Maý aýynda SpaceX we Tesla Motors kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask bir ýylyň içinde implantyň döredilmegini göz öňünde tutýan taslamasy boýunça işini tamamlamakçydygyny aýdypdy. Bu implanty Neuralink kompaniýasynyň hünärmenleri adamyň beýnisine girizmekçi bolýarlar. Gürrüň beýniniň zeper ýeten böleklerini çalşyrmaga ukyply bolan implant barada gidýär. Bu barada astera.ru habar berýär.




Aýratynam, girizilen çip adama göreji, eşidişi ýa-da beýni böleklerine zeper ýetmegi bilen “ýitirilen” ellere, aýaklara hereketi gaýtaryp bermeli. Maskyň aýtmagyna görä, implant beýnide sagdyn adam üçin häsiýetli bolmadyk ähli zatlary düzetmäge ukyply bolar. Ýakynda Mask çipleşdirmäniň üstünliginiň nämede boljakdygyny gürrüň berdi. Ýagny, Neuralink atly beýni implanty gormonlaryň derejesini sazlamaga ukyply bolar, ýene bir tarapdan ol dartgynlylygy aýryp ýa-da ünsi jemlemäge kömek edip biler.

Onuň ýene bir artykmaçlygy çibiň göni beýnä ugratjak aýdymyny diňlemek mümkinçiliginden ybarat diýip belleýärler. Şeýle-de, Ilon Mask Neuralink gurluşynyň zerur bolan ýagdaýynda serotonini, oksitosini ýa-da beýleki himiki maddalary aýyrmaga ukyply boljakdygyny tassyklady. Täze önüm barada has köpräk maglumat 28-nji awgustda tanyşdyrylyş dabarasynda aýdylar.

Neuralink kompaniýasy 2016-njy ýylda döredildi we ol häzirlikçe tehnologiýalaryň işi barada diňe bir uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ejegyz tarapyndan 15-12-2021, 10:00

  • Enegul Enegul off № 1 15 декабря 2021 10:08
    like
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 2 15 декабря 2021 10:13
    Su hakda on sorag beripdim
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 3 15 декабря 2021 10:15
    sᴛᴀᴛᴇ,
    ??? Nähili sorag
    Jogap
  • ESSALAMUNALEÝKUM ESSALAMUNALEÝKUM off № 4 15 декабря 2021 10:15
    indi bizem ýary robot ýary adamlar bolýasda
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 5 15 декабря 2021 10:41
    Цитата: ESSALAMUNALEÝKUM
    indi bizem ýary robot ýary adamlar bolýasda

    Yok edil beyle dal yone sen kellande pikir eden zadyny ellerini hereketlendirman edip bilersin
    Yada paralic bolan ysmaz adamyn kellesine goyulsa sol adam kellesinde men suwsadym diyip pikir etse sol kompyuterde yazylyar beyleki adamlaram okap suw beryaler dine bu bn caklenenok hatda sol paralic adamy beyleki adamlar yaly edyan gurlus gelejegi gaty uly bu neuralinkiñ
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 6 15 декабря 2021 10:56
    CPU+Brain=?
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 7 15 декабря 2021 10:59
    Eger su zatlar owrenilip isleri dogry edilse, adam gorup bilyan duysuni, islendik gozyetiminin gorup bilyan yerini surata alyp yada yazgy edip bilmegi mumkin bolar diyip pikir edyan
    Jogap
  • Resul. Resul. off № 8 15 декабря 2021 11:47
    sᴛᴀᴛᴇ,
    Ýenede herbir adamyñ içini bilip bolar.
    bul bir tarapdan gowy bolsa bir tarapdanam gowy däl.
    Jogap
  • -YashiL -YashiL off № 9 15 декабря 2021 12:38
    "ILon Musk gowy adammy diýende" meni diňe şu zat oýLandyrýar. BoLmasa oýLanman hawa diýerdim.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 10 15 декабря 2021 13:32
    -YashiL,
    dalimisen
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler