Çaga psihologiýasy barada ene-atalaryň ýa-da geljekde ene-ata bolmaly ýaşlaryň käbir bilmeli esasy ylmy maglumatlary bar. Bu ylmy maglumatlar bilen çaganyň özüni alyp barşyny has gowy analiz edip we ösüşi üçin dogry jogaby berip bilersiňiz.
ÝUNISEF tarapyndan neşir edilen Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň birinji maddasyna görä, her bir 18 ýaşa çenli ýetmedik ynsan perzendi çaga hasaplanýar. Mundan başga-da, çagalyk hemmeler üçin uzyn we kyn prosesdir, sebäbi çaga psihologiýasy ulularyň şahsy psihologiýasy ýaly, has çuň. Ene-atalar, mugallymlar we çaganyň töweregindäki adamlar çaga psihologiýasy barada ýeterlik bilimleri bolmasa, ownuk wakalar geljekde uly meselelere ýol açyp biler.
Çaga psihologiýasy barada ylmy maglumatlar:
1. Dyrnak iýmek çagalarda dartgynlylygyň alamatydyr.
Uly adamlarda bolşy ýaly, çagalarda-da dartgynlylyk duýgusy dyrnak iýmek endiginiň düýbüni tutýar.
2. Çagaňyza bil baglap, işdäň ýetmezçiligini ýeňip bilersiňiz.
Çagalarda işdäň ýitmegi ene-atalar tarapyndan umumy mesele hökmünde görülýär we köplenç psihologiýa bilen baglanyşykly däl.Şeýle-de bolsa, bu wagtlaýyn bir prosesdir. Käwagt çagalar iýmitiň diňe bir görnüşini halaýarlar ýa-da şol bir iýmiti ýigrenýärler. Çagaňyza garşylyk görkezmegiň ýerine, oňa uýgunlaşmaly.
3. Çagalaryň beýnisi, ulularyň beýnisi bilen birmeňzeşdir.
Erbet psihologiýasy bolan çagany nädip düzetmelidigi baradaky soraga iň ýönekeý jogap: Özüňiz ýaly hereket ediň. Sebäbi çagalaryň we ulularyň beýnisi we pikiri birdir. Elbetde, uly ýaşly adamyň öwrenýän we başdan geçirýän zatlaryny bilenoklar, ýöne beýniniň gurluşlary ulular bilen deňdir.
4. Ýerine buşukmagyň sebäbi stres we alada bolup biler.
Ýerine buşukmak 5 ýaşa çenli çagalarda gabat gelýär. Şeýle-de bolsa, 5 ýaşdan soň ýerine buşukmak, çaganyň psihologiýasyna soňundan hem erbet täsir edýär. Ýerine buşukmak fiziki ýa-da psihologiki meseläniň görkezijisi bolup biler. Şeýle hem, ýerine buşukýan çagalaryň köplenç duýgularyny beýan etmekde kynçylyk çekýändikleri anyklanyldy.
5. Çagalardaky aýralyk aladalary adaty zat.
2 ýaşa çenli çagalaryň ejesi-kakasy ýa-da bir terbiýeçisi gidenlerinde aglamagy adaty zat. 3-5 ýaşly oglanjygyň psihologiýasy üçin, esasanam ejesi nirädir bir ýere giden ýagdaýynda aglamagy adatydygy mälimdir.
6. Okuw üçin sosial araçylardan peýdalanmak amatlydyr.
Çagalarda okamak sosial araçylaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Çaga bilýän zatlarynyň hemmesini ejesinden-kakasyndan, ýaşulularyndan, terbiýeçilerinden, mugallymlaryndan we deň-duşlaryndan öwrenýär. Bu pursatda sosial araçylaryň sany näçe köp bolsa, çaganyň okuwa bolan ukyby şonça-da ösýär.
7. Doganlaryň arasyndaky basdaşlyk gabanjaňlyk we ynam bilen baglanyşykly bolup biler.
Basdaşlyk esasanam ilkinji gezek doganlary bolan çagalarda bolýar. Munuň sebäbi, her pursadyny öýe täze doglan çaga gelýänçä özi bilen köp wagtyny geçirýän ene, indi täze doglan çaga has köp ideg etmeli bolýar we uly çaga ýeterlik wagt aýyryp we ol bilen oýun oýnap bilmeýär.
8. Çagalar berk bilim bilen däl-de, erkinlik bilen ösüp ulalýarlar.
Ilkinji 4 ýyl çagalar üçin bilim taýdan gaty möhümdir. Şeýle-de bolsa, bir çaga onuň üçin gyzykly bolmaýan berk bilimiň ýerine erkin bolmak bilen şeýle-de öz duýgularyny beýan etmek arkaly has öndürijilikli ösüş prosesine eýe bolar. Çagalaryň öwrenen zatlaryny we beýleki çagalardan yza galýanyny galmaýanyny yzygiderli barlamak dogry däldir.
Ene-atalaryň çaga psihologiýasy barada bilmeli 8 ylmy maglumaty
Bilim,
Ejegyz
tarapyndan
17-11-2021, 10:27