Çaga wagtym maňa “Adam bolmak kyn” diýipdiler. Ol wagtlar kiçijikdim. Düşünmändim. Gaty dogry aýdypdyr kim aýdan bolsa şony.
Indi bolsa şol sözlemiň köp zady düşündirendigini görýärin. Dünýäde kim bolsaň bol, näme etseň et adamlardan gaçyp gidip bolanok. Adamlar seniň kemçiligiňi tapmana ökdedir. Hemme ilkibaşda özüne seretmän başga birini ýazgarmakda ussat bolup gidipdir.


Ýazgarmagyň wagty ýok. Irden başlaýar. Olara seniň işe nädip gelenligiň parhy ýok.
- Seret onuň köwşüne tozan basyp gidipdir.
- Waýeeeeýýý, köýneginem ütüklemändir.


Işde işiňi dogry etmeseň bolanok. Al indi sen işiňi has gowy etmäne dyrjaşsaň, adamlar:
- Seret oňa! Oňa bir seret! Başlyga ýaranjak bolup gör nähili işleýär.



İş hemişe isleýşimiz ýaly gidenok. Şol pursatlarda başlyk seni otagyna çagyryp düşündirýär(!). Otagdan çykan wagtyň adamlar:
- Gördüňmi?! Näçe ýaranjak bolup jan etsede, bolanok. Bolanok!
- Käbir adamlaryň süňňinde bar.



İş gutardy. Öýe bardyň. Işdäki bolanlary aýdyp içiňi dökjek bolýaň welin, seni gepiň ýarysynda kesip:
- Başlyk dogry aýdypdyr.
- Hawa, işiňi dogry edip etmeli.



Aý olaram geçip gidýäň, indi uka gitmeli. Ýatmankaň, telefona bir seredýäň. Ol nämekä? Söýgiliňden:
- Sen näme üçin jaň etmediň?
Bular sada bir günden mysallardy.




Seniň günüň nähili geçdi? Başyňda nähili oý-pikir bar? Hiç kim munyň ýaly zatlary oýlanok. Agzyna gelen näme bolsa aýdyp, gidip otyr. Hiç kim seniň näme üçin beýledigiňi ýada şeýle edýändigiňi bilenok.
Sen beýleki adamlara garanyňda tapawutly bolup bilersiň. Olar aýtdy diýip derrew özüňi üýtgetjek bolma. Olara meňzejek bolma. Gaýtam tersine sen öz tapawutly tarapyňy güýçlendirjek bol.
Ýadyňda bolsun! Seni sen edýän başga adamlar bilen deňeşdirilende yüze çykýan tapawutlylygyňdyr!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mona Songz tarapyndan 23-12-2021, 20:12

  • Enesh Enesh off № 1 23 декабря 2021 20:25
    dogry
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 2 23 декабря 2021 20:38
    bibim göresim gelip gitdää barmy sizem
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 3 23 декабря 2021 20:39
    Цитата: Ejegyz
    bibim göresim gelip gitdää barmy sizem

    Baryna gyz özuň nahili?
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 4 23 декабря 2021 20:42
    Mona Songz,
    sizi görüp hasam gowy boldum !
    siz nähili ?!
    Jogap
  • Wlad Wlad off № 5 23 декабря 2021 20:54
    Heh, bolman köwşüň tozan basyp gitse nurana ýyldyz hökmünde görsünlermi seni ?
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 6 23 декабря 2021 20:55
    Цитата: Ejegyz
    Mona Songz,
    sizi görüp hasam gowy boldum !
    siz nähili ?!

    Boljak)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler