ARZ ALLAHA
Agamyň ýanynda böwrümdäki agyry-sanjydan zeýrenäýmenmi,
al-petimden aldy. «Inim, agam ogly, başyňa düşen zat dogrusynda hiç
kimsäniň ýanynda dil ýarmagyn. Adamlar iki tüýslüdir: göwni ynjajak
dostuň bardyr, begenjek duşmanyň bardyr. Inim, şunuň ýaly agyryny
özünden dep edip bilmeýän özüň ýaly mahlugyň (biçäräniň) ýanynda
içiňi döküp oturma. Arzyňy diňe seni bu günlere salana - Allaha aýt.
Diňe şol bu derdiň dermanyny bermäge kadyrdyr. Inim, kyrk ýylyň
içidir iki gözümiň biri depäni-düzi oňly saýgaranok. Emma men şu
ýagdaýymy ne aýalymyň, ne bala-çagalarymyň, ne garyndaşlarymyň
ýanynda ýatladym. Meniň bu halymdan bir Alla habarly. Bir salyh
bendäniň aýdan sözleri bar, pugta ýadyňda sakla:
«Zelel-zepere uçranlara geň galýaryn, olar neneň «Maňa zeper
ýetdi. Şepagat edijileriň hem iň rehimdary Sensiň» diýen sözleri aýtmagy ýadyndan çykarýarlar. Allatagala munuň yz ýanyndan: «Onuň
nalyşyna (dogasyna) gulak asdyk we ony zyýan-zelelden halas etdik»
diýýär.
Gaýgy-gama uçranlara geň galýaryn, olar neneň «Senden
başga hiç hili ylah ýok, eý Päk Perwerdigärim, men özüme jebir etdim» diýmegi unudýarlar. Allatagala bu sözüň yz ýanyndan: «Onuň
nalyşyna (dogasyna) gulak asdyk, ony gaýgy-gamdan halas etdik.
Ine, biz möminleri şeýle halas edýäris» diýýär.
Nämedir bir zatdan gorkýan, çekinýän adamlara geň galýaryn,
olar neneň: «Bize bir Allahyň özi ýeterlikdir, ol iň ynamdar wekildir»
diýen sözlerini diýmekden gapyl galýarka?! Allatagala şol sözüň yzysüre: «Mundan soňra Allahyň nygmaty we keremi bilen gowy günlere
erişdiler, olar birjikde ýamanlyk ýüzüni görmediler» diýýär.
Özüne hile-mekirlik edilýän adam, neneň-neçün «Işlerimi Allaha
tabşyrdym, Allatagala ähli bendelerini görüp-bilip durandyr» diýmegi
unudýarka? Çünki şol sözüň yz ýanyndan Allatagala: «Allatagala ony
özgeleriň ýaman hile-mekirliklerinden gorady» diýip aýdýar ahyry.
Allatagala bol nygmat eçilen mahaly onuň yzy tükener, kesiler öýdüp gorka çümýän adamlara geň galýaryn, olar neneň-neçün
Perwerdigäriň: «Bagyňa giren mahalyň «Bu Allahyň islänidir (Bu Allahdandyr, meniň güýjüm bilen däldir. Allahyň kuwwaty bilen boldy).
Allahdan başga hiç kimde güýç-gudrat ýokdur» diýseňdiň...» diýen
sözlerini unudýarkalar? Çünki munuň yzyndan Allatagala: «Allatagala maňa seniň bagyňdan hem (mundan hem) haýyrlysyny berer»
diýýändir.
Sen arzyňy, dileg-dogaňy, haýyş-mynajatyňy diňe Allaha aýt,
Allah onuň jogabyny gijikdirýän däldir.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
7 комментариев