Şol aýdylýan“ adamyň gözleginde.
Siz erkek adamda haýsy häsiýetleri möhüm hasaplaýarsyňyz? Siziň pikiriňizçe, haýsy tipli adam oňat söýgüli bolmaga ukyply?
„Maşgala žurnalynyň“ ýaňy-ýakynlardaky öwrenenleri şu günki günde köp aýallar üçin, duýgurlygyň sanawda birinji ýerde durýandygyny görkezdi.
Hakykatda, owadan erkek soralanlaryň sähelçe bölegini özüne çekýär.
Biziň köpimiz özümizi bagtly edip biler diýip çak edýän adamymyzyň
gözleginde agtaryja dönýäris. Sankt-Peterburgda sallahlaryň konferensiýasynda meniň ýanyma otuz ýaşlaryndaky aýal gelip şeýle diýdi: „Jenap
Makdawell, özümiň äre barmak isleýän erkegimiň tipi barada gürrüň bermäge maňa rugsat beriň“. Ol ellerini galgadyp, özüniň erkeklerden gözleýän kyrk dokuz häsiýeti özünde jemleýän sanawy açyp öňümde goýdy.
Onuň sanawyny görüp, men oňa: „Hanym, size är däl-de, Isa gerek“ — diýdim. Emma diňe aýallar erkekleriň häsiýeti barada sanaw düzmeýärler. Kiýew uniwersitetinde meniň ýanyma ikinji kursda okaýan talyp ýigit geldi we öz gündeligini görkezip, şeýle diýdi: „Men özümiň öýlenmek isleýän aýalymyň häsiýetnamasyny görkezmek isleýärin“. Onuň sanawyndaky on dört häsiýetden diňe wepalylyk we mylaýymlyk ýadymda galdy.
Bu gezek men başgaça çemeleşdim.
„Size sorag bilen ýüzlenmek mümkinmi? Siziň özüňiz şu sanawa näçeräk dogry gelýärsiňiz?“ — diýip soradym.
- „Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?“ — diýip, ol sorady.
„Siziň geljekki aýalyňyzda bolmaly häsiýetler" — diýip, men jogap berdim. — "Olar siziň öz gylyklaryňyzda barmy?“
Men onuň oýlanyşmaga durandygyny gördüm. „Iş «şol aýdylýan» adamy tapmakda däl, — diýip, men dowam etdim,-
nikada «şol aýdylýan» adam bolmak — ine esasy ähmiýet. Eger size şa
gyzy gerek bolsa, onda size hem şazada bolmak gerek. Eger size söýýän adam gerek bolsa, onda siziň hem söýüp bilmegiňiz gerek“.
Söýginiň syryny gözlemeklik edil kelläňdäki äýnegiňi ýa-da eliňdäki açaryňy gözlemäge örän meňzeşdir.
Emma nädip biz „şol aýdylýan“ adam bolup bileris? Biziň duýguly
durmuşymyzyň biziň häsiýetlerimizden gelip çykjakdygyna düşünmeklik örän möhümdir.
Siz hasabatyň ölçegine öwrülersiňiz
Haçanda kimdir-biri „Oňat aýal ýa-da erkek bolmaýar“ — diýip bellände, men şeýle jogap berýärin: „Belki, mesele oňat aýalyň ýa-da
erkegiň ýoklugynda däl-de, siziň özüňizde bolaýmasyn".“ Men, munuň köpler üçin oňat derman boljagyny bilýärin, emma iş oňat aýallaryň we güýçli erkekleriň, oňat aýallara we erkeklere tarap çekýändigindedir.
Muny tassyklamak bilen doktor Ewelin Dýuwall we doktor Ruben Hill şeýle ýazýar:
''Haçanda nikalaşanyňyzda siz özüňiz bilen näme getirýärsiňiz? Täze şkaf? Bankdaky tegelek hasap? Size miras galan mebeli?
Bir-iki sany ekleýjiňizde galan garyndaşlaryňyzy? Ösmegiňize
ýardam berjek oňat işiňizi? Siziň duýup boljak baýlygyňyz ýa-
da bergileriňiz nähili bolanda hem has möhüm zat bar: bu siziň şahs bolmagyňyz, başgalara degişlilikde özüňizi alyp barşyňyz we nika alyp gelen özüňizi alyp barşyňyzyň görnüşi.
Siziň özüňiziň nähili adamdygyňyza siziň nikaňyzyň nähili boljakdygy baglydyr. Eger siz şadyýan, hemme tarapy deň tutup bilýän adam bolsaňyz, onda, siziň nikaňyzyň bagtly boljakdygy aýdyňdyr.Eger şu çaka çenli size göwni galmak bilen däl-de, kanagatlanma duýgusyny almak bilen öwrenişmeklik başardyp gelýän bolsa, onda siz maşgalalylyga we är-aýallyga
kanagat bilen öwrenişersiňiz. Eger siz öz ykbalyňyzdan öýkeli we kanagatsyz bolsaňyz onda size bagtly durmuşy we „dag
ýaly şatlygy“ arzuw etmeziňizden öň üýtgemek gerek.
Dýuwall we Hill şowsuz nikalaryň köpüsiniň sebäbinin durmuş ýoldaşyňy
nädogry saýlamakda, pul ýetmezligi, jynsy taýdan gabat gelmezlik we din diýip hasap edilýändigi barada netije çykarýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, kanagatlanmazlyk hakykatda siziň nika näme getireniňizdedir.
Birleri nika ýanýoldaş üçin uly ähmiýeti bolan taýýarlyk bilen gelmegi nygtaýarlar. Är-aýal gatnaşyklarynda üstünlik birleşmäge şatlanmak we söýüp we söýlüp bilmek endiklerini getirip bilmek ukybyndan gelip
çykýar. Bular duýgy taýdan bişişen şahsyň häsiýetleri bolup, siziň nika getirip biljek iň oňat mirasyňyz hasaplanýar. Bu barada Elof Nelsonyň „Siziň bilelikdäki durmuşyňyz“ atly kitabynda: „Är-aýallykda üstünlik — bu ýöne dogry adamy tapmakdan hem köp durýar. Dogry adam bolmak has möhüm. Men özüm bilen maslahatlaşýan ýaşlaryň özlerine kämil jübüti onuň nähili taý alýandygy barada alada etmezden gözleýändiklerine göz ýetirdim“.
Eger siz ajaýyp adam bilen nikalaşmak isleýän bolsaňyz, onda siziň özüňiziň hem ajaýyp bolmagyňyz gerek. Özüňiziň haýsy şahsy
häsiýetleriňizi üýtgetmeli boljakdygyna düşünmek aňsat zat. Öz taýyňyzda görmek isleýän häsiýetleriňiz barada sanaw düzüň. Soň bolsa her bölegi boýunça şol sanawa özüňizi deňeşdirip görüň. Är-aýallyk diňe „almak-bermek“ görnüşi boýunça bolup biler; siz özüňiziň almak isleýän zadyňyzy bermegi hem başarmaly. Bir terapewt şeýle degişipdir: „Diňe iki zat şowsuz nikanyň sebäbi bolup biler aýal we erkek!“
Alýan zadyňy gazan
Biz özümiziň gazanan zadymyzy alýarys. Ýazyjy Bob Fillips tarapyndan ulaldylyp görkezilen hem bolsa, biziň alýan we agtarýan zadymyzy
suratlandyrmakda ol gatybir hakykatdan daş hem däl.
Aňrybaş oňat aýal: her bir erkek nämä garaşýar?
* Hemişe owadan we şadyýan aýal tele ýyldyzyna hem durmuşa çykyp
bilerdi, emma ol diňe siz bilen durmuş gurmak isledi. Onuň hiç-haçan
serenjam bermek gerek bolmaýan saçy bardy.
Ýagyş bilen ýuwup aýryp bolmajak şugla eýe. Gymmatbahaly şaý-seplere we possunlara bolan allergiýa keselinden başga zat bilen
kesellemeýär.
Öý goşlaryny özbaşdak ýerinden gozgaşdyrmak onuň syraty üçin peýdalydygyny tekrarlaýar.
Kulinariýa, arassaçylyk, ulaglary we telewizory bejermek, öýleri
reňklemek we dymmak boýunça ussa.
Kredit kartalaryny ýigrenýär.
Onuň iň halaýan soragy: „Mähribanym, men seniň üçin ýene näme
edip bilerin?“
Sizde Eýnşteýniň aňy we „Amerikanyň jenabynyň“ syraty bar diýip
hasap edýär.
* Öýde ýeke galyp arkaýyn tikin işlerini etmek üçin, siziň dostlaryňyz
bilen nirädir bir ýere gitmegiňizi isleýär.
Sizi jyns gatnaşyklaryna ökde bolanyňyz üçin söýýär.
Ol näme alýar
* Ol aýal minutda 140-dan 180-e çenli sözleri aýdyp bilýär.
Ol birwagtlar totem diňinde model bolup işläpdir.
* Ol säher bilen az-azdan iýmäge başlaýar.
Nirede tüsse bolsa, ol şol ýerde taýýarlaýar.
Sizde iki kemçiligiň bardygyny: siziň aýdýan zatlaryňyzyň we edýän işleriňiziň barysyny aýdýar.
Ol olary nähili goýsa-da onuň saçlary makaron fabrikasynda partlama bolana meňzeýär.
Eger siz ýitirseňiz siz gapjygyňyzy açyň ol sizi tapar.
Aňrybaş oňat är: aýal nämä garaşýar?
* Ol oňat gürrüňdeş bolup biler.
Örän duýgur adam-ýagşy gylykly we düşünjeli, hakakatdan söýýän.
Örän köp işleýän adam.
Gap-gaçlary ýuwmak, tozan sorujy bilen pollary arassalamak, mellekde işlemek bilen öýe kömek berýän adam. Aýalyna çagalary ösdürmekde kömek berýän adam.
Ruhy we fiziki taýdan ösen adam.
* Edil Eýnşteýn ýaly akylly, emma edil Robert Redforda meňzeýän adam.
Aýal näme alýar
* Ol aýalyny iň oňat restoranlara alyp barýar. Haçanda bolsa bir gün ol ony içine hem girizer.
Onuň özünde ýara ýok, sebäbi onuň özi şol keseliň başgalarda döremegine sebäp.
Her gezek onda täze bir pikir peýda bolanda ol oýmaga sygarlyk bolýar we onda başga zat galmaýar.
Ol tanymal gudrat dörediji — haçanda ol bir zat edende gudrat
döreýär.
Ol öz aýalyna şeýle endikde kömek berýär — ol oňa işlemekligi dowam etmäge ýol berýär.
Ol şeýle bir ýürege düşgünç, hatda ol size öwgüli sözleri aýdanda hem bizar edýär.
Onda dymmak endigi seýrek peýda bolýar we ol ony ajaýyp gürrüňdeşe öwürýär.
Elbetde, siz gürrüňiň näme barada gidýändigine düşünýärsiňiz. Şowly nikanyň altyn düzgüni şeýleräk nusgalanyp bilner: eger siz öz jübütiňizde haýsydyr bir häsiýeti görmek isleseňiz, şony özüňizde terbiýelemäge
çalyşyň. Peýdaly söýgä we alada gurşalan maşgala gatnaşyklaryny gurmak
uzak wagty we zähmeti talap edýär. Hakykatda, gurmak bütin durmuşyň dowamynda gerek bolýar. Entek söýüşilýän wagtda peýda bolan tekepbirlik häsiýeti terbiýelemek, oňat nikanyň esasy hasap edilýan päk söýgä öwürmek uly erjelligi talap edýär.
Josh McDowell
''The Secret of Loving''
Bilim, Jeksparro tarapyndan 12 hours ago
Ine spesalistden dogry maslahat.2(ozuce yazyanlar doly okañ)
Bilim,
biohimik.
tarapyndan
6-11-2021, 18:27