Salam. "O gyz eýle" "Bu gelin şeýle"mowzuklaryndan ýadamadyñyzmy? Men-ä ýadadym.Geliñ bu gün edepsiz oglanlar barada gürrüñ edeliñ.
1.Awtobusda nätanyş zenan maşgala ýakyn durmakdan (sypaýylaşdyryp aýdýan) lezzet alýan oglanlar.
2.Köçe ýolda-yzda gören nätanyş gyzlaryna "Balam"diýip ýürek bulaýan oglanlar.
3.Taksi hasap edip kireý puluny tölemek maksady bilen maşynyna münen gyz-geline başgaça niýet bilen garaýan oglanlar.
4.Häli-şindi agzyna paýyş söz alyp,şol sözleri diline alyp durmagy erkeklik hasap edýän oglanlar.
5.Gyzlara "söýýän" "köýýän"diýip olaryñ duýgulary bilen oýnap az wagtdan soñ daşlaşýan oglanlar
6.Özlerine dost hökmünde garaýan gyzlar bilen gepleşenlerinde gepi häli-şindi erotizme ýazdyryp,garşysyndaky gyzyñ erotizme bolan meýilliligini barlajak bolýan köpbilmişler.
7.Gyz-gelinlere her dürli (fiziki,jynsy,psihiki) zorluk edýän haram gylyklylar.
8.Öýde aýalynyñ,çagalarynyñ garaşyp oturandygyna garaman,iliñ ýaş gyzyna göz gyzdyrýan ar-namys duşmanlary.
9.Aýaly bilen sähel arasyna tow düşse ýumrugyna bat berýän aýalça ýoklar.
10.Gyzy mähir-muhabbet bilen yryp bilmän maşyna basyp alyp gaçýan nalajedeýinler.
Häzirlikçe ýadyma düşenler şular.Siz edepsiz oglanlar diýilse nähili oglanlary göz öñüne getirýärsiñiz?
Edepsiz oglanlar
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
13-08-2022, 11:52