HÄKIMIÝETIÑ HAKYKY EÝESI KIM?

Jemgyýetde häkimiýet ugrundaky göreşiñ iñ düýpli formasy tiranlar (diýdimzorlar) bilen halk eradasyny goraýjylaryñ arasynda bolup geçipdir. Halk eradasyny öñe tutýan jemgyýetde şu tarapdan häkimiýet ugrunda göreş bolmaýar. Saýlawlar syýasy düşünişmezlikleriñ çözgüdini tapmak üçin gerek. Saýlawlarda häkimiýet üýtgemeýär, çünki teoriýada häkimiýetiñ eýesi hemişe halkdyr. Hakykatda bolsa häkimiýetiñ kimiñ elindedigini bilmek üçin umumy girdejiden kimiñ köp paý alýandygyna seredäýmeli. Tiranlarmy? Gaýyrylan işewürlermi? Ýa halkmy? Kim ýolbars paýyny alýan bolsa, kim jemgyýetçilik mümkinçiliklerinden çäklendirilmedik ýagdaýda peýdalanýan bolsa, kim ýedi arkasyna ýetjek baýlyk toplaýan bolsa - häkimiýet şodur. Anyk aýtmaly bolsa, milli eradanyñ göreşi - nasional döwlet dawasy bolan ýolbars paýyny halka paýlamakdyr.
Totalitar režimler bolsa, mysal üçin SSSR ýa-da Faşistik Germaniýa häkimiýet göreşine ýagşy bilen ýamanyñ arasyndaky göreş hökmünde garaýar. Hökümet jemgyýetçilik bähbitleriniñ we adalatyñ wekilidir. Indiwidler bolsa müfsit (ara bozujy) we bähbitparaz bolýar.
Bu režimlerde hökümet mehanizmi götergilenýär, dolandyryjy özüniñ hyzmatkärdigini aýdýar, şeýdibem ondan edýän işleri üçin hiç kim hasap soramaz ýaly ýagdaýa gelinýär. Dolandyryjynyñ özüne we tarapdarlaryna ýeñillikli şertleri döredýän düzgünleri mukaddes emiriñ berjaý edilişi ýaly seljermelerden we tankytdan azat bolýar. Öz bähbitlerini-de kesgitläp bilmejek derejede emelsizler işbaşarjañ we gallaw bolmandyklary üçin özleriniñ hiç zadyñ alnyndan däldiklerini gowy bilýän kişiler bu rejimleriñ esasy tarapdarlarydyr.
Çünki hemmelere gyradeñ dörediljek şertler olara peýdaly däl, bu gezek işeññirler we ukyp-başarnyklylar öñe çyksa, olar yzda galmaly boljak. Diñe özüni we ýanyndakylaryñ bähitlerini goraýan hökümet tutuş halky birmeñzeş pes güzeranda saklap, indiwidleriñ bir-birlerini gabanmagynyñ öñüni alýar. Bu gatlak üçin “ýazgaryjy ruh” düzgüne garşy gitmekligi añladýar. Emma hakykatda bu ruh medeniýetiñ çeşmesidir.
Hökümet zorlugynyñ we totalitar režime barýan ýoluñ öñündäki iñ esasy päsgelçilik halkyñ maglumatlary öwrenme mümkinçiligidir. Bir hökümetiñ edýän işleriniñ ýedi ölçäp bir kesilmegi diñe ylym bilen mümkin. Ölçeg birligi manysynda ykdysadyýet ylmynyñ beýleki ylymlaryñ arasynda aýratyn orny bar. Ykdysadyýet ylmy hökümetiñ alyp barýan işlerine esewan etmekde ynanyp boljak hakyky maglumatlary berýär. Ýöne totalitarlygyñ tarapdarlary ykdysadyýet ylmynyñ orta goýan hakykatlaryny ara alyp maslatlaşmakdan gaça durýarlar. Ykdysatçylary äsgermeýärler, maksatlary hakda şübhä düşürýärler. Çünki eger hakykatdanam ykdysady kanunlar bar bolsa, hökümetiñ bu kanunlara görä hereket edip etmeýändigine bagly. Şol bir wagtda ýöredilýän syýasat paýlanşyga täsirini ýetirýär. Paýlanşygyñ kimiñ peýdasyna, kimiñem zyýanyna bolandygyny ykdysadyýet ylmy aýdýar. Bidüzgünçilikli hereketler mümkinçiligi ýokary synpy halk köpçüligine zyýan ýetirjek görnüşde baýlaşdyrýan bolsa, "häkimiýetiñ hakyky eýesi kim?" sowalynyñ jogaby eýýäm taýýar. Kim baýaýan bolsa häkimiýetem şodur.

Aýşe SUJU.




Çeşme:
http://site/news/hakimiyetin_hakyky_eyesi_kim/2022-01-03-18855

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5-01-2022, 07:48

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler