Mistisizm näme?
Ylahy bilimlere we gizlin saklanmaly syrlara esaslanýan Mistisizm
sözi, grekçe "syr" manysyny aňladýan "musterion" sözinden gelip çykypdyr. Musterion sözi hem başga bir sözden,
"Agzyň ýapyk tutmak" manysyny berýän "myein" sözünden gelip çykýar.
Siz mistiki bir zady gördüňiz, siz başga bir zady başdan geçirdiňiz, ýöne ony beýan edip bilmejekdigiňizi aňladýar.
Bu söz, gadymy Gresiýadaky butparaz halklaryň dini ynançlaryndan başga-da, Eleusis we Dionysos kultlarynda görkezilen syrlaryñ musteriýa termini bilen beýan etmegiň netijesinde tehniki manylara eýe bolupdyr. Aslynda, mustai sözi grek dini hereketlerinde aýdylmaly däl syrlar hakda dymmaly bolýanlar üçin ulanylýar. Gresiýanyň mistiki dininde syrlar hemmeler üçin açyk bolman ýörite intisab(degişli bolmaklyk) talap edilýär.
Halk ynançlarynda ruhanizm, aç-açanlyk(clairvoyance/Ясновидение) , gipnotizm, gizlin(okkult) ylymlary we jady bilen garyşdyrylan mistisizmi, käbirleri neýrasteniýa we beýleki agyr ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan düşnüksiz psihologiki ýagdaýlar we wakalar bilen häsiýetlendirilýär, beýlekiler mistiki bolmaklyga "diniň dogmalaryna we görünýän manylaryna boýun bolmazlyk" diýip düşünýärler. Käwagt adamlar meskalin, lizerjik kislotasy ýa-da alkogol içenlerinde ýüze çykýan adaty bolmadyk akyl ýagdaýlaryna-da mistika diýilýändigine gabat gelinýär; Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýlar esasy tendensiýa hökmünde mistisizm bilen baglanyşykly däl we ähmiýetsizdir.
Duýga we duýgurlyga esaslanýan ynanç usuly bolan mistisizm; Araçysyz Hudaý bilen birleşmek we ruhuň mutlak hakykata ýetmegidir. Durmuş, islegiň we ýamanlygyň çeşmesidigi sebäpli, beden we akyl taýdan dünýädäki ähli materiýal zatlardan daşda durmaly. Gysgaça ýaşamak islegini öçüren we dünýäden daşlaşan adam halas bolmaga ýetip biler. Mistizm, umumy manyda belli bir dine mahsus bolman, "Görülýän zatlaryň aňyrsyna ýa-da göze görünmeýänlere geçmek tejribesi" bolmak bilen ähli dinlerde duş gelýän hadysadyr.
Dinler biri-birinden düýpgöter tapawutly ýaly görünse-de, olaryň hemmesiniň bir ýere jemlenýän bir nokady bar we bu, "ynanmagyñ", ynsanla, ynsandan we dünýäden beýik barlygyň arasyndaky baglanyşyk hökmünde kabul etmegidir. Bu nukdaýnazardan, bu beýik(ylahy) barlyk bilen baglanyşyk gurmagyň usuly we bu gowuşmagy üpjün edýän serişdeler her dinde üýtgesede, bu gowuşmagyñ maksady ähli dinlerde birdir. Sebäbi halas bolmaga we ölümsüzlige ýetmegiň ýoly hemme dinlerde-de birmeňzeşdir. Ähli dinler adamlara ýagşylyk etmegi we ýamanlykdan gaça durmagy buýurýar. Şonuñ üçin, bu ýagdaýda maksada ýetmek üçin ulanylan, dürli dinleriñ ybadat usuly ýa-da ybadathanasynyñ tapawutlylygy, bu esasy baglanyşygyň düýp manysyny üýtgetmek üçin ýeterlik däldir. Ähli dinler ylahy barlyk bilen adamyň arasyndaky bitewi gowuşmaklyk nokadynda birleşýärler.
Başga bir tarapdan, filosofiki nukdaýnazardan seredilende, adam bilen ýaradanyñ arasyndaky bu baglanyşyk dinleriň araçylygyny talap edmez we bu baglanyşyk araçysyz hem döredilip bilner. Ýene bir tarapdan seredenimizde bolsa, filosofiýadaky mistisizm we dini mistisizm düýbünden birmeňzeş däldir. Emma olaryň arasyndaky tapawudy ulgam bilen ulgamsyzlygyň arasyndaky tapawuda azaltmak gaty mümkindir. Dindäki mistisizmiñ başynda ýa-da ahyrynda akyl bilen kän bir baglanyşygy ýok. Şonuň üçin aňy kanagatlandyrmak onuň maksady däldir. Filosofiýada mistisizm, aňyň düşünip bilmeýän hakykatlaryny mistiki duýgurlyk bilen bilmek manysynda-da şol bir talap bilen paýlaşýar, ýöne pelsepe bu talap boýunça rasional ulgam döredýär. Şeýle-de bolsa, dini mistisizm ilki başda diňe bir çuňňur tejribe toplamagy maksat edinýärdi, ýöne soňra bu maksady filosofiýa ulgamyna öwrüp başlady. Bir tarapdan, bu gutulgysyz hasap edilmeli, sebäbi başdan geçirenlerini başgalar bilen paýlaşmaly ýa-da özüni ynandyrmaly bolsa, onda ony akylly ulgamyň talaplary bilen enjamlaşdyrmalydyr.
Bulardan başga-da, meşhur filosoflara edýän täsirine ünsi çekip, mistisizmiñ subýektiwdigine we daşarky dünýä hakda hiç hili obýektiw hakykaty berip bilmejekdigine ynanýan Bertrand Rasseliň pikiriçe, mistisizm älem baradaky ynançlara bolan duýgularyň belli bir çuňlugyndan we güýçliliginden başga zat däl.
Mistizm taryhda dini tejribäniň iň görnükli görnüşidir we dürli taglymat nukdaýnazaryndan beýan edilendigi we ýeke bir taglymat bilen beýan edilmänligi sebäpli kesgitlemek gaty kyn. Orta asyr teologlary mistiki ylahyýeti "tejribe paýhasy, ruhuň Hudaýa tarap ýakynlaşmagy; ylahy söýgi arkaly gazanylan tejribe bilimleri" görnüşinde beýan edýär. Mistiki tejribäniň iň häsiýetli tarapyny, mistikleriň Hudaý bilen araçysyz aragatnaşygy ýola goýýandygyny öňe sürmesi görkezýär. Bu aragatnaşyk, ýygy-ýygydan öňden görüjilik we bir bolmak manysynda aňladylýan(alynýan) maglumat görnüşine degişlidir. Hinduizm, Buddizm, Taoizm, Konfusianizm ýaly gündogar dinleri, Grek-Ellinistik mistiki dinleri we pelsepeleri, Ýewreý, Hristianlyk we Yslam ýaly Ylahy dinler boýunça geçirilen gözlegleriñ netijesinde gazanylan netije, dünýäniň ähli esasy dinlerinde mistisizmiñ aňlatmalarynyň arasynda ep-esli tapawut bardygy, emma şol bir wagtyň özünde tejribe we düşünişmekde belli bir bitewiligiñ bardygydyr. Şoňa laýyklykda dürli dünýä dinlerinde mistiki tejribeleriň mutlak hakykaty, ylahy barlygyñ imanlylyk we aşa ýokarylygna, öziñ Hudaý bilen birligine, älemdäki ýamanlygyň we ruhy başarnygyň tebigatyny görkezýän düşünjeler babatynda inkär edip bolmajak umumylyklaryň bardygyna düşünilýär.
Şol bir wagtyň özünde mistisizm:
1 - Islendik predmetiň tapawudyny, ikitaraplaýynlygyny aýyrmak bilen bir bolmak (diňe bir Hudaý bilen däl, eýsem tebigat bilenem).
2 - Tañry bilen bir bolmak, birleşmek, özüňi Hudaýda ýaşamak.
3 - Ýokarky ruhy güýçler arkaly Hudaýy görmek we oňa ýetmek ýagdaýy.
4 - Gizlin hereketler ýa-da ruhy gönükme bilen Hudaýa gowuşmagyñ usuly we bu usul bilen baglanyşykly ýagdaýlar.
Başga bir tarapdan, adamdaky ruhuň uçguny aslynda ylahydyr we adam asyl tebigaty bilen birleşende, Hudaý bilen birleşýär. Ynsan Hudaýa garşy jandar däl-de, tersine, Hudaý bilen umumy jandardyr. Iň bolmanda adam bilen Hudaýyň arasynda potensial bir ýakynlyk bar. Mistisizm sözüň doly manysynda Taňrynyň bilimidir; Bu Hudaý bilen birleşmek we onuň bilen bir bolmak bilimidir. Hakyky mistika diňe bir Hudaý hakda gürleýän däl, eýsem Hudaýa gowuşan adamdyr. Duşuşygyň subutnamasy diňe bir bilmek däl, eýsem bilmek bilen birlikde bolmakdyr.
Adatça "adamyň hakykata, bakylyga we görünýän zatlaryň aňyrsynda jebislige we bu tejribäni beýan edýän taglymatyň ruhy tejribesi" hökmünde kesgitlenilýär.
Mistizmde maksat hakykaty tapmak, Hudaýa gowuşmak, ruhy taýdan kanagatlanmak, halas bolmakdyr. Bu maksada ýetmek üçin her bir jemgyýet we her bir mistik öz pikirine laýyklykda belli bir ýörelgeleri kabul edipdir, wagtyň geçmegi bilen bular akyma(usula) öwrüldi. Bu aýratynlyklaryň hemmesi dinden öňki we köp dini düşünjelerde bolany üçin Mistizm siwilizasiýanyň we medeniýetleriň umumy düşündirişlerini öz içine alýar. Şol sebäpli mistisizmi "dinlerden içinden akýan beýik ruh derýasy" diýip häsiýetlendirýän A.Şimmel, esasy maksadyň tejribe we içki ýaşaýyş arkaly hakykata ýetmekdigini aýdýar. Mistik ýaşaýyş, ölümliniñ öz baky tebigatyna gowuşmak ýolunda arassalanmagy, arassalaýyş yzygiderliligidir, sebäbi, ahyrynda aşk içinde ölmek bilen Mutlak hakykata gowşup biler.
Arassalanmaga sebäp bolýan ylahy söýgidir. Sebäbi mistigiň arassalanmagyna gönükdirilen hereketi erk-isleg däl-de, söýgidir. Diňe söýgi bilen ruh ýamanlykdan arassalanyp biler, ylahy däl zatlar ylahy barlykda ýok bolup biler. Mistikler Hudaý bilen birleşendiklerini aýdýarlar. Şonuň üçin olar psihologiki düşündirişden ýokarydyrlar. Şeýle birleşmek bilen, özleriniň Hudaý tarapyndan doly örtülendigini we içindäki barlygyñ Hudaýdan başga zat däldigini düşündirmek isleýärler. Mistika, diňe bir bilmek däl-de, eýsem barlygyñ ýagdaýyny hem talap edýän belli bir daşarky makula garşy aňly hereket edýär. Şol sebäpli başda Hudaýa tarap ruhy syýahat soň Hudaý bilen ebedi tertipde dowam edýär we ahyrynda Hudaýdan başga zat galmaýar.
Her diniň öz aýratynlyklaryna görä mistiki düşünjesi bar. Mistisizmiň söz manysyna seredenimizde, iki manyny görýäris. Birinjisi, Hudaý bilen araçysyz birleşmesi, ikinjisi ruhuň mutlak hakykata ýetmegi. Bu nukdaýnazardan, şahsy tejribäňiziñ asyl nusgasyny Hristian, Yslam-Sopuçylyk ýa-da Buddizm ugurlarynyñ haýsy hem bolsa birinden gözlemek dogry däl(biri dogry, galany ýalñyş diýip bolmaz). Sebäbi ýetilmek islenýän ýol hemmesinde meñzeşdir. Galyberse-de, mistiki tejribe durnukly bolmansoň, takyk ýagdaýyny kesgitlemek-de kyn. O, syýahat edilmedik dünýädir we biz näçe ýakynlaşsak-da, onuň serhedi gözden ýitýär. Ýene-de oña, haýsydyr bir dini esas bolmazdan many bermäge synanyşsak, bu hiç bir zady aňlatman biler. Bu nukdaýnazardan mistiki tejribäni dini esasda esaslandyrmaly.
Käbir mistik däp-dessurlary(akymlary):
Tasawwuf-Sopuçylyk. (Yslam mistisizmi)
Kabala. (Ýewreý mistisizmi)
Hinduizm (Hint mistisizmi)
_____________________________
Ulanylan çeşmeler:
[1] MİSTİSİZM - TDV İslâm Ansiklopedisi (makala)
[2] SOSYAL VE BEŞERİ BİLİMLER ARAŞTIRMALARI DERGİSİ
Güz 2016. Cilt17. Sayı 38.
Türk Mistisizm Geleneğinde Yunus Emre’nin Sırra Ermesi (makala).
Yrd. Doç. Dr. Mehmet Surur ÇELEPİ
[3] Atatürk Üniversitesi Sosyal Bilimler Enstitüsü Dergisi Haziran 2019 23(2): 875-885
Mistik Bir Tecrübe Olarak Ruhun Baş Dönmesi: Hint Mistisizmi
(makala)
Kutsi KAHVECİ
[4] Osho - SIR (kitap)
Mistisizm näme?
Bilim,
qwerty1
tarapyndan
4-12-2021, 12:59