Her kimiňem ozal ýaradylşynda, häsiýetinde, bedeninde hökman bir artykmaçlyk bolýandyr. Bu anyk fakt.
Hiç kimem doga tejribesiz bolmaýar, ýöne ýüze çykmagy üçin wagt gerek we şony özüň duýup başarmaly..

Bu hem hemmämizde her hili. Käbiri doga fiziçiski süňňi daýow bolýar. Ugrunda işleseň, ine saňa taýyn sportsmen. (Meselem: Myke Taysonyň her udary 1 tonna. Buda şonyň aýratyn talanty bolmalyda. Ýogsa başga boksyory 50 ýyl trenofga etdirseňem, ol udary urup bilmez).
Käbirileriň hünär artykmaçlyklary bar. Kimleriň zehini güýçli. Garaz mysallar köp.

Daşary döwletlerde şu zatlary öwrenýän ylmy labaratoriyalar bar. Olaryň özleri seni gözläp tapýar, üstüňden işleýäler, şol artykmaç ýeriňi ýüze çykarýançalar harajatyna çenli özleri boýnuna alýar. Meselem: Kriştiano Ronaldonyň hemme analizini (gan, peşew, ýülük ýaglaryna çenli) alyp, şoňa kybapdaş gelýän hemme analizleri çöpleýäler. Bolly, öwrenip bilseň, ine size taýyn futbolist. Şonuň üçin "Real Madrid" klubynyň birnäçe yewropa ýurtlarynda öz futbol akademiýalary bar. Şol döwletiň ýaşlaryny özüne çekýär, türgenleşdirýär, tolk barlarynam professional futbola goşup göýberýär. Hemme byutjetem öz boýnuna.

Beýdip daşary ýurt mysallary bilen kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Bizde şeýle zehinliler ýokmy eýsem?. Bar, Ýöne tüneginden başga ýere çykyp görmedik ýada  "takdyrym şul" diýip başyna barmazlyk we başgada maddy sebäpler bilen ýüze çykyp bilmän ýatyr.

Men şeýlebir adamlary tanaýan. Käbiri öz doslarym, käbiri ýönekeý tanyş.

Bir kursdaşym bardy. Ors oglan, ady Igor. Daşyndan bir hili kemliräk ýaly, intresnoja endikleri bardy. Üstünden güldürýädi. Umuman talaba girip bilenokdy. Ondada sag aman gutartdyk. Ýöne iňlis dili bilen informatika gezek gelende, talyplara däl, ençeme mollymlar şondan kömek soraýardy.

Okuwçy wagtym hem klasdaş gyz bardy. Çepiksizje, gowşajyk. Emma küşt bilen şaşka oýnamakda öňüne adam geçirenok. Tä gutarýança küşt bilen şaşkada etrap, şäherara ýaryşlarda mekdebiň abraýyny saklap gezdi. Ýöne ideg görmedi. Näme üçin saklap galyp bilmediler (saklajak bir boldularmyka). Zähmet, bedenterbiýe mollymlarymyz şonuň şeýle artykmaçlygynyň bardygyny bilselerem, näme üçin degişli ýerlere duýduryp, ýoluny açmana kömek etmedilerkä. Soň-soňlar ol gyzyň maşgalasy bilen gyzyklandym, maşgalanyň maddy ýagdaýy sebäpli hatda şäherden göçüp gidipdirler. Diýjek bolýanym ene-atasyndan dil goldawyndan başga alyp biljek goldaw tamasy ýok. Şeýdip idelmän galdy. Onuň geljegi edil şol wagt hiç kimi gyzyklandyranok. Ösüş - kiçijik zatlardan başlaýar dälmi eýsem.?!

Ýene bir tanşymyz bardy. Ökde suratkeş, hudožnik. Onuňky arassa zehin. Gören zadyny kagyza edil janly ýaly edip şekilin geçirýänlerden. Mollymlarymyz sapakda - planyýew, plan zadyň suratyny  doskada çeksene, şu okuwçylara mysal getirip berjek diýse ýeterlik, mannysyny çykarýady. Şonuň üçin biziň klasymyza gelýän mollymlar görkezme esbabam ulanyp ýörenoklar, suratyny çekdirýäler)). Şol oglanam arassa ýitip giden talantlaryň biri. Şol döwür köp maşgalanyň hojalyk, iş ýagdaýlary agyrdy. Daşyrakdan gatnaýanlar okuwa gelmek üçin okuw puly hem aladady. Şo sebäpli, ýokary okuwa girmelidir, hünär öwrenmelidiris diýip pikir edýän az-azdy. Okuwy gutaryp öz günüňi görmeli - şu düşünjedi. Şol oglanam idelen bolsa belki dünýä reytiginde TOP100-lige çyksa çakaýmalydylar. Çykýanlaryň haýsysy şulardan üýtgeşikdi.

Futbol. Hatda özümiň hem çagalyk arzuwym. Köçe futbolny hemmämiz bilýäs. Twde görýän ýyldyzlaryňyzam köpüsi köçeden çykdy. Men häzir diňe ýadyma düşýänleriniň 20 sini sanap berip biljek, azajyk podeşka berseň, türkmen futbolyna abraý goşjaklarynyň. Ýaşlyk güýmenjesi üçinem oýnalýan bolsa, köpümizde arzuw bardy. Emma ol arzuwlar gözýetimden daşda ekeni. Tolk ýoklugyny bilen ne gözel talantly oglanlar geljegini pikir edip iş, okuw, gazanç üçin başga ýoldan gitmeli boldular. Iki-ýeke 2 nji ligamyza düşenlerem bar. Ýöne gözleseňem tapdyrmajak güýçli oglanlary aňsatjak ýitirdik..

Şu ýerde dowamy bar.. diýip bes edibem, ýene şular ýaly 3-4 mowzugy açmana ýeterligem talantlary tanaýan we mysal getirip biljek. Ýöne uzyn sözüň gysgasy ýagşy diýýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Dark_Wolf tarapyndan 30-01-2022, 21:43

  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 1 30 января 2022 21:54
    *Muhammet Aly 1000kg
    Maýk Taýson 800kg
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 3 30 января 2022 21:57
    Dostlukdaky Darkmy sen?
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 4 30 января 2022 22:04
    Liwerpul_fc,
    Muhammed Ali özüniň bir interwyusynda (intde wideosy bar we ýanynda Tayson hem otyr) şeýle diýýär: "tehnikada (ýagny tizlikde, çalasynlykda) men muny almagym ahmal "diýip Taýsona yşarat edýär. Ýöne ol maňa bir udary moşny ursa men ýykylaryn diýip, Taysonyň urgysyna boksýor hökmünde mynasyp baha berýär.
    Elbetde, ol ýerde urgynyň göterim sany görkezilmedik, ýöne Taysonyň urgysy güýçli bolmaly şol wagt.
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 5 30 января 2022 22:08
    menem tanaýan bir oglanym bar olam gaty owadan surat çekýädi edil doglan günümde meň edil özüm edip meň suratymy çekip portret edip sowgat etdi ýöne onam inneýän ýok oňam zehini köýjekdä
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 6 30 января 2022 22:10
    Nairobi,
    Hawa, bolup bilsegä şol
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 7 30 января 2022 22:11
    ýüreksözi,
    Äkit, tanyşdyr öz spesleri b.n, eger alajyň bolsa. Öňüne düş.
    (Aslynda-ha özi gymyldamaly welin)
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 8 30 января 2022 22:13
    Dark_Wolf,
    OOO gözlerime ynanamok bamyň gowmyň sen?
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 9 30 января 2022 22:13
    Dark_Wolf,
    Howwa menem şony maslahat berýän meň bir tanşym güýçli hudoznik inniki hepde şoň ýanyna giderisdä bile dp otyryn özüm gynanjakda şoň zehini köýse
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 10 30 января 2022 22:19
    "Her kimiňem ozal ýaradylşynda, häsiýetinde, bedeninde hökman bir artykmaçlyk bar."

    Dogry, onam aýarlaýan zat gen. Süňküň iriligi, boýuň uzunlygy, ýetkeşligiň gowylygy, gözüň ululygy ýada kiçiligi, gulagyň eşitgirligi, bedeniň maýşgaklygy ýada iň bolman ýasydabanlyk we ş.m hem ene-atanyň geniniň, perzendine berýän peşgeşi. Gen tarapyn berlen aýratynlygy tapyp, tejribe üstünde kämilleşdirmek, size şol ugurdan uly derejelere ýetmegiňize ýardam eder.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 11 30 января 2022 22:19
    Nairobi,
    Gowy, gowy. Bar.
    Köne niklerdenmi sizem
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 12 30 января 2022 22:22
    Dark_Wolf,
    Kimdigimi eşitseň keypiň bozular :(
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 13 30 января 2022 22:23
    Ýöne şeýle adamlary tapmakda we aýratynlygy ösdürmäge goltgy bermezlik "Döwlet adam üçindir" aýtgysyny baş ýörelge hökmünde ulanýan ýurt üçin bir galyba sygmajak zat.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 14 30 января 2022 22:25
    Aý beýle talantlar birhili burny deşilen ýaly ýuwaş bolýarlar. Meniññem tanaýanlarmyñ içinde bar surata okde, kuste, saza kanda garaz. Yone birä ýuwaş, oñ ustinede jubileri ýukarak.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 15 30 января 2022 22:27
    Mende dagy käbir kişileñki yaly talant bolsa dunyani oruzerdim afr
    Men talant
    Men TALANT dp hihi hehehe
    Jogap
  • MEKAN MEKAN off № 16 30 января 2022 22:28
    Turkmende zehinliler kan yuze cykarlanok yone dasary yurt futbolyslary gorsen jany teni bilen oynayalar ayagny zadyny dowdirip sebabi olara kan mukdarda pul tolenya bizinkiler bolsa iki 3 mun manat aylyk ucin ayagny dowduresi gelenoklar kopirak pul tolesen bizin futbalyslaram yokary derejelere yetermika diyyan konor magregir yalary suwsyz akidip susyz getirjek oglanlar bar turkmende yone name her kimin aladasy derdi ozine yetik
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 17 30 января 2022 22:33
    MEKAN,
    Ýagsumardowam hilebir zat ozinden monça(barde tutlyşanda aýlap urdlar) Habibi ýere çylpajaklaram bar bizde
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 18 30 января 2022 22:33
    Ötegçi,
    "Aý beýle talantlar birhili burny deşilen ýaly ýuwaş bolýarlar."

