Nemesler däliräpdir tüweleme
Katar 2022 Dünýä Kubogyny saýlama tapgyrynyň çäklerinde Ýewropa zolagynda düýnki oýnalan duşuşyklarda uly hasaply ýeňişler hasaba alyndy. Katar 2022-ä gatnaşmaga ozal hukuk gazanan Germaniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lýuksemburgy kabul etdi. 9-njy minutda lýuksemburgly Hoferiň gyzyl kart almagyndan soň nemesler 9 gol geçirdiler. Gollary 11-nji minutda penaltiden Ilkaý Gündogan, 20-nji minutda Daniel Kaufman öz derwezesinden, şeýle-de 22-nji we 49-njy minutlarda Leroý Sane, 23-nji minutda Marko Roýs, 76-njy we 86-njy minutlarda Tomas Müller, 80-nji minutda Riddl Baku hem-de 89-njy minutda Maksimillian Goppel geçirdi. Hans Flikiň tälimçiliginde Germaniýanyň ýygyndysy bassyr 6-njy ýeňşini gazandy. Şol oýunlarda 27 gol geçiren nemesler 1 gol geçirtdi.
Toparçadaky beýleki oýunlarda Rumyniýa bilen Islandiýa golsuz deňme-deň oýnady. Myhmançylykda Ermenistany 5-0 ýeňen Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna gatnaşmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.
Toparçadaky beýleki oýunlarda Rumyniýa bilen Islandiýa golsuz deňme-deň oýnady. Myhmançylykda Ermenistany 5-0 ýeňen Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna gatnaşmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
8 комментариев