Bu sowal köpüňizi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Dünýä döwletleriniň köpüsi bilen-ä tanyşsyňyz?! Eýsem, olaryň atlary nähili manyny aňladýar? Bilesiňiz gelýärmi? Baş üstüne!

Ýurtlaryň atlary örän gadymdan gözbaş alýar. Olaryň köpüsi ýerleşýän ýerine, tebigatyna, halkyna görä atlandyrylypdyr. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyşlyk açalyň.

Meselem, Norwegiýa. Gadymy iskandinaw dilinde ýurduň ady «Norýegr». Bu «demirgazyga tarap ýol» diýmegi aňladýar.

Islandiýa. «Ice land» – «Buzlaryň ýurdy» ýa-da «Buzly ýurt» diýmegi aňladýar.

Müsür. Bu at Arabystan ýarymadasynyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy «Misr» sözünden döräpdir. Bu olaryň dilinde «ilatly ýer» diýmekdir. Olar biri-birine ýakyn bolan şäherleriň, obalaryň köp bolandygy üçin bu ülkäni şeýle atlandyrypdyrlar. Müsürlileriň özleri we dünýäniň köp ýurtlary bu ýurdy şol at bilen atlandyrýarlar. Emma Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde Müsüriň gadymy greklerden galan Ýegipet ady ýörgünlidir.

Awstriýa. Bu gadymy «Österreich» diýen nemes sözünden gelip çykyp, «Gündogar ýurdy» diýmegi aňladýar.

Hytaý. Hytaýyň ýerli ilaty öz ýurduny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo – «ortadaky döwlet» manysyny berýär. Hytaý ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýip çaklanylýar. Türkmenler kidanlara gara-hytaýlylar diýipdirler.

Braziliýa. Gymmatbaha gyzyl agajyň portugal dilindäki adyndan gelip çykandyr.

Eýran. Ýurduň häzirki ady Awestadaky Ariýana adyndan gaýdýar. Ol «Ariýleriň ýurdy» diýmegi aňladýar.

Lýuksemburg. Bu nemes dilinden terjime edilende «lucilinburch», «kiçi şäher» diýmekdir.

Bahreýn. Pars aýlagy sebitinde ýerleşen monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň ady «Iki deňiz» diýen manyny berýär.

Tailand. Ýewropalylaryň koloniýasy bolmandygy üçin, bu ýurdy «erkinleriň ýurdy» diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň Tailand ady ýewropalylaryň dakan ady. Ol «taýlaryň ýurdy» diýmegi aňladýar. Taý «erkin», «azat» diýmegi aňladýar.

Sudan. Bu at araplaryň «Bilad as-sudan», ýagny «Garalaryň ýurdy» diýen sözünden döräpdir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mona Songz tarapyndan 4-01-2022, 00:12

  • kalp doctory kalp doctory off № 1 4 января 2022 00:13
    Peydaly maglumat sagja bol Monam koreangky yokmy?
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 2 4 января 2022 00:17
    Цитата: kalp doctory
    Peydaly maglumat sagja bol Monam koreangky yokmy?

    Ony bilemok...fanatymy senem Koreýanyň?
    Kiçikäm menem Koreýanyň fanatydym..
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 3 4 января 2022 00:18
    Hawa olip goryan sholaryMona Songz,
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 4 4 января 2022 00:19
    kalp doctory,
    Profiliňden belli
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 5 4 января 2022 00:21
    Цитата: kalp doctory
    Peydaly maglumat sagja bol Monam koreangky yokmy?

    Koreýleň ýaşaýany üçin Koreýa
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 6 4 января 2022 00:25
    Liwerpul_fc,
    :))
    Barmysyňyz ziom?)
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 7 4 января 2022 00:25
    Mona Songz,
    Baryn,gowmy ýagdaý?
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 8 4 января 2022 00:36
    Цитата: Liwerpul_fc
    Mona Songz,
    Baryn,gowmy ýagdaý?

    Gowy şükür Alla.
    Bar boluň!
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 9 4 января 2022 05:41
    Mona Songz,
    Gowy mowzuk
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 10 4 января 2022 10:10
    Yio dine fanatlygymdan dal sho kinodaky roly tipa tip menda shong ucinMona Songz,
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 11 4 января 2022 13:04
    kalp doctory,
    Koreýanyň naharlarny halayanmy hehehe
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 12 4 января 2022 13:28
    Dinge ramyon iyip gordum bashgasyny yatlatmaEziz,
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 13 4 января 2022 13:35
    Цитата: kalp doctory
    Dinge ramyon iyip gordum bashgasyny yatlatmaEziz,

    Koreýada okayanmy sen
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 14 4 января 2022 13:59
    Yiok ozim tayarlap gordimEziz,
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler