Basyñ basyñ dislike basyñ !




Düýşlerimizde öljek bolanymyzda, her gezek gorkudan oýanýarys. Muny hemmämiz diýen ýaly başdan geçirip görendiris. Näme üçin düýşümiz ölüm pursatyndan soň dowam etmeýär we her gezek birden gözümizi açýarys? Munuň jogaby ylymda saklanýar.

Bu syrly meseläniň asyl sebäbini aýtmazdan ozal aşakdakylary düşündirmek zerur: düýşler “REM” ukusy diýilýän wagt görülýär. REM uky iňlis dilindäki rapid eye movement” (ýagny, çalt göz hereketi) sözüniň baş harplaryndan düzülendir.

Ukynyň her basgançagynda düýş görmek mümkin bolsa-da, diňe “REM” ukusy wagtynda görlenleri ýatda saklamak bolýar. Bu etapyň gyzykly aýratynlyklaryndan biri, beýnimizden çykýan elektrik signallarynyň uky wagtynda çykýan signallar bilen birmeňzeş bolmagydyr. Başgaça aýdylanda, beýnimiz “REM” ukusy wagtynda oýanan wagtymyzdaky ýaly hereket edýär, şonuň üçin bu ýagdaýa “paradoksiki uky” diýilýär.

Onda näme üçin her gezek düýşümizde öljek bolanymyzda oýanýarys?


Bu soraga “ölümi başdan geçirmezlik, ahyret durmuşyny bilmezlik” ýaly sebäpleri hödürleýänler bar bolsa-da, bu diňe rowaýat. Esasy sebäbi gaty ýönekeý, düýşümizde it yzymyzdan ylgaýarka gysga wagtyň içinde oýanşymyz ýaly, ölüm pursatyna ýakynlaşanymyzda oýanşymyz hem bu ýagdaýa meňzeýär.

Iki ýagdaý hem gaty stresli bolansoň, beýnimiz çalt oýanýan köp mukdarda adrenalin çykaryp başlaýar. Şonuň üçin bu düýşler has ýatda galýar. Şeýle-de bolsa, köp adam düýşleriniň 95%-ini ýatda saklap bilmeýär.

“REM” ukusy wagtynda bedenimiz ysmaz diýen ýaly we myşsalarymyz hem işlemeýär.


Adamlaryň arasynda “gara basmasy” diýlip tanalýan waka bu döwürde hem başdan geçirilýär. Käwagt gözlerimiz açylýar we myşsalarymyz işlemezligini dowam etdirýär. Bu hem “gara basmasy” diýlen gep-gürreňiň döremegine sebäp bolýar. Düýşlerimizde ölüm pursatynda bölünip çykan adrenaliniň kömegi bilen myşsalarymyz hem işjeňleşýär. Sebäbi şol bir wagtyň özünde uklap we adrenalin duýup bilmeris. Şonuň üçin agdyklyk edýän tarap sebäpli oýanýarys.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ejegyz tarapyndan 16-11-2021, 20:28

  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 1 16 ноября 2021 20:32
    Gyzjagaş dislike basýanlar señ göripleriñ we janýaltjak duşmanlaryñ...

    Düýş meselde bolsa ýürek aşibka berip zagruska edýä şoñ üçin oýanýañ.....
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 2 16 ноября 2021 20:44
    gaty gowy blog ,sheyle syrly hemde gyzykly temalary gowy goryan .paylasyp dur
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 3 16 ноября 2021 20:44
    Iň soňunda öljek bolsak, näme üçin ýaşaýas diýsene...
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 4 17 ноября 2021 08:18
    geçip barýaka sowlan,
    Men olary duşman hasap edemok duşman bolsa maña merdi gerek . Gorkup dislike'laryñ arkasynda gizlenip yören namartlardan duşman bolarmy ?!
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 5 17 ноября 2021 08:19
    SaDMaN,
    Köp sagboluñ !
    baş ustune !
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 6 17 ноября 2021 08:20
    MerdanGeldiyevv,
    Soñumyzy görmek üçin yaşayas !
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler