Gadymy Müsür piramidalaryndaky suratlarda her tüýsli täsinlikler bar diýsek ýalñyşdygymyz bolmazdy. Şol täsinlikleriñ biri hem Müsüriñ Seti guburhanasynda me saña göze ilip duran dik uçar (helicopter - iñl.) we uçýan tarelkalaryñ göwrümine meñzeş şekiljiklerdir.
Şol şekillere Palimpest diýip at berilýär. Bu suratlardaky şekilleriñ bir gysymy Seti I döwründe, beýleki bir gysymy bolsa onuñ oglynyñ höküm edýän wagtynda ýazylandygyny www.habernediyor.com salgyly türk internet sahypasy habar berýär.
Bu suratdaky uçýan tarelka we dik uçara meñzeýän şekillere syn edeniñde dogrudanam şo döwürlerde uçýan tarelkalary, dik uçarlary müsürliler tarapyndan syn edilip tam ýüzüne şekili çekildimikä diýen soraglar ýüze çykýar. Ýa-da biziñ döwrümiz wagt gämisinde Gadymy Müsüre barypdyr we müsürliler tarapyndan biziñ dik uçarlarymyzyñ şekili çekilipdir diýen netijä gelesiñ gelip dur. Pikirlerden pikir dörär diýilşi ýaly her kim özüniñ pikirini hödürlemäge, mantykly düşünmäge haky bar.
Meniñ pikirimçe Iýerogliflere (şekiller) syn edeniñde olar bir suratçynyñ ýa-da bir ezberiñ el hünärine meñzeş.
Ýöne biziñ gürrüñi edýän zadymyz bu däl. Esasy gürrüñ şol syrly suratpisint iýerogliflerdäki dik uçar (wertolýet - rus.) şol döwrüñ ösen tehnologiýa siwilizasiýanyñ eseri bolmagy hem ahmal. Ýa-da bu bir tötänleýin bir meñzeşlik bolup biler. Muny takyklamak üçin wertolýodyñ ilkinji sapar ulanyşa haçan girizilip başlan wagty bilen gurburhananyñ haçan açylan wagtyny deñeşdirip soraga jogap tapyp bolardy. Taryhçylarymyz Müsüre baryp şol şekilleriñ üstünde bir az wagt iş geçirip, takyklyklary yzarlap ylmy işleri hem döredip bilerdiler.
Ýokardaky salgysy berilen internet sahypasyndaky makalanyñ awtory bolsa şol şekilleriñ tötänleýin bir meñzeşliklerden ybaratdygyny öñe sürýär.
Ýöne biziñ pikirimizçe döwrümiziñ üç sany ýasalan uçýan gämileriniñ üçüsiniñem bir ýerde tötänleýin şekillendirilmegi bolup biljek zat däl. Bu şekiller hakykatdanam ýa bir uçýan gäminiñ (UFO) ýa-da wertolýodyñ şekilleri bolmaly...

Çeçme:

https://www.habernediyor.com/m/yasam/antik-misir-da-helikopter-izleri-ve-bazi-cevaplar-h279.html

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 30-05-2021, 22:15

  • Khanture Khanture off № 1 30 мая 2021 22:18
    Hawwa musurde wertolyot, samalyot hemme zat bolupdyr, olar hemme zady bilipdir, olaryn fyrawnlary goni huday bn gatnasykda bolupdyrlar astranomya, geometryadan okde bolupdyr.... :-)))))
    Jogap
  • yyldyz yyldyz off № 2 30 мая 2021 22:20
    Müsürler öňden görüji)
    Jogap
  • yyldyz yyldyz off № 3 30 мая 2021 22:21
    iýeroglifleri (şekilleri) doly suratyny görmek nähili ajap bolardy... onda hiç görmedik we täsin şekiller bar
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 30 мая 2021 22:22
    Müsürler öňden görüji)
    yok beyle dal.
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 5 30 мая 2021 22:22
    @khanture, ''Hawwa musurde wertolyot, samalyot hemme zat bolupdyr, olar hemme zady bilipdir'' ýaňsylap ýazdyňmy ýa hakykatdanam şeýle bolupdyrmy!? :)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 30 мая 2021 22:24
    Yansylap yazdym yone sana dal adalat19-yn blogyna salgylanma ozalky yadro urusy baradaky na
    Jogap
  • Ulugyz Ulugyz off № 7 30 мая 2021 22:25
    Hazirki goz aperassa edilendaki usullar gurallary sozatlaram musurde bar ekeni.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 8 30 мая 2021 22:25
    adalat19-y yansylamok, prosta blogyna salgylandym, ol teoriya menem ynanyan indi.
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 9 30 мая 2021 22:27
    @khanture gören eşidenleriňe ynanyp ýörmeli däl...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 30 мая 2021 22:29
    @Jeksparro senyalymy :-))
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 11 30 мая 2021 22:42
    Men gören eşidenlerime ynanýan diýemokda terjime edip ýetirýän boldy :)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 12 30 мая 2021 22:45
    Menem sheydyan, yone ynanyan zatlamam aydyan yone, menem birbada ynanamok indi Panturkist agam yaly soraglayan. :-))))
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 13 30 мая 2021 22:49
    @adalat19-yň 200-300 ýyl mundan ozalky ýadro urşy hakyndaky aýdýanlaryna-da ynanýan diýdiňow sen-ä! :)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 14 30 мая 2021 22:53
    @jek eysena, menem ynanmandym basda. Panturkist agam yaly sorag baryny yagdyrdym welin hiç hili jogap tapylmady, ikimizin tapawudymyz ol dini soraglayar men bbolsa ylmy
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 15 30 мая 2021 23:40
    @Panturkist, agaň janyňy alsyn seň ))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 16 30 мая 2021 23:41
    Goy eydime, ol agam gowy daldey, sen agam gowy. Name diysenem sen dine ynayan adam
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 17 30 мая 2021 23:56
    @Panturkist, daga agam diýýäm, maňa-da agam diýýäň? Seň nämä uýýandygyň bir bellimi @kantura!? :-(
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler