Bir zenan söýen ýigidiniň başga zenan bilen bagtly bolanyny göreninden onuň demini sanap ýatyşyny görenini gowy görer.

©Onore De Balzak

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 26-02-2022, 18:04

  • Pegas Pegas off № 61 26 февраля 2022 19:08
    "Meňli:
    — Mag-tym-gu-ly, eliňdäkileri yzyna alyp barýamyň? — diýip, onuň adyny heser bilen şeýle bir süýjedip aýtdy weli, Magtymguly öz adynyň şeýle ezizdigine haýranlar galdy..."


    Nobatguly Rejebow, "Yşk mekany — ataş, ataş mekany — arş".
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 62 26 февраля 2022 19:10
    Цитата: Pegas
    "Meňli:
    — Mag-tym-gu-ly, eliňdäkileri yzyna alyp barýamyň? — diýip, onuň adyny heser bilen şeýle bir süýjedip aýtdy weli, Magtymguly öz adynyň şeýle ezizdigine haýranlar galdy..."


    Nobatguly Rejebow, "Yşk mekany — ataş, ataş mekany — arş".

    Gowja
    Jogap
  • doctor doctor off № 63 26 февраля 2022 19:11
    Pegas,
    Bu kitapmy mollum okap gorein hany
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 64 26 февраля 2022 19:11
    Цитата: Pegas
    "Meňli:
    — Mag-tym-gu-ly, eliňdäkileri yzyna alyp barýamyň? — diýip, onuň adyny heser bilen şeýle bir süýjedip aýtdy weli, Magtymguly öz adynyň şeýle ezizdigine haýranlar galdy..."


    Nobatguly Rejebow, "Yşk mekany — ataş, ataş mekany — arş".



    Şu kitaby doly okamadym. Ýöne Nobatguly aganyň öňki "Magtymguly" romanyna çalymdaş eken.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 65 26 февраля 2022 19:12
    Цитата: Hiayress
    Цитата: Pegas
    "Meňli:
    — Mag-tym-gu-ly, eliňdäkileri yzyna alyp barýamyň? — diýip, onuň adyny heser bilen şeýle bir süýjedip aýtdy weli, Magtymguly öz adynyň şeýle ezizdigine haýranlar galdy..."


    Nobatguly Rejebow, "Yşk mekany — ataş, ataş mekany — arş".



    Şu kitaby doly okamadym. Ýöne Nobatguly aganyň öňki "Magtymguly" romanyna çalymdaş eken.

    Doly tamamlanylmadygam öýdýän şu...
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 66 26 февраля 2022 19:14
    Pegas,
    Hawa, Magtymguly atamyz Meňlini ýitirenden soň ýaş başyna däli diwana bolup çöle çykýar. Dili süýji, ýöne realdan daşda eken. Has mifleşdiripdir.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 67 26 февраля 2022 19:15
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Hawa, Magtymguly atamyz Meňlini ýitirenden soň ýaş başyna däli diwana bolup çöle çykýar. Dili süýji, ýöne realdan daşda eken. Has mifleşdiripdir.

    Mifleşdirmedik bolsa, Gylyç Kulyň "Magtymguly"-syndan tapawudy bolmazdy. Aýratynlygam şonda, pikirimçe.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 68 26 февраля 2022 19:16
    Pegas,
    "Yşk mekany ataş, ataş mekany - arş" doly tamamlananmy?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 69 26 февраля 2022 19:17
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    "Yşk mekany ataş, ataş mekany - arş" doly tamamlananmy?

    Men şol tamamlanmadyk öýdýän diýdim.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 70 26 февраля 2022 19:17
    Цитата: Hiayress
    Ötegçi,
    "Toýuna 10 gun galanda aljak gyzyny biri bn tutupdyr. "

    XXI asyr oglanlarynyň iň uly gorkusy bolmaly.

    Iñ uly problema hakykam. Olara oñdy toýa 10 gun baram bolsa, geñirgenen ýerim, oglan baýam, okuwlam, ýaşam, owadanam. Kä gyzlara düşiner ýaly dal.
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 71 26 февраля 2022 19:18
    Belki... Ýöne men-ä soňky demini sananyndan, bagtly bolmagyny islärdim... cilimkesh
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 72 26 февраля 2022 19:19
    Цитата: Pegas
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    "Yşk mekany ataş, ataş mekany - arş" doly tamamlananmy?

    Men şol tamamlanmadyk öýdýän diýdim.


    Soňy nähili dynýar ýadyňa düşýärmi?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 73 26 февраля 2022 19:20
    Цитата: Ötegçi
    Цитата: Hiayress
    Ötegçi,
    "Toýuna 10 gun galanda aljak gyzyny biri bn tutupdyr. "

    XXI asyr oglanlarynyň iň uly gorkusy bolmaly.

    Iñ uly problema hakykam. Olara oñdy toýa 10 gun baram bolsa, geñirgenen ýerim, oglan baýam, okuwlam, ýaşam, owadanam. Kä gyzlara düşiner ýaly dal.


    Menä şolar ýalylara "öwrenilen endik örkleseňem durmaz" diýýän.
    Jogap
  • doctor doctor off № 74 26 февраля 2022 19:21
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
    Belki... Ýöne men-ä soňky demini sananyndan, bagtly bolmagyny islärdim... cilimkesh

    Mena ol ya menki ya baskanky bolsun diyyan kiskanc tipin ya hitry
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 75 26 февраля 2022 19:23
    Цитата: Hiayress
    Цитата: Pegas
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    "Yşk mekany ataş, ataş mekany - arş" doly tamamlananmy?

    Men şol tamamlanmadyk öýdýän diýdim.


    Soňy nähili dynýar ýadyňa düşýärmi?

    Hawa. Şol erbet tupanda Magtymguly ýitip, patasyny aljak bolup ýörkäler Magtymguly tapylýar. Buşluk habaryny oba getirýäler. Meňli özünden gidýär we roman tamamlanýar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 76 26 февраля 2022 19:26
    Pegas,
    Beýleki romanynda Magtymguly bilen Meňliniň toýuny toýlaýar we soňunda Meňlini sykawladyp öldürýär hemde Magtymgulyny däli diwana edip çöle çykarýar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 77 26 февраля 2022 19:27
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Beýleki romanynda Magtymguly bilen Meňliniň toýuny toýlaýar we soňunda Meňlini sykawladyp öldürýär hemde Magtymgulyny däli diwana edip çöle çykarýar.

    Ony okap görmedim. Toý eden bolsalar bolýar-laý, men-ä ýokarky romanda şolary alada edibem beter horlandym)))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 78 26 февраля 2022 19:28
    Magtymgula degişli üç roman bar dälmidi?
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 79 26 февраля 2022 19:30
    Hiayress,
    Goşulýan. Menem
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 80 26 февраля 2022 19:31
    Цитата: Hiayress
    Magtymgula degişli üç roman bar dälmidi?

    Nobatguly agadamy ýa umumymy?
    Jogap
  • Belki Belki off № 81 26 февраля 2022 19:32
    Aý ýok,söýülmek gowy.Söýülendigime ýürekden ynansam söýerdim belki.
    Biz obada bir oglana guda boldular.Özem halaşyp guda bolnan diýýä.Soñam gyz gaçyp gidäýipdir.Ýogsam oglan uni.de okap ýören.gowy maşgalañ çagasy.
    Daýymyñ gyzyna-da guda boldular welin oglan gyz alyp gaçaýdy.Eşidişimize görä 11 nji klas gyzmyş alyp gaçany.Indi guda bolduk diýbem arkaýyn bolmaly däl.Toý edýänçäñ bükgüldide oturmaly. :)
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 82 26 февраля 2022 19:32
    Ýöne eşdişime görähä zenan söýse gaty erwet söýýän eken özä
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 83 26 февраля 2022 19:33
    Pegas,
    "Owadan gyzlary ýigrenýärin men,
    Olar betbagtlygmy ýadyma salýar"

    Nobatguly Rejebow

    haýsy goşgysy, kyn gormeseñ elyüzde bar bolsa goýup bilmersiñmi
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 84 26 февраля 2022 19:33
    Pegas,
    Goýdaýt, Nobatguly aga Meňlini Magtymgula bermän eýse kime bersin?!)) Özä Nobatguly aga gökleňiň piri bolan Azadynyň ogly Magtymgulynyň öz elindäki guşy başga birlerine aldyrmajagyny ynanýan kişilerden bolmaly.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 85 26 февраля 2022 19:34
    Pegas,
    Umumy.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 86 26 февраля 2022 19:35
    Цитата: Ötegçi
    Pegas,
    "Owadan gyzlary ýigrenýärin men,
    Olar betbagtlygmy ýadyma salýar"

    Nobatguly Rejebow

    haýsy goşgysy, kyn gormeseñ elyüzde bar bolsa goýup bilmersiñmi

    Goýaýaryn birazdan.
    Jogap
  • Belki Belki off № 87 26 февраля 2022 19:38
    Ýöne gyzlaram,oglanlaram görke aldanyp ýalñyşýarlar.Görkiñ şondalygy söýginiñ şondalygyny añlatmaýar.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 88 26 февраля 2022 19:39
    Цитата: Belki
    Aý ýok,söýülmek gowy.Söýülendigime ýürekden ynansam söýerdim belki.
    Biz obada bir oglana guda boldular.Özem halaşyp guda bolnan diýýä.Soñam gyz gaçyp gidäýipdir.Ýogsam oglan uni.de okap ýören.gowy maşgalañ çagasy.
    Daýymyñ gyzyna-da guda boldular welin oglan gyz alyp gaçaýdy.Eşidişimize görä 11 nji klas gyzmyş alyp gaçany.Indi guda bolduk diýbem arkaýyn bolmaly däl.Toý edýänçäñ bükgüldide oturmaly. :)


    Goşulýan. Terbiýe möhummikä diýýän. Çagalygyndan ýalañaç kinolar gorkezseler çagalardan gaty gorup oturarlyk ýagdaý ýokmyka diýýan. Mesliklerne çydamaýan bolmaklaram ahmal
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 89 26 февраля 2022 19:40
    Цитата: Belki
    Ýöne gyzlaram,oglanlaram görke aldanyp ýalñyşýarlar.Görkiñ şondalygy söýginiñ şondalygyny añlatmaýar.
    görksizem söýup bolanokda, ýa toýdan soñam soygi dorap bilermika?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 90 26 февраля 2022 19:40
    Цитата: Belki
    Ýöne gyzlaram,oglanlaram görke aldanyp ýalñyşýarlar.Görkiñ şondalygy söýginiñ şondalygyny añlatmaýar.


    Şu wagt puluň ýa görküň bolsa köp kemçilikleriňe göz ýumýalar. Pully bolsaň, pylly diýip, owadan bolsaň görkli diýip. :/
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler