Salam saýtdaşlar!Siz bilen ondan-mundan warsaky otarmagy küýsäpdirin.Bu günki söhbet etjek temamyz kärler.Ýagny işleýän agzalarymyz özleriniñ haýsy kärde işleýändigini we kärleriniñ gowy we ýaramaz taraplaryny aýtmaly.Meselem,men terbiýeçi.Terbiýeçiligiñ gowy tarapy uzynly günüñi körpeler bilen geçirmek,her dürli oýunlar oýnamak,gülüşmek,degişmek.Fiziki zähmet hiç hili ýok.
Ýaramaz tarapy her gün 7 sagatlyk iş mesaýysynyñ dowamynda 25-30 sany çaga seniñ jogapkärçiligiñde.Hudaý görkezmesin,haçan-da bir näsazlyk ýüze çykyp çaganyñ saglygyna zeper ýetse,mundan sen jogapkär.Elbetde,ene-atalaryñ çagalarynyñ ýüzünde dyrnaçak yzy görse-de terbiýeçä jañ edip ýörmegi hem munuñ üstüne.Bu dyrnaçagyñ çaganyñ görmeli emgegidini aýtmagyñam haýry degmez...(Baý-bow meñ işim gaty erbet eken-ä:)))
Indi saýtdaky okaýan ýa-da indi işe durjak bolýan agzalar haýsy kärde işlemegi arzuw edýändigini ýazmaly.Şol käriñ haýsy aýratynlyklarynyñ ony özüne çekendigini-de aýtmaly.Onda gitdik :)))
Kärler
Sorag-jogap,
Belki
tarapyndan
9-02-2022, 21:26