Umumy häsiýetnama

Tereziler (Mizan, 24.09 —23.10) “diplomat”, çeper dilli we akyllydyr. Halaýan reňki — gök. Üstünlik getirýän daşy ýakutdyr. Güli — bägüldir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gözellige duýgur. Olar islendik bäsleşikde ýeňiş gazanmak üçin gaýratly we erjellik bilen hereket edýärler. Hemme zada baha bermegi halaýarlar, deňligi talap edýärler. Işde-de, söýgüde de talap edijidirler. Islendik meselede ikirjiňlenmek we şübhelenmek gylygy bardyr.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar owadan, ýakymly we tertiplidirler. Olary adalat üçin gödek, gaharjaň bolup bilýärler. Mizanlar diplomat, kazy we aklawjy ýaly wezipelerde zähmet çekseler üstünlik gazanarlar. Mizanlar ygtybarlydyr we döredijilik güýjüne eýedirler.

Tereziler ajaýyp guramaçydyrlar, olar dolandyryjylar, kanun çykaryjylar, aklawçylar, suratkeşler we kinorežissýorlar. Fiziki taýdan çydamly tereziler ussat türgenler bolup bilerler. Tereziler ylym işi bilen hem meşgullansalar, uly üstünlik gazanarlar.

Olar şadyýan, gürrüňçil we göwnaçyk adamlardyr. Mizanlar artist ýa-da sungat ussady hem bolsalar, ussatlyk derejesine ýetip bilerler. Emma bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köplenç özüne bolan ynamy pes bolýar.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gözelligi halaýarlar. Şeýle-de olar özüne üns çekdirmegi gowy görýärler. Duýgur terezileriň iki dürli häsiýetleri bardyr. Olaryň käbiri juda tertipli, deňagramlylygyny saklap bilýän adamlar, käbiri bolsa, hiç bir meselede netije çykaryp bilmeýän adamlardyr. Mizanlar üçin daş-töweregiň pikiri wajypdyr. Islendik işe baş goşmazdan öň “iller näme diýer” diýen soragy özüne berýär.

Söýgüde

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar söýgi meselesinde köplenç kararsyzdyrlar. Öz saýlan ýarynyň kemçiliklerini erbet kabul edýärler. Käwagtlar mizanlaryň kararsyzlygy hem hut şu sebäp bilen baglydyr. Emma olar “kemsiz gözeliň” bolmaýandygyna düşünmeli ahyryn. Islendik meselede diňe öz pikirlerine daýanýar. Başgalarynyň pikirleri mizan üçin möhüm däl.

Gatnaşyklarda öz şahsy durmuşyny gizlin saklamaýarlar, köpçülikde meselelerini gürrüň edip bilerler. Olar Seretan, Akrap we Jedi bilen durmuş gursalar bütin ömrüni bagtly durmuşda ýaşap bilerler.

Romantik tereziler öz duýgularyny beýan edende hem gözellik bilen ýerine ýetirýärler. Mizan Sünbüle bilen oňuşmaýar.

Saglygy

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň bil, oňurga, böwrekleri gowşak ýerleridir. Olar arassa howada köpräk dynç almalydyrlar. Yzygiderli özüni taplamak üçin dürli maşklary etmek maslahat berilýär. Mizanlar kompýuteriň başynda işleseler hem, aram-aram gözlerine dynç bermelidirler.

Halaýan ýurtlary

Hytaý, Ýaponiýa, Argentina, Birma, Awstriýa, Gawaýi, Müsür, Angliýa.

Şäherleri: Pekin, Kopengagen, Wena, Antwerpen, Ýohannesburg, Sankt-Peterburg.

Meşhur mizanlar

Mahatma Gandi, Marina Swetaýewa, Walentin Ýudaşkin, Armen Jigarhanýan, Nikolaý Baskow, Sergeý Bezrukow, Mihail Lermontow, Will Smitt, Maýkl Duglas, Sergeý Ýesenin, Wladimir Putin, Reý Çarlz, Jan-Klod Wan Dam, Mett Deýmon, Margaret Tetýer, Brijit Bardo, Marion Kotiýaýr, Romi Şnaýder, Monika Belluçi, Gwen Stefani, Toni Brekston, Enni Leýbowis.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Khanture tarapyndan 23-11-2021, 20:46

  • Yeketak Yeketak off № 3 23 ноября 2021 21:20
    Daluw bn balygam paylasayda hayyst sizden
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 23 ноября 2021 21:22
    Цитата: Yeketak
    Daluw bn balygam paylasayda hayyst sizden

    Daluw paylasyldy ozal, bloglarymyzy barlap gorun, nikinustune basyp, balyk hem goyular
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 5 23 ноября 2021 21:25
    Akrap hakdada ýazda zaňňar...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 23 ноября 2021 21:27
    Цитата: Jeksparro
    Akrap hakdada ýazda zaňňar...

    ozunde bara dola senne bir astralogiya kitapda okadym Kemanlara içigaralyk edyanler Akrap diyip dogray sol :)) men kemanda...
    Jogap
  • Cicek Cicek off № 7 24 ноября 2021 11:50
    Mizan dogry
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler