Baýlaryň garyplardan parhly taraplary
1. Baýlar serişdelerini hem wagtyny tygşytlaýarlar.
2. Garyplar gazanjynyň baryny sowýarlar, baýlar gazançlaryny girdejili goýumlara goýýarlar.
3. Garyplar jomartlarça çaý puly eçilýärler, baýlar bu meselede öte geçenoklar.
4. Garyp teklip edilen baha satyn alýar, baý hemişe söwdalaşyp, bahany düşürmegi soraýar.
5. Baý adamda pul hemişe artykmaç bolýan däldir, garypda bolsa hemişe artykmaç pul bardyr.
6. Döwletli adamyň ýörelgesi: «Bizarzan zat satyn alar dereje baý däl».
7. Baý öz mümkinçiligine görä ýaşaýar, garyp bolsa özüni arap şeýhi däldirin öýdenok.
8. Garyp başardygyndan gazanç edýär, baý bolsa hemme zatdan gazanç etmegiň usulyny gözleýär.
9. Gatyp garyplara kömek edýär, baý – baýlara.
10. Baý girdeji getirjek zada goýum goýýar, garyp – çykdajy getirjek zada.
11. Baý adama bir manat berseň, million gazanar, garyba million berseň, soňuna çykar.
12. Baý çykdajylarynyň hasabyny ýöredýändir, garyp pulunyň nirä gidenini duýman galýar.
13. Garybyň pikiri, gürrüňi pul barada, baý bu babatda dymýar.
14. Pul – garyp üçin ömrüniň maksady, pul – baý üçin mümkinçilik.
15. Baý pula erk edýär, garyba pul erk edýär.
16. Garyp karza ýaşaýa
r.17. Baý anyk meseleler we sanlar boýunça pikirlenýär.
18. Garyp hemişe mätäçdir.
19. Garyp ähli zat babatda garypdyr.
20. Garyba baýlyk berseň, ähli gowşak sepi açylar.
21. Hakyky baý adam hemme zadyndan jyda düşse-de, üýtgemez.
22. Garyp baýy ýigrener, baý garyba pitiwa etmez.
23. Baý garyby diňlär, garyp baýy eşitmez.
24. Garyp üçin özünden başga hemme kişi günäkärdir, baý meseläniňsebäbini özünden gözlär.
25. Her bir garypda baý gizlenendir.
26. Howlykmaçlyk we sabyrsyzlyk garyplara mahsus häsiýetleriň biridir.
Bular 100/1 bolegi entak tapawutlary gaty kop siz nahili pikirde
Baylaryñ garyplardan kabir tapawutlary
Bilim,
biohimik.
tarapyndan
7-12-2021, 12:01