GERAKL – Hudaýyň ogly. Ol Hudaý tarapyndan çäksiz güýje eýe edilen, üstesine-de belli şertler esasynda goýlan edermenlikleri ýerine ýetirse, öz-özünden hudaýlaryň hataryna goşulmaly. Ol hudaýa öwrülmeli. Geraklyň özi ony Apollondan eşidýär. Oňa ýaraglary berenler hem hudaýlar. Gerakl ähli edermenliklerini hut öz bähbidi üçin, özüniň hudaýa öwrülmegi üçin ýerine ýetirýär. Şeýle-de bolsa, ony uly töwekgelçilige iterýän başga-da bir sebäp bar. Ol kakasy Zewsiň (Hudaýyň) hudaý aýalynyň – (çünki, rowaýatlara görä, Zewsiň ynsan zenanlaryndan hem aýallary bar. Geraklyň ejesi Alkmen hem başy ölümli ynsandyr. A.G) – Geranyň Gerakla bolan ýigrenjidir. Geranyň ýigrenji sebäpli ol öz çagalaryny, bir garynda ýatan dogany Ifikli hem öz elleri bilen öldürýär. Ol bu düşnüksiz ahwalyň soňuna çykmak isleýär. Şonuň üçin hem ol Ewrisfeýiň kejir islegi esasynda bitmesi juda kyn bolan töwekgelliklere baş goşmaly bolýar. Ynha, şu ýagdaýlar Gerakly töwekgelçilikli edermenliklere iteren esasy sebäplerdir.



GÖROGLY – durmuşda kän gabat gelmeýän ýagdaýda dünýä inenem bolsa, ol ynsan perzendidir. Güýç-gurjurlylygynyň esasy çeşmesi onuň ganynda. Ol batyr, edermen ýigitlere baş bolup, il-gününi keseki duşmanlardan goramagy başaryp ýören Adybegiň ogly. Çandybil soltany Jygalybegiň agtygy. Şonuň üçin hem ýaşlygyna garamazdan, onda türkmen häsiýetlerini görmek bolýar. Emma şeýle-de bolsa, Görogla 360 erenler tarapyndan ýeňilmezligiň şertlerini döredýän ýeňillikler hem berilýär. Biz ol ýeňillikleri makalamyzyň başynda sanap geçipdik. Bellemeli ýeri ol ýeňillikleri erenleriň Göroglynyň hut öz islegleriniň esasynda berýänligidir. Bu bolsa, Göroglynyň kalbynda edermen, batyrgaý bolup ýetişmek hyrujynyň ýatanlygyny aňladýar. Eýsem ýaňy kämillik ýaşyna ýeten Göroglynyň kalbynda ol islegleriň döremegine we onuň güýçli hyruja öwrülmegine nämeler sebäp bolduka?! Ol duýgy Göroglynyň oglanlykdan ýetginjeklik ýaşa çenli öz gözleriniň öňünde bolup geçen wakalaryň esasynda kemala gelmegi bolýar. Görogly heniz ýetginjeklik ýaşyna ýetmänkä, durmuşyň ýowuz şarpygynyň birnäçesini datmaly bolýar. Ol atasy Jygalybegiň gözleriniň oýulandygynyň şaýady. Ol agasy Möminiň öldürilendigini bilýär. Damarynda edermenligiň gany gaýnaýan Görogla ýeňňesi Gülendamyň gözüne basylyp alnyp gidilmegi hasam erbet täsir edýär. Göroglynyň:

... Geldi güýçli ganym ugrap,
Ýetmedi güýjüm, ýaş oldy.
– Görogly gördüm özümden,
Heder etmedi sözümden...

– diýen sözleriniň onuň çäksiz güýje eýe bolmak isleginiň nireden gözbaş alyp gaýdandygyny kemsiz äşgär edýär. Şonuň üçinem ol erenleriň ak patasyny alyp geleninde, atasy Jygalybege gören-eşidenlerini habar berip, buýsanjyny içine sygdyryp bilmän bir nama aýdýar. Ol nama-da şeýle sözler bar:

Men ýetim halymda üstüme geldi,
Ne ýowuz söwdany başyma saldy,
Agladyp, eňredip, ýeňňemi aldy,
Arapdan aryňy al, Jygaly ogly.

Zalym Hüňkar babam gözün oýdurdy,
Ýüregimi gam-gussaga doldurdy,
Gazap edip, ýalňyz agam öldürdi,
Ganymdan aryňy al, Jygaly ogly.

Ynha, şu sözler Göroglynyň içki dünýäsinden habar berýän sözlerdir. Görogly öz ýakynlarynyň aryny almak islegine ýugrulandygy sebäpli, başyny ýowuz synaglara salýar. Ol öz maksady ugrunda göreşýär.
Görogly ähli ýerine ýetirmeli edermenliklere durmuşy wakalaryň esasynda-da girişýär. Şol edermenliklere baran ýoly onuň özi saýlaýar, ony öz görnüşi we başarnygy bilen esasynda amala aşyrýar. Ol öz paýhasy bilen öz halkynyň häsiýetlerine doly laýyk gelýän hereketleri edýär. Dini ynançlar bilen baglanyşykly hemaýatsyçy, zeberdest piri Hezret Aly bolsa, oňa diňe çykgynsyz güne düşende ruhy hemaýat beriji bolup hyzmat edýär.
Geraklda welin başgaça. Onuň etmeli edermenliklerini Ewrisfeý saýlaýar. Ewrisfeýiň bu hukugy Zews bilen Geranyň başlanan şertnamasyndan gelip çykýar. Gerakly iň hökmürowan Hudaý Zews penalaýar.
Biz bu iki gahrymanyň edermenlikleriniň öňüsyrasyndaky ahwallary baradaky pikirlerimizi şunuň bilen bir ýere çugdamlamakçy bolýarys. Gahrymanlaryň ikisiniň ykbalynda umumylyklaryň we aýratynlyklaryň bardygyny biz eýýäm bilýäris.
Şeýlelikde, Gerakl diňe hudaýlaryň täsiri we görkezmesi esasynda hereket edýär. Göroglynyň näme etmelidigini özi kesgitleýän, öz paýhasy boýunça hereket edýänligi onuň esasy aýratynlygydyr. Gerakl edermenliklere Erisfeýiň görkezmesi esasynda girişýär. Görogly bolsa öz kalbynyň görkezmesi esasynda.
Durmuşy hakykata golaý we belli bir halkyň milli häsiýetine mahsus hereket edýänligi sebäpli Görogly bilen baglanyşykly wakalar has ynandyryjydyr we terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Edebi eseriň iň esasy gymmatlygy hem onuň adamlar üçin näderejede ähmiýetlidigine baglydyr.

• GÖROGLY BEGIŇ EDEBI KEŞBINIŇ DÜNÝÄ EDEBIÝATYNDAKY ORNY



Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen biziň öňümizde ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlap gelen ajaýyp zamanasynyň altyn derwezesi açyldy. Türkmen halky indi öz ykbalyna dahylly ähli zatlara özüçe çemeleşmäge mümkinçilik tapdy.
Makalanyň jemleýji bölüminde biz Göroglynyň we Geraklyň ýerine ýetirýän edermenlikleri barada, edermenlikleri we ýerine gahrymanlaryň häsiýetleri barada, gahrymanlaryň ölümi we ölümden soňky ömürleri barada öz mümkinçilikligimize we başarnygymyza görä gürrüň edýäris.

• GÖROGLYNYŇ edermenlikleri we GERAKLYŇ edermenlikleri

Biz gürrüňi rowaýatlaryň gahrymany Geraklyň edermenlikleri baradaky maglumatlar bilen başlamagy makul bildik. Bize eýýäm mälim bolşuna görä, Gerakl züwwetdin Ewrisfeýiň talaby esasynda on iki sany edermenligi amal etmelidi. Ynha şol edermenlikleriň gysgaça sanawy:

1. Tenine peýkam ötmeýän berk bedenli Nemeý ýolbarsyny ýeňmek.

2. Her kesilen kellesiniň ýerine täze kelle çykarýan Lerneý aždarhasyny ýeňmek.

3. Çüňkleri we penjeleri misden bolan, bürünç perlerini ýaý oky ýaly atyp bilýän Stamfal guşlaryny ýeňmek.

4. Altyn şahly, mis aýakly Kermiineý jerenini tutup getirmek.

5. Adamçy Eriman ýekegapanyny getirmek. Bu edermenligi ýerine ýetirmäge barýarka Gerakl ýolda kentawrlar (kentawr – at göwreli, adam kelleli jandar) bilen hem söweşmeli bolýär.

6. Awgiýanyň mal ýatagyny arassalamak. Awgiýa – Elidanyň şasy. Gün Hudaýy Gelinosyň ogly. Ol baýlygynyň we malynyň köplügi bilen şöhratlanan. Bu edermenlik onuň örän uly mal ýatagyny bir günde arassalamak bilen baglanyşykly.

7. Krit öküzini ýeňmek. Deňiz Hudaýy Poseýdonyň Krit şasy bilen Minosa sowgat berip, öz ýoluna gurban edilmänligi üçin hem guduz keselini ýokuşdyran öküzi.

8. Dinomediň atlaryny getirmek. Gerakl Dinomediň, gözelliigi we güýji babatda deňsiz-taýsyz hasapanan atlaryny getirýär.

9. Ewrisfeýiň gyzynyň dakynasy gelendigi üçin Amazonkalaryň – söweşiji zenanlarynyň şasy Ipollote uruş Hudaýy Aresiň sowgat beren guşagyny getirmeli bolýar.

10. Gerakl üç sagryly, üç kelleli, alty eli we alty aýagy bolan Gerion diýlen döwsypat nägehanyň sygyr sürüsini getirýär. Ol bu edermenligi ýerine ýetirmek üçin Orfa atly iki kelleli it bilen äpet döwsypat Efrison bilen hem söweşmeli bolýar.

11. Gerakl Aidanyň ýerasty şalygyny – ölüler ýurdunyň sakçysy bolan Kerber atly üç kelleli iti getirýär. Onuň boýnunda hemişe guýruk tarapy aždarha kelleli ýylan oraşyp gezýär.

12. Gesperidiň almasyny getirmek. Asmany gerdenlerinde saklap duran äpet Hudaý Atlasyň gyzy Gesperidiň seredýän bagyndaky altyn agaçda bitýän üç sany altyn alma.

Gerakl şu sanawdaky edermenlikleriň hemmesini hem ýerine ýetirýär. Şeýlelikde-de, ol hudaýlar Zews bilen Geranyň şertnamasyndan gelip çykýän bendilikden – Ewrisfeýiň guly bolmakdan halas bolýar. Emma bu heniz hemmesi däl. Gerakl bilen baglanyşykly başga-da wakalar kän. Olar baradaky gürrüňde biz makalamyzyň dowamynda dolanyp geleris.
Okyjylaryň köpüsine tanyşlyga seretmezden Görogly begiň edermenliklerine hem bir hatar ser salmak ýerlikli bolsa gerek:

1. «Göroglynyň öýlenişi». Bu şahadaky edermenlikde ol aždarha bilen söweşýär.

2. «Ar alyş». Bu bölüm Göroglynyň Reýhanarapdan aryny alşynyň, ýeňňesi Gülendamyň ýerine Bibijany alyp gelmeginiň beýanydyr.

3. «Öwez getiren» bölümi Göroglynyň özüne ogullyk edinişi bilen baglanyşyklydyr.

4. «Öweziň halas edilişi». Bu bölümde Göroglynyň kyrk ýigidi bilen söweşde ýesir düşen Öwezi Hüňkaryň dar agajynyň aşagyndan alyp gaýdyşy wasp edilýär.

5. «Öwez öýlenen». Görogly atalyk borjuny berjaý edip ogluny öýerýär. Oňa Leke şanyň gyzy Gülruhy getirip berýär.

6. «Arap Reýhan», gyzyny gideren Leke şa Göroglynyň üstüne Arap Reýhany küşgürýär.

7. «Kyrk müňler» Arap Reýhanyň ölenine göz ýetiren Leke şa Hüňkar soltana arz edýär. Öňem jany ýangynly Hüňkar golastyndaky dürli ýurtlardan goşun ýygnap, Çandybile ýöriş edýär.

8. «Öwez öýkelän». Göroglynyň ýaraly wagty onuň ýigitlerinden göwni galan Öwez öýkeläp, Weýýeňama gidýär. Ol ýerden bolsa Çandybile goşun çekip gelýär.

9. «Kempir». Bu şahada Göroglynyň Gyratynyň ogurlanyşy we Göroglynyň ony alyp gelşi baradaky wakalar beýan edilýär.

10. «Harmandäli». Göroglynyň zenanlara mahsus bolmadyk güýjüň eýesi bolan Harmandäli gyz bilen tutluşygy.

11. «Bezirgen». Görogly gepe gidip öz kyýamatlyk doganyny – Bezirgeni öldürýär. Soň günäsini ýuwýar, ýagny Aýsoltana agalyk borjuny haklaýar.

12. «Serwijan». Hüňkaryň çozuşy netijesinde Köse ýaralanýar. Öwez ýesir düşýär. Görogly Öwezi, onuň ýany bilen hem dilini tapyp, Hüňkaryň gyzy Serwijany alyp gaýdýar.

Göroglynyň edermenlikleri bilen baglanyşykly başga-da bölümler bar. Emma eseriň arasyndaky umumylyklary we aýratynlyklary kesgitlemäge biz şu bölümleriň wakalaryny ýeterlik hasaplaýarys.

• GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIKLERINIŇ HÄSIÝETLERI

Biz gürrüňi edilen iki gahrymanyň ýerine ýetirýän edermenlikleri baradaky maglumatlaryň gysgaça sanawyny getirdik. Ol maglumatlardan belli bolşy ýaly, Geraklyň ýerine ýetirýän edermenlikleri hyýaly häsiýete eýe. Sebäbi, Geraklyň şöweşýän garşydaşlary adaty durmuşda gabat gelmeýän mahluklar. Galyberse-de Gerakl olar bilen diňe Ewrisfeýiň talabyny ýerine ýetirmek üçin söweşýär. Şonuň üçinem, bu ýerde gahrymanyň diňe beden taýdan kuwwatlylygy aýdyň beýan edilýär-de, onuň durmuşa görä baş alyp çykmak ukyby, onuň akyl-paýhaslylygy aýdyň şöhlelenmeýär.
Göroglynyň ýerine ýetirýän edermenlikleri welin, durmuşy häsiýete eýe. Dogry, Göroglynyň ýerine ýetirýän edermenlikleriniň arasynda hem göz öňüne getirmegi aňsat bolmajak pursatlaram bar. Mysal üçin, Görogly Agaýunusyň mekanyna baranynda, ol ýeri garawullaýan aždarha bilen söweşýär. Öwezi getirmäge gidip barýarka, ýolda galandaryň sataşyp, haýyş etmegi boýunça, ol Töwriz hanynyň gyzynyň şertini berjaý edýär. Atyny kyrk gez belentlikdäki galadan bökdürip geçirýär. Şeýle waka Göroglynyň Nişapurdan Gyratyny alyp gaýdan pursatynda hem bar... Emma bular Görogly begiň ýerine ýetirýän edermenlikleriniň häsiýetine howaýylyk çaýmaýar. Çünki, bize mälim bolan bölümleriň ählisiniň wakalary durmuşy zerurlygyň esasynda ýüze çykandyr. Onsoňam, Görogly ol edermenlikleri hiç kimiň talabyna görä däl-de, öz islegine görä berjaý edýär. Ol ähli ýerde-de özüniň dogry hasap edýän çemeleşmelerini ulanýar. Bu bolsa Görogly begiň diňe bir beden berkligini däl-de, eýsem onuň akyl-paýhasynyň, ugurtapyjylygynyň artykmaçlygyny subut edýär.

• GAHRYMANLARYŇ HÄSIÝETI (GÖROGLY BILEN GERAKLYŇ HÄSIÝET AÝRATYNLYKLARY, OLARYŇ ÖZBAŞDAK HEREKETLERINDE ÝÜZE ÇYKÝAR)



GERAKL barada agzalan on iki edermenlikde biz, köplenç, onuň gara güýjüniň täsirini görýäris. Sebäbi ol diňe buýrulanyny edýär. Şonuň üçinem bu edermenliklerde onuň häsiýeti aýdyňlaşman galýar. Emma Geraklyň sanalan edermenliklerinden başga-da ýerine ýetirýän edermenlikleri bar. Geraklyň häsiýet aýratynlygy, aglaba şolarda ýüze çykýar. Onuň agzalan on iki edermenlikleriniň arasynda özbaşdak hereket edýän pursatlar hem häsiýetiniň aýdyňlaşmagyna köp kömek edýär. Geliň, Geraklyň şeýle hereketlerine bilelikde ser salalyň:

1. Gerakl heniz çaga wagtlarynda «Sapagyna ýetişenok» diýip, şapbat çalanlygy sebäpli, sazdan sapak berýän mugallymy – halypa Orfeý Lini kifera saz guraly bilen urup öldürýär.

2. Jahyl çykansoň, ol Orhomen şasy Ergini öldürip, öz ýaşaýan ýurduny (Fiwi) salgytdan azat edýär. Munuň üçin Fiw şasy Kreont oňa öz gyzy Migerany berýär. Olaryň üç ogly bolýar. Emma Gerakl aklyndan azaşyp, öz ogullaryny we dogany Ifikli öz eli bilen öldürýär. On iki edermenligi ýerine ýetirip, Ewrisfeýiň guly bolmakdan halas bolanyndan soň, Gerakl näme üçindir öz aýaly Migerany agasy Ifikliň ogly, şol bir wagtyň özünde-de dosty bolan Lolana aýallyga berýär. Özi bolsa Tirifine gidýär.

3. Eriman ýekegapanyny awlamaga barýarka, şeraply çüýşäniň açylmagy bilen baglanyşykly galmagalda öz kentawr dosty Hirony tötänlikde ok bilen ýaralaýar. Ol ölýär.

4. Gerakl sözünde durmanlygy üçin şa Awgiýadan hem ýowuzlyk bilen ar alýar.

5. Kakasy Ewritiň garşysyna gidip, özüne dostluk elini uzadan Ifriti Gerakl içki gaharyna bäs gelip bilmän (ol şol wagt Ewrite gahar edýärdi), beýik galanyň diwarlaryndan oklap öldürýär. Bu waka hudaýlaryň hem gahary gelýär. Olar bu iş üçin Gerakly ýene üç ýyl gul bolmaga mejbur edýärler.

6. Aýaly Deýanirany alyp gaçmak islän kentawr Nessany zäherli ok bilen atyp öldürýär.

7. Ýurduna düşen gelmişekleri Zewsiň ýoluna gurban edýän Müsür şasy Busiris Gerakly hem gurban etmekçi bolýar. Şonda Gerakl Busirini we onuň ogly Omfidaminty öldürýär.

8. Ýeňiji Gerakl toý dabarasy wagtynda Ewkom atly oglany aýak ýuwmak üçin niýetlenen suwy eline akydanlygy üçin urup goýberýär. Ugry güýçli bolansoň, ol oglan ölýär.

9. Lidiýanyň şasy Omfalyň guly bolup gezen döwründe ol Awlidin şasy Sileniňkä gelýär. Sileniň öz ýurduna düşen çet ýurtlyny üzümçilikde gul ýaly işletmek endigi bar ekeni. Ol Gerakly hem işletjek bolýar. Gaty gahary gelen Gerakl onuň üzümlerini goparyşdyrýar. Myhman kabul etmegiň däplerine, ýörelgelerine hormat goýmaýany üçin bolsa, Sileni öldürýär.

10. Gyzyny halas etse, atyny berjekdigi barada söz beren Troýa şasy Lamedontany sözünde tapylmanlygy üçin öldürýär. Onuň ogullaryny hem öldürýär. Troýa galasyna özünden öň girenligi sebäpli öz dosty, söweşdeş egindeşi Talamony hem öldürmek iseýär. Emma ol öz ugurtapyjylygy bilen ölümden sypmagy başarýar.

GÖROGLY begiň durmuşy bilen baglayşykly käbir wakalara ser salalyň. Ilki bilen bize bir zady berk bellemek gerek. Göroglynyň ýerine ýetirýän edermenlikleriniň hemmesi hem durmuşy zerurlygyndan gelip çykýar. Şonuň üçin ol edermenlikleriň hiç biri-de häsiýet aýratynlygyny ýüze çykarmak meselesinde çetde galdyrylyp bilinmez. Olaryň hemmesi baradaky gürrüňiň örän uzaga çekjekdigi üçin biz Gerakl bilen baglanyşykly maglumatlaryň tas hemmesini diýen ýaly adam ölümi bilen, ýowuzlyk bilen baglanyşykly bolany sebäpli, Görogly begiň edebi keşbindäki diňe şeýle pursatlary gözden geçireliň.
Görogly – durmuş häsiýetli gahryman. Şeýlelikde, onuň durmuşa geçirýän her bir hereketiniň asyl sebäbi bar. Mysal üçin: Görogly Hüňkaryň ogluny öldürýär. Emma onuň sebäbi bar. Özem düýpli sebäp. Görogly Hüňkardan atasy Jygalybegiň gözüniň ýeersiz oýulanynyň, agasy Möminiň kellesiniň kesilmeginiň aryny alýar. Hükär olary hiç zat ýok ýerden jezalandyrylypdy, olaryň garşylyk görkezmäge-de hiç hili mümkinçiligi ýokdy. Hüňkar soltandy, Jygalybeg atbakar-seýisdi. Emma Görogly Hüňkaryň ogly bilen deň şertde gabatlaşýar. Ikisiniň hem kyrk ýigidi bar. Bu ar alyş şu häsiýetlidigi bilen adalatlydyr. Sebäbi ýeňiş – ukyby artygyňkydy. Görogly bu edermenligi ýerine ýetirmek bilen özüniň ýigit çykanlygyny subut edýär. Göroglynyň Reýhanarapdan ar alşy hem örän adalatlydyr we ynsanperwerlikli häsiýete eýedir. Ol Reýhanarabyň bir wagtky özüne çemeleşen usulyny onuň öz garşysyna ussatlarça ulanýar. Reýhanarap Gülendamy alyp gaýdanynda, olaryň töwereginde kömege geler ýaly il ýokdy. Görogly welin, Bibijany Reýhanarabyň sorap oturan ýurdunyň orruk ortasyndan – şa köşgünden gündiziň günortany alyp gaýdýar. Özi hem Reýhanyň «ölenligini» boýnuna goýup gaýdýar. Reýhanarabyň gyzyny getirip, Genjime nikalap berip, onuň dilini baglaýar. Genjimiň iňirdisinden hemişelik dynýar. Üstesine-de, ol Reýhanaraby Çandybile tarap seretmez ýaly edip gaýdýar. Soň ony Göroglynyň üstüne küşgürjek bolanlarynda ol: «Äht etdim» diýip gaýtmaýar. Onuň bu ýurtda gyzy bar. Akyly ýerindäki adam bolsa, öz perzendiniň horlanmagyny islemeýär. Görogly Öwezi getirmäge gideninde, Ýusup şanyň galasynda, Öweziň gaşynda otyrka ony gaty kemsidip, symsyklap, halys degnasyna degýärler. Görogly şonda olary gyrgyna berýär. Görogly öz edermenliklerini gödek gara güýç bilen däl-de, örän paýhaslylyk bilen ýerine ýetirýär. Onuň üçin esasy zat öňünde goýan maksady. Ol her niçik ýagdaý bolanynda hem baş alyp çykmagy başarýar. Weýeňňam bazarynda onuň goýun satýan çopan bolan bolup ýörşi, ýolda gelýärkä, bir çopanyň geýip köneltdim diýip taşlan güpbüsini dagy arkaýyn geýşi, Gyraty getirmäge gideninde, onuň galandar bolup gezişi muňa mysaldyr. Bu onuň öz maksadyna örän sowukganlylyk bilen çemeleşýändiginiň alamatydyr. Ol çydamasy kyn ýagdaýlarda-da, öz paýhasynyň çykaran netijesine görä hereket edip, çydamaly diýen karara gelýär. Görogly köne güpbini geýeninde, Gyrat ony bu eşikde görüp, gözýaş dökýär. Ol kerepläp duran suwa dyzyny gujaklap bökeninde, yz ýanyndan kirşenli guma togalananda, okyjynyň özi birhili oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Emma bir uly döwletiň hanynyň köşgünden onuň iň gowy görýän sypaýysyny ýagdan gyl sogran ýaly edip alyp gaýtmak üçin gerek ýerinde şeýle çemeleşmegiň zerurdygyny öz öňünden paýhas eleginden geçiripdir.
Görogly Gerakl ýaly ganygyzma däl. Ol Öwezi alyp gelýärkä, Ýusup şanyň çekdiren jary üçin hile gurap, al bilen Öwez ogluny ogurlan Öwez diýlen soltany hem bagyşlamagy başarýar. Görogly Öwezi ele salyp, köp kynçylyklara goýan Gaýry Mustapa (Hüňkaryň serkerdesi) bilen başa-baş tutluşyp, ony ýeňýär. Emma öldürmeýär. Çünki, ol şeýtmek bilen duşmanlaryndan özüne dost ýasanýar. Ynha Magtymguly şahyryň «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär» diýen pähiminiň durmuşy hakykatlygy. Ol Öwez goşun çekip gelende Gijir ogly Mustapa bilen tutluşýar. Ondan birbada basylýar. Emma Adybegiň – kakasynyň bir wagt birine eden ýagşylygy onuň alnyndan direýär. Görogly Gyraty ogurlap giden kempiri gynap öldürýär. Çünki ol şeýle jeza mynasyp. Galandarlaryň arasynda şagalandar bolup gezýär. Gahary gelende olary zabalaňa-da salýar, emma ýerliksiz adam öldürmeýär. Göroglynyň adam öldürmek baradaky iň uly ýalňyşy Bezirgenli wakadyr. Munda-da, Görogly duşmanlarynyň hilesiniň toruna düşýär. Ol gepe gidýär. Emma ol bu günäsini ýuwýar. Aýsoltana agalyk borjuny berjaý edýär. Bezirgeniň ýokdugyny bildirmeýär. Onuň Garahan döw diýen duşmanyny ýeňip berýär. Umuman, Görogly edermenlikleri öz akyl-paýhasynyň kömegi bilen gazanýar. Ol beden taýdan güýçli. Akyl taýdan kämil. Görogly beden güýji bilen akyl güýjüniň birigen ýerinde hiç bir kynçylygyň ýokdugyny subut edýär. Onuň nesillere nusgalykdygynyň iň esasy alamatlary hem, ine, şundadyr.
Gerakl hiç haçan ýeňilmäni we basylmany bilmeýän çäksiz güýjüň eýesi. Emma Gerakl özbaşdak hereket etmeli bolanynda, Hudaýlardan ugrukdyrma bolaýmasa, hemişe gödekige ýol berýär. Ifriti öldürmegi, el ýuwdurýan oglanjygy öldürmegi, öz mugallymyny öldürmegi muňa anyk delildir. Emma Görogly deňi-taýy bolmadyk gara güýjüň eýesi däl. Göroglyny Harmandäli göreşip ýykýar. Aýsoltandan atdan agdarýar, göreşip ýykýar. Bezirgenden basylýar. Gijir ogly Mustapadan birbada asgyn gelýär. Gaýry Mustapa bilen başa-baş güýç synanyşykda ilki basylýar, soňra rüstem gelýär. Emma ol beden güýjüniň kem gaýdan ýerini paýhas bilen doldurmagy başarýar. Meselem, ol Gyratyny getirmäge gideninde Nişapura girip, birýän çetinden güýjüne baýrynyp gyran-da-jyran edibermeýär. Ol paýhasyny işledýär. Ol sabyrly, sowukganly, pursadyna garaşmagy başarýan we kyn pursatlardan baş alyp çykmagy başarýan ukyply gahryman. Görogly edermenlikleri ýerine ýetirmek meselesinde il-hal, ýurt bähbitlerini hiç wagt ünsden düşürmeýär. Hemişe şolara zyýansyz hereket etmäge çalyşýar. Şonuň üçin hem Görogly häsiýeti taýdan has kämil gahrymandyr.

• GAHRYMANLARYŇ ÖLÜMI

Görogly özüniň peýmanasynyň dolup, sanalgysynyň ýakynlap ugrandygyny bileninden soň, Agaýunus peri bilen Gülşirine özüni Ýyldyz dagynyň bir gowagyna eltmegi tabşyrýar. Ynha şeýdip ýigitleri ýadyna düşende, Çandybili göreninde birhili ejizlejek bolýar. Emma ol özüne berlen ýüz ýigrimi ýaşyň paýawlandygyny, indi ölümiň golaýlandygyny bilse-de ejizlemeýär. Ol öz ajalyny mynasyp garşylaýar. Mertlerçe garşylaýar. Göroglynyň öz sözleri bilen aýtsak, «Ölmän ömür galan barmy?». Ol ölüminiň iň soňky pursadyny hem duşmanlary döş gerip garşylap ölýär. Olaryň ep-eslisiniň janyny alyp ölýär. Bu 120 ýaşly adam üçin uly edermenlik. Bu bölüm bize başga bir zady has aýdyň açyp görkezýär. Görogly ömrüniň ahyrynda öz il-gününi gynandyrmajak bolýar. Özüni yzarlap gelen ýagynyň ile azar bolmagyny islemeýär. Şeýdibem ol Ýyldyz dagynyň gowagynda ajalyň göni gözüne seredip garşy alýar.
Geraklyň ölümi, has takygy, onuň ölmez-ýitmezligi – Hudaýlaryň hataryna goşulyşy welin düýbünden başga häsiýete eýe. Ewrisfeýiň we Omfalyň guly bolmak möhleti dolansoň, Gerakl öň köne arlaryny ýerine salmaga wagt tapýar.
Ençeme wagtlap yzyna köwlenmänsoňlar, aýaly Deýanira kakasynyň yzyny yzarlap, ondan habar bilmek üçin Geraklyň yzyndan ogly Gilli ýollaýar. Ol gidäýen badyna Geraklyň diriligi barada, gelip ýeňiş dabarasyny bellejekdigi barada hoş habar gelýär.
Gerakl Ewriti ýeňip, Oýhaly şäheriniň weýran edýär. Geraklyň Lehas diýen ilçisi ýesirleri sürüp getirýär. Olaryň arasynda birwagty ähdinden dänen Ewritiň gyzy Lola hem bardy. Deýanira ony göreninden, bu görmegeý zenanyň adaty ýesir däldigini syzýar. Geraklyň biri ähli zady – Lolanyň Ewritiň gyzydygyny, şol gyz üçin geçirilen ýaryşda Geraklyň ýeňendigini, ýöne ony Ewritiň masgara edip kowup goýberendigini, şu urşuňam hut şol sebäpli bolandygyny aýdýar. Şol wagt Deýaniranyň ýadyna kentawr Nessiň (Geraklyň zäherli ok bilen atyp ýaralan kentawrynyň) beren ga:ny düşýär. Deýanira ol ga:nyň zäherlidiginden habaryz. Şonuň üçinem, ol gany Gerakl üçin niýetläp tiken täze ýapynjasynyň iç ýüzüne çalýar. Ony Gerakla ugradýar. Ýapynja çalan ganynyň zäherlidigine çapary ugradansoň göz ýetirip galýar. Sebäbi şol gany çalan ýüňi Gün şöhlesi düşensoň çüýräp, kül bolupdy. Az wagtdan ogly Gill gelýär. Ol kakasynyň ölüm halyndadygyny aýdyp, ejesine gargaýar. Deýanira bu ýagdaýa sebäp bolandygy üçin özüni öldürýär.
Gerakl bedenine zäher siňip ugransoň juda ejizleýär.
– Eý, beýik Zews! Ol şeý diýip, sorag baryny ýagdyryp ugraýar: «Men haýsy ýurtda? Eý, Gresiýanyň edermen gerçekleri, siz nirede? Maňa kömek ediň! Men Zemini we deňizleri nägehanlardan we şerden diňe siziň üçin arassalapdym ahyryn. Indi welin, meni jebirlerden meni hiç kimiň gylyç bilen ýa-da ot bilen halas edesi gelmeýär. Eý, Zewsiň dogany, ýerasty şalygyň eýesi beýik Aid, men betbagty taýsyz ýyndam ajalyň ukusy bilen usurgat! – diýip, samrap başlaýar. Ol öz ölümine aýalynyň sebäp bolandygyny we şonuň üçinem özüni öldürendigini eşidip, aýaly Deýanira nälet okap ugraýar. Biziň pikirimize görä, ömrüniň ahyryndaky ejizlik Geraklyň mertligine we edermenligine bolan buýsanç bilen bir ýere sygyşmaýan ýaly. Şonuň üçinem, Göroglynyň ölüminiň beýany bilen tanyş bolan islendik okyjynyň bu iki gahrymanyň bu dünýä bilen hoşlaşmagyny özüçe derňemäge mümkinçiligi bolar ýaly, biz Geraklyň ölümi bilen baglanyşykly bölümiň iň soňky parçasyny mümkingadar dolulylygyna getirmegi makul bildik:
Gerakl oglundan soňky haýyşyny ýerine ýetirmegi soraýar. «Meni Ost dagynyň depesine çykar. Şol ýerde odun üýşürip we meni onuň üstüne çykaryp, otlaň» diýýär.
Gill: «Kaka, sen meni öz ganhoruň bolmaga mejbur etme» diýýär. Gerakl bolsa «Ýok, sen onuň bilen ganhor bolmarsyň. Gaýtam meni azapdan (bu dünýäniň azabyndan) dyndararsyň» – diýýär. Meniň ýene bir islegim bar, şony hem ýerine ýetir – Ewritiň gyzy Lola öýlen» diýýär. Ogly ejesiniň ölümine sebäp bolan gyza öýlenip bilmejekdigini aýdýar. Emma Gerakl ogluna: «Meniň arkaýyn ölmegim üçin şeýt» diýýär. Ogly söz berýär: «Bolýa kaka, men seniň islegiňi ýerine ýetirerin».



Gerakly dagyň çür depesine çykarýarlar. Ol ýerde äpet oduň üýşmegini döredýärler we gahrymany onuň üstüne mündürýärler. Emma hiç kim ony otlamaga dözmeýär. Ahyry Filoktet atly birini Gerakl boýun edýär. Oňa özüniň ýaýy bilen oklaryny berjekdigini aýdýar. Filoktet odun üýşmegine ot berýär. Oduň ýalyny barha ýagtylyk çaýýardy. Zewsiň ýyldyrymy bolsa, onuň şöhlesine şöhle goşýardy. Gümmürdi tutuş asmana ýetýärdi. Ýalnyň içi bilen Afina - Pallada altyn arabaly gelip, Germes bilelikde gahrymanlaryň şöhratlysyny we beýigini Olimpe (Arşa) alyp gitdiler. Gerakl ölmez-ýitmez hudaýa öwrüldi. Gera bolsa oňa bolan ýigreniji unudyp, Gerakla öz gyzy ýaşajyk Hudaý zenany – Gebi aýallyga berdi. Gerakl şondan bäri Olimpde ölmez-ýitmez Hudaýlaryň arasynda ýaşaýar. Bu onuň Zeminde başdan geçiren ähli edermenligini we ejirleri üçin berlen peşgeşdi.

• NETIJE

Bu makalany ýazmak bilen biziň öz öňümizde goýan baş maksadymyz, halkymyzyň edebi miraslarynyň dünýäniň beýleki halklarynyň meşhur edebi miraslarynyň arasynda mynasyp ornunyň bardygyny aýdyň ýüze çykarmaga şynanyşmakdyr. «Görogly» şadessany bilen deňeşdirip derňemäge Gerakl baradaky rowaýatlary saýlamagymyz ýöne ýere däl. Çünki, olar dünýä halklarynyň arasynda çäksiz meşhurlyk gazanan rowaýatlardyr. Emma biziň «Görogly» şadessanymyzyň ähmiýeti hem, görşümiz ýaly, ol rowaýatlardan hiç bir babatda-da pes däldir. «Görogly» baradaky rowaýatlar dünýäniň otuzdan gowrak halklarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Köp halklaryň milli edebi mirasy saýylýanam bolsa, «Görogly» baradaky rowaýatlaryň, hekaýatlaryň iň kämili türkmen nusgasydyr. Bu biziň üçin onuň türkmen halkynyň milliligine eýlenendigi üçin hem bolmagy ahmal. Biziň üçin iň bir buýsançly ýeri onuň ähli häsiýetleriniň şu günki nesillerimize-de mahsuslygydyr. Biz onuň her bir hereketlerinde öz häsiýetlerimizi görýäris. Hernäçe uly höwes bilen syýahata gidenem bolsa, şol ýurtda onuň öňünden türkmeni milli eşikli – silkme telpekli, gyrmyzy donly adamy gabatlaşdyryp göräýiň. Ol ýaňky türkmeniň gözüne, megerem, ähli zatdan yssy görünse gerek. Sebäbi onuň milli eşiginde. Özi şol eşikde däl bolsa-da ata-babalarynyň millilik derejesine bolan çäksiz hormat ol. Ynha milliligiň ýönekeýje mysaly. «Görogludaky» beýan edilýän häsiýetler esasynda-da biziň göz öňümizde gerçek türkmen ýigidi janlanýar.
Şu ýerde ýene bir hakykaty aýtmagymyz gerek. Eserde şöhlelenýän her bir häsiýet dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan halklar üçin ähmiýetli bolup biler. Görogly şadessanyny we Gerakl hakyndaky rowaýatlary Italiýa ýarym adasyndan we türkmen topragyndan alysda ýerleşen islendik ata-enä okamaga berip, okap bolanyndan sonar, ondan oz oglunyň haýsy gahrymana meňzemegini isleýändigini sorap bolsady. Goý, onuň berjek jogaby eserleriň derejesi hakyndaky baş ölçeg bolýar diýäýeliň. Goý, şeýle-de bolsun. Ýöne men şol okyjynyň oglunyň Görogla meňzemegini islejekdigine berk ynanýaryn. Biz «Göroglynyň» şeýle derejedäki kämil eserdigine buýsanmaga doly haklydyrys.
Makalamyzyň soňunda «Görogly» dessançylyk däniniň ÝUNESCO-nyň maddy däl medeni miraslarynyň hasabyna goşulmagy barada taýsyz tagallalary eden we 2015-nji ýylyň dekabr aýynda «Göroglynyň» şol sanawa goşulandygy baradaky habaryň gelip gowuşmagy bilen baglylykda milletimiziň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyşlarymyz çäksizdir.
«Göroglyny» dünýä derejesine çykarandygyňyz üçin, Alla Sizi öz penasynda aman saklasyn, Gahryman Arkadagymyz! Size Göroglynyň ýaşyny, mertebesini we egsilmez şöhratyny bersin!

Aşyrmät GARLYÝEW.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 9-01-2022, 04:06

  • Mona Songz Mona Songz off № 1 9 января 2022 11:04
    Gyzykly eken...okamak uçin 30min otyrdym
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler