PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ IKINJISI
Bu aýdýanlarym pygamberlikden öñ bolan zatlar, mugjyzasy añyýete görä pygamberliginde-de "geñ-tañsy wakalar" dowam edýär. Bularyñ iñ meşhury "Kamar" süresindäki aýatyñ şeýle düşündirilmegidir: ýagny, şeýle diýilýär: "Pygamberimiz Aýy ikä böldi. Müşrikler "Aýy ikä bölüp görkezsene!" diýdiler. Pygamberem elini galdyrdy we Aýy ikä böldi. Müşrikler muny gözi bilen görüp duran wagtlarynda-da, ynanmadylar."
Bular ýaly zat bolmandyr. Müşrikler bilen bular ýaly jedelem bolanok. Eger bu rowaýat dogry bolaýan ýagdaýynda, şeýleräk bolan bolmagy ahmal: Pygamberimiz yşarat barmagy bilen Aýy görkezip: "Serediñ, ine, Allanyñ aýaty, görüñ". Olaram diýendir: "Ýeri, Allanyñ aýaty diýýäniñi biz her günem görýäris, ony ikä böl, göreli. Bizem seniñ pygamberdigiñe Aýy ikä bölüp görkezeniñde ynanaly." Pygamberem: "Ähli güýç Allanyñ elinde, maña ony size diñe görkezmek we yşarat etmek buýrulan" diýendir, wessalam. Waka şonlugyna gutarandyr. Emma biziñ musulmanlarymyz jöhitlerden Musanyñ "mugjyzalaryny", hristianlardan Isanyñ "mugjyzalaryny" diñlänsoñ, "Eýho, olaryñ pygamberleriniñ şonça mugjyzasy bar, biziñ pygamberimiziñki olañ ýanynda bärden gaýdýar, onuñam mugjyzasy bolaýmaly" diýip, Aýy ikä böldüripdirler (şu gürrüñi çykarypdyrlar). Özem muña goşmaça hadysam toslap, siýer kitaplaryna-da salypdyrlar. Aslyýetine garanda, pygamberimiziñ (s.a.w) müşrikler bilen jedeli bular ýaly däldi, rowaýat pygamberiñ müşrikler bilen jedeliniñ düýp sebäbinem gizleýär. Pygamber müşrikler bilen Aýy ikä bölüp bilýändiginiñ ýa-da bilmeýändiginiñ üstünde jedelleşmedi. Olara Allanyñ bardygyny subut etjegem bolmady. Olara "namaz okañ, oraza tutuñ, haja gidiñ" hem diýmedi, müşrikler öñem bu ybadatlary ýerine ýetirip ýördüler. Pygamber (s.a.w) olara: "Mülk Allañkydyr. Gullary azat ediñ, olary Alla ýaratdy. Düýeleri agyllaryñyza toplamañ, olary garyp-gasarlara paýlañ. Adamlara göterimine altyn-pul berip, olary ezmäñ" diýdi. Ýagny, pygamberimiz (s.a.w) sosial signallar berdi, bu bolsa müşriklere ýaramady. Hudaýa, pygambere ynanýandyklaryna, haja gidýändiklerine, gusul täretini alýandyklaryna garamazdan, pygamberi asla bagyşlaman, öz derejelerini ýitirmejek bolup, onuñ garşysyna söweşdiler. Çünki dowam edip gelýän sistema, düzgünlerine çomak sokandygy üçin pygamberi halamadylar, ony göresleri gelmedi. Emma bu waka başgarak röwüşde gürrüñ berilýär, hamana pygamber bilen müşrikleriñ arasynda teologik jedeller bolup geçenmiş. "Kyýamat barmy, Alla barmy, Aýy ikä bölüp görkez" diýen ýaly. Hamala göreş teologik çekişme bolup, sosial waka bolmadyk ýaly. Aslynda ýagdaý düýbünden başgaça: häzirki ýagdaý nähili bolsa, şowagtam şody. Adamzat şumat näme gözleýär: adalat gözleýär, deñlik, azatlyk gözleýär, şowagtam şeýledi. Gullar bardy, aýal-gyzlar ikinji derejeli adam hasaplanýardy, adalat ýokdy, zulum bardy. Pygamber bulara garşy çykdy. Onuñ töweregine esasan ejizler, hossarsyzlar has köp üýşdi. Mekgeliler mundan ynjalyksyzlandylar we oña her tüýsli töhmet atdylar, mesele şundan ybarat. Bular ýaly fantastiki gürrüñler pygamberimiziñ (s.a.w) sosial signallaryny doly ýok edýär we "asmana seret, asmana" diýip, biziñ ýer bilen baglanşygymyzy kesýär.
(Dowamy bar)... >>
Rejep IHSAN ELIAÇYK.
http://site/news/pygamberimiz_hakda_dogrudyr_oydulyan_10_yalnysyn_ikinjisi/2022-01-03-18853
Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalňyşyň ikinjisi
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
4-01-2022, 21:00