Gamgyn bolma! Çünki sen düýn gynanyp gyýlyp, darygyp gördüń, saña gara şaylyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik gazandymy? Ene-atan aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna direlip geldimi? Söwdada çökdüń, gayga çümdün, daryganyn bilen, ýitgiler girdejä öwrüldimi?
Gamgyn bolma! Sen bir bela-beter üçin gama batdyn, gayta esse-esse dert gazandyn. Garyplygyna gyýyldyň, gayta artykmaç gaýgy-gussa çolandyň. Göripbahyllaryň her bir sözi üçin ejir çekdiń, şeýdibem olaryň heşelle kakmagyna kömek etdin. "Bir ýaramaz is yüz beräymesin" diýip, dowla düşüp, hasrata batdyn yõrdün, emma ol bolmady. Gury õrtenenin galdy.
Gamgyn bolma! Kalbyňy gaýgy-gam, dargursaklyk eýelän bolsa, giň howlynyň, görmegeý ýanýoldaşyň, bol-telki malyń, abraýly wezipäniń, asyllyterbiýeli perzentleriň berýän ýakymyny, lezzetini asla duýup bilmersiń!
Gamgyn bolma! Gaýgy-gynanç süyji suwy şerebe, gül gozasyny türşek, bag-bossanlygy gök gögermez düzlük, durmuşy bolsa çydap bolmajak zyndan edip görkezer.
Gamgyn bolma!
Bilim,
qwerty1
tarapyndan
30-12-2021, 10:56