Goşa Çynar, Bedew Ýyldyzy, Bold, ýa Ýiti ýaly içgileri içmese oňmaýan, diňe süýjüli içgileri içip, uzak gün naharlanmaýan adama gabat geldiňmi? Ýa-da ol senmi?
Meniň özüm şu içgileri içmegi endik edenlerdendim. Onuň düzümindäki kofein we şeker özüne bagly edensoň, näçe köp içdigimçe ýene içesim geler durardy. Şeýdip, şu içgilerden ýaňa 1 ýylyň içinde 25 kg golaý semredim. Günüň dowamynda 1-2 baklažka içendigim üçin, gijesine ukymy alyp bilmän, ruhym çökgün bolýardy we daş-töweregimdäki adamlara garşy aggressiw hereket edýärdim. Bu içgilere "geljekki güýjüňi ulanýar" diýmekleri hakyky, sebäbi olar ilki ýadawlygyňy bildirmeýär, emma soňundan juda argynlyga getirýär. Üstesine-de böwrek, aşgazan, ýürek-damar ulgamlaryma diýseň zyýan beripdirin. Iň gynançly ýeri hem, göwrelilkde şu suwlaryň aram mukdarda kabul edilmeginiň zyýanly däldigine ynanyp, üç göwreliligimde hem köp içdim. Çagalarymyň üçüsinde-de dogabitdi dem-alyş bilen bagly keseller ýüze çykdy we munda energiýa içgileriniň goşandynyň uludygyny bilýärin we diýseň ökünç we gynanç duýgusyny başdan geçirýärin.
Ene we mugallym hökmünde, soňky wagtlarda şeýle içgileri köp adamyň, esasan hem 10-15 ýaşdaky çagalaryň içýändigi we olaryň zyýanlaryndan habarsyzdygy meni gynandyrýar. Özüm bu endikden bilimimi artdyrmak arkaly saplanmagy başardym we siz bilen hem bulary paýlaşmak isledim.
Energiýa içgileri näme üçin zyýanly?
Kanadanyň azyk gollanmasyna (Canada’s Food Guide) görä, bu içgileriň düzümindäki kofeiniň mukdary çagalaryň we ýetginjekleriň sarp etmeli mukdaryndan has ýokarydyr. Muňa düşünmek üçin, Goşa Çynaryň düzümindäki himikatlara we olaryň ýan täsirlerine seredip geçeliň:
↪ E-331 – natriýniň sitraty – damar çekme, terpenme, ýellenme, ýüregiň tiz urmagy, tiz-tizden emma ýüzleý dem alyş, aşa semizlik, şähdiň üýtgäp durmagy, ysgynsyzlyk, güýçli içgeçme, ynjalyksyzlyk ýaly ýan täsirleri bar;
↪ E-211 – natriý benzoaty – rak keseliniň dürli görnüşlerine, demgysma, kellagyra, deri düwürtiklerine, aşa köp hereketlilige we aşgazan kesellerine sebäp bolýar;
↪ E-290 – kömürturşy gazy – kellagyry, baş aýlanma, demgysma, damar çekme (sudoroga), ýürek bulanma, tahikardiýa (ýürek urgusynyň ýygjamlaşmagy), gan basyşynyň ýokarlanmagy, görüşiň bulaşmagy, ruhyçökgünlik, koma ýaly ýan täsirleri bar;
↪ E-951 – aspartam – emeli süýjediji bolup, rak kesellerine, damar çekme (sudoroga), ruhyçökgünlige (depressiýa), semizlige, düwünçekde dogabitdi kemçiliklere getirýär;
↪ E-300 – askorbin kislotasy – içgeçmä, ýürek bulanma, gaýtarma, garyn agyrylaryna, sary gaýnama, bogun agyrylaryna, peşewde ganyň görünmegine, ýygy peşew çykarma, gyzdyryp-üşütmä sebäp bolup bilýär;
↪ E-330 – limon turşusy – düzüminde doly süzülmedik (filtrlenmedik) kükürt saklaýandygy üçin, adam saglygyna zyýanlydyr, esasan hem allergiýadan we demgysmadan ejir çekýänlere howp salýar;
↪ E150d – sulfit-ammiak karameli – iýmit siňdiriş, aşgazan-içege ýollarynyň keselleri; rak keselleriniň ýüze çykmagyna goşandy bar; düwünçegiň ösüşine zäherleýji ýaramaz täsiri.
Bulardan başga-da, energiýa içgileriniň ählisinde hoşboý ys beriji zirk, ženşen we gingko biloba ýaly otlar ýa-da yslandyryjy himiki maddalar saklanýar. Bu "otlaryň" hem akyl we beden taýdan oýaryjy aýratynlyklarynyň bardygy aýdylýar. Emma, bu ylmy taýdan subut edilmedik.
Ylmy-barlaglara görä, bir baklažka energeýa içgisinde 17 çaý çemçe şeker bolýar. Sagdyn bolmak üçin bolsa, günüň dowamynda hemme şekerli iýýän, içýän zatlaryňy goşaňda, erkekler jemi 9 çaý çemçe, zenanlar jemi 6 çaý çemçeden köp şeker kabul etmeli däl. Kadadan artykmaç şeker kabul etmek, öz gezeginde, aşa semizlige, 2-nji görnüşli süýji keseline, kelle agyra, ýürek-damar ulgamynyň, aşgazan-içege ýollarynyň mikroflorasynyň ýaramazlaşmagyna, immunitetiň weýran bolmagyna getirýär.
Energiýa içgileri süýjüdigi üçin köp içilýär, şeýdip, alýan kofeinimiz hem hünärmenleriň maslahat berýän gündelik 200-300 mg ölçeginden aşyp gidýär. Köp mukdarda kofein kabul etmek, öz gezeginde, aňymyzyň durulygynyň bozulmagyna, nerw we ýürek-damar ulgamymyzda näsazlyklara, ukusyzlyga, galyberse-de, gün tertibimiziň bozulmagyna getirýär. Munuň netijesinde, tutuş ýaşaýşymyz ýaramazlaşyp bilýär.
Gynansak-da, öndürijileriň bu içgileriň düzümine ýene nämeler goşýandygyny anyklar ýaly takyk barlaglar geçirilmeýär.
Näme etmeli?
Gynansakda, Türkmenistanly ene-atalar we mugallymlar hem bu içgileriň zyýanlaryndan habarsyz bolup durýarlar we özleri hem bu içgileri köp içýärler. Şonuň üçin, ilki bilen uly ýaşly adamlar bularyň ýaramaz täsirleri barada öwrenmeli. Çagalaryň we ýetginjekleriň hem energiýa içgileriniň zyýanlary barada habardarlygyny baýlaşdyrmagyň birnäçe ýoly bar:
↪ Mekdepler ýaly çagalara, ýetginjeklere degişli guramalarda işleýän bolsak, okuwçylara ýörite eksperimentler arkaly, beýle içgileriň zyýanlary barada düşündirip bileris: Bagyr, et ýa-da ýumurtga bölejigini bir gaba salyp, üstünden hem energiýa içgileriniň haýsydyr biriniň bir baklažka ýa-da bir banka möçberini guýup (et bölegi suwa doly çümmeli), agzyny berk ýapyp goýup, birnäçe wagtdan soňra onuň bagry ýa-da et bölegini eredendigini, agramyny peseldendigini synlap bileris. Bu barlagy gopan dişiň üstünde-de geçirýärler. YouTube-da bu wideolary özüňiz anyk görüp bilersiňiz.
↪ Iň bolmanda, adam saglygyna zyýanlydygy üçin, energiýa içgilerini içmegi sergidir reklama bilen wagyz etmegi çäklendirip bileris.
↪ Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, mekdeplerde, okuw merkezlerinde we ş.m. ýerlerde ýokarda sanalan himiki goşundylary goşulmadyk, öýde taýýarlap biljek içgilerimizi içmegi, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz ediş görnüşde çäreler geçirsek gowy bolardy.
Cheshme saglyk.org
Bold we gosha cynar barada
Bilim,
Abaddon
tarapyndan
10-12-2021, 23:55