Tokaýyñ karoly kim?
Bir arslan özüniñ tokaýda koroldygyny görkezmek isläpdir. Öňürti bir towshana dushup sorapdyr : - bu tokaýyň koroly kim? Towshanam gorkup : - Sizsiňiz !!! -diýipdir. Arslan soň bir tilkini görüp ýanyna ylgap barypdyr we : - Bu tokaýyň koroly kim? -diýip sorapdyr. Gorkan tilki hem : - Sizsiňiz - sizsiňiz !! -diýip jogap beripdir. Soňra aňyrda bir möjegi görüpdir we ýanyna baryp : - Bu tokaýyň koroly kim? -diýipdir. Möjek-de : - Elbetde, sizsiňiz !! -diýipdir. Ýene entäp ýörshüne aňyrda bir pili görüpdir we onuň ýanyna-da ylgap barypdyr-da : - Bu tokaýyň koroly kim? -diýipdir. Pil bolsa holtumy bilen bir sapar gowy edip urupdyr welin, arslan 4-5 metre zyňylyp gidipdir. Arslan ýene ýerinden turupdyr-da, piliň ýanyna ylgap gelipdir: - Eýýý, senden ýene bir gezek soraýan, shu tokaýyň koroly kim? diýip arlapdyr. Pil ýene bir gezek bat bilen urupdyr. Arslan ýene 4-5 metre zyňylyp gidipdir. Arslan bu sapar gaharlanan piliň ýanyna barypdyr-da: - Bilmeýän bolsaň bilemok diýip goýberdähow, näme ýöne urup otyrsyňaý..?! -diýipdir.
7.24online19-12-2021, 16:10
Статья изменена!
Причина:
Blok adynda ýalñyşlyk gitdi!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
7 комментариев