Gün guşluk çagydy. Agşamyň çygly howasy bildirip ugrapdy. Çagalaryň şatlyk-şowhun bilen gygyryşyp, dünýäniň köp gowgaly wakalaryndan habarsyz halda hezil edip oýnap ýörüşleri penjireden görnüp durdy. Çagalaryň içinde boýy beýlekilerden saýlanyp duran, ak ýüzli, özüne çekiji ullakan gara gözli gyzjagaz, aýratyn şadyýanlyk bilen oýnaýardy. Onuň gözleri bagtyýarlyk bilen uçgunlaýardy. Ol garaşýardy. Iki ýyllap görmedik, serhet gullugyndan gaýdyp geljek kakasyna garaşýardy. Kakasy gidende ol entek birem ýaşamandy. Ol “kaka” diýen sözi bilýärdi, emma kaka diýlen adamy entek görmändi. Ol oýnuň arasynda garşy-garşy derwezä seredýärdi, oýna gyzygyp kakasynyň gelmeginden bihabar galmakdan gorkýardy. Ine, birdenem köp garaşylan pursat ýetip geldi. Derwezede esger eşiginde at ýüzli, ullakan gara gözli, oňa örän mähirli bolup görünen adam peýda boldy. Gyzy der basdy, aljyrady, bu esgeriň öz kakasydygyny duýdy. Ol “kaka”- diýip, oňa tarap ylgady. Bu ajaýyp pursady synlap duran maşgalanyň beýleki agazalary begenseler-de, bir tarapdan haýran galypdylar. Gyzjagaz kakasyny tanapdy. Nähilidir bir duýgy oňa şol adamyň öz kakasydygyny duýdurypdy. Ol ylgap baryp, kakasyny gujaklady. Kakasy ony göterip “gyzym” diýdi, hatda bu söz oňa-da üýtgeşik täsir edipdi. Gyzjagaz kakasynyň boýnundan gujaklap, ondan aýrylasy gelenokdy. Gyzjagaz kakasynyň ejesine bir gezegem göz aýlamadygyna welin görmedi, göräýen ýagdaýynda-da ol muňa düşünip bilmezdi. Bu duşuşyga iki ýyl däl, eýsem, asyrlarboýy garaşylan ýaly bolup göründi.

Aýdyr-ýyllar edil, suw deýin akyp barýardy. “Iki aýakly iki günde” diýlişi ýaly, gyzjagaz, eýýäm, uly gyz çykypdy. Ol uly höwes bilen ýokary okuwyň synaglaryna taýýarlanýardy. Ol şol öýden, şol obadan we şol maşgaladan çykyp gitmek, barha daşlaşmak, mundan soňraky durmuşyny köp kynçylyklary başyndan geçiren mähriban ejesi bilen ýekelikde, ýöne durmuşyň lezzetini alyp ýaşamak isleýärdi. Onuň pikirçe, kakasynyň ejesinden göwni sowan ýalydy. Belki sowan ýaly däl-de, hiç haçan ony söýenem däldir. Sebäbi, kakasy hiç haçan atalyk borjuny berjaý etmändi we ejesine wepaly bolmagy başarmady. Ejesi bolsa onuňka garanda düýpgöter tersine hereket edýärdi. Soňky sapar, her gün gijäniň ýarysyny ötürip öýe gelýän kakasy öýde ýok mahaly, aglap oturan ejesiniň kellesini owkalap berip oturypdy. Şonda ejesiniň özüni bagryna basyp:”Wah, gyzym sen meniň ýüregime giňlik berýäň, seni bagryma basan wagtym men muny duýdym. Hudaýyň maňa berýän synaglarynyň soňy ýokmukan?! “ Mundan hem beter zatlary gördüm, welin şuňa çydap bilemokmy?! Häzirki günüme-de şükür!” diýip, öz-özümi köşeşdirmekden ýadadym. Okuwa gir gyzym! Meni bu ýerlerden alyp git. Sen okuwa girseň, göripler özüniň utulandygyny boýun alarlar” diýip nalap aýdan sözleri, gulagyndan gitmeýärdi. Şol bir wagt derwezeden kakasynyň girip gelmegine sabyrsyzlyk hem-de uly umytlar bilen garaşan gyzjagaz, indi şo derwezeden birwagtky esgeriň görünmezligini isledi. Bu isleg çaga wagtyndaky islegden has güýçlidi. Gözden çogup çykýan ýaşlar hem muňa şaýat ýaly bolup duýuldy.
Amanowa Leýli
13.05.2020 / 21:10:37

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Nairobii tarapyndan 15-12-2021, 14:41

  • Nairobii Nairobii off № 1 15 декабря 2021 14:43
    dostlukdan tapdym :)
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 2 15 декабря 2021 14:46
    Gowy eken, like+?
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 3 15 декабря 2021 14:49
    like
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 4 15 декабря 2021 14:52
    Nairobi,
    Dil-Edebiyat ugurdan koprak uns beryaniz oydyan?
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 5 15 декабря 2021 14:57
    sᴛᴀᴛᴇ,
    hawarak))
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 7 15 декабря 2021 15:24
    .x_xXx_x.,
    sora
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 9 15 декабря 2021 15:26
    .x_xXx_x.,
    bar
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 11 15 декабря 2021 15:28
    Ogulşirin_Bayramowa,
    bolya köşeş sag bol
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 12 15 декабря 2021 15:29
    Nairobi,
    Wi fi öçdi iki gezek basypdyrn. Zyýany bar bolsa, bagyşlaň!
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 13 15 декабря 2021 15:30
    Цитата: .x_xXx_x.
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
    Örän gowy!+

    Minnetdarlyk bildir suna Nairobi bolmasa yene gaytalaya

    Muny men diydimä hä?!
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 14 15 декабря 2021 15:34
    Ogulşirin_Bayramowa,
    oyun edyan 10 gezek yazsanam bolya
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 16 15 декабря 2021 15:38
    Цитата: Nairobi
    Ogulşirin_Bayramowa,
    oyun edyan 10 gezek yazsanam bolya

    Bolýan bolsa, bolýa.
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 18 15 декабря 2021 16:03
    MerdanGeldiyevv,
    uytgesik caga :)
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 20 15 декабря 2021 18:34
    Maladsy Leylijik :)Kakalar gymmatly ynsanlar sony yatdan çykarma)
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 21 15 декабря 2021 19:23
    Mona Songz,
    diliň dagy nähili gy)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler