"Geçmişe seret , gelejege gadam bas " atly bäsleşik.
Lebap welaýatynyñ Köýtendag Etrabynyñ ........ Şäherinde ýerleşýän ..-nji mekdepde "Geçmişe seret , gelejege gadam bas " ady bilen bäsleşik geçirildi.Bu bäsleşik täze ýyl baýramy mynasybetli gurnaldy. Bäsleşige gatnaşyjylar iki topara "Geçmişim" hem-de "Gelejegim " toparlaryna bölünip , dürli çykyşlar boyunça bäsleşdiler.Däp boýunça olar ilki tans hemde goşgular bilen Salamlaşygy ýerine ýetirdiler. Soñra olar meýilnamada getirilen "Ýaşaýyş mundan 40 ýyl öñ we şu günki günlerde " diýlen temada bäsleşdiler. Iki topar hem Geçmişiñ we şu günlerimiziñ "okuwçylaryny ", "gyzlaryny ", "Ýigitlerini " , "Garry mamadyr, babalaryny ", olaryñ hüý-häsiýetlerini sahna boýunça janlandyryp geçdiler . Soñ iki topar hem "Mundan 40 ýyl öñki oýunlar " diylen temada çagalaryñ , " aşyk" , " Bäş daş ", " Üç daş ", "Depme ", "Atyşyk " yaly oyunlaryny janlandyrdylar. "Durmuşdan pursatlar " diylen tema boyunca iki topar hem manyly sahnalary bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiñ iñ soñky şertinde "Hikmetli dünýä " diylen temada , "Geçmişim " toparynyñ ýolbaşçysy Ýoldaşow Atajan hemde " Gelejegim " toparynyñ ýolbaşçysy Enejan Şamyradowa durmuşdan birnäçe sorag -jogap alyşdylar:
- Adam dünýä näme üçin geldi ?
- Adam dünýä, özünden yz galdyrmak üçin geldi . M.Pyragy,S.Seýdi, K. Gurbannepesow,
G. Ezizow , F.Dostoyewski , T.Edison, H.Kolumb, Aristotel , Pifagor ...
Sanasañ gaty kän, adam dunyade bellibir maksat tutunyp özünden yz galdyrmaga çalyşmaly .Şeylede adam , Nesil döretmek we şol nesli dowam etdirmeklik , Özünden soñky nesillerinede asuda ýaşaýyş, parahat durmuş goyup gitmek ucin dunya indi .
- Adam parahat durmuşda ýaşamak üçin nameleri terk etmeli däl ?
- Adam parahat durmuşda ýaşamak üçin öwrenmegi we işlemegi terk etmeli däl ! Her bir adam iñ bolmanda günde bir zat öwrenmeli . Onsoñam näme : " Çekseñ zähmet ,ýagar rähnet " diýipdirler .
Olaryñ soraglary we soraglara berýän jogaplary tomaşaçylar tarapyndan uly üns bilen diñlenildi . Iki topar hem ökde, ýeñiş gazanmaga çalyşdylar. Şol sebapli Emin agzalary basleşigi jemlemek bilen iki topardan birini saylamaly bolyandyklaryna gynanyandyklaryny çyn yurekden boyun aldylar . Şeydibem uly bolmadyk tapawut bilen "Geçmişim " topary ýeñiji bolmagy başardy.
Bäsleşikde hökmany ýagdaýda biri ýeñilýär , biri ýeñiji bolýar. Bäsleşigiñ gyzykly ýeri hem şonda . "Ýykylan göreşden doýmaz " diýenleri ýaly biz hem indiki bäsleşiklere çyn ýurekden garaşyarys we ýeñiji bolarys diyip umyt edyaris . Şeyle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyñ goý, jany sag , başy belent , işleri şowuna bolsun !
Enejan Şamyradowa
Köytendag etrabynda ýerleşyan bir mekdebiñ okuwçysy.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
17 комментариев