Inede Akrap ýyldyzynyň döwri tamamlanyp meniň döwrüm Kowus (Keman) ýyldyzynyň döwri ýetip gelýär. Kowuslar barada ählisi şu blogda.
Kowus (Keman)
23 noýabr - 21 dekabr
Ugurly güni: Penşenbe.
Planetasy: Ýupiter.
Ugurly sanlary: 3, 12, 582, 943.
Daşy: Topaz, ametist.
Reňk: goýy mawy, melewşe.
Güller: Nartsis, Hrizantema.
Aýdym-saz: Pop, Rok, Rep.
Häsiýeti: Aktiwlik.
Erbet häsiýeti: Ikiýüzli.
Islegi: Meşhur bolmak.
Düşinşýärler: Hamal, Eset.
Düşinşmeýärler: Seretan. Hut.
Bitarap: Sünbüle, Akrap.
Kariýerasyna kömekçi: Sünbüle.
Duýgyda kömekçi: Hut.
Maddy tarapdan: Hamal.
Maşgalaly bolmak üçin: Jöwza, Hamal, Daluw, Eset, Kowus, Terezi.
Umumy häsiýetnamasy.

Kowus (Keman 23.11—21.12) döredijilikli, erkli ýyldyzdyr. Halaýan reňki mawy. Üstünlik getirýän daşy — topaz. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar “liderler”. Elmydama öwrenmeklige ymtylýar, hereketli we ideýalara, täzeçilliklere baýdyr. Olar bütin ömrüne meşhur bolmaga tarap ymtylýarlar. Özgeleriň pikiri kowus üçin möhüm. Kemanlar durmuşynda köplenç üstünlik gazanýarlar. Olaryň gyzyklanmalary örän köp, şeýle-de tanyşlary hem ýeterlik. Kowuslar köplenç halatlarda biznes ýöredýärler, şol sanda ýany bilen hem mugallym ýa-da syýasatçy bolmagy hem başarýarlar. Onuň adamlar hakyndaky aladasy we filosofiýa ylmyna bolan söýgüsi, geljekde uniwersitetde mugallym ýa-da syýasatçy bolmagyna sebäp bolýar.

Utanjaň kowuslar az gabat gelýär. Olar köpçülikde bolmagy, gurmaçylyk etmegi halaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ökde türgen bolup bilerler. Sebäbi kowusyň fiziki ýagdaýy gowy, hem çydamly. Olar esasan hem at üstündäki sportlary halaýarlar. Kowuslaryň ähli zada bolan pozitiw gatnaşygy dost-ýarlarynyň köp bolmagyna sebäp bolýar. Ol adamlar üçin açyk. Maslahat bermegi, gürrüň etmegi halaýarlar. Köpçülik bilen işleşmegi, olaryň pikirlerini bilmegi gowy görýändikleri üçin, kemanlar deputat, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary hem bolup bilerler. Olar maksadaokgunly. Eger bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara ynansaň, olar islendik maksadyna ýetip bilýärler.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Durmuşa bolan pozitiw garaýşy we erki kowuslara durmuşda ýüze çykýan ähli kynçylyklardan aňsatlyk bilen çykmagy başardýar. Bu häsiýetleri bilen, ol durmuşda “dim-dik” durmagy başarýar. Olar täzeçilligi gowy görýärler we üýtgeşmelere durnukly hasaplanýar. Olar durmuşlarynda gabat gelýän şowsuzlyklara üns bermeýärler. Olaryň durmuşy hat-da bir pursat hem bir ýerde duranok. Yzygiderli üstünlikler, şowsuzlyklar, şatlyk, gynanç….

Muňa garamazdan kowusyň hem kemçilikleri bar. Ýagny ol islendik işde meýilnamalaşdyrmagy başaranok. Olaryň şygary: Şu wagt we şu ýerde. Pikirlenmän edýän hereketleri kowusa zyýan berip bilýär. Olar ilki aýdar, ýerine ýetirer we eýýäm soňunda pikir ederler.

Söýgüde

Kowus söýgülisiniň “ideal” bolmagyny isleýär. Ol öz ýaryny söýse, oňa dünýädäki ajaýyplyklaryň ählisini görkezmek islär. Olar gaty göregen, dawalarda ýa-da düşünşmezliklerde örän gödek hem bolup bilýärler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar sebäpsiz gaty görüp hem bilýärler. Kowus köp zatlary öz söýgülisi bilen etmegi halaýar, ýagny öz söýen ýary bilen gezelenç etmek, syýahat etmek, halaýan bir işi bilen meşgul bolmak ýaly gyzyklanmalar kowusyň “ýürek küýsegi”. Olar tereziler bilen durmuş gursalar bütin ömrüne bagtly bolarlar. Balyklar bilen oňuşanoklar.

Saglygy

Kowuslar saglygyna örän üns bermelidirler. Olar kadaly iýip-içip, hereketde bolmasalar, gan goýulyk, damar dykylma ýaly ýagdaýlar bilen duş gelip bilýärler. Şeýle-de kowuslaryň arasynda oňurga agyrlylary hem az gabat gelenok.

Gyzyklanýan ýurtlary

Awstraliýa, Madagaskar, Portugaliýa, Saud Arabystan Patyşalygy, Fransiýa, ABŞ (Kaliforniýa), Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela, Ispaniýa, Kamerun,

Şäherleri

Bagdad, Köln, Akapulko, Los-Anjeles, Woronej, Awinon, Ştutgard, Budapeşt, Sent-Luis, Neşwill, Çattanuga.

Meşhur strelesler
Mark Rufallo aktýor 22.11.1967
Raj Kapur aktýor 14.12.1924
Ýuriý Nikulin aktýor 18.12.1921
Ben Stiller aktýor 30.11.1965
Skarlet Ýohanson aktrisa 22.11.1984
Nikki Minaj repper 8.12.1982
Taylor Swift aýdymçy 13.12.1989
Brus Li aktýor 27.11.1940
Bred Pit aktýor 18.12.1963
Wolt Disneý multipokator 5.12.1901
Bethowen kompozitor 17.12.1770
Artur Klark ýazyjy 16.12.1912
Dik wan Daýk aktýor 13.12.1925.
Amy Lee aýdymçy 13.12.1981
Sertab Erener aýdymçy 4.12.1964
Göksel aýdymçy 25.11.1971
Nostradamus astrolog 14.12.1503
Iosif Stalin 18.12.1878
Rim papasy Fransis 17.12.1936
Mari Tussaud heýkeltaraş 1.12.1761
Miley Cyrus aýdymçy 23.12.1992
Ketti Holms aktrisa 18.12.1978
Frank Sinatra aýdymçy 12.12.1915
Ozzy Ozborn aýdymçy 3.12.1948
Pablo Escobar narkobiznesmen 1.12.1949
Wodi Allen rejisor 30.11.1935
Frederik Engels filosof 28.11.1820
Bhagwan Şri Rajniş Oşo filosof 1.12.1931
Jonatan Swift ýazyjy 30.11.1667
Genrih Geýne şahyr 13.12.1797
Mark Twen ýazyjy 30.11.1835
Jeýn Ostin ýazyjy 16.12.1775
Endryu Karnegi senagatçy 25.11.1835
Deyl Karnegi ýazyjy 24.12.1888
Karim Benzema futbolçy 19.12.1987
Kilian Mbappe futbolçy 20.12.1998
Jesse Lingard futbolçy 15.12.1992
Rahym Sterling futbolçy 8.12.1994
Jon Terri futbolçy 7.12.1980
David Villa futbolçy 3.12.1981
Ruslan Mingazov futbolçy 23.11.1991

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Khanture tarapyndan 22-11-2021, 16:44

  • murat yousef murat yousef off № 1 22 ноября 2021 17:44
    Ay savola Khanture, kabirleri gabat gelyar pochti... hakyky pikirlenman kabir sawlikleri goyberyan, finansovy nezavisymyy bolmaklygy shygar edinyan we elbetde yerine yetiryan! Molodes hemmesi jemlenen! Polovinkam hem Deva, hich hili nagilelik yok Hudaya shukur!
    Jogap
  • зла зла off № 2 22 ноября 2021 17:59
    menem streles
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 22 ноября 2021 18:45
    Цитата: murat yousef
    Ay savola Khanture, kabirleri gabat gelyar pochti... hakyky pikirlenman kabir sawlikleri goyberyan, finansovy nezavisymyy bolmaklygy shygar edinyan we elbetde yerine yetiryan! Molodes hemmesi jemlenen! Polovinkam hem Deva, hich hili nagilelik yok Hudaya shukur!

    Onkim Vesydy hazirkim Deva ;))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 22 ноября 2021 19:10
    Цитата: Bagul_Atayeva
    Häntöre, haýyş etsem Hamal ýyldyzy hakynda hem maglumat tapyp beräyde...

    Ok gozlayin.
    Jogap
  • murat yousef murat yousef off № 5 22 ноября 2021 21:33
    Khanture,
    Oh! Molodes udachi!)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler