Hakyky söýginiň üç sany alamaty bardyr. Olaryň birinjisi ideg etmekdir. Ideg bolmasa, söz bilen beýan edilen söýgi hakyky söýgi däldir. Ol özüň we başgalaryň öňündäki aldawdyr. Hereketler bilen sazlaşmaýan söýgi baradaky sözleriň hiç hili oňyn manysy we netijesi ýokdur. Kişi siziň ýakynlygyňyzy duýmaly. Oňa goldaw bermeli. Iň esasysy hem her bir zada ak ýürekden ýapyşmaly. Söz bilen beýan edilen söýginiň beden hereketleri bilenem hökman üsti ýetirilmelidir. Gepiň gysgasy, söýgi sözde däl-de, özendedir. Bu kada durmuşyň her bir ulgamynda öz hökümini ýöredýär: söwdada, syýasatda, maşgalada, esasan hem biz mugallymlaryň wezipesi bolan okuw-terbiýeçilik işinde.




Söýginiň ikinji alamaty diňlemekdir. Gürrüňdeşimiziň aýdýanlaryny üns bilen diňlänimizde, söýgimiz many tapýar. Üstünlik gazanyp, çeken azabymyzyň miwesini görmek üçin çagalaryň pikirlerini we aýdýan zatlaryny arman-ýadaman diňlemek okuw-terbiýe işiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Onuň sözüne gulak asmak we gadyr goýmak hakyky dostlugyň gözbaşydyr. Sebäbi diňlenmeýän, pikirlerine üns berilmeýän adam özüni «çetleşdirilen», «gyraklanan» ýaly duýýar.



Söýginiň üçünji alamaty bolsa ähmiýet bermekdir. Okuwçylaryňyzyň üstünliklerine ähmiýet berip, «berekellasyny» ýetireniňizde, hem olara bolan söýgiňizi bildirýärsiňiz hem-de olary durmuşa taýýarlaýarsyňyz. Şeýlelikde, sizden alan goldawy bilen olaryň höwesi has-da artýar. Ähmiýet berildigiçe, has gowy bolmak, has köp üstünlik gazanmak üçin ynam we isleg döreýär. Söýülmegiň iň aýdyň nyşany saňa ähmiýet berilmegidir. Ylaýta-da, okuw-terbiýeçilik işinde çagalara islendik ýagdaýda we elmydama ähmiýet berilmelidir

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jk_Anime tarapyndan 30-12-2021, 19:44

  • Jk_Anime Jk_Anime off № 2 30 декабря 2021 20:15
    I love you Korea,
    Salam gowumy ? men Ejegyz nik özümki däl !
    benim kuzen var .
    şol army nikiňi aýt likeedäki seni tapjakmyş .
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 3 30 декабря 2021 20:46
    Salam korea menem Seul tanshanma shat gozlap yordim siziI love you Korea,
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 4 30 декабря 2021 20:47
    I love you Korea,
    Men Astro armynyng fanatkasy Bts bunam halayan yone
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 5 30 декабря 2021 20:48
    Jk_Anime,
    Bu alamatlarda praktika edip gorenlerem barmyka hehe
    Jogap
  • I love you Korea I love you Korea off № 6 30 декабря 2021 21:40
    Цитата: Jk_Anime
    I love you Korea,
    Salam gowumy ? men Ejegyz nik özümki däl !
    benim kuzen var .
    şol army nikiňi aýt likeedäki seni tapjakmyş .

    KimTae likeede
    Jogap
  • I love you Korea I love you Korea off № 7 30 декабря 2021 21:41
    Цитата: kalp doctory
    Salam korea menem Seul tanshanma shat gozlap yordim siziI love you Korea,

    menem tanyshanyma shat
    Jogap
  • Yekeje Yekeje off № 8 1 января 2022 03:49
    Mena entegem soygulime aydamok ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler