Akja kebelege ýüzlenme !
Ne parhy bar meniñ ýatan ýerimiñ,
Daş çykyp bilmesem, gezip bilmesem.
Ne peýda bar islämde-de ölümi,
Ajaly gujaklap ölüp bilmesem.
=============================
Ne peýda bar uçup giden bürgütden,
Penjesinde alyp gitmese meni.
Nädeýin men gargalaryñ şalygyn,
Öwrenip bilmesem olañ dilini.
=============================
Ne peýda bar maña biwepa ýardan,
Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan.
Çat açan ýüregim ýeriñ üstünde,
Gitmek islän wagty ýaz bilen güýzden.
=============================
Nädeýin men gök agaçlañ saýasyn,
Uzaklardan maña ýat Gün görünýär.
Penjiräñ öñünde akja kebelek,
Pelpelläpler iki ýana urunýar.
=============================
Bu jahanda ýalñyz syrdaşym meniñ,
Kebelejik, deñ sen dünýe malyna.
Sen-ä meñ halyma dozmän urunýañ,
Men bolsa aglaýan senin halyña!
**************************************
Annasoltan Kekilowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария