. Neandertallaryñ beýnisi 1300-1400 sm bolan. Olara häzirki zaman adamlarynyñ gös-göni ata-babasy bolupdyrlar. Ýöne bularyñ beýnisiniñ esasy bölegi ýeñsede bolup, mañlaýy kiçi ekeni.

Adamyñ ösüşiniñ üçünji döwründe häzirki zaman adamlary emele gelipdir. . Olar neantroplar (“täze adamlar”) bolup, giçki paleolitiñ başlarynda emele gelipdirler. Bularyñ wekillerine Kromanýonlylar (Fransiýa) we grimaldililer (Italiýa) diýilýär. Olar gadymy adamlardan fiziki we akyl taýdan tapawutlanypdyrlar. Şonuñ üçinem olara “homosapiens” (“paýhasly adam”) diýilýär. Bu adamlaryñ boýlary uzyn , göni ýöreýän , mañlaýlary göni, eñekleri öñe çykyp duran bolupdyr.

Häzirki zaman adamynyñ emele gelmegi bilen adamyñ gelip çykyşy tamamlanýar. Adamyñ ilkinji dörän ýerleri Günorta Aziýa, Demirgazyk – Gündogar Afrika, Günorta Ýewropanyñ kä ýerleri hasap edilýär.

2.Irki paleolit döwrüni sell we asell döwürlerine bölýärler. Şell medeniýetine mundan takmynan 600-400 müñ ýyl mundan öñki döwür degişli bolup, ony Fransiýanyñ Şell şäheriniñ golaýýndan tapylan tapyndylar esasynda şeýle atlandyrdylar.

Iñ gadymy ýadygärlikler Le. Lazare (150 müñ ýyl mundan öñ), Lýalko, Nio, Fonde-de-Gom (Fransiýa), Altamira (Ispaniýa) gowaklaryndan tapyldy. Adamlaryñ iñ ilkinji zähmet gurallary çakmak daşyndan ýasalan çapgyçlar bolupdyrlar. Çapgyçlaryñ ýokary giñ tarapy eliñ aýasynda amatly bolar ýasalypdyr.

Daş gurallarynyñ kömegi bilen haýwanlary öldüripdirler, ösümlikleriñ iýilýän köklerini gazyp alypdyrlar, agaç işläp bejeripdirler. Çakmak daşy tebigatda köp duş gelýär. Ol gaty we döwlende ýiti gyralary bolýar. Mustýe döwrüniñ ahyrlarynda süñkden hem zähmet gurallaryny ýasapdyrlar.

Giçki paleolit döwründe adamyñ ýasan zatlary ikä bölünýär:

1) ýaraglar;

2) Zähmet gurallary (naýzanyñ uçlary, pyçaklar, deri işläp bejermek üçin daş gurallar, süñk we agaç işläp bejermek üçin gurallar).

Iñ gadymy adamlar ösümlik we et iýmitleri bilen iýmitlenipdirler. Ilkibaşda olar ýygnaýjylyk bilen meşgullanyp, soñra awçylyk hem ýüze çykypdyr. Aw awlamak üçin dürli zyñylýan serişdeler (gysga naýzalar, dürli garpanlar, ýörite naýza zyñyjylar) ulanylypdyr. Bu bolsa haýwany belli bir aralykdan öldürmäge mümkinçilik beripdir.

3.Adamzadyñ ilkidurmuş taryhyna 100 müñ ýyla golaý mundan öñ demirgazykdan süýşüp gelen ägirt uly buzluk ury täsir edipdir. Buzluk ýer ýüzüniñ ýarysyny tutupdyr we gazaply howa şertleri emele gelipdir.

Buzlukdan öñki döwürde bolan ýygnaýjylyk ähmiýetini ýetiripdir. Indi yaşaýyş üçin has tutanýerli göreş başlanypdyr. Adamlarda täze ukyplar peýda bolupdyr, gurallar kämilleşipdir. Buzlugyñ bolmagy ilkidurmuş adamlarynyñ ýaşan döwrüni üçe bölýär:

5. Buzlukdan öñki döwür;

6. Buzluk döwri;

7. Buzlukdan soñky döwür.

Birinji döwrün adamlary - arheantroplar (Pitekantrop, sinantrop we ş.m.), ikinji döwrüñ adamlary – paleantroplar (neandertal adamlary), üçünji döwrüñ adamlary – neantroplar (häzirki adamlar).

Buzluklaryñ galyñlygy 1–2 km ýetipdir. Buzlugyñ merkezi Grenlandiýa bolansoñ , Demirgazyk Amerikada onuñ tutan meýdany Ýewropadakydan we Aziýadakydan üç esse köp bolupdyr. Demirgazyk Aziýada we Sibirde buzluk Ýewropadaka garanda gowşagrak bolupdyr. Buzluk eýýamyny dört döwre bölýärler:

1. gins;

2. mindel;

3. riss;

4. wýurm (bu atlar geologlaryñ buzlugy öwrenen ýeri bolan alplardaky şweýsar obalarynyñ ady bilen baglanyşykly). Ilkinji buzluklaryñ gelmegi bilen howa sowapdyr, ýöne giçki asell döwründe has-da sowuk bolup başlaýar. Mustýe döwründe iñ dowamly we uly riss buzlugy başlanýar. Ýyly howa ýagdaýynda ýaşan haýwanlaryñ bir bölegi sowukdan ölýär, bir bölegi-de günorta göçýär. Olaryñ ýerine indi momontlar (uzyn tüýli piller), sibir nosoroglary, tizonlar, sugunlar, loslar we ýyrtyjylar (gowak aýylary, ýolbarslar we ş.m.) ýaşap başlapdyrlar. Adamlar mundan 300-200 müñ ýyl ozal otdan peýdalanyp başlapdyrlar. Mustýe döwrüne çenli olar ody öçürmän saklap ulanypdyrlar. Mustýe döwründe bolsa ody özleri ýakmagy öwrenipdirler. Ody almagyñ gadymy görnüşi çakdanlygy döwürlerde ody almagyñ beýleki görnüşleri-de ýüze çykypdyr.
Oduñ ähmiýeti adam üçin juda uly bolupdyr. Onuñ kömegi bilen adamlar sowukdan goranypdyrlar, ýagtysyndan peýdalanypdyrlar, iýmiti gowrup ýa-da gaýnadyp iýmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Etiñ bişirilip iýilmegi adam bedenine juda oñaýly täsir edipdir. Oduñ kömegi bilen ýyrtyjy haýwanlardan hem goranypdyrlar.

Adamlar buzlukdan öñem gowaklarda ýaşapdyrlar. Ýöne buzluk eýyamynda gowaklar has gowy özleşdirilipdir.

Mustýe dünde toparlaýyn aw awlamak başlanypdyr. Sowuk howa şertlerinde iri haýwanlary awlamak uly ähmiýete eýe bolupdyr, iri haýwanyñ etinden başga-da ýagy, süñki, derisi adamlara zerur bolupdyr. Adamlar awlaýan haýwanlaryny kowup kert ýerden ýakypdyrlar. Aw oñmadyk mahaly adamlaryñ aç galýan pursatlary seýrek seýrek bolmandyr. Ilkidurmuş adamlarynda adam etini iýmeklik hem duş gelýär. Adam etini iýmekligiñ (kannibalizm) yzlary sinantroplarda , neandertallylarda duş gelýär. Esasan çagalary , garrylary, keselleri iýipdirler. Adam ömrüniñ uzaklygy 20-30 ýaş bolupdyr.

4.Adamzat taryhynyñ iñ irki döwründe dürli ýerlerde ýaşan adamlaryñ medeniýetiniñ birmeñzeşdigini olaryñ iñ gadymy gurallarynyñ meñzeşligi subut edýär. Diñe zähmet gurallarynyñ nämeden ýasalandygynda käbir aýratynlyklar duş gelýär. Meselem, Fransiýada esasan , çakmak daşyndan , Ermenistanda bolsa obsidiandan ýasapdyrlar. Şol döwürde haýwanat dünýäsinden ýañy saýlanan adamlar ýeke şap bilmändirler. Topar bolmasa iýmit tapmak, zähmet gurallaryny ýasamak, önümçilik endiklerini saklamak, ýyrtyjy haýwanlardan goranmak mümkin bolmandyr. Ulular has tejribeli bolup, zähmeti guraýjylar hökmünde öñe çykypdyrlar.

Irki adam topary 20-40 adamdan ybarat bolupdyr. Olarda topar bolup ýaşamaklyk ata-babalaryndan miras geçipdir. Olaryñ arasynda gönez çaknyşyklar bolupdyr. Olarda nika gatnaşyklary we adam iýmeklik bolupdyr. Tertipsiz nika gatnaşyklary “promiskuitet” (“garyşyk”, “hemmelere elýeterli”) diýlip atlandyrylýar.

Neandertal adam toparlarynda 50-100 adam bolupdyr. Olaryñ aw awlaýyşy has guramaçylykly bolupdyr we has uly topary eklemäge ýetipdir. Bilelikde zähmet çekmekleri, umumy iýmitlenmek we ýaşamak adam toparlaryny has ýapyk, aýrybaşgalaşdyrypdyr. Nika öñki ýaly toparyñ içinde bolupdyr.

Arheantroplaryñ we paloantroplaryñ sürülerinde adamyñ özi-de , jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýuwaş – ýüwaşdan kemala gelip başlapdyr. Önümçilik we jyns gatnaşyklary , iýmiti paýlamak, özara kömek bermek düzgünleşipdir we däplerde , dessurlarda berkidilipdir.

Käbir alymlaryñ pikiriçe jyns gatnaşyklary ilki awa taýyarlyk, aw edilýän , ýygnaýjylyk bilen meşgullanylýan döwürlerinde “tabu” (“gadagan”) girizilmegi bilen düzgünleşdirilip başlanýar. Soñlukça bir toparyñ içinde nika gatnaşyklary düýbünden gadagan edilipdir.

Beýleki bir alymlaryñ pikiriçe bolsa, jyns gatnaşyklary uly we kiçi nesilleriñ arasynda gadagan edilmegi bilen düzgünleşdirilipdir.

Bu ädimler gadymy adamlaryñ jemgyýetçilik gatnaşyklarynyñ berkleşmegine ýardam edipdir.

Onsoňom men ALYMLARYŇ ÇAKLAMALARYNA GÖRÄ DIÝIP JOGAP BERDIM

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, - Dani tarapyndan 7-07-2021, 17:38

  • Jeksparro Jeksparro off № 31 8 июля 2021 08:48
    Allatagala Kurany Kerimiň bir aýatynda (haýsy süre, haýsy aýat ýadymda däl): ''Siz (ýagny adamlara ýüzlenýär) bir görnüşden başga bir görnüşe geçersiňiz'' diýen aýaty hakda näme teswir galdyrarsyňyz!? Belkäm bu ewolýusiýa hakynda gidýän syrly aýatdyr ...
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 32 8 июля 2021 08:51
    Jeksparro,
    может
    Jogap
  • Olimpis Olimpis off № 33 8 июля 2021 09:16
    Khanture,
    Resmi ylmy godamok hehi taaa resmi ylym sen yany guskellan goldawyna matac yaly!
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 34 8 июля 2021 09:22
    Khanture,
    Resmi ylmy goldaman eyse ejjan arinin ylmy bardyr sana hahuhihe
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 35 8 июля 2021 09:31
    Jeksparro,
    Dogulmakdan ozalky ene garnyndaky yashayysh, esasy yashayys, olum we kyyamatda direlish bolaymasyn.
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 36 8 июля 2021 09:34
    Olimpis,
    1NumBer,
    uruşmäň
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 37 8 июля 2021 09:42
    1NumBer,
    Hawwa bar mesele DIN ylmy.
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 38 8 июля 2021 10:16
    Khanture,

    Ol göze görnüp duran zat, meň pikirimçe adamzadyň bilmeýän zatlaryndan söz açýar Kuran...
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 39 8 июля 2021 10:17
    Adamyň doguldy, çagalygy, ulalşy ýyl geçdigiçe üýtgeýşi belli zat...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 40 8 июля 2021 10:25
    Jeksparro men ölümden soňky ýaşaýşam aýtdym, ol görnüp durat zat dal ahyryn.
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 41 8 июля 2021 10:36
    Görnüş diýip nämä düşünýän çukça!?Khanture,
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 42 8 июля 2021 10:38
    Görünýän zat görnüş :)))))))
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 43 8 июля 2021 10:41
    Görnüş diýip ewolýusiýa aýdylýan bolsa nä bilýäň!?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 44 8 июля 2021 10:43
    Biologik görnüşlermi? mümkin däl. maýmynsypat adam > adam > ¿
    Ewolyusiya.
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 45 8 июля 2021 11:11
    Khanture,
    Ugrasaney cala molla ! - Dani,
    Senden sorayanmy !
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 47 8 июля 2021 11:19
    1NumBer,
    озим билерин.окей))
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 48 8 июля 2021 11:33
    Ozin bil onda innikde ozim billirin oooke :/ :C
    Jogap
  • EjenAMY EjenAMY off № 49 8 июля 2021 14:59
    Ejennn amyyy
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 50 8 июля 2021 18:17
    1NumBer,
    пфффф гурлемесене
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 51 8 июля 2021 20:31
    - Dani,
    ***dir na huy
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 52 9 июля 2021 09:30
    1NumBer,
    соси за ***, ненормальный бля))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler