Agzalar salam. Saýtymyzyň auditoriýasy gün-günden giňeýär. Ýazylýan bloglaryň, goşgylaryň, oýlanmalaryň, täzelikleriň hil derejesem elbetde ýokarlanýar. Indi bu agzalary öň ýazylyp, ýazylyp suwy çykan, gury mowzuklar bilen haýran galdyrmak kyn. Bulary indi has kreatiwräk zatlar gyzyklandyrýar. Bu elbetde gowy. Eýsemde bu agzalaryň içinden iň gowy oglan (erkek) agza we iň gowy gyz (zenan) agzany saýlamaly bolsa kimi saýlardyňyz! "Aý meň üçin hemmesem gowy", "Birini saýlap bilemok" diýen bahanalary bir ýana goýup, saýtyň iň gowularyna ses bereliň! Ses berlişik ertir 17:00-da tamamlanýar. Adminden haýyş! bilip bolýan bolsa, birnäçe nikden öz-özüne ses berýän agzalary ýüze çykarmaga kömek etse. Haýsy agza näme üçin ses berýändigiňizi ýazsaňyz hasam gowy bolardy. Ilki özüm ses bereýin Maňada birini saýlamak kyn düşýär. Ýöne oglanlaryň arasyndan @Pegas (goşgularyny, çeper pikirlenmelerini halaýanym üçin), gyzlaryň arasyndan @Mümkini (@Nirvana bilen @Senýoritadan ötünç soramak bilen. Mahymyň goşgularyny saýta gelmänkämem höwes bilen okaýardym, ýörite şahsy kolleksiýamdan orun alan birnäçe goşgulary bar) saýlaýaryn. Saýta köp wagt bäri gelmedik agzalardan tanaýanlaryňyz bolsa jaň edip, ses berlişige çagyrmagyňyzy haýyş edýärin! Miss we Mister islenen kimler bolarka. Jogabyny teswirleriňizden anyklarys!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 16-06-2022, 18:06

  • Bendtner Bendtner off № 61 17 июня 2022 14:54
    Belki,
    Nikiňi sypjyklyk edip yuwmadyňam cilimkesh
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 62 17 июня 2022 14:55
    Bendtner,
    Aý ýatdan çykan kär galaýmasyn diýýändä :))
    Jogap
  • Belki Belki off № 63 17 июня 2022 14:56
    Bendtner,
    "Çagalar bagynda terbiýelenýän" - diýenini aýtsana :))
    Jogap
  • Mona Lisa Mona Lisa off № 64 17 июня 2022 14:57
    Massimus
    Mona Lisa,
    Diňe dil ugrundan kämil bolanlar we edebiýata gyzyklanýan döredijilikli ynsanlaryň ugru ugur bolaýýa , bu saýta gelip menä diňe şolaryň goşgy ýada hekaýa ýazanlary üçin hemmeden 1ädim öňde görülýänligini gördüm :/ Sebäbi beýlekileriň söz baýlygy pesdä dilçi bolmansoň.
    (Häzir köpüňiz eýle beýle diýmegiňizem ahmal welin, aýtjagam däldim muny, ýöne görup-durup geplemän durup bilmedim)


    Siziň pikiriňizi hormatlamak bilen, bu ýerde dilçi, şahyr diýilmedik haýsy agzany iň gowy diýip hasaplaýaň, özüňçe, şony ýazsaňyz boldy, bu edebiýat bäsleşigi däl, belli bir kriteriýa goýulmadyk, şoň üçin saýlabermeli, işiňizde üstünlik doganym!

    Ýok men umumy aýtdym saýt,agzalar barada söz açylany üçin. Iň halaýan agzalarym gaty köp, onuň üçin Mister-e 1 agzany, Miss-e 1 agzany ýazyp bolanokda.
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 65 17 июня 2022 14:57
    Belki
    Bendtner,
    "Çagalar bagynda terbiýelenýän" - diýenini aýtsana :))

    Belkajyk, seň ucenikleňem ba bolmaly barde.?
    Jogap
  • Mona Lisa Mona Lisa off № 66 17 июня 2022 14:57
    Massimus,
    Sag boluň! Siziňkem üstünlik!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 67 17 июня 2022 14:58
    Belki,
    Siz indi @Mümkin dälmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 68 17 июня 2022 15:01
    Massimus,
    @Mümkinem ýöretmekçi nesip edeninden.Oñ bilenem duýgy baglanyşygy gurdum.Ýöne esasy @Belkide duraryn.
    Jogap
  • Mona Lisa Mona Lisa off № 69 17 июня 2022 15:02
    Belki
    Mona Lisa,
    Ýok,pikriñ 100% dogry.Bäsleşik meselesinde-de şu pikri gozgapdym.

    Bäsleşik döretýärler diňe şol, edebiýat, goşgy eýle beýle. Goşgy,hekaýa ýazyp bilmedik 1 ädim yzdada diýmek))
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 70 17 июня 2022 15:06
    Mister: Varyant kop haysyny saylayyn men :( hemmesem biri birinden beter mert.
    Bentner, Seri, pegas, gost, Hiayress, hemedany, soho ? hemmesem üýtgeşik
    Miss: gürrüñsiz Nirvana. Sebabi meniñ syrlammy iñ gowy saklaýan, ajaýyp mowzuklar açýan agza.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 71 17 июня 2022 15:07
    Hiayress,
    Saña hyyar iyyas diýenim üçin bagyshla :(
    Jogap
  • Belki Belki off № 72 17 июня 2022 15:09
    Bendtner,
    Ýuwup otyryn şuwat (telefonda nikimiñ üstünden suw guýdum :))
    Telefonymyñ zaýalanyny hiç.Señ gepiñden dynsam bolýar :))
    Uçeniklem bar bolsa şolara ses bereýin onda :))
    Mona Lisa,
    Howwa.Hut şoñ üçin her aý bir ugur boýunça (surat çekmek,aýdym aýtmak we ş.m) bäsleşik gurnalyñ diýipdim.Goldamadylar :(
    Jogap
  • Mona Lisa Mona Lisa off № 74 17 июня 2022 15:11
    Belki
    Bendtner,
    Ýuwup otyryn şuwat (telefonda nikimiñ üstünden suw guýdum :))
    Telefonymyñ zaýalanyny hiç.Señ gepiñden dynsam bolýar :))
    Uçeniklem bar bolsa şolara ses bereýin onda :))
    Mona Lisa,
    Howwa.Hut şoñ üçin her aý bir ugur boýunça (surat çekmek,aýdym aýtmak we ş.m) bäsleşik gurnalyñ diýipdim.Goldamadylar :(

    Goldamazlaram şular, sebäbi başga bir uguruň öziniňkilerden üstün çykmagyny islänoklarda.
    Jogap
  • Mona Lisa Mona Lisa off № 75 17 июня 2022 15:13
    Häzir şeýle diýdiň diýip hormatly Moderlerem banlamagy ahmal meni. Öňem şoň üstünde @Mona Songz nikime Pegas ban berdi :/ (indem adresime ýazdyň diýip ban ber bomy?)
    Jogap
  • AySa AySa off № 76 17 июня 2022 15:15
    hmm
    Jogap
  • Gulya Gulya off № 77 17 июня 2022 15:29
    Mister: "Massimus"
    Miss: "Nirvana"
    Jogap
  • Granger Granger off № 78 17 июня 2022 15:46
    Agzalaryň hemmesem oňat. Içinde erbet adam bardyr öýdüp pikir edemok. Her dürli saýt gördük, käbir zibil saýtlardan müň esse gowy. Şol sanda agzalary hem şeýle.
    Özümä köp pikirlendim agza saýlamda, sebäbi adamkärçiligi pes agza gabat gelmedim. Adyny tutjagym köp, ýöne sanap durmaýyn.

    Bir zady aýdaýyn: kimem bolsa biri seni "ykrar" etmeli däl ahyry. Bir özüň ýaly wagtlaýyn ynsanyň seni saýlany bilen sen dünýä belli bolaňok ýa puluň köpelenok ýa jennete düşeňok. Her kim öz-özüniň aýnasy. Plus-minusymyzy biziň özümizden başga oňat biljek ýok. Ol bolsa hemmede-de bar. Bu bolsa biziň barymyzyň deňligimizi subut edýä.
    Galyberse-de, Merlin Monro ýaly käbir znamenitostlary tutuş dünýä "ykrar" etse-de (owadanlykda), görgüli şonda-da kanagatlanyp, öz "boşlugyny" dolduryp bilmändir.
    Şoň üçin her kim özüniň nähilidigini bilýändir diýýän men-ä...
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 79 17 июня 2022 16:20
    Bubaşagaýlygyyyyy ☺☺☺
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 81 17 июня 2022 17:11
    Ogulşirin_Bayramowa,
    Gijä galdyňla goňşy swist
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 83 17 июня 2022 17:49
    Mister: @Khanture BS
    Miss: @Nirvana
    Jogap
  • AySa AySa off № 84 17 июня 2022 17:56
    Pegas teswirimi pozanyn uchin sana sagbolsun aydyan :/
    Jogap
  • Kömelek Kömelek off № 85 18 июня 2022 09:21
    Bagyşlaň, gijem bolsa men ses bermämi üýtgetýän. Meniň ses berjek agzam ýadyma düşmändir. Diňe Miss ses bermämi üýtgetýän.
    Miss Elif
    Paýlaşýan ähli mowzuklaryny uly höwes bilen okaýan. Şol agza minnetdarlygymyňam çägi ýok.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler