Ýaponiýaly milliarder kosmos syýahatyny tamamlady.
Ýaponiýaly milliarder 12 günlük kosmasdaky syýahatyny tamamlap, Dünýä dolanyp geldi. Bu ýapon syýahatçy Amerikaly telekeçi Elon Musk-yň kompaniýasy bolan “SpaceX” bilen bilelikde Aýa guraljak syýahatlaryň synag uçuşyny amala aşyrdy.
8-nji dekabrda Gazagystandan kosmosa çykan 46 ýaşly milliarderiň saglyk ýagdaýynyň gowudygy mälim edildi. Öz kömekçisi we rus kosmonawty bilen komosa syýahata giden Yusaku Maezawa 2023-nji ýylda “SpaceX” -iň Aý syýahatyna goşulan ilkinji ýolagçy hökmünde taryha girmäge taýynlanýar.
2019-njy ýylda Zozo moda markasyny SoftBank-a satan milliarder 2023-nji ýyldaky syýahaty üçin 8 adam gözleýärdi. 2023-nji ýylda boljak syýahat üçin arzalary kabul edende, Maezawa söhbetdeşlik bilen bir hatarda dalaşgärleri saglyk synagyndan geçirýär.
Abdullaýew Meýlis
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
11 комментариев