    Sebäp, biziň jemgyýetde ilden tapawutlanmak aýratynlyk dälde, kemçilik hökmünde garalýar.
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 19 30 января 2022 22:33
    MEKAN,
    konor magregary biziň dogumlylarmyz bir şarpykda ýatyrýa ol inni norm ýöräp oňaranoga hihi
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 20 30 января 2022 22:35
    Hiayres,
    Biz üsti açylmadyklaryň gürrüňini etdik. Emma, özüni tanap, özünde bir zatlaryň bardygyny aňyp bilenleriň hem öňünde problemalary köp. Buda hem şol şahsdaky nowjuwan zehini gyrýar, kütek edýär. Meselem: Öňünden ýeňijisi belli edilen olimpiadalar, ýyllar boýy taýynlygyň BAŞ serpaýy sygryň dili ýaly "hormat hat" we.ş.m

    Ol günlerem görerislaý. Gözümiz açykga göräýsekdä ýöne ;)
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 21 30 января 2022 22:36
    Nairobi,
    Aýtda dyn şonda-da.
    Gowy garşylanyň üçin bagyşlaryn)
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 22 30 января 2022 22:37
    Öňünden ýeňijisi belli edilen olimpiadalar, ýyllar boýy taýynlygyň BAŞ serpaýy sygryň dili ýaly "hormat hat" we.ş.m

    Yuregimi dyrmalap gitdi şu sözler
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 23 30 января 2022 22:38
    Ötegçi,
    "Habibi ýere çylpajaklaram bar bizde"

    Hadi ýa, biraz realist bolalyň. Göreşi sungat hökmünde garaman diňe bir başyny çaramak üçin tutluşýan (soňky döwür olam ýok) adamlarda, näçe ýylyň tejribesini özünde toplap, esasy kärini şol edinen adamy çylpan çykar öýtýäňmi?!
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 24 30 января 2022 22:40
    Dark_Wolf,
    modmozel :(
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 25 30 января 2022 22:40
    Цитата: Hiayres
    Ötegçi,
    "Habibi ýere çylpajaklaram bar bizde"

    Hadi ýa, biraz realist bolalyň. Göreşi sungat hökmünde garaman diňe bir başyny çaramak üçin tutluşýan (soňky döwür olam ýok) adamlarda, näçe ýylyň tejribesini özünde toplap, esasy kärini şol edinen adamy çylpan çykar öýtýäňmi?!

    men wara ine boks
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 26 30 января 2022 22:42
    Dark_Wolf,
    "Rybak rybaka widit izdaleka" diýýär. Şol üsti açylman ýatan talantlaryň üstüni açmak üçinem şol ugurdan professianal adamlar gerek. Sebäp, adaty adam, belli bor adamyň aýratynlygyny saýgaryp bilenok.
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 27 30 января 2022 22:45
    Meň bir tanyşym bar,lakamy Ronaldo). Futbol oýnaýşyny göräýseňiz dagy özüňizem diýýäňiz şoňa. Talan hemme ýerde,hemme ugurdanam tapylýa bizde-de. "Kelle bar,ideg ýok" diýämi türkmen aga?!
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 28 30 января 2022 22:45
    Sende dost, Tirkiş Jumageldiýewiň "Ömür dawasy", "Janserek", "Merwden Mekgä çenli" ýada "Milli oýun" diýen kitaplarynda hiý ýokmaý?!
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 29 30 января 2022 22:45
    Nairobi,
    Gowy tanyş sen. Seň b.n ajaşan ýerim ýok. Diňe kööööp gürlemeseň bolýa...
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 30 30 января 2022 22:45
    Liwerpul_fc,
    talant* urya
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler