Degişmeler
ÝAZ ARZAŇY
— Salawmaleýkim başlyk, aga…
— Saglykmy? Oturyň!
— Başlyk aga…
— Näme başlyk aga at dakjakmy? Işe täze geldiňmi?! Dogrumy şol?
— Dogry… ýok.
— Dogry bolsa ýaz arzaňy!
— Başlyk, neme…
— Ýok, ýok. Beýdip sypjak bolma. Arada işde iki gün bolmadygam sensiň-le. Dogrumy?!
— Neme…
— Neme— däl, dogry. Dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Ba…
— Ýok, ýok. Utanaňogam, işe mydama gijä galyp gelýäň! Dogrumy?
— Dogry, başlyk neme…
— Nemäňi bilemok, dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk, düş…
— Düşnükli bolsa, bolýa. Düşnükli bolany gerek-dä!
— Başlyk…
— Ýoknasyzlygyňy edip ýanyňdakylara azar berýäň gerek. Berýäň! Dogrumy?!
— Başlyk dogrusy…
— Dogrudygyny bilemsoň diýýän-dä. Ýaz arzaňy!
— Başlyk, menem bir diň…
— Diňlemek nämä gerek!
— Aýdylýan zatlar dogry dälmi?!
— Däl diýjek bolamok, başlyk. Ýöne…
— Sen däl diýibem gör! Dogrumy, dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk dursana…
— Durjak däl. Aýdylýanlar dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk men işlämok sizde…
— O nähili işläňok. O nähili işläňok. Işe geleňogammy asyl. Heý beýdämek bormy?!
— Başlyk. Sizde meň aýalym işleýär. Oguljygymyz boldy. Dekret otpuska çykmaly. Dokumentlerini getirdim.
— Ýaşy uzyn bolsun! Men seni biri bilen garjasdyrypdyrynow. Dogry bolsa ýaz arzaňy!
— Şeý diý-dä başlyk!
Bäşim GUTLYMYRADOW
We başga degişmeler :
Aýaly:
- Siz meñ başga birine durmuşa çykmagymy isleýäñizmi?
Adamsy:
- Ýok. Meñ beýlekilere-de ýigrenji bolasym gelenok.
.......
- Sen pylanyñ dilini tapañokmaý?
- Şondan añsady ýok. Dili agzyny açan ýeriñdedir.
* * *
- Barmyñ-ow bi togalak dünýäde, görneñok-la...
- Näme, indi saña görünmek üçin men jaýyñ üçegine çykaýynmy?
.......
Men-ä şoña "ýüzüñ üstünde burnuñ bar" diýemok.
- Aý, sen diýmeseñ-de, şol-a hakykat.
* * *
- Galamdaş, bu günler näme ýazýañ?
- Düşündiriş.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария