ABŞ-nyň Döwlet departamenti DarkSide hakerler toparynyň işinde esasy orun eýeleýänleriň nirededigi baradaky maglumatlar üçin uly pul baýragyny wada berdi. Bu barada rg.ru habar berdi.
Şeýle hem ABŞ-nyň administrasiýasynyň "täze amallara" gatnaşmagy meýilleşdirýän kiber jenaýatçylary ele salmaga kömek etjek maglumatlar üçin bäş million dollar tölemäge taýýardygy bellenilýär.
"Interfaks" gullugy transmilli jenaýat topary bolan DarkSide-yň Gündogar Ýewropada ýerleşýändigini aýdýar. Olar öz bet niýetlerini amala aşyrmak üçin ýörite wirus ulanýarlar.
Şu ýylyň ýazynda ýangyç turbageçirijisini dolandyrýan Colonial Pipeline amerikan kompaniýasy hakerler zerarly ejir çekdi. Kiber hüjümçiler kärhananyň işini petiklän maglumatlary şifrden açmak üçin töleg talap etdiler. Bu hüjüm ABŞ-nyň gündogar kenarýakasyna nebitiň iberilmegi bilen baglanyşykly kynçylyk döretdi we ýurduň köp ýerinde ýangyç guýulýan stansiýalarda benzin ýetmezçiligine sebäp boldy. Ýangyç ýetmezçiligi bir hepdeden gowrak dowam etdi.
ABŞ DarkSide-yň hakerleri baradaky maglumat üçin 10 million dollar baýrak goýdy..........
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
11-11-2021, 11:23