Salam saýtdaşlar!Halk arasynda "Her kim özüne lukman"diýen aýtgy bar.Men bu sözi bu mowzugyñ hatyrasyna "Her kim özüne psiholog"diýip üýtgetmek isleýärin.
Men saýtymyzdaky Blesk agzanyñ bir aýratynlygyna örän imrenýärin.Ýagny,tema bilen dahylsyz bolandygyna we hiç kimiñ bu hakda sorag bermeýändigine garamazdan içki duýgusyny,düşünjelerini,başdan geçirenlerini gypynç-çekinçsiz aýdyp bilýär.A biz bolsa diñe sorag berlende jogap berýäs,tema bilen dahylly zatlary gepleýäs.Bu günki mowzugymyzda hemmämiz içimizi dökmeli.Näme aýdasymyz gelse aýtmaly.Isle duýgularymyzy,isle pikirlerimizi,isle başdan geçiren wakamyzy,isle halaýan aýdymymyzy...Düşnükli dilde aýtsam "Öz-özi bilen gepleşmeli".Elbetde,muny medeniýet we hormat çarçuwasynda ýerine ýetirmeli.Paýyş sögmek,kimdir birini kemsitmek gadagan.Hiç bir agza hiç bir agzanyñ sözlerini tankytlamaly,ýazgarmaly däl.Üstünden gülmeli däl.
Mowzugymyzyñ ýeke -täk maksady bar olam serimizde,ýüregimizde göterip,aýtmaga pursat peýläp ýören sözlerimizi aýtmak.Özümizi psihiki taýdan rahatlandyrmak.
Dogrusy,başynam özüm başlajak.
Hany onda awtobusa sygan bolsañyz gitdik. :)))

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Belki tarapyndan 10-02-2022, 20:12

  • .Resul .Resul off № 91 10 февраля 2022 22:29
    Цитата: Hiayres
    Цитата: Belki
    Şu aýaly urmak meselesinde şeýleräjik pikirde:Men şeýdýän erkekleriñ dûnýägaraýşy pes bolany üçin "Erkek aýaldan ýokarydyr"diýen pikre gulluk edýändigine ynanýan.Şol pikir añasty añyna ýerleşen.Haçan-da aýaly bilen dawalaşanynda öz diýenini dogry edip bilmese "Men aýaldan ýokarda.Eýdip-beýdip diýenimi dogry ederin"
    diýen pikir bilen urýarmyka diýýän.Elbetde bu meñ pikrim
    Ýöne psihologlarda şeýdýän kişiniñ geçmişde bir tramwasynyñ bolandygyny (meselem,kakasy ejesini urupdyr) öñe sürýänler kän bolsa gerek.


    Şu mesele, kyn mesele. Elbetde eliňde galan çaga ýok uruberer ýaly welin, käbir iňňirdewük, keçjal, gepe düşmez maşgalalar bolýar, goýuňa-soýuňa düşünmeýän, a na şolara gabat gelseň "dälini taýak düzeder" diýip ýenjiberesiň gelýär.))

    Цитата: Hiayres
    Цитата: Belki
    Şu aýaly urmak meselesinde şeýleräjik pikirde:Men şeýdýän erkekleriñ dûnýägaraýşy pes bolany üçin "Erkek aýaldan ýokarydyr"diýen pikre gulluk edýändigine ynanýan.Şol pikir añasty añyna ýerleşen.Haçan-da aýaly bilen dawalaşanynda öz diýenini dogry edip bilmese "Men aýaldan ýokarda.Eýdip-beýdip diýenimi dogry ederin"
    diýen pikir bilen urýarmyka diýýän.Elbetde bu meñ pikrim
    Ýöne psihologlarda şeýdýän kişiniñ geçmişde bir tramwasynyñ bolandygyny (meselem,kakasy ejesini urupdyr) öñe sürýänler kän bolsa gerek.


    Şu mesele, kyn mesele. Elbetde eliňde galan çaga ýok uruberer ýaly welin, käbir iňňirdewük, keçjal, gepe düşmez maşgalalar bolýar, goýuňa-soýuňa düşünmeýän, a na şolara gabat gelseň "dälini taýak düzeder" diýip ýenjiberesiň gelýär.))


    Aýdýanlaryñ bilen ylalaşýan,erkek birzat diýse iki zat diýýän aýallar bar,ärinden taýak iýýän aýallaryñ 90% di şu ýagdaý sebäpli taýak iýýär.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 92 10 февраля 2022 22:56
    2-3 ýyl bolandyr bu waka. Ol wagtlar metjitler açykdy. Juma namazyndan soňra çykyp barýarkam öňküje goýýan ýerimde köwşüm ýok. Adamlar basgylap aňryk-bärik edendirler diýip, hemme ýerini barladym. Eýýäm göwnüme çiglik gitdi. Alynypdyr. Soň hemme adam çykyşýança garaşdym, eger biri ýalňyşyp meňkini geýip giden bolsa, hökman artykmaç köwüş galaýmalydy. Köwüş galmady, diýmek, hemmesi düşnükli.
    Men köwşüň gürrüňini etjek bolomok, şol köwşüň sypatam meň ýadymdan çykyp gitdi. Ýöne şu waka kämahal ýadyma düşip birahat edýär. Meň unudasym gelýär.

    Hak iýmek. Şeýlebir agyr günälerden, bendäň üstündäki bergiňi, hakyňy Alla geçmez (haçan üzlüşseň onsaň geçiler).
    We häzire çenli şu ynanç b.n gezip ýörün: şol adam toba etmedik bolmaly, toba edenliginde Allatagala şol wakany meň ýadymdan çykartdyrardy. Ýa şeýtanyň maňa bolan was-wasysy öte güýçli.
    Adamyň hakyny iýmejek bolalyň, eger iýen bolsak entäk dirikäk razy edeliň, hasaplaşalyň. Bärde razy etmesek, kyýamatda barybir hasaplaşarys. Ol ýerde-de ötünç soramak b.n, tylla-teňňe b.n hasaplaşyp bolonok. Özümiz birje sogaba mätäç bolup durkak, öz sogabymyzdan bermeli ýa-da onuň günäsini boýnuňa almaly.
    Boýnuňyzda bir bendäň haky bar bolsa, birinden karz alyp gaçyp ýören bolsaňyz, "ertir berjek" diýip diňledip ýören bolsaňyz gijikdirmän üzlüşiň.
    HASAPSYZ ZAT ÝOK
    Jogap
  • Belki Belki off № 93 10 февраля 2022 23:18
    Hiayres,hemme zat pikirden başlanmaýarmy näme?! Pikir edersiñ,edersiñ,soñabaka beýniñ şol pikri adaty zat hökmünde kabul eder.Ýagny,"Howwa-laý,ursañam bolar" diýersiñiz.Siz bilen şu temada jedele girerin öýdüp ýatsam-tursam oýuma gelmezdi.
    Aýaly urduñ-da mesele çözülýärmi?!Asla.Gaýtam,näme bolýar?Sen özüñ neneñsi ejiz mahlukdygyñy seniñ bilen güýji deñ gelmeýän naçara batyrynmak arkaly subut edýãñ.
    Bu diñe pes dünýägaraýyşyñ etdirýän oýny.
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 94 10 февраля 2022 23:33
    Belki,
    Jora, seň pikir edip, pikir edip, iş ýüzüne geçirmedik ýüzlerçe pikiriň bolanlygy hakda güwäde geçip biljek. Her kim, her eden pikirini iş ýüzünde ulananok. Wagtlaýyn aklyňa gelip gitýän pikirlerem, ýa elmydam aklyňda bolup ýene bir zatlaryň saklap, (mysal: wyždanyň) päsgel bermeýän pikirleriňem bolýar. Indi urmak temasyna geçsek. Sen ene bolarsyň, şonda çagaňy hiç urmarsyň öýtýäňmi?!
    Jogap
  • Belki Belki off № 95 10 февраля 2022 23:40
    Bir zady pikir etmek ony durmuşa geçirip biljegiñi añladýar.
    Çaga diýlen zat başga.Ol entek agy-garany saýgaranok.Galyberse-de çagany sen saýlap alañok.Aýaly sen saýlap alýañ.Almakañ hüý-häsiýetine belet bolmaly.
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 96 10 февраля 2022 23:47
    Belki,
    "Bir zady pikir etmek ony durmuşa geçirip biljegiñi añladýar."

    Men uçmagy pikir etýän, ýöne uçup bilemok. Men öz gün sistamamyzdan çykyp, başga bir ýyldyzyň sistemasyna göz gözdirmek isleýän (ýagny pikirlerimde) başaramok.

    "Çaga diýlen zat başga.Ol entek agy-garany saýgaranok."

    Agy-garany saýgarýan uly adamlaram az-az.

    "Aýaly sen saýlap alýañ.Almakañ hüý-häsiýetine belet bolmaly."

    Adam diýeniň bir kaddyny saklaýan jandar däl, üýtgeýär. Daşky gurşaw täsir etýär, ejesi täsir etýär, joralary täsir etýär ýada kellesinde bir wagt eden arzuwdyr-hyýallary. Ýagny wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Kim är-aýal bolansoň, ilki duşuşykdaky ýaly utanjaňlygyny, çekinjeňligi, näzini saklaýar?! Kim şondaky ýaly hoş sözleri aýtýar. Eger ilki durkuny saklan bolsa, adamsy urarmy ömür?!
    Jogap
  • Belki Belki off № 97 10 февраля 2022 23:57
    Agy-garany saýgarmak babatda üýtgemez aýal.Çünki dünýägaraýyş diýlen zady bir gazanyp bilseñ ýa şol durkuna durar ýa-da ösmek bilen bolar.Diýmek bu babatda ünsli bolup saýlap bilersiñ.
    Jorasynyñ,ejesiniñ pikrine görä üýtgäp biljek yrga pikirli zenana öýlenmersiñ,bolar durubiýr.
    Urmak hemme erkegiñ etjek hereketi däl.Muny etmek üçin öñden taýýarjak duran meýliñ bolmaly.Siziñki ýaly añastynda garaşypjyk ýatan pikriñ bolmaly.Onsoñ yrsaramaga sebäp gytmy?Näme diýip urañda bolman duranok?
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 98 11 февраля 2022 00:06
    Belki,
    Aý borda jora... Sen intägem ham-hyýallaryň arasynda. Men urmagy goldaýan ýada ündeýän adam däl. Ömür diýsemä ýalňyş bolar welin, özümi bilinim (aň taýdan) bäri adama urmaga aňyrda dursun aňsat sögüp görenimem ýadyma düşenok. Siziň aýdyşyňyz ýaly aýalyny urýan adam bolsa ýa psihikasynda kemçilik bardyr ýada ýörelip dowam edip gelýän kadadyr. Nähili bolanda-da her bir ýagdaýa bir taraply seretmezligi we asla ýazgarmazlygy görkezjek bolup dialoga girendirin. Ýalňyş düşünmäň.))
    Jogap
  • Belki Belki off № 99 11 февраля 2022 05:42
    Sizem ömür basylýandygyñyzy duýsañyz,ylalaşýandansyrap giden bolýañyz :)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler