Hemmelere salam. Şu wagt oturyp ýene-de bir meselä aýanlyk bereýin diýjek boldum. Belki bu biziň birek birege bolan gaýraýşymyzy has hem güýçlendirer we düşünşmämiz aňsatlaşar. Elbetde gep ýene-de din hakynda bolar, emma bu gün biz diniň bize berýän täsirine radikal seretjek bolarys.
Ýöne ilki bir zady göz öňüňize getiriň, diýeliň siz Afrikada doguldyňyz we ol ýeriň dini ynançlary we däp dessurlary bilen ulaldyňyz. Gözüňiz açylyp, aňyňyz goýalşanyndan size diňe Alla birdir, olam Negrdir diýdiler. (Anyk maglumatdyr, afrikada köp dowletler Allanyň garalygyna ynanýar) Siz ýaşlykdan aýdylýan gepler we berilýän jezalar sebäpli, aýal maşgalanyň ekiz çaga doganda çagasy bilen bile öldürilýändigini bilýärsiňiz, sebäbi aýal ekiz çaga dogursa, diýmek ony ärinden başga ýene bir erkek edenligini aňladýar. We bütin dünýä siziň döwlete garşy sambit döredende we aýallary öz gününe goýdurjak bolanda, siz pikir edýäňiz, bu Şeýtanyň işi, ol bizi ýoldan çykarjak bolýar, biz dünýädäki iň halal we iň arassa millet (iň bolmanda häli bu gün GAF mollajyklary, halky şeýle gorkuda saklaýar)
Indi maňa aýdyň, siz şol düşünjeler bilen ulalanyňyzdan soň Hytaýly biri gelägede, siz samsygow, siz milletdagy däl, Gurhany okaýaňy, we günäsiz aýallary we çagalary öldürýäňiz, diýäýse nämederdiňiz? Elbetde Payhasly ýaly agzyňyza geleni sögüp başlardyňyz. Sebäbi siz öz Afrikan düşünjäňizden daşyna çykmak isläňizok, we Hytaýlynyň gözýetimi bilen, öz halyňyza daşyndan bakmak isläňizok.
Ateistler we Ateizm barada.
- Ähli talyplar.com we daşyndan gelen Dindar, Dana, super Mollalara soragym. Ateistler Hudaýa ynanmaýar ol dogry, emma näme üçin onda Dinleriň arasynda "Ateizm" bar???
Sebäbi, islendik din "Ynam" esasynda döredilýär. Ateistler bolsa Hudaýyň ýoklugyna "Ynanýarlar" ýagny olaram ynanýar ahyryn. Emma şol bir wagtyň özünde Ateistler hiç haçan beýleki dinlere at dakmaýarlar ýa-da olaryň Ýalňyşyny aýdyp gezmeýärler.
Garaz Jeýms Kemeron aýtmyşlaýyn:
"YNANÇ - IŇ ÝOWUZ WE ELHENÇ GÜÝÇDIR"
Awtoryň lakamy: TrustORG
25.12.2021.
http://talyplar.com/posts/102372
Ateistler hem ynanýar
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
25-12-2021, 21:51