jo‧mart‧lyk
[jo:ma:rtlyk]
Eli açyklyk, gysganç dällik, sahylyk, alçaklyk.
* Tebigat yzgary jomartlyk bilen eçildi. («Kolhoz günleri»)



Jomartlyga degişli her topar özüne degişli zady ýazmaly. Meselem goşgy topary goşgy…

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 20-05-2022, 21:07

  • Remezan Remezan off № 91 20 мая 2022 23:15
    Biziň toparymyz bilen ählisi agzybirlik bilen ýassykystana gitdi bir men galdymy we olara beren soraglarymyň saýlan şygary: Agzalaryň iň jomart sözi-hmm boldy
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 92 20 мая 2022 23:15
    Hiayress
    Bäsleşigiň terzini düýbünden üýtgetmeli. Ilki bilen toparlary köpeltmeli.

    1) Goşgy.
    2) Şygar.
    3) Oýlanma.
    4) Hekaýa.
    5) Degişme.
    6) Erteki.

    Soňam adamlary gyz-oglan, aktiw-aktiwdäl, bilim derejeleri boýunça deň bölmeli. Goýulýan wagty köpeltmeli. Mysal üçin: tema 18:00 aýdylýar, 21:00 hökmany jogap ýazmaly. Internediň we aklyň bu tizligi bilen iki habar ýazýançaň wagt gutarýar.



    Hekaýa, Oýlanma, Makaladan birini saýlaň diýdim. Hiç kim jogap bermedi.
    Agzalary ynansaň ýazýan teswirlerine, ukyplaryna görä deň bolsun diýip saýladym. Meselem her toparda bir goşguçy bar. Sizde 2 bardy. Aksary we kalp doktory. Mümkiniň ýeke özi 2-nji topardan. 3-nji toparda Massimus we Remezan goşgy ýazýar. 4-de Ahmedik, Ahally_24, margarita.
    Beýleki şertlerem şolar ýaly gözöňünde tutdym. Başardygymça tarapsyz ýazdym.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 93 20 мая 2022 23:15
    Mümkin,
    Aý jora özüň bilýäňä Marlydygymy. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 94 20 мая 2022 23:17
    Hiayress,
    Seň ýeke özüň alyp çykmala. :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 95 20 мая 2022 23:18
    Nirvana,
    Ýokarky aýdyşym ýaly bolsa göwnejaý bolaýjak ýaly :))
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 96 20 мая 2022 23:19
    Nirvana,
    Meniň ýeke özüm sowesh
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 97 20 мая 2022 23:21
    Nirvana,
    Indiden soñ şert ûýtgetmäñ.Isleseñiz bu bäsleşigi dowam edeliñ,başga teklibiñizi gutaransoñ ediñ.Soñam ýeñijini ýagny,meniñ toparymy yglan edip,jomartlyk bilen birzatjyk beriñ! :))
    Šygar diýip şuña diýilýär hyýar iýýän jora :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 98 20 мая 2022 23:23
    Hiayress,
    Bolýar onda ertir üýşüp maslahatlaşaýarys. Uzak gün gürlemän, senem märeke sowlansoň gürleýäň. :))
    Dark_Wolf agzaňam aýdanyny gözöňünde tutup täze bölümler döredip gurnarys. Emma hemmelere deňlik bir wagt belläň. Bu günki ýaly uzak wagt bolmasyn. Ortaça 10-15 minut berilýär bu usula. Çalt pikirlenmek bu oýunyň maksady.

    Şeýdip şular ýaly maşklary ýerine ýetirsek döredijilikli pikirlenme ukybymyzam öser. Başga-da usullar kän. Olaram öwretjek nesip bolsa size.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 99 20 мая 2022 23:25
    Mümkin
    Nirvana,
    Indiden soñ şert ûýtgetmäñ.Isleseñiz bu bäsleşigi dowam edeliñ,başga teklibiñizi gutaransoñ ediñ.Soñam ýeñijini ýagny,meniñ toparymy yglan edip,jomartlyk bilen birzatjyk beriñ! :))
    Šygar diýip şuña diýilýär hyýar iýýän jora :))



    Bu oýuny dowam edýäs hökman. Ertir gündiz boş bolsaňyz gündizem edip bileris bu oýunyň yzyny. Agşam 6 şlýapaly pikirleniş usulyna geçäýeris.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 100 20 мая 2022 23:27
    Her mowzuga girip ýeke-ýekeden teswirleriňizi okap görjek giçlik. Gyzyklandym nämeler ýazanyňyzy. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 101 20 мая 2022 23:35
    Pegas bilen Gürgençli!
    Sizem gatnaşyň.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 102 20 мая 2022 23:42
    Sözi melhem-mährine jomart enem,
    Gapyňdan geleni, Hatam ýaly jomartlyk et,

    Jomartlyk etseň, diliňe çolama

    Horjun doly altyn bolsa,
    Gelse çaga böke-böke,
    Jomartlygym menden galsyn,
    eçilerin birje köke, Jomartlyk- ähli kişiň ýüreginiň islegi,
    Öýüňe myhman gelse, gaşyň çytyp oturma-aşa jomart bolmasaň, sözüňe bir gysylma,
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 103 21 мая 2022 05:59
    Nirvana
    Pegas bilen Gürgençli!
    Sizem gatnaşyň.

    Nesiwessin)
    Jogap
  • AySa AySa off № 104 21 мая 2022 13:01
    Nirvana,
    Men näme adam dälmi? Menem bara perdun2
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 106 21 мая 2022 15:38
    Bäsleşikmi, ýaryşmy näme bolsada giňişleýinräk düşnikliräk edip ýazmaly eken meniň pikrimçe. Ilki öňünden primýera edip hemme düşiner ýaly edip bir mowzuk açmaly sorag jogap alyşmaly, onsoňam ganaşyjylary öz islegleri boýunça saýlap almaly. Mysal üçin men ýaly offline gatnaşyjy hiç toparada gerek däl! Osanam awtorski zat ýazmalymy ýa tapan tupanyňy ýelmemelimi onam bilip bilmedik.)))
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 107 21 мая 2022 15:39
    Emma umumy ideýa erbet däl. Hemmä üstünlik!
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 108 21 мая 2022 16:13
    Iňe goşgy:
    Gapylarmyz açyk dosty-ýar üçin,
    Göwnümizem açylyşda kem-kemden.
    Hergiz göwni sahy, eli açyga,
    Rysgal bilen döwlet bolýandyr hemdem.

    Inede oýlanmajyk:
    Men seniň jomartlyk häsiýetiňi nazara alyp, şu haýştymy berjaý edersiň diýip umyt edýärin. Her gün öz didaryň bilen meni şatlandyr, adatça bolşy ýaly meniň ýanyma gel. Men seniň jemalyňa guwanaýyn...
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 110 21 мая 2022 19:28
    Hemedany,
    Biz ýagny,goşgy topardakylar düýn goşgy ýazdyk,indi öñümizdäki tapgyrlarda,hekaýa,degişme we şygar ýazmaly.Şoñ üçin çykmagyñyza gerek ýok toparymyzdan.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 111 21 мая 2022 19:28
    mrokas,
    Öñünden mowzuk açyldy,giñişleýin düşündirildi.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler