Täze ýyla iki gün galypdyr welin hiç hili tolgunma duýup bilemok.Göwnüme bolmasa,ulaldygymça täze ýylyñ gymmaty gaçyp barýan ýaly.Çagakak täze ýyla 10-15 galanda bökjekläp begenip başlardyk.Arça bezärdik,öý bezärdik,paýtagta aýlanmaga giderdik.Aýazbabadyr Garpamyk bilen surata düşerdik.Indi welin "Ýyldyr-da,çalyşsa çalşypdyr-da,bu çalyşsa indiki geler-dä" diýen biperwaýlyk bilen garaýan.Goñşylaryñ arasynda gizlin gurnalýan owadan saçak bezemek bäsleşigi hem ünsümi çekenok.Nämä derkar?Saçak bezemek "Özgeler näme diýer" atly adama düýpgöter zyýanly düşünjäniñ täsiri bilen edilýän amal dälmi nä?!
Elgaraz,täze ýyl juda gyzyksyz görünýär.Ýöne elbetde,bu ýylymyzyñam sag-salamat geçip gidenligine şükür edýärin.Bolmalysam şol.
Gyzyksyz.
Sorag-jogap,
Belki
tarapyndan
29-12-2021, 21:23