Eger-de, nahary tagamly bişirip bilmeýän hem bolsaňyz, ýakynlaryňyza ýaranmaga mümkinçilik bar. Aşakdaky makalada naharyň has tagamly görünmegi üçin ýerine ýetirilmeli käbir maslahatlar berilýär. Olaryň arasynda hakykatdan-da peýdaly täsir edýänleri bar.

Ilki bilen nahar gowy görünmeli.

Eger-de siz telewizorda nahar taýýarlanylyşy barada gepleşikleri gören bolsaňyz, onda aşpezleriň naharyň daşky görnüşine nähili köp üns berýändiklerini bilýänsiňiz. Çarlz Miçeliň barlaglary bolsa iýmitiň daşky görnüşiniň onuň tagamyna täsir edýänligini subut etdi.

Naharyň tagamly görünmegi üçin ýerine ýetirilmeli käbir maslahatlar:

1. Tarelkanyň reňki göze ýakymly bolmaly. Munuň üçin iň gowy laýyk gelýäni ak reňkdir.

2. Iýmiti çendenaşa taşlaşdyrmak ýa-da köp guýmak dogry däl.

3. Kontrast (gapma-garşy) reňkleri, ölçegleri we şekilleri peýdalanyň.

4. Bezeg üçin gök önümleri, otlary, souslary peýdalanyň.

Daşky şertler hem möhümdir

Dizaýnerler (bezegçiler) restoranyň nähili görnüşde boljagyna uly üns berýärler. Bu ýagdaý müşderileriň nahar buýurmak we ony iýmek islegine gönümel täsir edýär. Şunlukda, özüňiz aňşyrmasaňyz hem siz öz öýüňiziň aşhanasyny, zalyny ýa-da otagyny kiçijik restoran diýip göz öňüne getirmek isleýäňiz. Eger-de siz şol islegiňizi amala aşyrsaňyz, onda nahar has ýakymly bolar.

Ilki bilen sazdan başlamak gerek. Alymlar orta gatylykdaky sazyň biziň nahar iýşimize oňyn täsir edýändigini subut etdiler. Başga bir barlagyň awtory Kristofer Nowak bolsa has takyk bolup, sazyň 62-den 67 desibele (ýagny adaty gepleşigiň gatylygyna barabar) çenli derejedäki gatylygy adamy öz iýýän iýmitinden has kanagatly edýändigini anyklady. Şol bir wagtyň özünde çenden aşa güýçli saz düýbünden ters täsir edýär.

Ýene-de birnäçe maslahatlar:

Temperaturany peseldiň. Beden öz ýylylygyny saklamak üçin köp energiýa mätäçlik duýar.

Ýagtylygy (çyrany) öçüriň ýa-da şem ýakyň.
Telewizor ýa-da söhbetdeşlik ýaly sosial güýmenjeleri peýdalanyň.

Agyr gap-çanak ulanyň

Eger-de biziň nahar iýmek üçin peýdalanýan enjamlarymyz agyr bolsa, onda biz nahardan has köp lezzet alýarys. Çarlz Miçeliň ýene bir işi şeýle netijäni görkezdi.

Şeýle hem, kümüşden ýasalan nahar iýilýän enjamlar barlaga gatnaşýan adamlara — respondentlere nahardan has-da güýçli lezzet almaga mümkinçilik berdi. Hat-da, adamlar olar üçin köp pul tölemäge hem taýýar bolupdyrlar. Kümüşden ýasalan agyr enjamlar üstünligiň kepili.

Eger iýmit geçmişi ýada salýan bolsa, onda ol has ýakymly bolýar

Illinoýs Uniwersitetiniň (ABŞ) alymlarynyň geçiren barlaglary şeýle netijäni subut etdi: eger-de iýmit adama onuň geçmiş ýatlamalaryny ýatladýan bolsa, onda ony iýmek has ýaramly bolýar. Mysal üçin “enemiň bişiren şokoladly kökesi” adaty dükandan alnan kökeden has tagamly bolar. Olaryň arasynda hiç hili tapawut bolmadyk ýagdaýynda hem şeýle bolar.

Bu ýagdaý ferma iýmitine hem degişlidir. Adam öz ýanyndan: “Bu towuk gowy şertlerde ýetişdirilipdir” – diýip pikir edýär we öz ynsabyndan arkaýyn bolup, nahardan has gowy lezzet alýar. (Türkmenlerde “elin zat” diýilişi ýaly.)

Eger-de, naharyň “köne maşgala täri boýunça” taýýarlanylandygy aýdylsa hem, onda ol has tagamlyrak görner. Çünki indi onuň tagamy taryh bilen baglanyşykly.

Iýip-içýän adamyň psihologiýasyna uýgunlaşyň

Kornell uniwersitetinde (ABŞ) örän gyzykly barlag geçirilipdir. Barlaga gatnaşýan adamlara - respondentlere agşam naharynyň ýany bilen iki çüýşe çakyr beripdirler. Olaryň bir toparyna (özüniň üzümçiligi bilen meşhur bolan) Kaliforniýadan, beýleki toparyna bolsa (çakyrçylyk bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk) Demirgazyk Dakota ştatyndan getirilen çakyr berlipdir. Birinji topardaky respondentler Kaliforniýada öndürilen çakyry öwüp, ikinji topardakylardan ortaça has köp nahar iýipdirler.

Hakykatda bolsa, çakyryň ikisi hem adaty dükandan, hersi üç dollar bahadan satyn alnypdyr. Eger-de nahar bilen täsir galdyrmak isleýän bolsaňyz, onda onuň gymmatlygy ýa-da kaşaňlygy bilen oýnaň. Dogrusyny aýtmaly bolsa, biziň ählimiz muňa aldanýarys ahyryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mona Songz tarapyndan 26-12-2021, 21:05

  • kalp doctory kalp doctory off № 2 26 декабря 2021 21:07
    like.Mana gerekzat eken nahar bishiri owrenmelida.saol
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 3 26 декабря 2021 21:08
    e yadadym shu interden bishirip bolmaly.
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 4 26 декабря 2021 21:09
    kalp doctory,
    Mowzuk nahar bişirmäni owredenok,bişiren naharyňy has tagamly edip (beynii aldap) iymegi owretyar
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 5 26 декабря 2021 21:10
    kalp doctory,
    ɹǝqıpǝ ɯɐʍop 'ɐuɐsɐɯɐpɐʎ
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 6 26 декабря 2021 21:12
    Gowy maslahatlar! Menem esasy owadan etjek bolýan naharlary esasam salatlary edil ýewropa stilinki ýaly otjagaz sepisdirsip gelsikli edip | (• ◡•)|
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 7 26 декабря 2021 21:15
    Цитата: MerdanGeldiyevv
    kalp doctory,
    ɹǝqıpǝ ɯɐʍop 'ɐuɐsɐɯɐpɐʎ

    Şu sözi okamak uçin kompyuteri ters ayladym
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 8 26 декабря 2021 21:16
    ʇɐz ʎʍoƃ ɯɐuɐʎlʎzɐʎ ʇɟᴉɹs ɐpʇʎɐs ns
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 9 26 декабря 2021 21:17
    Mona men nahary yakyp bishiryan yada tagamsyz shony diyjek bollum
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 10 26 декабря 2021 21:17
    Merdan haysy dilde yazyangay
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 12 26 декабря 2021 21:19
    Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
    ʇɐz ʎʍoƃ ɯɐuɐʎlʎzɐʎ ʇɟᴉɹs ɐpʇʎɐs ns

    Seň uçinem ters ayladym...
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 13 26 декабря 2021 21:20
    Цитата: kalp doctory
    O belgiler name onsang?

    Şrift
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 14 26 декабря 2021 21:21
    Mona Songz,
    Kelläňi aýla kompyn yerinde dursun
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 15 26 декабря 2021 21:21
    Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
    Mona Songz,
    Kelläňi aýla kompyn yerinde dursun

    Baýguşyňky ýaly kelle mende ýok.,...
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 16 26 декабря 2021 21:22
    Hüwüňki ýaly*
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 17 26 декабря 2021 21:24
    Mona Songz,
    180⁰ edip aylaysan kellan jarka dowuler
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 18 26 декабря 2021 21:25
    Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
    Mona Songz,
    180⁰ edip aylaysan kellan jarka dowuler

    Goysana
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 19 26 декабря 2021 21:26
    Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
    Mona Songz,
    180⁰ edip aylaysan kellan jarka dowuler

    Döwülenok
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 20 26 декабря 2021 21:27
    Ogulşirin_Bayramowa,
    Drug sen sportsmen bolanson sana hic zat bolmaz biri bir zat diyse ozuni alyp cykyan sen desant
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 21 26 декабря 2021 21:30
    Ogulshirin Bayramowa okamadyk bolsangyz goshgy terjimesi ucin ullaaakan sagbolung
    Jogap
  • My life My life off № 22 26 декабря 2021 22:55
    Gowy mowzuk. Nahar ucin hakykatdanam dash gornushe uns bermeli.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 23 27 декабря 2021 09:12
    like
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler