Seni ynjytmaýa
Barsaň bir merdiň ýanyna,
Hergiz seni ynjytmaýa.
Jan goşsaň namart janyna,
Walla, ol hiç ýer tutmaýa.
Her wagtda bir duş geler,
Ýaz ötüp, ýene gyş geler,
Mert elinden çoh iş geler,
Namartdan bir iş bitmeýe.
Panydyr bu dünýä, pany,
Ýokdur hiç kime paýany,
Bedasylyň bir nyşany —
Ýüz görüp, köňül güýtmeýe.
Adam ogly bolsa ysyň,
Barma ýanyna näkesiň.
Bir akylsyz muhannesiň
Hergiz minneti gitmeýe.
Bilgil ömür bibakaňy,
Çirk eýleme hoşlakaňy,
Ajal ger tutsa ýakaňy,
Dadyňa hiç kim ýetmeýe.
Hergiz seni ynjytmaýa.
Jan goşsaň namart janyna,
Walla, ol hiç ýer tutmaýa.
Her wagtda bir duş geler,
Ýaz ötüp, ýene gyş geler,
Mert elinden çoh iş geler,
Namartdan bir iş bitmeýe.
Panydyr bu dünýä, pany,
Ýokdur hiç kime paýany,
Bedasylyň bir nyşany —
Ýüz görüp, köňül güýtmeýe.
Adam ogly bolsa ysyň,
Barma ýanyna näkesiň.
Bir akylsyz muhannesiň
Hergiz minneti gitmeýe.
Bilgil ömür bibakaňy,
Çirk eýleme hoşlakaňy,
Ajal ger tutsa ýakaňy,
Dadyňa hiç kim ýetmeýe.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет