Elbetde, her döwrüň öz mümkinçiliginiň, şertleriniň çägi deň däl. Bilim ulgamynyň bu topraklarda 1917-1920-nji ýyllardan başlap gelip ýeten ýerini nazara alsaň,şertler we mümkinçilikler babatda häzirki nesilleriň aşyklary alçy gopan. Emma muňa garamazdan, bilim ulgamynda göze iler ýaly derejede üstünlik boluberenok. Isle mekdeplerde, isle ýokary okuw jaýlarda, isle hünärmen iş ýerlerinde , körsowat ýaşlarymyzyň bilim hiliniň pesligi baran ýerimizde gözümize dürtülip dur. Gynansagam , gowy şertleriň ýeke özi okuw prossesiniň üstünlikli bolmagy üçin ýeterlik däl. Ýakyndan gyzyklanýanym üçin şu mesele bilen baglanyşykly käbir pikirlerimi beýan etmegi makul bildim.

Mekdepler - bilim binýadynyň ilki tutulýan ýeri. Binýadyň başdan gowy tutulmagy soňlugy bilen ýokary okuw jaýlarynyň işini hem ýeňilleşdirer. Ikisiniň işi hem gowy netije bilen jebisleşen halatynda şahsyň özi üçin - gowy gelejek , döwlet üçin - gowy hünärmen gazandyrar diýmek. Bilim ulgamynyň hiliniň gowulanmagy –bu diňe bir nesliň däl, tutuş halkyň ýakyn gelejeginiň rahat durmuşynyň kepilidigine hemmäniň düşünmegi gerek. Şol sebäpden muny bilim edara işgäriniň, mugallymyň,ene-atanyň ýöne iň esasy okuwçynyň özüniň hem jogapkärçilik bilen duýmagy gerek . Syn edip görseň , dünýäde bilim bermekde üstünligi boýunça öňde diýip tanalýan ýurtlaryň alyp barýan bilim ulgamynyň aýratynlygy hem ünsüň iň esasy okuwça gönükdirilen bolmagynda .Gürrüňi getirjek bolýan ýerim, şeýle uly möçberde hereket edip duran bir ulgamyň iň wajyp böleginiň bizde asyl ünsden düşürilýän bolmagy. Meselä çözgüt tapmak üçin ilki näsazlyklaryň nirelerde, nähili ýüze çykýandygyny seljersek gowy bolar.

1. Okuwçy jogapkärçiligi:

Iň uly kemçiliklerimiziň biri biziň mekdeplerimizde ýetişýän okuwçylaryň ne okuw,ne tertip-düzgün babatda jogapkärçiligi hiç hili öz üstünde duýman ulalmagy. Haçan-da A şahs B şahsyň üstünden, B şahs Ç şahsyň üstünden garamaly edilende, Ç şahsyň ýalňyşy üçin diňe A şahs bilen B şahsy jogapkär tutup, ähli görülýän çäreler Ç şahsy aýlanyp geçse, Ç şahs hiç haçan eden işiniň hatasyny duýmaz. Mekdeplerimizde okuwçy üçin doly düzgünleşdirilen (kanunlaşdyrylan) bir içerki düzgün-nyzamyň ýoklugy, talaby we jogapkärçiligi güýçlendirýän disiplinanyň ýoklugy häli şindi okuw işiniň bökdemegine getirýän sebäplerden biri. Mysal üçin, okuwçylardan biri düzgün-tertibi bozdy, başga bir okuwçyny suwa salma ýençdi diýeli. Şu ýagdaýdan soň nämeler ediler? Mekdebe okuwçynyň ene-atasy çagyrylar,(eger gelse) çagasynyň goýberen tertipsizligi arz ediler. Ene-atanyň meselä görkezýän çözgüdi “Indikide etme balam” bilen gutarar. Iň soňunda bolsa käýinç mugallyma berler. Indikide şol bir ýagdaýyň gaýtalanmazlyk ähtimallygy näçeräk? Öz hereketiniň jogapkärçiligini we netijesini ol
okuwçy nämeden duýmaly? Hut şu ýagdaýyň netijesinde-de okuwçyny diňe haýbatyň güýji bilen kontrol etmäge dyrjaşýan awtoritar mugallym obrazlaryň döremegi biziň mekdeplerimize mahsus
ýagdaý. Mugallymy şuňa iterýän sebäp näme? Okuwçy kontrolyny beýle gowşak usullar bilen saklamak mümkin däldigem , ýalňyşdygam hemmä mälim. Mugallymyň boýnuna tertip-düzgün üçin jogapkärçilik ýüklenen, ýöne eline hiç hili ygtyýar berilmedik. Gynansak-da öwüt-nesihatlar okuwçyda öz hereketi üçin jogapkärçilik duýgusyny oýaranok. Şol sebäpden häzirki döwürde mekdeplerde tertip-düzgüni saklamakda birgiden problemalar ýaşalýar. Mekdepler üçin gowy oýlanyşykly düzülen, kanuny usulda hereket edýän içerki düzgün-nyzamyň bolmagy zerur.Diýmek, mekdebe göwün islän wagtynda gelip, göwün islän wagtynda çykyp gidýän, okuwdan sebäpsiz galyp nirelerdedir bir ýerlerde başga ýaramaz pişeleri
tapynýan,mekdep çäginde uruş-dawalary gurnaýan, mugallymy, mekdep müdirini hiç hili äsgermeýän...we ş.m okuwçylarda jogapkärçiligi oýarmaga, aýdylanynda-da gulagynyň düýbünden geçirip goýberjek duýduryşlary berip durmakdan has güýçlüräk bir sebäp gerek. Hemme ene-atanam çaganyň meselesi bilen gyzyklanmaga çekip bolmazlygam aýry mesele. Okuw işini äsgermezlik diňe çagada däl, ene-atalarynda-da şeýledigi görülýär. Mekdepde ene-atalar ýygnagy geçirilende,çagasynyň mugallymyna “görnüp gaýtmaga” haýsydyr bir ýoly düşen goňşusyny,
şofýoryny iberýän, mekdebiň gapysyndan ädiminem ädip görmedik, çagasynyň haýsy synpda okaýandygynam bilmeýän ene-atalaryň häli şindi duş gelýän bolmagy diýseň gynandyryjy ýagdaý. Beýle ýagdaý okuw işini ene-atasy äsgermeýän bolsa çagadan köp zada garaşybam oturmaly däl diýdirýär.



2. Okadylyş usuly :



Okadylyş usuly, bahalandyryş usuly bizde soýuz döwründen bäri diýen ýaly şol bir görnüşde amala aşyrylyp gelinýär. Sapagyň dowamlylygy 45 minut , şol berlen müddetiň içinde guramaçylyk döwri, öý iş soramak , täze temany düşündirmek we berkitmek üçin şularyň hersiniň öz kesgitlenen minudy bar . 30-34 okuwçylyk synpda şol 45 minudyň 15 minudynyň dowamynda ortaça alanda 8-10 okuwçy bahalandyryp bolýar. Bahalandyryşam adatça şol bir usulda : dilden tema gürrüň berdirmek, ýat tutdurmak, birki soragnama jogaplatmak, öý işini tagtada işletmek, kitapdan täze mesele çözdürmek, tagtada gönükme ýa mysal işletmek...
Synp žurnalyna baha goýmak hökmany bolup durýar. Žurnala baha birtekiz düşmegi üçin bolsa her sapakda synpdaky okuwçylar gezekleşdirilmeli bolýar. Şonda her okuwça bir çärýegiň dowamynda ortaça 7-8 baha düşýär, passiw ýalta okuwçylarda
bu görkeziji 3-4 baha bilen çäklenýär. Şol bahalar okuwçynyň çärýeklik bahasyny kesgitleýär. Çärýegiň dowamynda adatça bir barlag işi/ amaly iş alynýar. Pikirimçe,okuwçynyň bilim derejesini kesgitlemek üçin bu usul netijeli däl, ýeterlik däl. Nogsanlyklar nämede? Birinjiden, ýat tutma usuly bilen tema aýdyp bermek. Her tagta çykan okuwça bir-iki minutdan artyk wagt sarplap bolmaýar. Okuwçylar kitapdaky maglumatlary ýüzleý,diňe şol bir-iki minut üçin niýetläp ýatlap çykýar. Hiç hili aň ýetirme, çuňňur logiki pikirlenme amala aşyrmanam maglumaty 5 minutlyk ýatkeşlik bilen ýatlap çykmak aňsat. Köplenç şol okuwçydan ýat tutan ýerini üç -dört hepdeden gaýta soranda ol şol aýdanyny gaýtalap berip bilmez. Logiki pikir ýörediş,analizleme, netijelendirme ukyby umuman okuwçylarymyzda pes. Ýat tutan maglumatyny aýdyp durka aýdyp duran zadynyň yzygiderligini bozanymyzda ýa-da aýdyp duran temasyna garşy pikiri öňe sürenimizde okuwçy çolaşyp galýar. Hatda tema hakda özi aýdyp durandygyna garamazdan, mugallymyň ýalňyşdyrmak üçin bilgeşleýin ýalňyş beren düzedişinem tassyklap goýberibilýär. Bu öwrenilýän maglumatyň ýüzleý kabul edilýänliginden nyşan. Temanyň esas özeni kabul edilmän, diňe kitap sözlemleri ýat tutulýar we okuwçy şol kitap sözlemleriniň daşyna çykyp bilenok. Iň bärkisi ,meselem getirmek üçin ulanjak sözlemlerini hem kitabyň meselem getiren sözlemlerini aýdyp başyndan sowýar.

Ikinjiden, köp okuwçyly synpda diňe belli bir bölegiň temany öwrenenligi barlanylýar. Mugallymlaryň işjeň usul diýýänlerinde-de birki soragyň,gysga ýumşuň üsti bilen okuwçynyň nä derejede özleşdirenligini anyklamaklyk kyn. Ähli okuwçynyň şol temanyň nä derejede özleşdirenligini welin, 10-15 minudyň dowamynda barlap çykmak mümkin däl.

Üçünjiden, baha goýluş usuly, meseläniň iň çylşyrymly bölegi. Çärýeklik baha çykarmak üçin synp žurnalyna azyndan dört baha düşen bolmagy gerek.

Mekdeplerimizde hereket edip duran okuw ulgamynyň iň erbet ýeri bilýäňizmi näme, ýaltalar üçin ikilik almagyň “ýeňil eşreti” , näçe isleseň şonça-da ikilik alyp oturybermeli. Tema taýýar bolman gelmek we ikilik almak okuwçy üçin hiç hili
kynçylyk döredenok. Ynanaýyň, gaýta arrygyny gynaman ikilik almak okuwçy üçin hemmetaraplaýyn amatly görünýär.

Ýagdaýa has gowy düşünmek üçin, okuwçy bolup pikirlenip göreliň: “Ikilik baha maňa nähili kynçylyk döredip biler? Hmm, mekdepden –ä kowulmaryn, synpda-da galmaryn. Çärýekligim we ýyllygym ikilik çykmaz. Bardygeldi mugallym hemmesini ikilik çykarjak bolaýsa (şu ýerde“ikiligi men alamok, mugallym goýýar” düşünjesiniň okuwçylarda giň ýaýrandygynam göz öňünde tutmak gerek) meni synpdan synpa geçirmeli däl bolar. Aý beýdäýse-de
muň üçinem mugallymy kösärler. Oňam kösenesi gelmez , şoň üçin menem synpda galdyrmaz “.

Bilýäňizmi şu meselelerde nogsanlyklaryň birini tapsaň, edil dokalan dokmanyň bir ujuny çözläp başlanyňda beýleki ýerleriniň hem sökülip başlandygyny görmek ýaly bir zat bolýar, nogsanlyklar zynjyr ýaly sepleşip biriniň ardyndan beýlekisi çykyp başlaýar.

Okuwçylaryň aglabasy okuwa höwessiz gelýär . Belki muň sebäbini seljerseň arkasyndan belli bir derejede maşgala täsiri çykar, okuw işiniň gyzyksyzlygy, mugallym tejribesizligi çykar. Köp maşgalalarda çagalar okuwa, okuwyň üsti bilen gelejege höweslendirilmeýär. (Elbetde bu meseläniň özüni aýry tema edip açybermeli) Meseläniň soňuna ýetsek okuwçylarda ýaltalygy güýçlendirýän, has dogrusy ýaltalyga iterýän ýene özümiz bolup çykýarys. Okuw okamagy özüniň gelejegi üçin bir maksat edip goýmaýan çaga bahalaryna garşy äwmezek bolýar.

Gowy bahanyň oňa hiç zat gazandyrmajagyna ynanýan çaga pes bahanyň hem oňa hiç zat ýitirtmejegini bilýär.Birinjiden, ikilik düşäýen ýagdaýynda-da baryýogy birki sany bäşlik –dörtlük baha bilen ýaňky ikilikleriň çärýege çenli düzedilip bilinýänliginde. Bu bolsa okuwçyny arkaýynlaşdyrýar. Ikinjiden , ikiligiň çärýege goýulmaýanlygynda, has dogrusy goýulmajagynda. Elbetde bu ýagdaý üçin mugallymy günäkär hasaplamak bolar, emma sebäpleri iň başdan gowy seljerseň muňa iterýän başga bir nogsanlygy görmek bolýar. Islendik okuwçynyň pes ýetişigi üçin diňe mugallym arz edilýändigi üçin, çärýeklikleri ikilik çykaraýsa ol ; käýinç eşitmeli bolar, düşündiriş ýazmaly bolar, ýazuw -çyzuw ýöretmeli iş kagyzlary köpeler, dert-aladasy köpeler, kanikul dowamynda okuwçyny mekdebe gatnatmaly bolar, kanikulda-da okuwçy mekdebe gatnamaz , öýünde tapdyrmaz, ene-ata garşylyklaryna duçar bolmaly bolar ... we ýene-ýeneler... Ýitgi diňe mugallym tarapa düşjegi üçin hem ol nämä ýüz urar - bu kemçiligi elinden geldigiçe gizlemek islär. Bir zada dogry düşünmegimiz gerek,okuwçynyň pes ýetişigi “diňe” mugallymyň günäsi diýip pikir etmeklik ýalňyş bolar.

Elbetde,mugallymyň iş tejribesi hem okuwçynyň ýetişigine täsir edýän faktorlaryň arasynda , emma ýeke ol däl. Bu ýerde ene-atanyň täsiri, dogry höweslendirilme, okuwçynyň öz islegi, maksada okgunlylygy, gowy hereket edip duran okuw sistemasy, dogry gurşaw -jemgyýet.... ýaly birgiden sebäplerem öz täsirini ýetirip dur.

Diýmek, haýsydyr bir tarapy aýby gizlemäge itermäge derek ortalykda ikisinem herekete getirjek bir sistema gerek; hem mugallymdan talaby, hem okuwçydan .

Üçünjiden, synpdan synpa geçiş ýagdaýy. Ýylyň dowamynda okuwçy hiç hili gaýrat görkezmedik halatynda, tertip-düzgün babatynda çägi näçe gezek aşan halatynda-da, synpyň iň pes ýetişýäni bolsa hem ol synpdan –synpa geçiriler. Synpynda galdyrma ýagdaýyna hiç kim ýüz uranok. Geň ýeri , nirä garasaň sowatsyzlyk bolupdyr dyz boýy, emma hiç ýerde synpynda galýan okuwçy ýok. Munuň üçinem ýene okuwçynyň özünden başga birnäçe adamyň kellesi agyrdyljagy üçin ýagdaý düýeguşuň kellesini guma sokup özüni gizlemek isleýşi ýaly bir zat bolar.
Görşümiz ýaly, meseläniň özeni ulgamda iň wajyp bölek okuwçydygyna garamazdan, ähli zat ondan sowa geçýär, iň esasy herekete getirilmeli güýç şoldugyna garamazdan, ony okamaga itermeli halatyna, arrygyny gynaman ýatyp geçirýän halata getirýän hem özümiz bolup galýan ekenik.

3. Mugallymlardan talap:



Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň aglabasynyň öz ugrundan bisowatlygyna duş gelip, olary kadr hökmünde işe alanda bilim hilini barlap görmek ýaly aýratynlyklara üns berilmeýändigine gynanýan. Bilim tarapdan görkezijileri ýokary bolan mugallymlarda sapak geçirilişini galyba salmaga gerek galanok.Aslynda sapak geçişi mugallymyň erkin çäginde bolmaly diýip hasap edýärin. Ýagny
bu meselede her mugallym öz metodikasy bilen iş ýöredip biler. Eger netije gowy bolýan bolsa, sapagyň görkezilen 7 punktdan daşary çykanynyň zyýany ýok. Şol sapagyň şonsuzam çäkli 45 minudyny öý iş soramak, berkitmek, jemlemek... ýaly galyplara salmagyňam geregi ýok.

Bilim edaralaryň mugallymyň üstünden kontroly güýçlendirmek isleýişleri elbetde gowy zat. Ýöne munuň üçin çözgüt diýip ýalňyş usullardan “peýdalanýanlary” welin gynandyryjy. Mugallymyň ýöretmeli iş kagyzlarynyň sanyny (öz üstünde işlemek ... ) köpeldibildigiňçe köpeltmek, diňe şol boýunça işine baha bermek işiň hili üçin iň täsirsiz, biderek usul diýip hasaplaýaryn. Işini şonsuzam gowy oňarýan işleýän mugallym üçin ol biderek wagt ýitgisi we goşmaça ýadawlyk. Işlemejek adam üçin bolsa ol kagyzlary doldurmak has dogrusy doldurtmak we dogrulatmak hiç hili mesele döretmez. Ol birgiden dokumentasiýa işleriniň gelýän barlaýjylaryň jübüsini galňatmakdan başga bitirýän işi ýok. Maksat mugallymyň işiniň hilini, biliminiň hilini ýokarlandyrmak bolsa ony kagyz ýüzünde amala aşyrjak bolmak bidereklik.
Säwlikleri seljeren bolsak, indi nähili üýtgeşmeleriň amala aşyryp boljakdygy hakda pikir ýöretsegem bolar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 23-04-2023, 14:26

  • menembiri1 menembiri1 off № 91 23 апреля 2023 20:32
    Nairobi,
    Aslynda sen düşünmediň!
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 92 23 апреля 2023 20:42
    Bolupdyreý, şu ýerik gelmäniňden gowsy ýoklaý.
    Jogap
  • FairXVIII FairXVIII off № 93 23 апреля 2023 20:45
    Teswiri pozub bolonokmaý?
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 94 23 апреля 2023 20:46
    TDUda kuratorlaryny dekanlaryny mugallymlaryny talyplarynyn kopusi uchurym bolanlan kopusini tanayan diyen yaly. Hemmesem oz guyjume girdim diyya. Imoda paylashyan suratlaryny goryan weli Berkararda otyrany bardyr Hantagamdan dastawka iyip otyrany bardyr ya Bayhandan dastawka iyyandir. Ashgabat mollda otyranlary bardyr. Garamayagyn ogly ya gyzy ol yerlere baryp kafelarda otyryp bilmez. Men ozum ayda 4 5 mun man tapyp men iyip bilemok shotaylaryk baryp. Diymek yoriteleshdirlen mekdeplerede we shony gutaryp okuwa giryanlerem pullyn chagasy.

    Mysal un menin okan mekdebim Ashgabat shaherinin 21nji orta mekdebi hazir Yoriteleshdirlen boldy. Chagany shotak yerleshdirmek un gowja tanysh gerek. Yerleshensonam ayyna 350 manat tolegi bar. Yene shony gutaryp sowatly bolyan pullyn mashgalasy
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 95 23 апреля 2023 20:52
    Seksopotolog..........,
    Ýo Nairobi aýtmyşlaýyn o "daşoguzdaky" ýöriteleşdirilen mekdepden biri barmys wes türkmenistan boýunça!))))
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 96 23 апреля 2023 20:57
    menembiri1,

    Nairobin ozunden gowy bilyan mashgala yagdayyny ))) kakasynyn nirede ishleyanini atasynyn name bolup ishlanini ejesinin name bolup ishlanini obasyndaky abrayyny kursdashlaryny tanayan birki sany garaz onun durmushyny ozunden gowy bilyan
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 97 23 апреля 2023 20:59
    Seksopotolog..........,
    Şonuň ýaly bir zatdyrlaý, aýtýan hemmezatdan dowolnyý bu gyzjagaz ;)
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 98 23 апреля 2023 21:04
    Dashoguzda Fizika boyuncha yoriteleshdirlen mekdep bolmaly shonda bir oglan okady we hazir aramyzda yok (yatan yeri yagty bolsun) 37 yashynda aradan chykdy 2020de. Shonun bir kursdashy bize Bash lukmanyn orunbasary bolup geldi. Kursdashy dalde klasdashy olam shol mekdepde okan. Bilimi gaty okdedi kompyuterda zat yazanda klawiuatura seredenok eken. Ozem tamojnusa ishlan shonun ishlap beren dokumendini hic hili yalnyshlyk tapyp bolonok eken. Shol oglan Milanyn bolelshigidi yalnyshmasam San Siroda giden bolmaly. Antalya gitdi. garaz shol oglan TDU tabshyrya 7 yyl her yylam 3 egzamindan gecsede konferensiyada yykylya. Yokary diplomy bolmasada Pasportstolda tamojnyda ishledi. Hemme edaralar otchedyny shona ishledyadiler 1 gezek ishlese boldy hic hili yalnyshlyk tapylanokdy hatda harp yalnyshlygam. Shol maddy yagdayy sebapli hic hili okuw okap bilmedi nace synanyshsada. Ana bilimli oglanlar zehinli oglanlar diplomsyz kosenip gownunin islan yerinde ishlap bilmeyishleri.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 99 23 апреля 2023 21:34
    Biz Ýaponiýadan 100 ýyl,Türkiýeden 50 ýyl,Özbegistandan 15-20 ýyl yzda gezip ýörüs.
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 100 23 апреля 2023 23:16
    menembiri1,
    Hawa biri bar. Tapyp ber maňa başga 7-11nji synplar okaýan, başlangyç synp okadylmaýan. Hemme sapaklar iňlis dilinde geçilýän, okuw sagady irden 8-de başlap öýlan 17:00da gutarýan, okuwçylar 8-9 sagatlap okadylýan. Tertip bal düzgünli, başgada çärýeklik bahalar ýat tutan iki agyz sözüňe dälde quiz we midtermlerde ubs synaglary esasynda baha goýulýan we şm düzgünli başga mekdep barmy?
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 101 24 апреля 2023 00:04
    Гость agzan pikirini haladym ++++
    Jogap
  • LIDER LIDER off № 102 24 апреля 2023 00:31
    "Mollalar jem bolup tapmady chare..."
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 103 24 апреля 2023 01:00
    menembiri1,
    Onda nämüçin siziň mekdep ýaly ýada şu temadaky ýaly mekdepleriň Türkmenistanda bardygyndan şu saýtdakylaryň habary ýokka!?



    Hemmäň adyndan gürlemäň. Özüňiziň habaryňyz bolman başgalar bilenok diýmeklik, ýalňyşlyk!
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 104 24 апреля 2023 01:12
    Salam Nirvana , gowmy ýagdaýlarňyz? Şony nämeden ugradyp bilersiňiz?


    Mowzuk hakda aýtsam, içimdäki zatlar) , Goldaýan.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 105 24 апреля 2023 04:54
    DonMaxx
    Гость agzan pikirini haladym ++++

    ???
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 106 24 апреля 2023 04:54
    Гость test
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 107 24 апреля 2023 10:50
    Гунлерде бир гун бир гуйчли профессор-химик гами бн бир ере гитмели болупдыр. Гамиде баряркада сакырдап озунин копбилмишлигни горкезжек болуп янындакы елагчыларынам йурегне душупдир. Шо профессор екаркы палуба чилим чекмане чыканда яны6а чилимини отламана гелен яш матросдан ,,Сен сувун формуласыны билйармин"дийип сорапдыр. Матросам ,,Ек"дийипдир. Онда профессоиам она ,, Сен омрунин ярысыны бидерек гечирипсин" дийипдир. Эртеси баряркалар денизде эрбет тупан туруп гами гарк болуп башлапдыр.. Шонда ики яна элеврап йорен профессорын янына халки матрос гелип ,,Сиз йузуп билйанизми"дийип сорапдыр. Профессорам ,Ек" дийипдир. Онда матросам она,, СИЗ БУТИН ОМРУНИЗИ БИДЕРЕК ГЕЧИРИПСИН"ИЗ дийипдир.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 108 24 апреля 2023 12:42
    kwadrat kelle,
    Öň bir alym gämä münen badyna,
    Şeý diýipdir ony sürýän adama:

    "Meniň sowalyma jogap ber basym,
    Ylym diýlen zatdan habardarmysyň"

    Gämiçi aýdypdyr: "Kitap okamok
    Seň diýýän ylmyňdan bilýän zadym ýok"

    Alym şeýle diýen: "Bu bolşuň erbet,
    Onda ömrüň ýarsy köýdi, hasap et"

    ...Olar alys syýahata ugranda
    Birden güýçli gaý turupdyr ummanda

    Gämiçi sorapdyr: "Jogap ber basym,
    Ýüzmek diýen zatdan habardarmysyň"

    "Men diňe ylyma berilen bende"
    "Ömrüň baryn köýdi hasap et onda"

    Deňziň holtumyna düşende elin,
    Ylymly bolmagam gerekdir welin

    Ýüzmegi başarmak has zerur ondan
    Şu zatlar hakda oýlangyn çyndan...


    *Hiç hili Copy Paste däl, kiçikäm okanym esasynda ýazdym:)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 109 24 апреля 2023 12:45
    Venus23,
    Ýatdan ýazan molsoň modoles. Yatkeşligiň bet eken
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 110 24 апреля 2023 12:51
    Khanture,
    18 ýaşdan aşaga seredenimde, 18den ýokary ýaşdakydan köp goşgy bilýän:)
    Goşgyň awtory Jelaleddin Rumy. 6-njy synpdakam ýörite kitabyny alyp okapdym.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 111 24 апреля 2023 13:49
    Venus23,
    Menem sheyley na, ooonki zatlar gowy yada dushya yone duyn name nahar iyenim eger eger yatda yok
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 112 24 апреля 2023 13:53
    Nirwana sende Şiraly Nurmyradyň "Gün bize garashman dogyar" romanyň pdf gornushi badymy shony poctama ugradyp beray hayysh
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 113 24 апреля 2023 14:40
    Nairobi,
    Şony aýtýan şo başga ýok diýip! Sen maňa düşüneňak
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 114 24 апреля 2023 18:01
    Bendtner,
    “Gün bize geňeşmän dogýar” bolmaly. Poçtaňy ýaz.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 115 24 апреля 2023 23:30
    Nirvana,
    +99363795812 icq nomerim.
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 116 24 апреля 2023 23:44
    Nirvana
    Bendtner,
    “Gün bize geňeşmän dogýar” bolmaly. Poçtaňy ýaz.

    Wii hawa.
    bendtner1111gmail.com
    Sagja bol kop kop, ak goyun toyuňda gaytsyn)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler