Neml süresi 24-nji aýat: ,,Ol zenan we kowumy Alla däl-de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar." 
Bu aýat Kurany Kerimde Saba kowumy barada ýazylsada Kuran ähli zamanlaryň mukaddes kitaby bolany üçin häzirki zamandaky gün merkezli planetar modele ynanýanlaryň ýüzüne basýandygyny görmek bolar. Şeýtan bulary gözel görkezýär. Gün merkezli model güne çokunmakdan gaýdýar. Bu barada indiki bloglarymda düşündirerin.
Naziat süresi 30-njy aýat: ,,(arapçasy: Vel-arda ba'de zalike dehaha) Soňra ýeri ýaýyp düşedik (Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) goýdy)" dehaha kelimesi ,,Düýeguş ýumurtgasyny taşlaýan ýer” diýen manysy bar. Egerde siz düýeguşyň ýumurtgasyny taşlan ýerini görseňiz ol ýeriň tekizdiginini hiç hili ot-çöp ýokdugyny görersiňiz. Düýeguş ýumurtga taşlamazdan ozal, ýumurtga taşlajak ýerini tegelek edip tekizläp ýaýýar. Bu aýadyň manysyny käbir togolak modelçiler üýtgedip ,,ýer ,,düýeguş ýumurtgasy”-na meňzeýär” diýen zatlary çykardylar. Buýerde bellemeli esasy zatlaryň biri Düýeguş ýumurtgasy ne geoidlige ne-de togalaklyga meňzeýär. Aşakdaky aýatlara näme diýjeksiňiz?
Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys".
ýa-da
,,Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris”
Ýeri togalak bolsa ony ýaýyp, düşäp bolarmy? Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa?
Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?"
Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar?
Nebe süresi 6-njy aýat:
,,Biz, ýer ýüzüni düşek edip ýazmadykmy?" 
togolak zady nädip düşek edip ýazyp bolar?
Bakara süresi 22: ,,Ol siziň üçin ýeri düşek asmany gümmez edip ýaratmadymy? Hem Asmandan suwlary düşürip, size rysk bermedimi? Bes, bilip durup Allahy özgelere deňeme"
Bu aýat bizlere öwredilen älem modeliniň ýalňyşdygyny bildirýär. Bu modele görä asman giňişlik birzat çäksiz bir zat. Tekiz ýer modelinde ýer tekizdir, asman bolsa bir gümmezdir.
Rad süresi 3: ,,Ol ýeri ýaýyp, daglary peýda edendir..."
Hijr 19: ,,Ýeri bolsa ýaýyp giňeltdik we onda daglary peýda etdik hem-de dürli-dümen zatlary ösdürdik"
Enbiýa 30: ,,Kapyr bolanlar asman we ýer bir bolanyny, Bes, Biz olary bölenimizi we ähli diri jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy? Henizem iman getirmeýärlermi?"
Alymlar näme diýýä 15 milliard ýyl ozal nähilir Bing Bang bolupdyr soň ýyldyzlar galaktikalar bolupdyr diýýä. Galaktika barada Kuranda näme ýazylan?
Furkan 59: ,,Ol asmanlar we ýeri we olaryň arasyndakylary alty günde ýaradandyr..."
Resmi ylym bize älem 17 milliard ýyl mundan ozal ,,Uly Partlama”-dan emele gelenini aýdýar. Bu Kuranyň aýatlaryna dogry gelmeýär.
Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"
Ýagny ýer aýlananok. Hereket edenok. Hereket edýän gün we aý. Eger ýeriň hereketi sebäpli gije-gündiz bolýan bolsa Allah muny açyk aýdyň beýan ederdi.
Fussilet 10: ,,Alla ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.”
Fussilet 12: ,,Bes iki günde ýedi asmany ýaratdy we her haýsyna öz buýurylan işlerini düşündirdi. Biz ýakyn asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik we dürli apatlardan sakladyk. Bu gudratly we bilimli zadyň takdyrydyr"
Ýedi asmany nädip düşündirjeksiňiz? Harun Ýahýa atly biriniň ,,Kurany Kerimiň ylmy täsinlikleri” atly kitabynda ýedi gat asmany atmsferanyň ýedi gatydygyny beýan edýär. Eger bu dogry bolsa ýokardaky aýatda ,,ýakyn asmanda” ýyldyzlar bardygy ýazlypdyr, diýmek atmosferanyň birinji gatynda ýyldyzlar barda? Näme olar milliardlap ýagtylyk ýyly uzakda dälmidi?
Onsoňam bu süräniň 10-njy aýadynda görşümiz ýaly ýer asmandan (12-nji aýatda) ozal ýaradylany beýan edilen ýagny ilkinji dört gün ýer ýaradylan, soň iki gün bolsa asman.
Ahkaf 3: ,,Biz asmanlar we ýeri hemde olaryň ortasyndakylary hak bilen bellenen kyýamata çenli möhlet bilen ýaratdyk. Kapyr bolan kimseler bolsa özlerinden äge ediji zatdan ýüz öwürijilerdir."
Talak 12: ,,Allah asmany we ýeri ýedi gat edip ýaratdy. Allanyň emri we permany olaryň ortasynda amala aşar durar. Sebäbi Alla ähli zada Kadyrdygy üçin şeýle etdi."
Lukman 10: ,,10. Ol (Alla) asmanlary, siziň görşüňiz ýaly, diregsiz ýaratdy we ýere siziň sarsmazlygyňyz üçin gazyklar (daglar) dikdi. Ol ýerde dürli-dürli jandarlary ýaýratdy. Biz asmandan suw inderip, şol ýerde (zeminde) dürli peýdaly ösümlikleri jübüt-jübüt edip ösdürdik.”
Şems 1-6: ,,Kasam edýän Gün we onuň şöhlesine we onyň yzyndan gelýän Aýa. Güni äşgär eden gündize we ony oraýan gijä. Ýeri we ony ýaýyp goýana..."
Ýunus 5: ,,Ol güni şöhle ýaýradyjy we aýy nur saçyjy etdi we ýyllaryň hasabyny bilmekleriňiz üçin hersini öz menzillerine ölçäp goýdy..."
Eger ýer aýlanýan bolsa onuň menzili ölçendi diýlen ýazga gabat gelmedimle?
Ybraýym 19: ,,Eý ynsan! Allah asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradanyny görmediňmi? Eger-de ol islese sizi ýok edip ornuna täze halk döredip biler."
Araf 54: ,,Elbetde Perwerdigäriňiz Allah asmanlar we ýeri alty günde ýaradyp, öz arşyna ornaşdy. Ol gijäni gündize orar we gije gündizi howlugyp kowup barar. Ol gün we aý hemde ýyldyzlary öz emrine boýun synan halda ýaratdy. Ýaratmak we buýurmak diňe oňadyr. Ähli älemler Perwerdigäri Alla beýikdir."
Gün aý ýyldyzlar diýýär. Ýer diýen ýeri ýok sebäbi ýer hereket edenok.
Bakara 258: ,,...Meniň Rebbim direldýär we öldürýär...Meniň Rebbim güni gündogardan çykarýar. Sen bolsa günbatardan çykaryp berdä?..."
Ýagny bu ýer-dede ýeriň dälde güniň hereket edýäni ýazylan. Ybraýym Nemruda ,,Güni günbatardan çykaryp berdä?" diýýär.
Ybraýym 33: ,,Ol hemişe aýlanyp duran güni we aýy siziň üçin boýun egdirdi. Gije-gündizide siziň üçin boýun egdirdi."
Aýlanýan gün we aý ýer aýlananok diýýär bu aýat hem.
Enbiýa 33: ,,Ol gije we gündizi hemde gün we aýy ýaratdy. Olaryň hersi öz peleginde ýüzip ýörendir"
Hereket edýän ýene gün we aý.
Käbir togalak ýerçi musulmalar Neml süresiniň 88-nji aýady: ,,Sen daglary (görüp) hereketsizdir öýdersiň. Aslynda bolsa, olar bulutlar ýaly hereket edýändir. Bu ähli zady mäkäm eden Allanyň sungatydyr. Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.” ýagny şu aýady ýeriň aýlanýandygna delil hökmünde görkezýärler. ,,Ýagny daglaryň hereket etmesi ýeriň hereketi netijesinde bolýar” diýip düşündiriş berýärler. Emma olar ondan ozlky 87-nji aýady ,,Sura üflenip, Allanyň islän kişilerinden başga asmanlardaky we ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän) uly gorka düşjek we hemmeleriň oňa boýun egip geljek gününi (ýatlaň).” unudýarlar. Ýagny daglaryň bulutlar ýaly hereket etmesi kyýamat gününde boljakdyr. Meslem Tekwir süresi 3-nji aýat ,,Daglar ýöredilen wagty!” daglar kyýamatda herekete getiriler.
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem million ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!
İnfitar 1-2: ,,Asman ýarylanda, ýyldyzlar saçylanda..." bu aýatlarda hem Kyýamat aňladylýar. Eger bize öwredilen älem modeli dogry bolsa ol nädip ýarylar.
Rahman 33: ,,Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).”
Bu aýat kosmosa hiç wagt (Alladan perman gelýänçä) uçup serhetlerden çykyp bolmajagny aýdýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, Khanture tarapyndan 13-07-2021, 19:26

  • Khanture Khanture off № 31 13 июля 2021 21:20
    Jeksparro,
    Resmi ylymynam aydyanlarnyng kopusi teoriya her durli teoriyalar bar. Arada bir gazetde okadym oydyan. Iki sany ULY PARTLAMA bolan diyen teoriya orta atylypdyr.
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 32 13 июля 2021 21:21
    Khanture,

    Menem şonuñ ýany kinony düşürjek bolýan özem şol wakany hiç kim bilenok entäk dünýäde ýok taryhy wakany bar diýip kino etjek bolýan.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 33 13 июля 2021 21:23
    geçip barýaka sowlan,
    Dorediber. Ustunlik Hemrang Bolsun!!!
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 34 13 июля 2021 21:23
    Eýsem bü günämi

    Jeki bratok halaldygyny bilýän ýöne kontr straýk şol kinolar bolanokdidi
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 35 13 июля 2021 21:24
    geçip barýaka sowlan,
    Men boldugsyz Fantastik, Ahlaksyzlygy undeyan shona menzesh kinolary aytdym zaher diyip
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 36 13 июля 2021 21:39
    Khanture,
    Dos seni bir tarapdan garasan norm oglana mendeyan a bir tarapdan bolsa nenorm a sennen na soran bamy yer togalakmy ya tekiz diyp ! Men ynanyan yerin togalakdygyna we alan ylymymy dogrydygyna ! Sen bolsa yazyan mowzuklarynda adamlaryn alan bilimine subhe doretmekmi namemi ! Sen resmi ylma ynanman diyyan eyse adamlar sen yany lan we tekiz yercilere ynanmalymy haa!!
    Jogap
  • murat yousef murat yousef off № 37 13 июля 2021 21:39
    Tkmda Ozune menzeshleri toplada, taze bir federatsiya doret, we birleship kelle dovun'de subut edin, dogry lyuboy adamyn shahsy oikirine hormat goymaly!
    Khanture bas onda!
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 38 13 июля 2021 21:43
    Fantastik diýäniñ mysal üçin ajdarha ýaly zatlar bolsa şolam bar.
    Ahlaksyz diýän zadyñ haýasyz ýa ZENAN zorlama bolsa olam bar.

    Meñ etjek bolýan kinomda oba duşman çozýa erkekleri öldirip zenan maşgalalary gyrnak edip etjeklerini eden soñ ýanlary bilen alyp gidýäler.

    Olam hiç şol uryşda diñe bir gyz daga birzatlar çöplemäge giden diñe şol obada diri adam bolup galýar.
    Olam gün günden horlanyp ýaraman ýatanda bir çal möjek şol gyza aw getirip ölimden halas edýâr soñ ol gyz şol möjek bilen gatnaşyk edýär we bir ogly bolýar.şol oglanyñ agtygynyñ ady hem gurt beg meñ goşgylamdaky gurt beg hem şol olar goşgy dälde şol kinoda gurt begiñ aýtjak aýdymy.
    Sol taryhy waka entäk dünýäde ýok
    Diñe gorkyt ata da bozgurt dessany diýip aýdylýa.


    Indi men günä iş etdigim bolýamy ahlaksyz fantastik kinoñ kompazitaram özim senaristem özem aýdymlaryny aýtjagam özim gurt begi oýnajagam özim rejisýoram özim.
    kinony düşürjek studýada öz studýam
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 39 13 июля 2021 21:50
    geçip barýaka sowlan,
    Fantastika diýemde başga planetallar we şoňa meňzeşler. Aždarha bolsa hiç. Zorlama gelsek sen ony gowy zat dälde erbet zatdygny dushundirip gecsen bolyar.Garaz dorediber bozgurt dessanyndan ylhamlanma bolsa..
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 40 13 июля 2021 21:51
    1NumBer,
    Tekiz yercilere ynanmaly diyen zat yok. Men mowzuklary sheye teoriyalaryn bardygny gorkezmek ucin acyan. birini ynandyrmak ucin dal!!!
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 41 13 июля 2021 21:57
    Khanture,

    Dawaý kontr straýker oýnaly waýfaý üsti bilen çatyp...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 42 13 июля 2021 21:57
    1NumBer,
    Shubhe bilimdir. Adamlar ylymyň arkasyna bukulyp durli yalanlary orta atyp bilyar. Adam bar yerde yalanam bar. Biz tekiz yerciler bolsa ylma shubhe bilen garayarys.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 43 13 июля 2021 21:58
    Jeksparro,
    mende ol oyun yokda...
    Jogap
  • murat yousef murat yousef off № 44 13 июля 2021 22:01
    geçip barýaka sowlan,
    Son bu ssenariy'ana bizde kino doretmage rugsat bamy!?? Gulkim geldi, bizin televideniyede senin yazan mojekden adamyn azyshyny gorkezip durany goz onume gelip...
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 45 13 июля 2021 22:08
    Wah kinoda şol zatlaram barda oguzlaryñ astranomýa we kaldunýa bilen baglanşykly eden işleri filmde giñden görkezilýär nesip bolsa 2023 de düşirilip başlanýar şol kino üçin 5-milýart jemlensede şol pul az bolýar
    Jogap
  • murat yousef murat yousef off № 46 13 июля 2021 22:13
    2023'de dagy gaty uzak, sho yylda dushurulip bashlansa nesip bolsa 2025'de dagy gorkezip bashlar ha!?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 47 13 июля 2021 22:13
    geçip barýaka sowlan,
    Bahh mlds
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 48 13 июля 2021 22:15
    Eýýäm rugsadyny aldyk
    Inni geleli telewizorda bolýamy ýa bolanok.
    Diñle kantur biz telekeçi studýa bolamyz soñ efire gitsin disek gidýä bolmasada diñe prokat bilen kinoteatr ýada dünýä bazaryna satylýa.
    Inni geñ görýänsiñ dünýä bazaryna nädip satýañyz diýip biz iki dilde düşürýäs hem iñlisçe hem türkmençe
    Studýa uly bolansoñ satmak boýunça ýörite spesalistler işleýä diñe bularam däl ýörite terjimeçilerem işleýä.
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 49 13 июля 2021 22:18
    Wah kinoda şol zatlaram barda oguzlaryñ astranomýa we kaldunýa bilen baglanşykly eden işleri filmde giñden görkezilýär nesip bolsa 2023 de düşirilip başlanýar şol kino üçin 5-milýart jemlensede şol pul az bolýar
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 50 13 июля 2021 22:19
    geçip barýaka sowlan,
    bulary soran men dal. Muratti yousef agza. men dushunyan. Men kinocy bolmasamam in isleyan zadym milli eposlarmyzy kinoserial edip cykarmak. Oguznama, Gorkut Ata, Gorogly shular kinoserial bolsa armanym bolmazdy.
    Jogap
  • Sümmül Sümmül off № 51 13 июля 2021 22:25
    Yer tegelek diyip aytya hemme Geografiya mugallymymyz aytdy yer edil apelsin yaly sol zigzak gornysde orta bilinden ika bolunen diydi mena tegelek diyip ynanyan
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 52 13 июля 2021 22:27
    Meñki serial däl
    Ýöne señ dıýän serialyñy oguzhan studýa düşirip bör. Eýýäm olar hökümet bolansoñ biziñ işimiz ýok biz telekeçi
    Şol serial ýa şul sentýabrda ýada indiki ýyl sentýa brda efire gider
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 53 13 июля 2021 22:28
    Serial görsemem serial düşürmegi halamok goý şol kino 60-sagatlyk bolsada serial etmen
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 54 13 июля 2021 22:29
    geçip barýaka sowlan,
    Oho gowdygny... begendirdinay dost
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 55 13 июля 2021 22:29
    Sümmül,
    Bilim ynanylmaya. Shubhe edip barlanylya. dogry ya yalandygna goz yetirilya
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 56 13 июля 2021 22:40
    Kantur inni sen aýt
    Şol kinoda ahlagam bar fantastikada
    Bularyñ hemmesi sungata degişli

    Inni meñ gazanjym harammy
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 57 13 июля 2021 22:44
    geçip barýaka sowlan,
    Saňa hiç wagt gazanjyň haram diýmedim. Onsoňam men dini ulama däl, saňa ,,gazanjyň haram" diýip fatwa berer ýaly.
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 58 13 июля 2021 22:58
    Kontyr bratok sen ýokarda kino zäher didiñ zäher ýasaýan kafyr bolýa we dowzahda ýanýa eger ol musulman bolsada.
    Kino zäher bolsada şonam adam ýasaýa señ pikiriñçe diýmek biz dowzahy.

    Ýöne señ öziñem telewizor görýänsiñä
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 59 13 июля 2021 23:00
    geçip barýaka sowlan,
    Kino zaher diyip bashga kinolarary nazarda tutdym diyip milliona yazdym oydyan :))) boldugy bolarda indi shol bir zady on gaytalap otyrsyng senem...
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 60 13 июля 2021 23:10
    Kantur erotika diýseñ meñ kinomda bar kaldun jadywöýler başgada fantastikalar gaty kän senarýañ özi epesli boldy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler